20:18 Kitap ýakmak | |
KITAP ÝAKMAK
Sözler
Gitler - Kitap ýakmak diýlende, meniñ ýadyma Gitleriñ masgaraçylykly kitap ýakma çäresi düşýär. Çäresizlik - Kitap ýakmak kitabyñ güýjünden we täsirinden basylýan biçäreleriñ çäresizliginiñ görkezijisidir. Ynjytmak - Millionlarça adamyñ durmuşynyñ şamçyragy bolup duran mukaddes kitaby ýakmak millionlarça adamy ynjytmaga erjeşmekden başga zat däl. Prinsip - "Jöhit genosidi" barada bolar-bolmaz gürlemek näderejede söz azatlygy bolmaýan bolsa, mukaddes kitabyñ ýakylmagy-da söz azatlygy däl. Manýak - Mukaddes kitaby ýakyp özüni görkezjek bolýan "adam" ýa manýakdyr ýa-da barypýatan bulagaý. Rugsat - Dünýäniñ hemme ýerinde-de manýaklar, bulagaýlar, meçew berijiler bolar. Esasy zat bu däl. Esasy zat - muña "al, ýakyber" diýip rugsat beren hökümetdir. Ahmet HAKAN. "HÜRRIYET" gazeti, 22.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||