17:42 Kitap ýakmagyñam taryhy bar! | |
KITAP ÝAKMAGYÑAM TARYHY BAR!
Söhbetdeşlik
Alym ýazyjy Lýusen Polastron bilen kitap ýakmagyñ taryhy boýunça gürrüñdeşlik geçirdim. Gürrüñimizde nasistleriñ köpçülikleýin kitap ýakma çäreleride bar, YŞYD-niñ eden-etdiçilikli kitaphana talañçylyklary-da bar... Ýazyjynyñ pikiriçe uzak wagtlyk "aşa garyplaşmaga" getirjek sanly ulgama geçme prosesi-de ýakynlaşyp gelýän howplardan... Lusýen Polastronyñ "Everest" neşirýatyndan çykan "Kitap ýakmagyñ taryhy" kitabynda kitapsöýüjileriñ başdan geçiren iñ uly gorkusyny gürrüñ berilýär we kitaplaryñ, käwagtam uly-uly kitaphanalaryñ adamyñ ownuk bedinebislikleri zerarly wagşyýana ýok edilmeginden söz açýar. Ýazyjy "Hemmeler ýaly menem Aleksandriýa ýa-da Sin Şihuandi kitaphanalarynyñ tragiki kyssasyndan habarlydym. Birdenem kagyzyñ ewolýusion taryhy bilen içgin gyzyklanmaga başladym. Aýry-aýry ýurtlarda we döwürlerde bolup geçrn san-sajaksyz kitap genosidi wakalarynyñ üstünden bardym" diýýär. Gürrüñ gidýän wakalaryñ köplügi üçinem elimizdäki kitaby ýazmaga başlan Polastron bilen "kitap ýakmak" diýilýän adamzada garşy edilýän gabahat jenaýat hakda pikir alyşdyk. - "Okamagyñ taryhyny" ýazan meşhur edebiýatçy Alberto Manguel bilen bir söhbetdeşlik gurapdym. Jemgyýetiñ ýazmanam ýaşap biljekdigini, emma hiç bir jemgyýetiñ okaman ýaşap bilmejekdigini, şonuñ üçinrm okamagyñ ýazmakdan öñde gelýändigini aýdypdy. Makullaýarsyñyzmy? - Çeper edebiýatyñ bolan, ýöne ýazuwyñ bolmadyk wagtlary bardy. Ýagny, adamlar hekaýatlary okanokdy, diñleýärdi. Şeýle ýagdaýda okamagyñ esasy şert däldigini aýdyp bilersiñiz. Beýleki bir ýandan pikirleri we oý-hyýallary döretmäge ukyply adam bolmasa, ol ýerde hiç zat ýokdugyny añladýar. Şeýle jemgyýet bar bolmagam mümkin, ýöne biz oña ýeke sözde "warwar" diýýäris. - Taryhyñ bize mälim ilkinji kitaphanasy hasaplaýan legendar Aleksandriýa kitaphanasy üç gezek ýakyldy. Şeýdibem birgiden gymmatly eser ýom-ýok boldy. Ol ýerde näme boldy we kim tarapyndan ýok edildi? - Ol kitaphananyñ ýok edilişi umuman alanda fantastiki hekaýat. Ýok ediş müñ ýyla golaý wagt dowam edipdir. Birden köp wakanyñ gürrüñi gidýär, gadymy müsüt melikesi Kleopatranyñ razylygy bilen Rimdäki kitaphana üçin kitap ogurlan Ýuliý Sezaryñ sebäp bolup gereginden artyk dilr düşen ýangyny ýaly... Imperatorlar we ýepiskoplar sebäpli bolup geçen san-sajaksyz kitap ýakma wakalary-da hasaba alnypdyr. Elbetde, energetika çeşmeleriniñ ýoklugy we fiziki çüýremeler-de kitaplaryñ ýitip-ýok bolup gitmeginde uly rol oýnapdyr. Araplaryñ hammamlaryny kitap ýakyp gyzdyrandyklary hakdaky meşhur hekaýat barada aýdar bolsak, ol gepsiz-gürrüñsiz fantastikadyr. - Nämüçin kitaphanalara zerurlygymyz bar diýsem, näme jogap berersiñiz? - Gidip ol ýerden okamaga kitap almasagam, golaýda-bir ýerde kitaphananyñ bardygyny bilmegem ömrümize ömür goşar. Başgaça aýdanda, jennete ynanmak şu biderek dünýäniñ az-owlagam bolsa dert-aladasyny ýeñledýär-ä, ine şoñ ýaly. - Kitaplaryñ hersini aýry-aýry ylmy çeşme hökmünde göz öñüne getirsek, jennetiñ bag-bakjasynda ösýän we miwesi gadagan edilen Ylym agajy ýadyma düşýär. Şol manyda alanda kitap ýakmagam ylym-bilimi adamzada gadagan etmegiñ bir görnüşi bolanokmy? - Gorkunç, ýöne şeýle! Hakykatlary bilmek adamlary gulçulykdan çykarýar, şonuñ üçinem dünýäni elinde saklamak isleýänleriñ gazaply basyşyna duçar bolup biler. Adamzadyñ erkinleşmegine ýardam edendigi üçin jezalandyrylan Prometeýi ýatdan çykarmalyñ. - Kitap ýakmaga Gündogarda köp gabat gelýärismi ýa Günbatarda? - Musulmanlyk, hristianlyk, iudaizm ýaly dinleriñ hiç biriniñem ýüzüniñ ýuwarlygynyñ ýokdugyny aýdýarsyñyz... Sanamaly bolsa, hristianlyk hülgentlik etmekde birinji ýerde durýar. Diñe Ýewropada, Ispaniýada, Aleksandriýada ýok edenlerini däl, maýýalar ýaly bizden alysdaky medeniýetleri-de ýok edendigini hasaba goşuñ. Şeýle-de käte dini syýasatdan aýyrmak kyn bolýar. Kitaphanalar hiç bir dinj ynanjy bolmadyk Hytaýda-da ýok edildi. Ýakyn wagtda YŞYD-niñ Mosulda eden gabahatlyklaryndan ýola çyksak, diniñ käte häkimiýete barýan ýol hökmünde ulanylýandygyny aýdyp bileris. - Ýakylan kitaplaryñ görnüşi barada näme aýdyp biljek, taryhda dini kitaplar has köp edildimi ýa taryh, sungat, pelsepe kitaplary? - Dogrusy, ýekän-ýekän okap aýyl-saýyl edenden tutuş ýygyndylary otlamak has añsat düşüpdir. Hülgentleriñ okap-ýazmakdan başynyñ çykandygyny aýdyp bolmaz. Ýörite toparlara bölmä 1933-nji ýylda nasistlerdr gabat gelýäris: Berlin awtodafesinde (inkwizitorlaryñ jezalandyrmak üçin ýakýan ody) her bir ýazyjynyñ we kitabyñ ady üns bilen halka sesli okalyp berlipdir. Hawa, taryh, sungat, pelsepe kitaplary-da oda atylypdyr. - Bir mahallar bolandygy aýdylýan, emma ýakylyp-ýok edilendigi üçin hiç wagtam okap bilmejek kitaplarymyz hakda näme aýdyp biljek? - Gadymy grek we latyn edebiýatyndan biziñ günlerimize bary-ýogy az-uçuk böleginiñ gelip ýetendigini bilýäris, emma bu ýitginiñ sebäplerini doly anyklap bilemzok. Munda wagtyñ hemme zady çüýredip taşlaýan akymynyñam roly az däl. - Siziñ pikiriñizçe XX-XXI asyryñ iñ ýigrenji kitap ýakma hadysalary haýsylar? - Nasistleriñ gowy oýlanyp-ölçerilen çäre bilen tapawudy dissiplinalardan kitaplary ýakmagy bilen fundamentalistleriñ öñünden çykan islendik maglumatyny ýok etmeginiñ haýsy biriniñ has ýamandygyny saýgaryp bilemok. Iñ erbedi-de, arhaiki nukdaýnazarlaryñ ýakyn wagtlarda-da ýüze çykyşyna şaýat bolmak. Modernizm nadanlykdan üstün çykyp bilmedi. - Kitaplary goramagyñam taryhy barmy we şol taryhdan gyzykly maglumatlary aýdyp bilersiñizmi? - Seýregrägem bolsa bar. Ajaýyp Abi Warburg adyndaky kitaphananyñ Gamburgdan 531 sany gaýyga ýüklenip Londona daşalşy ýaly... Bu kitaphana häzirem şol ýerde. Fransiýanyñ Döwlet kitaphanasynyñ iñ gymmatly jiltleriniñ töweregindäki howlulara daşalmagy-da bar. Emma iki wakada-da muny amala aşyrmak üçin baý bankirleriñ goldawyna ýa-da güýçli döwletiñ hemaýatyna mätäçlik duýpupdy. Birem, elbetde, ýeterlik wagta. - Kitaplar bilen arañyz niçik? Ölemen kitaphondygyñyzy çak edýärin. Okamak hakda nämeleri aýdyp biljek? 1950-nji ýylda ejem okan ilkinji kitabymy gizlinlik bilen alyp berdi. Hawa, gizliklik bilen. Sebäbi kakam alty ýaşlyja çaga üçin kitaba pul sowmagyñ geregi ýok hasap edýärdi. Segur Kontesiniñ çagalar üçin ýazan "Le Général Dourakine" romany meniñ üçin jadylaýjy okama synagy boldy. Şeýle-de, kitap meniñ körpe gözlerime obýekt hökmünde-de eý görnüpdi. Oña eliñi degirmek, eliñde saklamak mende kitaplaryñ hemmesiniñ gymmatlydygyna bolan ynanç döretdi. Şol günden bärem arman-irmän sahypalaryñ arasynda gizlenen syry gözleýärin, jadyny açýaryn. Häzir on müñden gowrak kitabym bar we haçan eline täze kitap düşende birinji kitap okan günümdäki tolgunmany başdan geçirýärin. - Kitaphanañyzda hökmany bolaýmaly hasaplaýan kitaplaryñyz barmy? - Sözlükler we ensiklopediýalar. On jiltden on ýedi jilte çenli diwarymyñ tutuş ýüzi bular bilen örülen. Olaryñ her sahypasy özbaşyna bir dünýä. - Aýdanlaryñyzdan añlaýşyma görä, kitap näzik hem ynjyk närse. Suwa, oda we beýleki tebigy täsirlere döz gelip bilmeýär. Añsat ýok edip bolýar. Şeýle ýagdaýda kitaplary elektronlaşdyrmak maglumatlary gorap saklamak üçin has ygtybarly çäre boldugy bolmazmy? - Ýanan kitaphanalardan jiltleriñ gyra-bujagyndan we arkasyndan başga ähli kitaplaryñ zyýan görmän galan ýagdaýlary bar. Jiltlenmedik kitaplar bolsa añsat ýanýar, emma käwagt ýangyn söndüriji gullugyñ sepýän suwy ýangynyñ oduundan kän zyýan edýär. Bütin bu zatlara garamazdan uly kitaphanalar howpsuzdyr, çünki zamanabap iñ soñky tehnologiýalar bilen goralýar. Kitaplaryñ elektronlaşdyrylmagy meselesi barada aýdanda bolsa, munuñ diýseñ howply çykalga boljagyndan gorkman duramok. Bular ýaly açyşlaryñ nähili çalt könelýändigini bilýäris. Tekstleri iki arka nesilden soñ okap boljagyna hiç kim kepil geçip bilmez, elbetde, ýene on ýyldan soñ täze çeşmä geçirilmedik ýagdaýynda. Beýleki bir ýandan munuñ maddy ýükü-de çökder. NASA maglumatlary gorap saklamak üçin her ýyl milliardlarça dollar harçlaýar. - Okamagyñ hemişeki ýollaryny maslahat berýärsiñiz-dä?.. - Dagy näme. Sanly ulgam medeniýeti sözleriñ gysgaldylyp ýazylmagyna, söz baýlygynyñ örüsiniñ daralmagyna sebäp bolýar, tiz wagtdan “baza garyplygy” ýaly ýagdaýa duçar bolup bileris. Netijede hemmämiziñ bilýän we söýýän çeper edebiýatymyzyñ ösüşi diñe kagyzdan edilen kitaplar bilen mümkin boldy. Gülenaý BÖREKÇI / HT PAZAR gborekci@htgazete.com 24.05.2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |