EDEBI AKYMLAR
▶ KLASSISIZM
♣ Klassisizm näme?
Edebiýatda klassisizm akymy gadymy grek-rim medeniýetinden nusga alan taryhy nukdaýnazarly we özbaşyna estetik ugurdyr.
"Gaýtadan döreýiş" diýip atlandyrylan Renessans döwründe kemala gelen bu akymyñ ilkinji alamatlary Fransua Rable, Mişel de Monte ýaly ýazyjylarda, hatda Aristotelde-de görmek bolýar. Klassisizmiñ düýp prinsipleri añyrdan gelýän asylzadalyk, rasinonalizm, adaptasiýalylyk, gönümellik, çäklilik, uniwersallyk, idealizm, deñagramlylyk, ölçeglilik, gözellik we owadanlykdyr. Ýagny bir eseriñ klassyky hasap edilmegi üçin sanalan bu aýratynlyklaryñ ählisiniñ bolmagy şertdir. Gysgaça aýdylanda, klassyky eser diýip, bir stiliñ iñ kämil we iñ göze gelüwli bahasyny alyp bilen esere aýdylýar. Klassisizm öz köklerini Renessans aritokratiýasyndan alyp gaýdýar. Bir tarapdan seredeniñde klassisizm aristokrat gatlagyñ edebiýatydyr. Başgaça formalizm diýibem atlandyrylýan ýerleri bar.
Klassisizmiñ aýratynlyklary barada söhbetimize geçmezden öñ belli türkmen alymy Rahman Rejebowyñ bu akyma beren kesgitlemesini bilelikde okalyñ.
♣ Klassisizm
KLASSISIZM ~ Ýewropa edebiýatynda realistik usulyñ bir görnüşi bolup, XVII asyrda Fransiýada we XVIII asyrda Russiýada formalaşýar. Klassisizm Ýewropa ýurtlarynda patyşalyk düzgüniñ esasy güýç hökmünde ýurduñ ähli prowinsiýalaryny birleşdirýän döwründe, şonuñ gegemoniýasy astynda milletiñ we milli medeniýetiñ formalaşýan döwründe, monarhiýanyñ we dworýan häkim gatlagyñ ideologiýasy hökmünde formalaşýar. Şonuñ üçin hem klassisizmiñ aýratynlygy tematiki taýdan birinji nobatda položitel gahryman hökmünde patyşalary, rysarlary we ýokary häkim gatlagyñ wekillerini görkezmek hem şolaryñ medeniýetini we ýaşaýyş keşbini şöhlelendirmek bolupdyr. Aşaky gatlak pes gatlak hökmünde komediýa we satira eserlerinde berler eken. Umuman adamlaryñ ýokary we aşaky gatlak diýlip iki topara bölünişi ýaly, çeper edebiýat hem ýokary žanr we pes žanr diýen iki görnüşe bölünipdir. Tragediýa, oda, didaktika edebiýatyñ ýokary formasy hasap edilip, komediýa we satira aşaky formasy we pes görnüşi hasap edilipdir. Klassisizmiñ esasy aýratynlyklaryndan biri antik edebiýata öýkünmek we şonuñ kadalaryny üýtgetmän dowam etdirmek bolupdyr. Şonuñ üçin hem bu ugra klassisizm diýlip at goýulýar. Klassisizm drama eserleri babatda üç birligi: hereket birligi, wagt birligi we ýer birligi prinsipine eýeripdir. Sýužet hökmany suratda bir hadysada ýaýbañlanmaly we başga wakalar bolmaly däl. Sýužetiñ esasyndaky waka hökman bir ýerden başlanyp, şol ýerde hem gutarmaly. Wakanyñ dowamy çäkli bolup, ol bir gije-gündizden artyk wagt almaly däl. Şeýle-de bolsa, klassisizm özüniñ teoretiki esaslary boýunça hakykat çeper eseriñ materialy bolmalydyr diýip düşünipdir. Klassisizmiñ häsiýetiniñ esasy bir aýratynlygy: köp häsiýetleri işlejek bolman, eýsem bir häsiýeti anyk we ulaldyp işlemek gerek diýen düşünjeden ybaratdyr. Döwlet bähbidini hemme bähbitden ýokarda goýmak, sufizme garşy göreşmek we akyly öne sürmek klassisizmiñ häsiýetlendiriji taraplaryndandyr. Klassisizmiñ esasy wekilleri Fransiýada Bualo, Molýer, Russiýasa Sumarkow we Heraskow dagy bolupdyr.
