21:33 Kitap barada aýdylanlar | |
KITAP BARADA AÝDYLANLAR Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. * * * Kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, hudožnikleri, kompozitorlary bilen islän wagtyňda duşuryp, islän çagyňda sözleşdirip biler. Kitap saňa dürli ylymdan ders berer. Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr. Kitap hiç wagt garramaýan, hemişe juwan, hemişe seniň gullygyňa häzir bir wepaly hyzmatkärdir. Sen haýsy döwrüň taryhyndan, haýsy milletiň gylyk-häsiýetinden, haýsy döwletiň ykbalyndan heň buýursaň, kitap seniň arzuwyňy ýerine ýetirýän, gijä, gündize parh goýmaýan, ýadamany, armany bilmeýän, aýdym aýdyp, saz çalyp berýän hoş owaz bir bagşydyr. Kitap göwnüňde pos bolsa, bulgur ýaly durlar, şähtiňe ganat beslär, ýetmeziň, ýalňyşyň bar bolsa sypaýyçylyk bilen görkezer, gandyrar, ynandyrar, indi ýörejek ýoluňa sönmez şöhle saçar. Kitap duşmany tanamaga, bet pirimi aňlamaga, hüşgär bolmaga ýol salgy berýän, Watanyňy, halkyňy wepaly ýaryňy, ata-eneňi, dogan-garyndaşyňy, edýän işiňi söýdürýän, ruhyňy göterýän bir ylhamdyr. B.Kerbabaýew. * * * Türkmenlerde «Atyň barka ýol gazan, ataň barka dost gazan» diýen nakyl bar. Kitap hakda oýlananymda şu nakyl mydama ýada düşýär. Kitap bilen dostlaşan adamyň ruhy garyp bolup bilmez. Ol özüni bagtly hem-de baý adam hasaplamaga haklydyr. Adamyň mahal-mahal haly teň bolýan pursatlary bolýar. Şonda söwer dostuň ýanyňa geläýse, göwnüň gülleýär. Şol dostuň roluny akylly kitap hem ýerine ýetirip bilýär. Häzirki zaman durmuşynda ýol gazanmagyň kynlygy ýok. Ýöne bir fakta welin üns beriň: Ýuriý Gagarin kosmosa uçanda ýany bilen söýgüli kitaplaryny alandygyny aýdypdy. Näme üçin başga zat däl-de ala-böle kitap? Sebäbi, kitap adam durmuşynyň iň haý-haýly pursatlarynda oňa güýç berýär, ruh berýär! Kitapsyz durmuşy göz öňüne getirmek kyn. Juda kyn. B.Hudaýnazarow. * * * Käbir ajaýyp kitaplar gözýetimiňi giňeltse, käbir kitaplary şeýle bir tolgunyp okaýarsyň welin, olar soň-soňlaram hiç ýadyňdan çykmaýar. N.K.Krupskaýa. * * * Kitap adamzat paýhasynyň dürdänesini ýygnaýar we olary nesilden-nesle geçirýär. Biz bir gysym gum bolup gideris, ýöne kitaplar weli, demirden hem daşdan ýasalan ýadygärlikler ýaly müdimilik saklanýarlar. Aýbek. * * * Kyn günlere uçranyňda haraýy elmydama kitaplardan gözleýärsiň. Şonda köplenç, şeýle bir kitaplary tapyp okaýarsyň welin, göwnüňe bolmasa, ol ýörite seniň üçin, hut seniň şol kyn günüň üçin ýazylan ýaly bolýar. A.Afinogenow. * * * Arassalyk üçin, pikiriň dürs bolmagy üçin, diliň ötgür bolmagy üçin göreşmek – medeniýetiň ýaragy üçin göreş etmekdir. Eger şol ýarag näçe ýiti bolsa, näçe dogry gönükdirilse, şonça-da ýeňişe eltýändir. M.Gorkiý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |