20:16

Kitap zyñma we ýakma wakasy

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 241 | Добавил: Gökböri | Теги: Mustafa Balkan | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Haweran  
411
Öñem ýazypdym. Uly ýaşlylar gowy bilýändir, sowet döwründe her obada bir jemgyýetçilik kitaphanasy bolardy. Soýuz dargansoñ şol kitaphanalaryñ jaýy satyldy, hususy ýaşaýyş jaýyna öwrüldi. Kitaplary-da zir-zibilden çykdy, hajathanalaryñ törüni doldurdy, uly ýük awtoulaglaryna ýükläp serhet zastawalaryna paýladylar - esgerlerem olary ýa nasguýguç edip ulandy, ýa hajathanadan çykardy...
Çagalyk döwrüm okan romanlarymyñ köpüsini şol dargadyşlykda alyp ýetişipdim. Şonda has köp kitaby halas edip bilmänime häzirlerem gynanmak gynanýan...
Biziñ obalarymyzda-ha kitaphanalaryñ pajygaly ykbaly şeýleräk bolup gutardy. Ýurdumyzyñ başga künjeklerinde-de ýagdaý şundan parhly bolandyr öýdemok.
Belki, şu günki günüñ ýaşlarynyñ kitapdan uzaklygynyñ bir sebäbini şondan (şol medeni genosidden) gözlemelidir?..

* * *

Kitaplar bilen bagly ýene bir gynançly kartina göz öñümde galypdyr. Biziñ mekdebe başlan uçurlarymyz Soýuzyñ dargan wagtyna gabat gelensoñ, öñki okuw kitaplarynyñ bary mekdebiñ bir gyrasyndaky kömür we odun basylýan jaýlara zyñyldy. Şol ýyllar durnukly bilim maksatnamasy bolmansoñ kitaplar her ýyl diýen ýaly "synag okuw gollanmasy" diýlip çykarlardy. Onsoñ kömürli jaýa zyñylýan kitaplaryñ üýşmegi her ýyl artýardy. Odun basylýan jaýyñ döwük aýnaly äpişgesinden girip, ýerde küde bolup ýere siñip ýatan kitaplaryñ içinden uly klaslara degişli okuw kitaplaryny, esasanam taryh, dil-edebiýat, geografiýa kitaplaryny saýlaşdyryp alardym.
Kitaplary öýde mydam okap ýörensoñ, sapaklary-da ýatdan diýen ýaly aýdýanyma mugallymdyr käbir okuwçylar "sen bu zatlary nirden bilýäñ?" diýip geñ galardylar. Men bu zatlary geçilmänkä we olardan has köp bilýänime begenmezdim, gaýtam olaryñam mençe biljek zatlarynyñ gözleriniñ alnynda çüýräp ýatanam bolsa görmeýändiklerine gynanardym...

* * *

Soñ Gurhanyñ ilkinji gezek arap dilinden türkmen diline geçirilendigini we iki tomluk görnüşinde çap edilendigini eşitdik. Çaga bolanymyzsoñ o döwür bu kitaplary alybam ýetişmedik. Soñ türkmençe Gurhanyñ yzyna ýygnalanyny we otlanmaly edilendigini (belkäm, edil şu ýerini öteräk eşdendiris) eşitdik... Gynançly fakt. Beýle-de bir ediläýmez-ä...
Terjimesinde, çykgytly düşündirişlerinde, tefsirinde ýalñyşlyklar bolsa, gaýtadan terjime etdirilip, gaýtadan çap etdiribem birinji goýberilen ýalñyşlygy düzetse bolardy. Gynançly ýeri, şondan bäri bir gezegem Gurhan türkmen dilinde çap edilmedi... Gurhany, Gurhanyñ ündewlerini gündelik durmuşymyzdan öz elimiz bilen daşlaşdyrdyk, ony kese ýerden gelen başga bir millet daşlaşdyrmady.
Bizde Gurhan medeniýeti bolmansoñ, bu kitap boýunça ylmy-barlag işlerini ýazýanam ýok, birmahalky Mahmyt Zamahşary ýaly araplaryñ özüne ylym öwredip biljek tefsirçi alymlarymyzam ýok... Ony biz bireýýäm öz içimizde ýakdyk, ýok etdik...
Gurhan ýakanmyş diýip ýat ýurtlaryñ käpirinden gaty görer ýaly ýagdaýymyzam ýok dogrusy.

* * *

Ýene umumylaşdyryp ýazmaly bolýaryn. Şu türklere garanda edil häzir orslar has musulmana ýakyn yaşaýyş-durmuş formasynda ýaşaýan ýaly. Bir görseñ-ä LGBT-leriñ paradyny geçirjek bolup garabaşlaryna gaý, bir görseñem Gurhan ýakýanlara gargynan bolup ýörler. Hiç ýüpüne odun goýar ýaly adamlar däl. Ygtyýarlylaryñ kitap ýakma hadysalaryna-da bildirýän protestleriniñ ugry ýok. Erdoganyñ ÝB-ne alarlar öýdüp Şwesiýa babatda ýöreden ikiýüzli syýasaty munuñ aýdyñ mysaly.
Diñe Putiniñ LGBT paradlary üçin rugsat soralanda beren aýgytly jogaby we onuñ Derbent metjidinde Gurhany gujagyna gysyp, bu kitaba şek ýetirmegiñ ullakan jenaýatdygyny aýtmagynyñ özi nämä degmeýär!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]