(Maglumat üçin seret: Rahman Rejebow "Edebiýat ylmynda degişli terminleriñ sözlügi", "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1966 ý; 90-91-nji sahypalar).
♣ Klassisizmiñ aýratynlyklary
XVII asyryñ ikinji ýarymynda Fransiýada ýüze çykyp başlan klassisizm öz hamyrmaýasyny gadymy grek-rim mifologiýasyndan alyp gaýdýar.
Birkemsizligi we ene dili esas edinip, "Sungat - sungat üçindir" diýen prinsipe eýeripdir. Bu stilde eser döredýänler öz şahsyýetini aýan etmekden saklanypdyrlar, has dogrusy gizläpdirler. Eserlerini klassyky, üýtgewsiz tipler we obrazlar esasynda döredipdirler. Klassisizmde fiziki we sosial sfera esasy şert hasaplanylmaýar, çünki bular ýygy-ýygydan üýtgäp durýar, ulanylýan dilem aýratyn dildir. Beýan ediliş usuly kaşañ däl we otluklydyr. Klassisizm esasanam drama we esse žanrlarynda kämil eserleri beripdir. Drama eserlerinde "üç şertde" bolmagyna (waka-ýer-wagt) eýerilýär. ( ýokarda R.Rejebowyñ makalasynda aýdylşy ýaly: hereket birligi, wagt birligi we ýer birligi prinsipi - t.b.)
Esasy üns berilýän zat tema däl-de, temanyñ işlenişidir. Personažlar ruhy aýratynlyklary bilenem suratlandyrylýar.
Akyla, sowukganlylyga (здравый мысль), we tebigata üns berilýär. Sýužetler gadymy grek we latyn çeşmelerinden saýlanyp alynypdyr.
♣ Dünýä edebiýatynda ýewropa klassisizmiñ görnükli wekilleri:
1). Mişel de Monte;
2). Fransua Rable;
3). Kornell we başgalar...
♣ Gündogar edebiýatynda klassisizm
Gündogar edebiýatynyñ XIV-XIX asyrlar aralygyny belli bir derejede klassisizm diýip atlandyrmak bolar. Hut Günbatarda bolşy ýaly, XIV asyrlarda Gündogarda-da edebiýat klassisizmiñ ähli alamatlaryny özünde saklaýardy. Mysal üçin hamsaçylyk däbi boýunça döredilen "Hamsa" eserleri ýönekeý halk üçin düşnükli däldi. Bu bolsa Günbataryñ "Sungat - sungat üçindir" diýen aýtgysyny ýada salýar. Şeýle-de, Alyşir Nowaýyny, Fizulyny, Sagdyny, Hafyzy, Jelaleddin Rumyny, Seýit Nesimini Gündogar klassisizminiñ wekilleri diýip hasaplamak bolar. Megerem klassisizmiñ däplerine eýerip döredilen iñ soñky edebi eserler Döwletmämmet Azadynyñ eserleri bolsa gerek. Edebiýatymyzyñ Magtymguly Pyragydan başlanan täze eýýamy bolsa, eýýäm klassisizmiñ çäginde dörän düýbünden başgaça edebi akym hasaplamak gerek. Hatda Nurmuhammet Andalybyñ dessanlary hem gündogar klassisizminiñ alamatlaryny ep-esli derejede özünde saklaýar. Klassyk şahyrlarymyzyñ döreden beýleki dessanlaryny hem bu kategoriýa degişli etmek bolar. Halk dessanlarymyzdan tapawutlylykda, bu dessanlaryñ gahrymanlary haýsydyr bir ýurduñ patyşasynyñ ogly we gyzy. Sýužetler diñe ýokary gatlagyñ wekilleriniñ kalbynda beslän arzuw-umydyna, söýgüsine gowuşýança görýän muşakgatlary we görgüleri dogrusynda işlenilýär.
@Kitapçy
Edebiýaty öwreniş