07:54 Kitap ýakmak faşizmdir | |
KITAP ÝAKMAK FAŞIZMDIR
Publisistika
Taryhyñ gara tegmili hasaplanýan kitap ýakmak faşizmdir. Duşmançylykly ýigrençdir, milletparazlykdyr Genrih Geýne "Kitaplaryñ ýakylan ýerinde wagty gelende adamlary-da ýakarlar" diýipdir. Nemes faşistleri onuñ eserlerinem ýakypdyr. 1933-nji ýylda Faşistik Germaniýanyñ Propoganda ministri Žosef Gebbels nemes medeniýetini we sungatyny nasistik maksatnamalara laýyk ýagdaýa getirmek isläpdi. 1933-nji ýylyñ 6-njy aprelinde Germaniýanyñ Talyplar bileleşiginiñ Metbugat we propoganda merkeziniñ býurosy döwlet derejesinde "nemes däl ruha garşy hereketiñ" başlanýandygyny yglan etdi. Bu ýagdaý "edebi otda ýakyp arassalamak" ýa-da "tutuşlygyna ýakmak" (Säuberung) bilen ýetjek derejesine ýetdi. Talyplar bileleşigi we ýokary okuw jaýlarynyñ işgärleri nemes dilini we edebiýatyny "arassalamak" üçin "hereketlerini" köpeltdi. Germaniýada köpçülikleýin "kitap ýakma" çäreleri başlady. Bu çäreler kitaplaryñ otlanyp ýok edilmegi, medeni, dini we syýasy kitaplaryñ hemmeleriñ gözüniñ öñünde ýakylmagydyr. 1933-nji ýylyñ 10-njy maýynda 25 müñ tomdan gowrak "nemes däl" kitap ýakyldy. Bu waka döwlet senzurasynyñ we medeniýet gözegçiliginiñ golaýlap gelýändigini añladýardy. 10-njy maý agşamy otuz dört şäheriñ ýokary okuw jaýyndaky sagçy talyplar "nemes dällere garşy" elleri otly kesewili ýöriş geçirdi. Miting meýdanlarynda "halanmaýan" kitaplar uly dabara bilen köpçülik bolup "ýakma kasamynyñ" astynda oda atyldy, ýakyldy... Ýakylan kitaplaryñ "başga pikire giderýän del täsirleri" barmyş. Kitap ýakmak - "sa:p ariý" medeniýetini ösdürmegiñ, sungatyñ, edebiýatyñ basyş astyna alynmagy, nasistleriñ Germaniýany "arassalamak" üçin edýän tagallasynyñ bir parçasydy. Bertolt Breht, Karl Marks, Lion Feýhtwanger, Alfred Kerr ýaly nemes ýazyjylaryñ Berlindäki kitap ýakma çäresinde oda atyldy. Arthur Şnisleriñ, Ernest Hemingueýiñ kitaplary ýakyldy. Tomas Manyñ eserleri, Erik Mariýa Remarkyñ "Günbatar frontunda üýtgeşiklik ýok" eseri, Jek Londonyñ, Teodor Draýzeriñ, Helen Kelleriñ kitaplary-da ýakylan kitaplaryñ sanawyndady. Işleri ýakylan ýazyjylaryñ arasynda Frans Werfel, Maks Brod, Stefan Sweýg ýaly jöhit ýazyjylaram bardy. Köpçülikleýin kitap ýakma çäreleri meýilleşdirilişi ýaly diñe 10-njy maýda bolup geçmedi. 1933-nji ýylyñ 21-nji iýunynda Germaniýada 34 şäheriñ ýokary okuw jaýy "nemes däl ruha garşy hereket" hökmünde baha berilen "kitap ýakma" çäreleri ullakan ýeñiş hökmünde radioda we gazetlerde ullakan ýeñiş hökmünde baha berildi. "Ýokary okuw jaýlarynda okadylýan ylmy kitaplara çenli jöhitler ýazansoñ, şeýle-de kim ýazanan bolsa urşa we nasistik ideologiýa garşy çykýan ähli kitaplaryñ kastyna çykylypdy. Bu hereket birnäçe günläp dowam etdi. Millionlarça kitap ýakyldy. Meýdanlar gyzyl ot bolup ýanýardy. Gestapo hem doly güýjünde iş geçirýärdi. Germaniýanyñ görnükli alymlary we döredijilik işgärleri ýola goýlan bu syýasy we milletparazçylykly basyş sebäpli ýurdy taşlap gitmäge mejbur boldy. Gitlerdir Gebbels maksadyna ýetipdi".