11:31 Kömek | |
KÖMEK Ýazmak ýazyjynyň özüne bagly. Ony zorlap duran ýok. Bu hili sözleri ýazmak bilen meşgullanmaýan adamlar, aňsatlyk bilen ýazyjylar barada aytmagy mümkin. Bu söz dogrumy?. Hakykatdanam ýazyjylar öz islegine görä ýazyp ýada ýazman bilýärlermi?. Biriniň göwnüne degmezlik hemme zatdan wajyp. Bu hili soraglara jogap berilende hem, gowusy ýazmak bilen meşgullanmaýan adamlaryň soragyna, olaryň öz isleýşi ýaly jogap bereliň. Dogrudanam, ýazyjyny ýazdyrman bolýar. Goý, ýazma diýseň, olaryň köpüsi şobada ýazmagyny goýarlar. Ýöne ýazmagy ýazyja gadagan eden adam bu işinden näme utýar?. Ýazmagy goýan ýazyjy näme utdurýar?. Derrew jogap çykýar, ýazmagy goýan ýazyjy hiç zady utdurmaýar, çünki ýazyjy öz ýazan zadyny özi üçin ýazmaýar. Bu ýazylan zatlar onuň kalbynda bar. Ýazyjy öz ýazýan zadyny, kim ony okajak bolsa şonuň üçin ýazýar. Bir gezek bir zady ýazan ýazyjy, ony okan adamlaryň sanyny iň bolmanda çen bilen bilýär we indiki gezek ol galamyny ýene alýar. Şol "okyjylarym boş galmasyn, ýene-de okasynlar" diýen manyda. Ine, ýazyjynyň ýazmagynyň esasy sebäbi. Ýazyjy öz ýazmagy bilen ony okaýan adamlara örän köp zatlary öwretmegii mümkin, olara dünýäniň täsin gurluşlary barada aýdyp bermegi mümkin. Köp soraglara jogap berip bilmegi mümkin. Eger ýazyjy ýazmasa, adamlar ýönekeý soraglarada jogap berip bilmezler. Bu halat durmuşda örän köp duş gelýär. Edil şu döwürde, häzirki zaman habar beriş serişdeleriniň ösen döwründe-de, dünýäden bihabar adamlara köp duş gelýärsiň. Näme üçin şeýle bolýar?. Sebäbi bu hili adamlar, ýazyjylary inkär edýärler. Olary diňlemeýärler. Ýazyjynyň diňlemeýärmiň, diýmek garaňkyda eliňe berilen çyrany alman, öz duýgurlygyňa buýsanyp, soňunda eliň bilen ýer sermäne meňzeýän adama öwrülýärsiň. Şonuň üçin haýsy zada düşünjek bolsaň ýada bir soraga jogap berjek bolsaň, adamlar üçin, şol sanda özüň üçin hem bähbitli işleri etjek bolsaň ýazyjy-şahyrlary diňle, olary gadagan etmek barada bolsa umuman oýlama. Bir garry adamdan soradym. Ol ilki maňa, geçen asyrda bolup geçen, uruş döwründe halkyň gören kynçylyklaryny aýdyp berdi. "Şol kynçylyklara berdaş bermek üçin, siz näme gollanýardyňyz?" diýdim. Ol maňa, biz Magtymgulyny okaýardyk diýdi. Gördüňmi, ýazyjy-şahyryň ähmiýetni. Häzirki döwürlerde hem jedele girip gorseňiz, jedelde ýeňilmejek bolup näme edýäňiz, bilýäňizmi? Derrew haýsydyr bir ýazjynyň ýa-da şahyryň aýdyp giden setirlerini işe salýarsyňyz. Emma köp halatda, öz döwrüňiziň ýazyjy-şahyryna kömek gerek wagtynda, olara kömek bermekden daşda durýaňyz. Şahyr-ýazyja kömek bermek diýmek, olary okamak we diňlemek diýmek. Bar bolany şu. Ýene-de şeýle ýagdaýlara duşup bolýar. Köp adam köne döwürleriň ýazyjy-şahyrlaryny bilýär, emma öz döwrüniň ýazyjy-şahyrlaryny bilmeýär. Bu hem adalatdan däl. Özüňiz adalaty isleýäs diýýäňiz, emma özüňiz adalaty amala aşyrmaga kömek etmeýärsiňiz. Meniň bu sözlerim ýazyjy-şahyrlary okamaýan adamlara degişli. Hoş wagtyňyz!. Nurberdi ANNAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |