23:17 Kinorežissýor Bulat Mansurow | |
MAGTYMGULY ADYNDAKY HALKARA BAÝRAGYNYŇ EÝESI, USSAT KINOREŽISSÝOR BULAT MANSUROW
Teatr we kino sungaty
Bulat Mansurow 1937-nji ýylyň 7-nji iyulynda Türkmenabat şäherinde dünýä inýär. Kakasyna Bagautdin aga diýer ekenler. Ol öz maşgalasy bilen Jeýhunyň kenaryndaky şähere geçen asyryň ýigriminji ýyllaryň başynda göçüp gelýär. Ol dürli kärlerde işläpdir. Çärjew etrabynda ilki döredilen daýhan birleşiginiň başlygy bolupdyr. Bagautdin aga urşuň öň ýanlarynda dünýeden ötüpdir. Çagalaryny hiç zada hor-zar etmän ýetişdirmek onuň aýalynyň boýnuna düşüpdir. Ol çagalarynyň üstünde kükrek geripdir. Bu barada Bulat Mansurowyň özi şeýle gürrüň berýär: - Kakamyň nähili adam bolandygy ýadyma düşenok. Meniň häzirki gürrüňim hem ejemiň ýatlamalary bolmaly. Ol kakam Bagautdin bilen 1922-nji ýylda Kazandan Türkmenabada göçüp gelipdir. Kakam dürli wezipelerde işläpdir. Şäheriň golaýyndaky daýhan birleşikleriniň birine başlyk bolupdyr. Ol 1940-njy ýylda meniň ýaňy üç ýaşym dolanda ýogalypdyr. Biz alty dogandyk. Üçimiz ogul, üçimiz gyz. Ejem bizi eklemek üçin gaty kän işlemeli bolupdyr. Onuň ýörite hünäri ýokdy. Şonuň üçinem, kä şäheriň seýil bagynda bagbandy, kä kino teatrda petek barlaýjydy, käte tam süpürijiniň işini ýerine ýetirýärdi. Belki men şonda kino sungatyna göwün goýandyryn. Öýde ýeke oturmazlyk üçin ejemiň işleýän ýerine kinoteatra barýardym. Kino görýärdim. Her kinony on gezek, belki-de ondanam köp gezek görýärdim. Men ilki Türkmenabat şäheriniň 1-nji orta mekdebinde okadym, soňra 11-nji orta mekdepde onýyllygy tamamladym. Mekdep okuwçysykam şäheriň sazçylyk mekdebinde, ýetginjekler öýünde gyjak çalmagy öwrenýärdim. Mugallymlar menden gowy gyjakçy çykjakdygyna ynanýardylar. Ýöne, men barybir, kinorežissýor bolmagyň arzuwyndadym. Näme üçin? Bu soraga hiç jogap tapyp bilemok. Ine-de, men kinematografiýa institutyna okuwa girmek maksady bilen, Moskwa gitdim. Ilkinji synanşyk şowsuz bolandan soň, ýene-de öýe dolanyp geldim. Goşun gullugyny tamamlabam, Daşkendiň konserwatoriýasynyň gaýybana bölümine okuwa girdim. Şol wagtda Türkmenabadyň şäher gurnaklarynyň birinde ýaşlara saz çalmagy öwredýärdim, S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň üflenip çalynýan saz gurallary we estrada orkestlerine ýolbaşçylyk edýärdim. Ýöne şol wagtda-da režissýor bolmak arzuwym şeýle bir güýçlidi, hatda işe almaklaryny haýyş edip, “Türkmenfilm” kinostudiýasyna-da bardym. Ýönekeý işçi hökmünde-de kabul etmediler. Aşgabadyň aeroportunda radiomehanik bolup işlemeli boldum. Soňra resminamalarymy Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasyna we Bütinsoýuz kinematografiýa institutyna tabşyrdym. Ýokary okuw jaýlarynyň ikisindenem şol bir wagtda çagyryş haty geldi. Ilki konserwatoriýada synag tabşyrdym we orkestr bölümine okuwa kabul edildim. Soň kinematografiýa institutynda synag başlandy. Synagdan üstünlikli geçdim. Birini saýlamalydy. Men kinematografiýa institutyny saýladym. Şeýdibem, SSSR-iň halk artisti, görnükli kinorežissýor Sergeý Gerasimowyň tälim berýän kursunda okaýanlaryň hataryna goşuldym... Bulat Mansurow abraýly mugallymyň toparynda okap başlaýar. Rezissýorlyk ukyby eýýäm onuň okaýan ilkinji günlerinden belli bolýar. Ýazýan işlerine institutyň mugallymlary tarapyndan ýokary baha berilýär. Diplom işi barada oýlanmagyň wagty hem ýetip gelýär. B.Mansurow özüniň döredijiliginiň ilkinji synagyny mähriban Diýarynda amala aşyrmagy ýüregine düwýär. Onuň bu pikiriniň amala aşmagyna “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň redaktory Orazmämmet Abdalow kömege gelýär. Ol režissýorçylyk fakultetiniň uçurymlarynyň bir toparyna Aşgabatda gysga metražly filmi surata düşürmegi teklip edýär. Mansurow ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” eserini saýlap alýar. Ol işe başlamazdan öň studiýanyň özüne hödürlän ssenarisinden düýpli tapawutlanýan ssenarini teklip edýär. Bulat Mansurowyň işini kabul edýärler. Ol bada-bat filmi surata düşürmäge girişýär. Bulat Mansurowyň ilkinji döreden “Şükür bagşy” filmi diňe bir ýaş kinorežissýoryň däl, eýsem türkmen kinosynyň abraýyny hem arşa göterýär. Sebäbi bu film türkmeniň özboluşly häsiýetini, ruhy baýlygyny, mertligini we adalatlylygyny çeper beýan eden nusgawy filmdir. “Şükür bagşy” filminiň özünde galdyran üýtgeşik täsiri barada Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitapda beýan edilýän parasatly setirleri juda tolgundyryjydyr: ... Çagalykda bu filmi ilkinji gezek görenim ýadymda. Men ol wagt oglanjykdym. Bu film maňa örän uly täsir etdi. Gandöküşikli jeňe ýol bermän, garşydaşy sungatyň kömegi bilen ýeňip bolýan eken diýen açyşymy şondan bäri kalbymda saklaýaryn. Şondan bäri hem diňe bir söz bilen beýan edilmeýän duýgulary, göwün isleg-hyýallaryny görkezmek bilen hem çäklenmän, eýsem diňleýjileri bendi edýän, olaryň kalplaryny nurlandyrýan, belentliklere ruhlandyrýan, ýagşylygy peşgeş hökmünde ýürekden-ýürege geçirýän sazyň syryna aň ýetirjek bolup, men bu ajaýyp kinofilmi köp gezek gördüm... “Şükür bagşynyň” halka ýakynlygy onuň saz sungatynyň-da halkylyk häsiýetiniň ýokary bolmagynyň, halka düşnükli hem-de täsirli bolmagynyň düýp çeşmesidir. Her adamyň ykbaly bolşy ýaly, filmleriň hem öz ykbaly bolýar. Türkmen kinosynyň altyn hazynasyna giren “Şükür bagşy” çeper filminiň özboluşly ykbaly bolupdyr. Ilki bilen bu ajaýyp kino eseriniň many-mazmuny, onuň öňe sürýän pikiri barada gürrüň etsek, maksada laýyk bolar. “Şükür bagşy” çeper filmi 1963-nji ýylda belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda döredilip, onda XIX asyrda bolup geçen taryhy waka çeper beýan edilýär. Geçmişde alamançylygyň, çapawulçylygyň höküm sürendigine taryh şaýat. Durmuşyň bu döreden näsazlygy sebäpli parahat oturan ençeme obadyr-şäherler weýran bolýar, müňlerçe adam pidasy döreýär. Şunuň ýaly pajygaly ýagdaýdan diňe bir adamyň özi baş alyp çykmalydy. “Şükür bagşy” filminde-de halkyň içinden orta çykan hemem dörän kyn meseläni öz boýnuna alýan sada türkmen sazandasy Şükür bagşy bolýar. Obada-da sylanýan, hormatlanýan adamlaryň biri bolan Şükür bagşy alamançylyga garşy göreşmek üçin öz ýoluny saýlap alýar. Onuň agasy duşman tarapyndan ýesir alynýar. Obanyň hany, gylyjyndan gan damýan Çapyk han güýje garşy güýç ulanmagy talap edýär. Ýerden ýörän ata atlanyp, gylyjyny syryp, duşmanyň üstüne baryp, olaryň obalaryny weýran edip, adamlaryndan ýesir alyp gaýtmagy talap edýär. Emma filmiň baş gahrymany Şükür bagşy bu meselä başgaça çemeleşýär. Ol duşmanyň üstüne gylyç bilen däl-de, öz gazma dutary bilen gitmegi makul bilýär. Uruş-sögüşsiz, pidasyz öz agasyny ýesirlikden boşatmagy makul bilýär. Şeýdibem, ol gorkman-ürkmän, duşmanyň üstüne barýar. Bu garaşylmadyk ýagdaýa duşmanyň zalym hany Mämmetýar han geň galýar. Bir ýönekeýje türkmen bagşysy onuň bilen göreşmek üçin eline ýarag däl-de, dutar alyp gelipdir. Her niçigem bolsa, Mämmetýar han Şükür bagşyny mazalyja synagdan geçirmegi makul bilýär. Ol öz bagşysy Gulam bagşy bilen ýaryş guramagy Şükür bagşa teklip edýär. Şeýdip, Şükür bagşy han bagşysy Gulam bagşy bilen bäsleşýär. Iki bagşy bir-biriniň garşysynda oturyp, çynlakaý häsiýetde bäsleşige başlaýar. Filmiň bu tolgundyryjy hem aýgytlaýjy pursatlarynda öňe sürülýän pikir, ýagny haýyr bilen şeriň arasyndaky dartgynly göreşiň netijesi aýan bolmaly. Hut şu bäsleşigiň barşynda-da filmiň gahrymanlarynyň hem häsiýetleri açylyp görkezilýär. Şükür bagşynyň pähim-paýhaslylygy, danalygy, onuň ynsanperwerligi, maksada okgunlylygy, tersine Mämmetýar hanyň hem häsiýeti biraz üýtgeýär. Şükür bagşynyň dutarynyň owazy duşmanyň ýüregini ýumşadýar, ony adalata çagyrýar. Halkynyň adalaty goldamagy handan talap etmegi netijesinde Mämmetýar han Şükür bagşynyň agasyny ýesirlikden boşadýar. Çünki türkmen bagşysy adalatly ýeňiş gazanýar. Hakyky sungatyň täsir ediji güýji şeýle-de bolaýmalydy. Bu filmi döretmekde ýaş režissýor örän köp zähmet çekmeli bolýar. Režissýor operator hökmünde Hojaguly Narlyýewi saýlaýar. Film türkmen milli aýdym-saz barada bolansoň, Bulat Mansurow kompozitor Nury Halmämmedowa bu filmde saz boýunça esasy maslahatçy bolmagy teklip edip, hem-de onuň bu çeper film üçin saz ýazyp bermegini haýyş edýär. Ol baş keşbi ýerine ýetirmeli adamy uzak wagtlap gözleýär. Gözlegler oňat netije hem berýär. Ol işläp düzen ssenariýasy kabul edilenem bolsa maglumatlary gözlemegi bes etmeýär. Bir gün ol şol döwürdäki ýurdumyzyň iri kitaphanalarynyň birine baranynda Ylymlar akademiýasynyň işgärleriniň biri Şükür bagşynyň dutaryny özünde saklaýan adamyň salgysyny aýdýar. Bulat Mansurow ol adamy gözläp tapýar. Ol oňa dutaryň taryhyny gürrüň berip, Kaka etrabynyň Duşak obasynda ýaşaýan Şükür bagşynyň şägirdi - duşakly Hojan Öwezgelenow bilen tanyşdyrýar. Hojan Öwezgelenow Beýik Watançylyk urşy başlamanka polisiýada işläpdir. Ol göwnaçyk bir ýaşuly. Onuň saz sungaty babatynda ussatlygy baradaky gürrüň bütin ile ýaýrapdyr. Uruş başlanandan soň Hojan aganyň doganlary, dost-ýarlary, obadaşlary fronta gidýärler. Onuň özüni bolsa düzgün-tertibe gözegçilik etmek üçin obada galdyrýarlar. Yzly-yzyna gelip gowuşýan ajy habarlar (doganlary, garyndaşlarynyň köpüsi frontda wepat bolýar) onuň kalbyny gussadan doldurýar. Hojan aga hiç wagt eline dutar almazlygy şert edýär we dutary tanyş oglanlaryň birine berýär. Bulat Mansurow dagy Hojan aga Şükür bagşy barada film döretmek niýetleriniň bardygyny aýdýarlar. Şükür bagşynyň çalan heňlerinden bir iki sanysyny çalyp bermegini haýyş edenlerinde bolsa, kes-kelläm garşy bolýar. “Ýigrimi ýyl bäri elime dutar alamok” diýýär. Soňra tutanýerli haýyşlara yrlyp, halypanyň dutaryny getirmegi haýyş edýär. Ol dutar bir ýaş taryhçynyň öýünde ekeni. Ussat dutaryň kirişlerine kakyp ugrandan ýaňlanan saz hemmäni jadylaýar. Mukam kalbyňda üýtgeşik duýgulary oýarýar. Şonda kompozitor Nury Halmämmedow bolsa gözýaşyny gizlejegem bolmandyr. “Şükür bagşy” filmini döretmeli topar Aşgabada gelenden soň, çeperçilik maslahaty çagyrylýar. Maslahatda Bulat Mansurow baş keşbi kimiň ýerine ýetirmelidigini anyklaýar. Hormatly Prezidentimiz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitabynda “Şükür bagşy” filminde baş gahrymanyň keşbini janlandyrmak üçin režissýor Bulat Mansurowyň gözleglerinden söz açyp, şeýle diýýär: - Bulat Mansurowyň bar aladasy baş gahrymanyň keşbini janlandyrjak adamy tapmakdy. Kino surata düşmek üçin gelýänleriň hiç birisi-de, kinorežissýoryň göwnüne gabat gelmeýärdi. Bu barada men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň işine gözegçilik edýän ýyllarymda eşidipdim. Ilmyrat Bekmiýew kinorežissýoryň talabyna laýyk geljek artisti - Şükür bagşyny tapmak üçin obama-şäher aýlanmaly bolýar. Bulat Mansurow juda synçy, işine ussat režissýor bolupdyr. Tötänden duşan gahryman birbada onuň ähli diýenine laýyk ýaly bolup görünýär. Birdenem ol Şüküriň - artistiň lybaslary, gerekli ownuk-uşak talaplar üpjün ýagdaýyndaky keşbini synlaýarda, ötünç soraýar: ondan saz bilen söweşi togtadan sazanda çykmaz. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika mugallymy Aman Handurdyýew bolsa, Şükür bolup kinoda oýnamaga keş-kelläm garşy çykýar. Ýogsam sazanda mahsus ýumşaklyk, sypaýylyk, dutara ezberlik babatda ol ähli talaplara laýyk gelýär. Ilmyrat Bekmiýewe tötänden baryp, onuň bilen film hakynda gepleşmek hem kyn düşýär. Şüküriň lybasyny geýnen, kino surata düşmäge başlaýmaly şekilde ony gören režissýor “Ine, Şükür” diýip, ynamly gygyrýar. Aman Handurdyýew hem täze filmiň hatyrasyna surata düşmäge ýuwaş-ýuwaşdan girişýär. Şükür bagşynyň keşbi Aman Handurdyýewe ynanylýar. Şondan soň Bulat Mansurow Hojan agany Şükür bagşynyň saz çalyş tärini A.Handurdyýewe görkezmek üçin studiýa çagyrýar. Ol Şüküriň bäsdeşi Gulamyň keşbini Hojan agadan başga adamyň başarmajakdygyna göz ýetirýär. Her kimiň tanamaýan adamynyň hormatly dynç alyşdaky polisiýa işgäriniň filmde baş keşpleriň birini ýerine ýetirmek ynanylmagyny kinostudiýanyň ýolbaşçylary oňlamaýarlar. Ýöne, Bulat Mansurow we onuň ýoldaşlary öz diýeniňde durýarlar. Şeýlelik-de, ady rowaýata öwrülen bagşynyň şägirdi onuň bäsdeşiniň keşbini döretmeli bolýar. Filmiň şowly çykmagynda Hojan aganyň hyzmaty aýratyn bolupdyr. Ol meşhur türkmen sazlaryny, “Keçpelegi” düýbünden başga röwüşde çalypdyr. Her bir mukamy tomaşaçylaryň dykgatyna, edil halypasynyň öwredişi ýaly ýetiripdir. Onuň öz gahrymanynyň keşbini ýerine ýetirişi birgeňsi bolupdyr. Beýleki aktýorlar ýaly ýatlabam durmandyr. Diňe surata düşürilmeginiň öň ýanynda režissýor bilen duşuşyp, uzak wagtlap gürleşipdir. Ol bellikleri göz öňünde tutup, şeýle bir hereket edipdir, hatda tutuş topar professional däl aktýoryň hereketlerine haýran galypdyr. Kompozitor Nury Halmämmedow tizden-tiz işe başlap, milli äheňlerden gözbaş alýan ajaýyp sazlaryň birnäçesini döredýär. Şol döwürde ussatlyga ýeten Nury Halmämmedow milli mukamlarymyzy bu çeper filmiň her görnüşinde, her bir wakasynda jaýba-jaý, göwnemakul kabul ederlik derejede girizip bilipdir. Şonuň bilen birlikde kompozitor özüniň täze döreden mukamlaryny hem ýerbe-ýerlik bilen çeper filmiň bütin süňňüne ornaşdyrypdyr. Kompozitoryň döreden sazlary juda kämil bolansoň, “Şükür bagşy” filmindäki halk sazlary bilen deň derejede belent heňlerde ýaňlanýar. Bu bolsa kompozitoryň çeper filmiň düýp özenine doly we dogry düşünip, milli sazlarymyzy dünýä çykarandygyna, oňa täze öwüşginleri goşandygyna güwä geçýär. Bu meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň, Nury Halmämmedowyň ýiti zehinine beren bahasyndan-da bellidir. Film gaty calt surata düşürilýär. Çeperçilik maslahaty materiallary täzeden gözden geçirip, meýilnamalaşdyrylan gysga möçberli filme derek doly möçberli filmi surata düşürmäge mümkinçilik bermegi karar edýär. 1963-nji ýylda B.Mansurow “Şükür bagşy” ady bilen ilkinji doly möçberli çeper filmi döredýär. Bu filmiň döreýşi barada režissýor Bulat Mansurow şeýle gürrüň beripdir: - Men “Şükür bagşy” filminiň ssenariýasyny ýazanymda, filmiň şowly çykmagy üçin türkmen halk sazlaryny gaty giň we çuňňur öwrenmeli boldum. Şüküriň çagalyk ýyllaryny hem gowy öwrendim. Şol wagtlar men bagşyçylyk we sazçylyk ýollaryny mäkäm öwrenmek üçin Hojan aga (artist Hojan Öwezgelenow) bilen hem köp gezek maslahatlaşdym. Men ony hezil edip diňlärdim. Ýaşuly Sükür bagşynyň iň soňky şägirtleriniň biri. Onda Şüküriň hut öz çalan dutary bardy. Ol maňa bir saz çalyp berdi. Men ol sazyň adyny soradym, ol maňa “Ýandym” diýip jogap berdi. Men şonda: - Sazyň gaty täsin ady bar - diýdim. Ol: - Sazy döreden Garadäli Gökleň - diýdi-de, ýene-de bir saz çaldy. Ol sazyň ady ”Söýlihalan” ekeni. Hojan aga: - Ol saz bir owadan gyzyň ady - diýdi. Men şonda: - Ol gyzyň özi-de ady ýaly owadandyr – diýenimde, ikimizem ýylgyrdyk. Şol gün ikimiz hümürdeşip, saz diňläp, gijäniň bir wagtyna çenli gürleşip, söhbet edip oturdyk. Hojan aga söhbet eden wagty gök çaý içmegi halardy. - Hawa, türkmeniň aňyrsy müňýyllyklara siňip gidýär. Garadäli Gökleň “Ýandym” sazyny öz ejesini arkasyna hopba edip alyp, Hywa barýarka, ýolda ejesi aradan çykanda döredýär. Ol sazda gussa dolanan agy ýatyr. ”Ýandym” gözýaş bilen bilen dörän sazdyr. Gaýtam, oňa derek “Söýlihalan” sazy megerem, Garadäli Gökleňiň ilkinji söýgüsi-de bolmagy gaty ahmal. Men Sahy aga ýaly halypalaryňam gürrüňlerini diňledim. Hojan aga bolsa Sükür bagşynyň öz şägirdi. Film şowly çykansoň, Hojan aga maňa Şükür bagşynyň dutaryny sowgat berdi. Menem ol dutary öz topragymyzda ýaşamaly diýen maksat bilen geljegine umyt bildirýän ýaş türkmen kinoçylaryna geçirdim. Türkmen halkynyň beýik saz sungaty bar. Ony söýmeli, dowam etmeli. Bulat Mansurowyň “Şükür bagşy” filminiň ilkinji görkezilişi Aşgabatda 1964-nji ýylyň iýunynda bolup geçýär. Şondan soň bu filmi tomaşaçylar öz dünýäsinde ýaşadýar. Şeýdibem ol halkymyzyň durmuşynyň jümmüşinde ornaşýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitabynda şeýle belleýär: - Häzirki günde Şükür bagşyny bilmeýän türkmene duşaýmak kyndyr. Türkmen saza köňül berende, oňa Şükür sazanda bolup köňül berýändir. “Şükür bagşynyň” edebiýatyň hem-de kino sungatynyň ussatlarça işlenilen eseri hökmünde asyrlaryň gatyna ýazylandygyna men pugta ynanýaryn. “Şükür bagşy” çeper filmi tizara uly üstünlik gazanýar. 1964-nji ýylyň oktýabrynda filmiň Moskwa şäherinde ilkinji görkezilişi bolýar. Mälim bolşy ýaly, Bulat Mansurow 1963-nji ýylda surata düşürilen “Şükür bagşy” filmi üçin 1964-nji ýylyň güýzünde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen Merkzei Aziýa döwletleriniň we Gazagystanyň filmleriniň festiwalynda uly üstünlige eýe boýar. Şol festiwalyň eminleriniň başlygy Çingiz Aýtmatow birinji derejeli diplomy hem-de baýragy Bulat Mansurowa gowşurýar. Şol geçirilen festiwalda kompozitor Nury Halmämmedow “Filmde ýazylan iň gowy saz üçin” diýen birinji baýrak bilen sylaglanýar. Söz, saz, sungat birleşende, üýtgeşik bir gudrat emele gelýär. Şol gudraty “Şükür bagşy” kinofilminde duýmak bolýar. Elbetde, ukyp başarnygy bilen halkymyzyň hakydasynda ebedi ýaşaýan “Şükür bagşy” kinofilmi şol sözleriň subutnamasydyr. Edebiýat pähim-paýhas bolsa, saz hem kino sungaty onuň owaz hem şekil duýgusydyr. Şu üç ahwaly özünde jemleýän kinofilmiň gönezligi Nurmyrat Saryhanowda, Bulat Mansurowda, Nury Halmämmedowdadyr. Bu ägirtler birleşip, edebi sungatyň gözelligini döretdiler. Bu barada Hormatly Prezidentimiz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” eserinde şeýle belleýär: “Nurmyrat Saryhanowyň döreden keşbi adamzadyň döreden müdimilik ruhy gymmatlygyndan ynsan mertebeliliginiň aňylýandygy hakynda durmuş ahwalydyr”. Üç ussat: ýazyjy Nurmyrat Saryhanow, kinorežissýor Bulat Mansurow, kompozitor Nury Halmämmedow öz işiniň aňrybaş ussatlary. Çeper filmiň aňrybaş kämillige ýetmegi bu üç ägirdiň dörediji zehininiň birleşmesidir. Ýazyjy “Şükür bagşy” kinofilminde oglanjygyň atasynyň soňky wesýetlerini aýdýan pursatyny-da öz eserinde sözleri ussatlyk bilen manyly, ýerbe-ýer goýan bolsa, kinorežissýor ony täsin şekilde berýär. Nury Halmämmedowyň sazy bolsa ony monjuklaryň bir-biri bilen baglanyşdyrylyşy ýaly, bir ýüpe düzýär. Sazyň güýji ruhy taýdan adamyň kemala gelmegine, aň-düşünjesiniň artmagyna täsirini ýetirýär. Diýmek, “Şükür bagşy” kinofilmi üç sany ussadyň ussatlyk mekdebiniň netijesidir. Dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow türkmen edebiýaty, medeniýeti sungaty bilen içgin gyzyklanypdyr. Ol türkmen nusgawy edebiýatynyň ýedi wekilini - Magtymgulyny, Magrupuny, Keminäni, Mollanepesi, Seýdini, Zelilini, Mätäjini, “Ýedigen” atlandyrmak bilen, olaryň döredijiligine ýokary baha beripdir. Bu ýazyjy dünýä edebiýatynyň ägirdi Magtymgulynyň doglan gününiň belli seneleriniň baýramçylyklaryna gatnaşyp, olarda çykyş edip, onuň şygyrlarynyň bütin adamzat üçin ähmiýetlidigini nygtapdyr. Türkmen kinematografiýasynyň naýbaşy eserleriniň biri bolan “Şükür bagşy” ussat ýazyjynyň nazaryndan sypmaýar. Ol şol wagtky ”Советская культура” gazetiniň 1964-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky sanynda “Gylyjy azala öwren saz” atly makalasyny çap etmek bilen, filmiň tarypyny ýetiripdir. “Şükür bagşy” filmi Magtymguly adyndaky halkara baýragyna hödürlenende “Türkmenistan” gazeti şol makalanyň terjimesini 1992-nji ýylyň 30-njy aprelinde çap edýär. Ondan bäri çärýek asyra golaý wagt geçipdir. Onda: ...Türkmen halkynyň ХIХ asyryň ortalaryndaky durmuşy hakda gür berýän bu çylşyrymly, hemme taraplaýyn film Gündogarda iki bagşynyň başa-baş saz çalşy hakdaky däp bolup galan hekaýat esasynda döredilipdir. Emma munuň özi diňe daşky dramaturgiýadan başga zat däldir. Hakykatyna seredeniňde welin, filmiň awtorlary taryhyň hem-de häzirki zamanyň ençeme meselelerini gozgapdyrlar, men-ä bu filme hoşniýetlik bilen şer gözlemegiň arasyndaky, uruş bilen parahatlygyň arasyndaky, halk sungaty bilen barly synplara gulluk edýän sungatyň arasyndaky garpyşygyň baky mowzugy hakdaky film diýibem bilerdim. Iň gymmatly ýeri-de, filmiň durşy bilen biziň şu günki howsalalarymyz, aladalarymyz bilen, biziň ynançlarymyz hem-de jemgyýetçilik taglymlarymyz bilen bir perdeden gopýanlygydyr, bir maksada okgunlylygydyr. Özem bu ýöne bir ýagşy niýet bilen aýdylan howaýy sözler däl-de, tolgundyryjy poeziýa esasynda ýaşaýşa ukyply adamkärçiligiň filosofiki parasatlygy esasynda ussatlyk bilen döredilen çeper eserdir. Özem şu zatlaryň ählisi adam barynyň janly ykbalynyň, häsiýetiniň üsti bilen berlipdir. Iki bagşyny aýdyşdyran Mämmetýar han bilen çaknyşanyňyzda, öz häkimligine adalatsyz zady “adalatly” edip, bimamla zadyny “mamla” edip, paýhasy gödek zorluga boýun egmäge güýji ýetýän edip görkezýän häkimlik saýýan bu akylly, rehimsiz hökmürowanyň saman astyndan suw goýbermelerine göz ýetireniňizde, siz aljyraýansyňyz, jibrinýänsiňiz. Uruş bolmalymy, bolmasyz? Şu ýerde-de siz halkyň ykbalyny çözýän meselä kimiň nähili jähtlerden çemeleşýändigini görýärsiňiz. Bir-birine ýagny hanlaryň ikisi hem-de olaryň golaý-goltumlary öz bet pällerini amala aşyrjak bolup, tireleri jeňbazlyga öjükdirýärler, halky ýaraglandyrýarlar, goşun toplaýarlar. Uruşmasa boljak däl. Ine birdenem geçen uruşlaryň bigünä pidalarynyň ýatan hem-de ýörişe ugrajak goşunlaryň duran ýerindäki giň giden mazarystanlygyň çetinden bir oglanjygyň zaryn sesi eşidilýär. Bu ses hem agy ýaňky ylgap gelýän oglanjyk bilen ägirt uly mazarystanlygyň üstünde, bütin ýer ýüzüniň üstünde ýaňlanýar. Ol oglanjyk öljek-öljek bolup ýatan ýaşulynyň “Adamlar, biz öýke-kinelerimiziň bary üçin gan döküşjek bolup durmaly däldiris!” diýen soňky sözlerini uly ile ýetirýär. Oturan ýeriňde ekranda görýän zatlaryňy bireýýäm ýadyňdan çykaryp, şol oglanjygyň yzy bilen özüňem onuň aýdanlaryny gaýtalamaga taýynsyň, öljek-öljek bolup ýatan ýaşulynyň “Waý ejejan, eje jan...” diýen ýürek gyýyjy pyşyrdysyny gaýtalamaga taýynsyň. Real zat bilen simwoliki zadyň çeperçilik taýdan çuň ýaly ysnyşyşyny “köp owazly” pikiriň şeýle çylşyrymly bolşuny hem-de şeýle duýguly güýje eýe bolşuny, megerem, birinji sapar gören bolsam gerek. Bu zatlaryň baryny aýdyp düşündirmek kyn, olary gözüň bilen görüp, kalbyň bilen duýmak gerek. Gan döküşik bolmaly däl edilýär. Bolmaly däl edilýäniň sebäbi hökmürowan hanlaryň öz lebizlerinden dänendikleri däl. Ýok, onuň üçin däl, olaryň planlary başa barmaýar: olaryň tutan tutumy hyýal bolup galýar, sebäbi halkyň erki şeýle. Halkyň erki, halkyň oý-pikiri, onuň paýhasy, ynsanperwerligi filmiň baş gahrymanynyň- ýaş hem-de merdana Şükür bagşynyň keşbinde jemlenen sypatlardyr. Tomaşaçydan başlap, tä ahyryna çenli Şüküri ýadawsyz synlaýar, gitdigi-çe onuň inçe senedine bendi bolan, onuň filosofiki hem çeper paýhasynyň çuňlugyna bendi bolan tomaşaçy ony mähir bilen halaýar, onuň sarpasyny tutýar. Şükür bagşynyň Gulam bagşy bilen, has dogrusy, Mämmetýar hanyň özi bilen başa-baş söweşinde biz halk bilen sütemkeşiň arasyndaky, ynsanperwerlik ideýasy bilen uruş ideýasynyň arasyndaky baky başa-baş söweşi görýäris. Biz päk paýhasyň sütem baryndan üstün çykyşynyň, bu kyn ýeňşiň nähili agyr düşýändiginiň janly şaýadyna öwrülýäris. Filmi döredijiler bu çylşyrymly hem-de uly mowzugy bijaý batyrgaý, özboluşly tärler arkaly, sungatda dürli ugurlara wekillik edýän iki sazandanyň saz calyşmagy arkaly çözüpdirler. Tomaşaçy söweşe taýyn bolup duran gylyçlary azala öwren sazyň baýramçylygyny öz kalbynda besleýär. Hawa, bu film özüniň bütin durky bilen, özüniň bütin şahyrana hem-de obrazly güýji bilen biziň jana-jan ideýalarymyzy: adam ýaşamak üçin, zähmet çekmek üçin, ýer ýüzünde bagt döretmek üçin dünýä inýär, onsoňam adamyň bu belent matlabyny hiç bir zat üýtgetmeli däldir. diýen ideýalarymyzy berkarar edýär. Men filmiň diňe bir tarapy, esasy tarapy hakda gür bermäge synanyşdym. Emma onuň mazmuny bir munuň bilen gutarmaýar. Tüýs sungat eserleriniň her biri ýaly, bu film hem çuň we köptaraply film. Onuň çeperçilik gurluşy hakda-da, onda hakykylyk bilen eposyň, nyşanlar bilen aňyýetiň, häzirki zaman derňewli pikir bilen romantikanyň bir geňsi birikdirilişi olaryň bir-biriniň tebigy suratda üstüni ýetirişi hakynda-da köp zat aýtsa bolardy. Bu filmiň milli sungatyň görnükli hadysasydygy, onuň awtorlarynyň tüýs milli syratlary arkaly umumadamzat ähmiýetli temany gozgap bilişleri hakda-da kän zat aýtmak bolardy. Gündogary entek hiç kimem şeýle görnüşde görkezmändi. Meniň göwnüme gelşine görä, bu film türkmen halkynyň gadymy medeniýeti bilen sungatynyň mertebesini ýene bir belentlige göteren ýaly. Bu film Magtymgulynyň mertebesini-de ýene bir belentlige göteren ýaly, çünki filmiň filosofik düýbüni tutýan zat-da Magtymgulynyň goşgulary. Bar zady bir makalanyň içine alyp bolmaýar. Üstesine-de men tankytçy däl, hiç haçan kinofilmlere syn ýazan adam däl, hawa, bu ýazanymam syn däl-de, ajaýyp filmi, jüpüne düşen filmi döreden ýaş ussatlara ýüreginden syzyp çykan hoşallyk. Meniň pikirimçe. Orta Aziýanyň dramaturgiýa sungatynda henize çenli munuň ýaly eser bolmandy. Ol dünýä sungatynyň döreden ajap eserleri bilen bir hatarda durýan eser...” Kinorežissýor B.Mansurowyň “Şükür bagşy” çeper filmi soňra türkmen kino sungatyny dünýä halklaryna tanatmakda hem uly işleri bitirýär. Film abraýly halkara baýraklaryň 15-sine mynasyp bolýar. Bu çeper film Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň ençemesinde uly üstünlik bilen görkezilip, dürli halklaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. 1968-nji ýylda “Şükür bagşy” halkara Kann kinofestiwalynda bäsleşikden daşgary berilýän baýraga mynasyp bolýar. 2008-nji ýylda “Şükür bagşy” çeper filmi Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen halkara kino festiwalynda-da uly üstünlik bilen görkezilýär. 1992-nji ýylda bolsa döwletimiziň Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp bolýar. Ussat kinorežissýor Bulat Mansurow “Şükür bagşy” filminden başga 1966-njy ýylda “Teşneligiň gandyrylyşy ”, 1968-nji ýylda “ Gyrnak ”, 1970-nji ýylda “Ölüm ýokdur, oglanlar!” ýaly çeper filmleri döredýär. Soň bolsa belli režissýor ykbalyň emri bilen ilki Gazagystanda, soň Russiýa Federasiýasynda kinorežissýor bolup işläp, ençeme ilhalar kinofilmleri döredýär. Türkmen sungatynyň dünýä ýaýylmagynda onuň uly işleri amala aşyrandygyna biz ynanýarys. Çüňki Watan keramaty nirede bolsaňam, köňlüňe güýç berýän gudrat. Deňsiz-taýsyz eserler diňe Watana söýgüniň jadysyndan döredilýär. Ol Gazagystanda “Beýbars soltan” ýaly birnäçe çeper filmler bilen adyny dünýäniň meşhur kinorežissýorlarynyň hatarynda beýgelden sungat ussadydyr. Bu barada ol metbugat sahypasynda şeýle gürrüň beripdir: - Meniň özüm örän uly we gyzykly işe başladym. Öz ssenarim boýunça täze filmi surata düşürýärin. Onuň esasynda M.Semaşkonyň “Emşan” powesti ýatyr. Kartinanyň ady “Beýbars”, ol orta asyrda Memluk türkmen döwletiniň hökümdary Zahyreddin Beýbarsyň mongol-tatar basybalyjylary tarapyndan wizantiýalylara satylandygy barada gürrüň berýär. Wizintiýalylar oglanjygy araplara satýarlar. Ol edermen esger bolup ýetişýär. Iň soňuňda Müsüriň soltany bolýar. Ýöne türki neslinden bolan soltan sähranyň solgun keşbini, onuň guran otlarynyň ysyny unudyp bilmeýär. Ol tagtdan, hökümdarlykdan geçip, mähriban watana dolanyp gelýär. Görnüşi döretmäge “Mosfilmden” başga-da “Gazakfilm” studiýasy, Hindistanyň, Müsüriň kinofirmalary gatnaşýar. Film biziň ýurdumyzda, Müsürde, Hindistanda surata düşürilýär. Türkmen taryhy bilen baglanyşykly bu film uly meşhurlyga eýe bolýar. Ömrüniň ahyrynda çenli Bulat Mansurow Russiýa Federasiýasynda işleýär, şol ýerde ýaşaýar. Ol Moskwada S.Eýzenşteýn adyndaky kino merkezini döredýär. Halypa kinorežissýor Bulat Mansurow Moskwanyň ýokary kinematografiýa institutynyň kinorežissýorlary taýýarlaýan bölüminde “Režissuranyň ussatlygy” dersinden talyplara tälim berýär. Bulat Mansurowyň režissuradan okadýan sapagyna onuň öz okadýan talyplaryndan başga-da hünärleriň talyplary uly höwes bilen gatnaşypdyrlar. Onuň sapagy dowam edýärkä, göýä otagda adam ýok ýaly, hiç kimden ses çykmaýar eken. Elinden gelse adamlara diňe ýagşylyk edipdir. Onuň gylyk-häsiýeti “Şükür bagşy” filmindäki Şüküriň edil özi eken. Şükür ýaly paýhasly, pessaý gürläp, dymmagy başarypdyr. Ol juda jomart, ynsanperwer adam bolupdyr. Talyplar onuň “Şükür bagşy” filmini görüp, hut şeýle netijä gelipdirler. Bir gezek talyplaryň ekabyrragy oňa ýüzlenip, bu pikiri aýan edipdir: - Mugallym, Şükür bagşy, bu siziň öz keşbiňiz ahbetin?! Siz öz keşbiňizi, gylyk-häsiýetiňizi filmiň gahrymanyna geçiripsiňiz. “Şükür bagşy” filminde öz halypamyzy, sizi gördük. Oglanlar bilesigelijilik bilen mugallymyň jogabyna garaşypdyrlar. Bu gezegem ol howlukman sypaýy jogap beripdir: - Mümkin. Şeýle bolup siziň gözüňize görnendir. Ýöne ol keşbi meniň söýgüli aktýorym Amandurdy Handurdyýew diýseň täsin we oňat görnüşde ýerine ýetirdi. Ol mydama “Režissýoryň gylyk-häsiýetini, nähili adamdygyny biljek bolsaňyz, onuň döreden filmlerini göräýmelidir. Režissýor dünýäni görşüni filmine geçirýär. Öz gylyk-häsiýetini söýgüli gahrymanlaryna siňdirýär. Ýagşy niýetli filmleriň režissýorlarynyň içki dünýäsi adatça açyk we päkdir. Emma käbir režissýorlar tersine bolýar, olaryň filmlerinde horluk, nadanlyk höküm sürýär. Beýle režissýora hem bir taraplaýyn erbet diýip bolmaz. Olar durmuş hakykatyny özüçe görkezýärler. Ýöne esermiziň biziň ýüzümiziň perdesini syrýandygyny welin, unutmalyň! Däl zatlara mähir bermek dogry däldir. Umuman, film döredilende režissýor aklyga uýmalydyr. Kino sungaty ýalan wakalary, hakykatdan üzňe toslanyp tapylan sýužetleri we ýasama keşpleri hiç haçan götermeýär. 1993-1995-nji ýyllarda kinorežissýor Oraz Orazow Türkmenistandan üç oglan bolup, hünärini kämilleşdirmek maksady bilen, Moskwanyň ýokary kinematografiýa institutynyň kinorežissýorlary taýýarlaýan bölümine okamaga gidýärler. Bu institutda olara “Režissuranyň ussatlygy” dersinden halypa kinorežissýor Bulat Mansurow tälim berýär. Bu barada Oraz Orazow metbugat sahypasynda şeýle gürrüň berýär: - Bulat Mansurow bir gün eli türkmen dutarly sapaga girdi. Biziň barymyz ýerimizden turup, ony garşy aldyk. Şobada bize “oturyň” diýip yşarat etdi-de, dutary maňa uzatdy: - Sakla! – diýdi. Soň ýerine geçip, maňa: - Çalyp bilýänsiň-ä? - diýdi. Men hiç zat diýmän ýöne ýylgyrdym. Ol “Gurban, sen nähili?” diýip sorady. Gurban hem edil meniň bolşum ýaly ýylgyryp, boýnuny burdy. Ol umyt bilen Kyýasa garady: - Ýeri Kyýas, senem?! Kyýas hem ýylgyrdy-da, gyzaryp aşak seretdi. Ol “Şükür bagşydaky” ýaşulynyň: - utanaňyzak-maý! - diýşi ýaly göni gözümize seretdi-de, kellesini ýaýkady. “Utanç” diýdi... Duran ýerimizde gara der bolduk. Ýogsa agyr, artyk zat hem diýmedi. Üçümiz hem sapak gutarýança ýüzümizi ýerden galdyrman oturdyk. Men şonda dutar çalyp bilmeýänime gaty utandym. Birdir-ikidir sazy tirňildeden bolşum bolsa, çaldyk däldi. Ussat söze başlady: - Siz maňa aýdyň! Türkmenleriň halk ussatlaryndan Mylly agadan, Sahy Jepbardan, Şükür bagşydan başga haýsy halypa bagşydyr sazandalary bilýärsiňiz? Hiç kimden ses çykmady. Çünki onuň bilşi ýaly, hiç birimizem bilýän maglumatlarymyzy beýan edip oňarjak däldik. - Siziň ýaly talypkam, meni biziň milli saz guralymyz bolan dutarymyz gyzyklandyrdy. Dutary tut agajyndan ýasaýandyklaryny biz bilýäris. Sapyny bolsa erigiň şahasyndan taýýarlaýarlar. Onuň sebäbi nämede? Diňe tut agajy adamyň zarbyna darka ýarylman çydap bilýär. Bagşynyň gujur-gaýratyndan çykýan täsin kuwwata tut çydaýar. Ýaz aýlarynda ýere jan girende, dutar ussalary ýa-da bagşylar tut agajyny mäkäm bagryna basyp, gulaklary bilen ünsli diňlär ekenler. Tut agajynyň haýsysyndan owaz çyksa, onda şol agaçdan hem dutar ýasapdyrlar. Filmi surata düşürmänkäm, men öz türkmen bagşy-sazandalarymyzyň köpüsi bilen gaty kän söhbetdeş boldum. Ol bu sapakda bize Amangeldi Göňübeg, Kel bagşy, Sary bagşy, Oraz Salyr, Garadäli gökleň, Nobat bagşy we ýene-ýeneler barada gyzykly rowaýatlary gürrüň berdi. Bir sapar arakesmeden soň režissura sapagynda mugallyma garaşyp esli oturdyk. Soň Bulat Mansurow sapaga geldi-de, gijä galanlygy üçin ötünç sorady. Ol tiz oturdy-da, şadyýan ýagdaýda edil çaga ýaly begenip: - Ýaňy Türkmenistandan gelen kinoçylar bilen duşuşdyk. Olaryň şol boluşlary. Hiç üýtgemändirler - diýip, türkmen dilinde aýtdy. Biz hem halypanyň ildeşlerini görüp, keýpiniň kök bolandygyna begendik. Men şol pursat çagalygymdan bäri biynjylyk edýän bir sowaly bermegi makul bildim. - Halypa, size sowal bersem bolarmy?! - Elbetde. - Halypa “Türkmenfilmde” kimiň filmleri şowly çykan eser diýip hasaplasa bolar?! Ol hemişe bir zat diýjek bolsa, esli dymyp durardy-da, onsoň gürlärdi. Özem adamlar hakda iň ýagşy sözleri aýdyp, hemmelere ýagşy tarapdan baha bererdi. - “Türkmenfilmde” zehinli režissýorlar, operatorlar örän kän. Olaryň hemmesem sungatyň aşygy. Ynha, meşhur kinorežissýor Alty Garlyýewe şol kinoçylaryň naýbaşysy diýsek, ýalňyşmarys. Sebäbi ol režissýora - beýik ynsana Taňry zehin paýyny gysganman beripdir. Ol türkmençiligi, ata-babalarymyzyň inçeden gelýän päk ýoluny ekrana şol arassalygy bilen geçirmegi ussatlarça başaran halypa. Artygyň keşbinde Baba Annanowy diýjekmi, ýa-da Aşyryň keşbinde Artyk Jallyýewi diýermiň, Mawynyň keşbinde Hommat Müllügi diýjekmi, Aýnanyň keşbinde Žanna Smelýanskaýany alyp görseň, aktýor saýlamakda Altynyň ussatlygyny görýärsiň. Ol aktýorlary dogry ýerinde goýup, dogruçyl beýan etmegi başaran režissýor. Bu gün kinony surata düşürmegi her kim hem öz üstüne alyp biler. Ýöne kinoda birinji synpda elipbiniň doly geçilişi ýaly, režissuranyň öz kanunlaryny bilmek, siziň borjuňyz! - Halypa, “Aýgytly ädim” filminde siziň režissýor hökmünde iň gowy gören pursadyňyz haýsy? Ol säginmän: - Artygyň harmanyny paýlaşylýan pursadyny gowy görýärin. Haýsy döwür bolsa-da, adamlaryň şol bolşy. Kim ýagşy, dana. Kim açgöz. Kim mekir. Ýa-da düýeleriň urşy. Eşekleriň depişmesi. Pökgi balanyň (A.Bäşimow) kürrä münüp gelşi. Tabagy görkezip, yzyndan tabagy taşlap, halta bilen bugdaýyň daşyna geçişi. Bu sahna filmi göz-görtele özgerdýär. Filmde türkmen ýigitleriniň at çapyşy üýtgeşik. Haýsy sahnany derňeseň, durşy bilen millilik. Ussat barada söz açsaň, aýdara zat gaty kän. Bulat Mansurowdan tälim alan Oraz Orazow öz işlerini kinematografik serişdeler, diňe kinonyň özüne mahsus bolan aýratynlyklary bilen beýan etmäge ymtylýar. Keýpi, häsiýeti, hatda meseläni sözden öňürti reňkleriň, öwüşginleriň üsti bilen ýüze çykarmak, aktýoryň sözlerini režissýoryň şahsy görşi bilen baýlaşdyrmak, özara söhbedi awtoryň pikir ýöretmesi bilen düşündiriş we pikir bermek üçin bir kadrda uzak eglenmek onuň ussadyndan öwrenen ýoludyr. Bu “Şükür bagşy” atly nusgawy filmi döreden Bulat Mansurowyň terbiýe mekdebini geçenden soňky eserleriniň aglabasynda duýulýar. Çüňki Bulat Mansurow Oraz Orazow üçin talyplyk ýyllarynda okadan, tälim beren ussat bolmak bilen bir hatarda durmuş mekdebiniň hem halypasy bolupdyr. Orazow dagy topardaky talyp ýoldaşlary bilen ussadyň şol ýyllardaky döreden türki halklaryndan bolan gadymy bulgar halkynyň taryhyndan “Bulgaryň mylaýym şemaly” atly köp bölümli çeper filmiň surata düşürilişine gatnaşýar. Halypa bilen surata düşürilýän meýdançada egin-egne berip işlemek, filmiň guramaçylyk işlerini ýerine ýetirmäge gatnaşmak onuň üçin gymmatly tejribe bolýar. Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Bulat Mansurow türkmen kino sungatynyň taryhynda ussat kinorežissýor, döredijilik işgäri hökmünde ýatda galdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungatymyzyň, edebiýatymyzyň has-da belende galmagynda ussat halypalaryň bitiren işleri uly hormata mynasyp. Bulat Mansurow hem şeýle halypalaryň biridi. • Çingiz Aýtmatow, ussat gyrgyz ýazyjysy: ... Bar zady bir makalanyň içine alyp bolmaýar. Üstesine-de men tankytçy däl, hiç haçan kinofilmlere syn ýazan adam däl, hawa, bu ýazanymam syn däl-de, ajaýyp filmi, jüpüne düşen filmi döreden ýaş ussatlara ýüregimden syzyp çykan hoşallyk. Meniň pikirimçe. Orta Aziýanyň dramaturgiýa sungatynda henize çenli muň ýaly eser bolmandy. Ol dünýä sungatynyň döreden ajap eserleri bilen bir hatarda durýan eser. Şu filmden soňra biziň köpümiz özümiziň kinodaky hem-de sahnadaky döredijiligimize göz gezdirmelidiris. Indi öňki işleýşimiz ýaly işlemek bolmaz, sebäp diýseň baha bermegiň ölçegi öňki ölçeg däl. Bu filmiň käbir tomaşaçylara täsin däl bolup görünmegi-de mümkin, elbetde. Emma, biz “Pariž pynhanlyklaryna” sürlenip barýan “Gum-guk ada” ahyryna çenli seretmeýän tomaşaçylary göz öňünde tutmaly däldiris. Biz tomaşaçylarda medeniýetliligi, göwün-islegi terbiýelemelidiris. “Şükür bagşy” iki gezek, üç gezek seretmeli kino kartinalardan bolup, her gezek seredeniňde-de, onda täze-täze gözýetimler açylar. Iň soňunda film döredijiler hakda birnäçe söz aýdaýyn. Bulat Mansurow ýaş režissýor hem ssenariçi, özem sowet kinosynyň meşhur ussady Sergeý Gerasimowyň şägirdi.. Bu kinoeser onuň ilkinji işi. Biziň gürrüňini edýän adamymyzyň paýhasly ussatdygy jedelsiz zat. Oňa ynam etmek bolar. Nury Halmämedowyň sazy bolmadyk bolsa, film şunuň ýaly bolup çykmazdy. Şu “toslanyp tapylmadyk’ saz türkmen halkynyň saz medeniýetine şöhrat baryny getirip bildi. Aktýorlar - baş keşpleri oýnanlar hakda aýdylanlygynda bolsa dürs hem-de akylly oýnandyklary üçin, olara diňe hoşallyk bildiräýmek galýar. Haýsysyny öňde tutjagyňy-da biler ýaly däl. Her haýsy bir basyrylgy ýatan duýgularyň, heserleriň öýjügi. Belki, Şükür bagşynyň keşbini oýnan Aman Handurdyýewi özgelerden öňde tutmak bolar. Ol professional artistem däl, aşgabatly bir fizik... Ine, size gerek bolsa - fizik bilen lirik. Biz bolsak jedelleşen bolup ýörüs... Biziň Frunzämizde geçen kinofestiwalyň üstünlikli tamamlanandygyny özüme bagt bilýän (onuň jemleri eýýäm metbugatda jar edildi.) Festiwal “Şükür bagşynyň” ýeňmegi bilen gutardy, biziň oňa durmuşa ilkinji putýowka berenimizide özüme bagt bilýän. Ýoluň ak bolsun “Şükür bagşy”. • Oraz Orazow, kinorežissýor: - Bulat Mansurow režissýorlaryň kyrk ýaşdan geçip, durmuş tejribesini toplanyndan soňra, çynlakaý eserleri döredýändigi dogrusynda nygtardy. Emma onuň özüniň 25 ýaşynda nusgawy eseri döredip bilendigi hakynda diňe tankydy nazardan pikirini aýdardy. Elbetde, her bir režissýorda ösüş döwürleri bolýar. Kähalatlarda bolsa pes hili filmler surata düşürilýär. Muňa ikinji ýagdaýda döredijiniň saglygy, soň yzarlap otursaň, hökman maşgala ýagdaýy hem sebäp bolup biler. Okuw otagynyň diwarynda mugallymyň ussady Sergeý Gerasimowyň, onuň ussady S.Eýzenşteýniň uly portretleri asylgy durardy. Bulat Mansurow ol portretdäki halypalary barada şeýle gürrüň beripdi: - Olar meniň ussatlarym. Şu güne çenli bilýän zatlarymyň bary şolaryňky. Men şu gün hem bu halypalarymyň görkezen ýoly, ugry, pikiri bilen barýaryn. Şägirdiň halypasyndan alan tejribesi soň-soňlar hem durmuşda gaty köp ýerde gerek bolýan ekeni. Kinoda işlän döwürlerim “Töreg beg hanym”, “ Oguz hekaýaty”, “ Haly rowaýaty” filmlerini surata düşürenimde, halypanyň ugurlaryny azda-kände ulanmaga synanyşdym. Talyplyk döwrümizdäki berlen bilimler we Bulat Mansurowyň pelsepewi pikirleri, şekillendiriş gözýetimi - bularyň hemmesi ussadyň yhlasydyr. Dünýäniň kino ussatlarynyň döredijiligi barada okuw döwründe öwrenen bilimlerim entegem wajyplygyny ýitirmeýär. Bulat Mansurowyň gowy görýän tärleriniň biri durmuşda bolup geçýän täsin hem göze görünmeýän, diňe duýup bolýan pursatlary görmek we tomaşaça görkezmek. Men bu usula “Bugdaý sümmül bolanda” atly filmimde ýüzlendim. Film 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe tylda zähmet çeken bir gyzjagazyň ykbaly hakynda gürrüň berýär. Şeýle-de “Serpaý” filminde hem bu ugra ýykgyn etdik. Bu ugurlar milli kino sungatynda täze sepgitlere ýetmäge ýardam eder. Sebäbi dünýäniň siwilizasiýasynda kino sungaty hem bir ýerde durman, diňe öňe gidýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kinonyň ösmegi üçin uly mümkinçilikler bar. Diňe belent borjuň hötdesinden gelmek üçin ýokary hili zähmet çekmeli. • Ýazmyrat Şadurdyýew, sungaty öwreniji: - Lebap welaýatynda dünýä inip, bütin ömrüni kino sungatyna bagyş eden Bulat Mansurow özüniň ajaýyp, nusgawy filmleri bilen türkmen kinosynyň taryhyna giren ussatlaryň biridir. Ol özüniň özboluşly zehini bilen eýýäm ýaşlykdan meşhurlyk derejesine ýeten sungat ussadydyr. Aslyýetinde B.Mansurow ýaşlykdan saz sungatyna höwes eden adam. Şonuň üçinem ol Daşkendiň konserwatoriýasyna okuwa girýär. Saz ugrundan ussatlardan tälim alýar. Ýöne, ykbalyň emri bilen B.Mansurowa öz okuwyny täzelemeli bolýar. Ol konserwatoriýany taşlap, Moskwanyň kinematografiýa institutyna okuwa girýär. Režissýorlyk okuwyna. Kino institutynda oňky ugruna bolýar – ol dünýä belli meşhur kinorežissýor Sergeý Gerasimowyň toparyna düşýär. Bu bir uly bagt. Sebäbi, seniň kinodaky geljekki ykbalyň saňa halypalyk edýän adama, ussada bagly bolýar. Şu meselede B.Mansurowyňky ugruna bolýar. Ol bäş ýyllap ussat halypa S.Gerasimowyň elinde okaýar, onuň surata düşürýän filmlerine gatnaşýar, tejribe toplaýar. Talyplyk ýyllary B.Mansurow köp nusgawy filmlere tomaşa edýär, köp okaýar. Kino sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýär. B.Mansurowyň režissýorlyk ukyby eýýäm onuň okaýan döwrüniň ilkinji günlerinden belli bolýar. Özem beýlekilere meňzemeýän ukyby. Şonuň üçin onuň halypasy S.Gerasimow hemişe öz ukyply, zehinli şägirdini goldap gezýär. B.Mansurow öz diplom işi bolan “Şükür bagşy” atly çeper filmini surata düşürende, onuň 27 ýaşy bardy. Ol şol filmi bilenem dünýäni haýran edýär. Elbetde, B.Mansurowyň bu diplom işini şol wagtky “Türkmenfilm” kinostudiýasynda göwniýetmezçilik bilen kabul edilýär. Filmiň çeperçilik aýratynlygyna düşünmedik adamlar “Şükür bagşy” filmini gowşak, täsirsiz film hasap edýärler. Kyn ýagdaýa düşen ýaş režissýory onuň meşhur halypasy Sergeý Gerasimow halas edýär. Ol türkmen kino ýolbaşçylary bilen gürleşip, bu filmiň ýokary çeperçilik derejesinde döredilendigini, onuň uly meşhurlyga eýe boljakdygyny düşündirýär. Hut şondan soň “Şükür bagşy” filmi köpçülige çykarylýar, tomaşaçylaryň garamagyna berilýär. Tomaşaçylar höwes bilen bu filmi garşy alýarlar. Film Gyrgyzystanda geçirilen kinofestiwalda Diploma mynasyp bolýar. Belli gyrgyz ýazyjysy, dünýä belli Çingiz Aýtmatow “Şükür bagşy” filmi barada “Sowetskaýa kultura” gazetinde çykyş edip, ol kino sungatynyň taryhynda şeýle özboluşly şahyrana filmini ilkinji gezek görýändigini, bu filmiň nusgalyk filmdigini aýratyn belleýär. “Şükür bagşy” çeper filmi 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp bolýar. Umuman, “Şükür bagşy” filmi dünýä filmleriniň iň gowularynyň hataryna girýär. Daşary ýurtlaryň kino sungaty boýunça ýokary okuw mekdeplerinde “Şükür bagşy” nusgawy film hökmünde talyplara görkezilýär. • Ilmyrat Bekmiýew, Türkmenistanyň halk artisti: - Kinorežissýor Bulat Mansurow Amandurda täze surata düşürilýän çeper filminde baş keşbi döretmegi ynandy. Şol wagt ol ýigrimi dokuz ýaşyndady. Gysga wagtda surata düşürilen bu çeper film türkmen milli kino sungatymyza uly üstünlik getirdi. Bu çeper filmde Türkmenistanyň halk artisti Artyk Jallyýew, Hojan Öwezgelenow ýaly zehinli artistler surata düşdüler. Meşhur kompozitor Nury Halmämmedow bu çeper filmi ajaýyp sazlar bilen bezedi. Täze çeper film dünýäniň kino muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Tanymal ýazyjy şahyrlar, kompozitorlar, kinorežissýorlar bu çeper filme ýokary baha berdiler. Bu wakadan bäri elli ýyldan gowrak wagt geçdi. Ýöne meniň üçin hemme zat edil düýn bolup geçen ýaly. Her gezek bu çeper filme tomaşa edenimde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň gaýtalanmajak zehini bilen janlandyran Şükür bagşynyň nurana keşbi göz öňümde janlanýar. Onuň çalan ajaýyp sazlary ruhymy belende göterýär. Dünýägözel SOPYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||