[1] Taryhyñ gara tegmili hasaplanýan kitap ýakmak faşizmdir. Duşmançykykly ýigrençdir, milletparazlykdyr. Duşmançylykly agitasiýa diýip, "... bir adama ýa-da bir topara garşy eden-etdiligi, agressiýany ýa-da diskriminasiýany gylawlandyran, meçew berýän, wagyz edýän ýa-da dogry görkezýän, hakykaty ýa-da hakyky sebäplerden ötri olary ýoýýan, masgaralaýan dürli sözlere" aýdylýar. Duşmançylylykly agitasiýa ýöretmek gadagandyr. "Duşmançylykly agitasiýanyñ şahslary, toparlary, jemgyýetleri dürli görnüşlerde we dürli eden-etdiliklerde nyşana alynan adamlary gorkuzmak we olary masgaralamak we zyýanly jemgyýetçilik çekişmesine gatnaşygy belli-külli täsir etmek bilen birlikde ýaramaz täsir edýändigini bilmek" gerek.[2] Duşmançylykly agitasiýa söz azatlygy tarapyndan goralmaly däl. Duşmançylykly sözler adamlaryñ adamkärçilik mertebesini nyşanalaýar. Munuñ özi şahsyýetiñ şahsy durmuşyna bolan hormatyñ we diskriminasiýa uçramazlyk hukugynyñ gödek bozulmagydyr. Şonuñ üçinem adamyñ şahsy durmuşyna we maşgala durmuşyna hormat hukugy bilen söz azatlygy hukugynyñ arasynda seresaply sazlaşyk ýola goýulmaly. Bu sazlaşygyñ ýola goýulmagynda esasy zat diskriminasiýanyñ gadagan edilmegidir. Ýewropanyñ Adam Hukuklary boýunça institutynda 14-nji madda bilen diskriminasiýa gadagan edilýär we onuñ başgaça çäklendirmesi ýokdur. Duşmançylykly agitasiýa bu agitasiýany herekete geçirýän protestleriñ özi bir topar duşmançylykly sözi öz içine alýar. Şonuñ üçin "Sözüñ mazmuny sözüñ aýdylan wagtyndaky syýasy we sosial baglanyşyk - aýdýanyñ niýeti, aýdýanyñ jemgyýetdäki roly we statusy, sözüñ nähili ýaýraýandygy we güýçlendirilýändigi, sözüñ bular ýaly netijeleriñ ýakyn bolmagy bilen bir hatarda zyýanly netijelere getirme mümkinçiligi, nyşana alynan gatlagyñ tebigaty we ululygy bilen nyşanalanan gatlagyñ aýratynlyklary" ünsden düşürilmeli däldir. Sözleriñ haýsy görnüşiniñ söz azatlygynyñ üpjün edýän goragynyñ daşynda galýandygyny aýdyñlaşdyrmaly. Hereketler we mediýa arkaly ýaýradylýan duşmançylykly agitasiýanyñ nyşana alynan adam bilen toparlaryñ arasyndaky potensial täsirini üns merkezine alan we hasaba goşan prinsipial, adam hukuklaryna goldanýan çemeleşmä eýermeli. Döwlet, millet, dini duşmançylygy wagyz edýän agitasiýanyñ arkasynda durmaly däl. Diskriminasiýanyñ, duşmançylygyñ ýa-da eden-etdiligiñ meçew berilmegi diýmek - duşmançylygy öñe sürmekdir we bu gadagandyr. Dini ýigrenç, bu ýigrenji gorjalamak, hereketler bilen gapma-garşylyga, duşmançylyga, gahar-gazaba öwürmek we şeýle pygyllar bilen jemgyýete meçew bermek söz azatlygynyñ goragyna degişli däldir. BMG-nyñ Medeni we syýasy hak-hukuklar boýunça şertnamasynyñ 20-nji maddasynyñ 2-nji punktynda döwletler tarapyndan "Diskriminasiýa, duşmançylyga ýa-da eden-etdilige meçew berýän haýsydyr bir döwlet, milletçilikli ýa-da dini duşmançylygy goramak kanun arkaly gadagan edilýär" diýip ýazylan. Dini gymmatlyklara şikes ýetirme günäsiniñ obýekti dini gymmatlyklardyr. Dini gymmatlygyñ gurşawy "ynanç sistemasy, keramatly şahslar, ybadat edilýän ýerler we görnüşleri ýaly şol ynanja wekilçilik edýän ynanýanlar tarapyndan dini gymmatlyk hasaplanýan islendik zat" diýip kesgitlenip bilner.[3] Gurhan ýakmak - duşmançylyga we ýigrenje itermek, jemgyýetçilik howpsuzlygy taýdan aç-açan we ýakyn howp döredip biler. Şeýle gabahatlygy amala aşyrýan kişiniñ kasty-da şu bolmaly. Mysal üçin, şeýdýän kişi syýasy ýolbaşçy ýa-da dini akymyñ öñbaşçysy bolsa, mukaddes kitany ýakan kişiniñ eden hereketi jemgyýetiñ belli bir gatlagynda yzy alnyp göterilip bilner. Halkyñ belli bir gatlagynyñ kemsidilmegi görnetin jenaýatdyr. Şeýdýän kişi mukaddes kitap ýakmak arkaly jemgyýetçilik howpsuzlygy taýdan açyk we ýakyn howpuñ ýüze çykjagyny öñünden bilip duranam bolsa kitap ýakýar. Şeýle hereketiñ teleýaýlymlarda görkeziljegini, giñ gatlaklara ýetiriljegini bilibem şeýdilen şular ýaly hereketleriñ başga-da hereketleri örç aldyryp biljek we muña garşylyk berjek bulaşyklyklary döretme ähtimallyklary bar. Hereketiñ amala aşyrylma formasy tutaşdyryjy beýleki hereketleriñem öñüni açyp biler. Dini duşmançylygyñ garşylygy hökmünde şol aýratynlyga eýe ýakyn howplar ýüze çykyp biler. Şeýlelikde halkyñ belli bir toparynyñ kemsidilmegi ýaly hereket duşmançylykly agitasiýa we milletparazçylykly hereketlere öwrülip biler. Şol wagt adamladyñ parahatçylyga esaslanýan hukuk döwletinde ýaşalýandygyna degişli duýgulara awy gatylmagy ýa-da asy gatylma ähtimallygynyñ konkret formada ýüze çykmagy jemgyýetçilik asudalygyny bozmaga amatly ýagdaýa gelendigini añladýar. Jeza bermegem iñ soñky çäre. Jeza has beter duşmançylykly agitasiýa we muny arkalanmagyñ öñüniñ alynmagy üçin berilip bilner. Döwletler haýsy sözleriñ we çemeleşme formasynyñ jenaýat jogapkärçiligine alyp barýandygyny jenaýat kodekslerinde görkezmeli, düşnükli dilde düşündirmeli. Taryhda duş gelinen mysallaryna seredende kitap ýakmak - faşizmi gol bulap çagyrmakdyr. Dini duşmançylyk bilen kitap ýakmak dünýäde parahatçylygyñ we adalatyñ binýadyny emele getorýän adam hukuklarynyñ goragyndaky umumy düşünjäniñ köküne palta urýar. Adamyñ hak-hukugynyñ we azatlyklarynyñ, parahatçylygyñ goralmagynda ýigrenji, duşmançylygy, eden-etdiligi, milletparazlygy, faşizmi inkär etmek hemmeleriñ borjudyr, söz azatlygynyñ talabydyr. _______________________________ [1] https://encyclopedia.ushmm.org/content/tr/article/book-burning-abridged-article. (Holokost ensiklopediýasy) we Şükri Ülker. "Gitler" "Sia" neşirýaty-2021. Sahypa 152. [2] “Ministrler Komitetiniñ duşmançylykly agitasiýa garşy göreş boýunça agza döwletler üçin CM/Rec (2022)16 [1] sanly maslahat karary". Ýewropa geñeşiniñ Ministrler komiteti. 20.05.2022 ý. [3] Ýörite Jenaýat hukugy. IV jilt. "On İki Levha" neşirýaty. 2020, ýanwar. Sahypa 327-328. Fikret ILKIZ. 05.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||