01:02 Kompýuter we adamzat | |
KOMPÝUTER WE ADAMZAT
Ylym we tehnologiýa
Kompýuteriň, ýagny sanly ulgamyň ynsan durmuşyna täsiri gaty ýokarydygyny diňe bir XXI asyrda doly subut etmek başardan adamzada, häzirki döwürde öz durmuşyny kompýutersiz ulanmak mümkin dälligi bilen ykbal öwrümlerine sezewar boldy. Çünki kompýuterler biziň durmuşymyzyň agramly bölegini tutýar. Ynsan nirede boldugy halda hem hökman sanly dünýäniň bir ýüzi bilen garşylaşýar. Şol sebäpli-de sanly dünýägaraýşy emele getirýän kompýuter dünýäsi adamlaryň hat-da awtomobillerdir, telefonlar ýaly ýanyndaky öý goşlary kibi bir zada öwrülip gitdiler. Eýsem her bir ulanyjyda esasy zatlaryň biri enelik- ýagny esasy erkezleşdirlen nokat bolýar. Şol nokada kompýuterde enelik plata – ýagny “материнская плата”- esas diýilmegini aňladýar. Kompýuter tehnologiýalarynyň esasy ulanyjylary çatýan we işi ýöredýän ýerleriniň biri hem enelik platasydyr. Kompýuterde başga ulanyjylar hem esasy funksiýany ýerine ýetirýär, emma bu has wajybydyr. Enelik plata bu kompýuterdäki esasy elektron desgadyr. Ol șahsy kompýuteriň ähli elektron böleklerini baglanyșdyryp, șolaryň arasyndaky maglumat çalșygyny üpjün edýär. Kompýuterdäki bar zatlaryň hemmesi enelik plata birikdirilýär. Enelik platany häsiýetlendirýän esasy bölekleriň biri çipset diýlip atlandyrylýan mikroshemadyr. Adatça ulanyjynyň käbir halatlarda säginme bermegi we gidip duran iş prosesiniň togtamagy enelik plataynyň işlerine zeper ýetirilmeginden bolup biler. Ulanylýan çipsetiň görnüși boýunça enelik platanyň nähili enjam bilen ișläp bilýändigini anyklap bolýar. Enelik platada diňe esasy ýerine ýetiriji bölekler ýerleșdirilýär we galan bölekler aýratyn gurlușlarda bejerilip, enelik platada ýörite gurnalan birleșdirilýän höwürtgä dakylýar. Kompýuter ulanylanynda belli bir bitewilik göz öňünde tutulyp, asyl ulgam bilen birlikde hereket edýän enelik platasynyň funksiýasynyň ýokarydygyny göz öňünde tutmak has wajypdyr. Enelik platada, adatça, mikroprosessor, operatiw huș, dürli șinalar, alyș-berșe jogap berýän mikroshemalar, giňeltme höwürtgeleri we portlar ýerleșdirilýär. Elbetde kompýuterleriň içki düzüminde hem çylşyrymlylyklaryň köp bolşy ýaly, daşynda hem şeýle mümkinçilikleri sazlamak we olary öwrenmek wajypdyr. Çünki ulanyjyny ähli sistema bilen bile öwrenmegiň wajyplygy hakda aýtmak zerurdyr. Kompýuterleriň stoluň üstünde goýulýan ýa-da göçme enjam hökmünde özbaşdak we ulgamda peýdalanyp bolýan görnüşleri giňden ýaýrandyr. Her bir öýde, hat-da käbir ýerelerde her bir otagda, kompaniýalaryň düzüm derejesini ýönetmekde hem kompýuter ulanyjysynyň wajyplygyny ýüze çykarmak üçin kompýuteri yzygiderli öwrenmek zerurlygy ýüze çykýandyr. Șahsy kompýuterler ișleýiș tizlikleri, operatiw ýatlary we içki ýadynyň sygymy bilen tapawutlanýarlar. Kä wagtlar komputeriň belli bir detallary hakda hem gürrüň etmek ýeterlikdir. Şonuň üçin hem olaryň durmuşdaky ornuna aýratyn ähmiýet bermek zerurlygy has dogrydyr. Elbetde haçanda komputer hakda aýdanyňda onuň her bir detaly barada gürrüň edilmekden ötri, onuň “diriligini“ saklaýan syçanjyk hakda hökman pikir etmeli. Çünki syçanjyk häzirki döwürde funksiýasyny täzelese- de komputer üçin hökmanlygyny hiç hili ýitirenok.Onuň diňe görnüşleri täzelenýär. Eýsem onuň taryhy nähili bolupdy? Kompýuter syçanjygy diňe 1980-nji ýyllarda meşhurlyga eýe bolup başlaýar. Syçanjygyň önümçiligi üçin «Apple» kompaniýasy patent alyp, ony has ýönekeý görnüşe getiripdir. Syçanjygyň bahasy ilkibada 1000 ABŞ dollaryna barabar bolupdyr, ýöne «Apple» onuň bahasyny 25 dollara çenli arzanladypdyr. Häzirki döwürde komputerleriň detallaryny, ýagny komputeri düzýän kömekçi enjamlary hem komputeriň içine salmak boýunça, ony has-da ykjamlaşdyrmak boýunça dürli täzelikler, ösüşler dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun tutýar. Ilkinji köpçülikleýin öndürilen simsiz syçanjyklar 2001-nji ýylda jemgyýetçilige ýetirildi. Soňra 2004-nji ýylda «Logitech» kompaniýasy optiki datçikden on esse duýgur bolan lazer datçigi bilen işleýän syçanjygy oýlap tapdy. Tehnologiýanyň ösmegi bilen simsiz syçanjyklar gitdigiçe meşhurlygyny artdyrýar, sebäbi olary kompýutere fiziki baglanyşyksyz ulanyp bolýar. Eger ilkinji syçanjygy oýlap tapan Duglas Engelbart sumbar-computer.com saýtyna girip gören bolsady, ol bir ýerde näçe täsin enjamyň ýygnanandygyna geň galardy. Aslynda, kompýuter syçanjygyny kim, haçan döretdikä?1968-nji ýylyň 9-njy dekabrynda kompýuter ylymlary boýunça geçirilen maslahatda amerikaly oýlap tapyjy Duglas Engelbart ekranda obýektleri görkezmek üçin manipulýatory köpçülige hödürledi. Duglas Engelbart syçanjygy NASA-nyň görkezmesi boýunça taýýarlap belli bir derejede kämilleşdirdi, ýöne ol nol agyrlyk güýjünde işlemeýändigi sebäpli oýlap tapyş kän bir giň baha eýe bolmady. Kompýuter syçanjygyň häzirki döwürde hiç hili sim arkaly baglanyşmaýany, hat-da indi senserleriň kömegi bilen komputeriň “syçanjygynyň” hereketlerini ýerine ýetirmek, häzirki döwürde ösen tehnologiýalaryň derejesini görkezýär. Ynsan dünýäsinde aýratyn orun alýan komputerler, sanly ulgamyň dürli görnüşleri bu günki gün biziň durmuşymyza düýpli girdi, her ýerde bolsa, bolsun, onuň ykljamlaşdyrma usullary-da öňküden has ýygjam hem tygşytly, amatly. Biziň dünýägaraýşymyzda sanly ykdysadyýetiň çözgütlerine düýpli täsir eden komputerleriň esasy işi biziň ösüşlerimiz öňküsinden kämilleşdirmek diýip, düşünýäris. Kerim ÇARYÝEW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |