09:59 Tebigat bilen bagry badaşan nebitçi | |
TEBIGAT BILEN BAGRY BADAŞAN NEBITÇI
Edebi makalalar
Tebigatda ynsan dünýäsi uly bir bölek. Ynsanyň dünýäsinde ýaşaýan daş-töwerek älem, onuň nazary bilen seredilende, başgaça bir şekil tapýar. Ýadymda, bir mahallar Nebitdag sebitlerinde ýaşaýan bir gojanyň gürrüň bereni... ...Onuň aýtmagyna görä, bir ýigit şol sebitlerde nebitçi bolup işleýär ekeni. Şol käri bilen hem adygan, onuň hem elbetde bäsdeşleri ýeterlik ekeni, ähli zehinli hem-de tebigata ýakyn adamlarda bolşy ýaly... Şol sebäpli-de ýigidiň yzyna düşüp, onuň boş wagtlary baryp bolunmajak, dag içlerinde ýa-da düzlerde gezýän ýerlerini töwekgel ädimlerini köplenç yzarlar ekenler... Kä halatlarda şeýle adamlar ertekileriň gahrymanlaryny ýada salýan hem bolsa, şeýle adamalryň aramyzda barlygy, biziň tebigat bilen baglarymyzyň entek “gopmanlygynyň” şaýadydyr. Çünki ýigit haýsy ýerräkde nebitiň bardygyny çak bilen aýdar ekeni. Ýöne nebit diýlen zadyň hem gizlin ýataklaryndaky jisim ol ýigide belki-de “nirededigini” belli edýän bolmaly. Çünki ýigit ýeriň göbeginden syzylyp çykan maddanyň nebitmi, däldigini hem aýdar ekeni. Aslynda ol ýigit hakynda başga-da köp zatlar aýdypdy, goja: - Onuň dutar çalşyna her kim haýran eken. “Ol dutar çalanynda daş-töweregine egele gurup oturan ynsanlar gözleriniň ýaşlaryny saklap bilmez ekenler, ýöne näme aglaýandyklaryny hem bilmez ekenler... Şodur-da şodur şol ynsan ony göreninde ýa-da işe barýanyny görenlerinde “Elleriň ezberi artsyn” diýip, pikir bilen ýylgyryp, gojalar oňa ak pata berer ekenler. Ýogsa-da elbetde onuň bir gözeliň keşbini şekilde döredip, ony janlandyrmak islän suratkeşiňki ýaly, yşkdan ýaradanyň beren paýyna-da dawasy ýok eken. Söýen gözeliniň suratyny bakylaşdyrmak üçin kagyza geçirip, ony alyslara ýollapdyr, gözeliň ýüregine heýkel bolan bu surat, onuň yşgyny nijeme ýyllardyr saklap ýörmüş” diýýärler... ...Käte-käte oturyp şeýle adamlar hakda pikirlenýärin. Ol ýigidiň ussat nebitçidigine we häli häzirler hem işläp ýörendigini eşidip, ýüregimde türkmen ýigitlerimize bolan buýsanç artýar. Çünki şygyr, sungat bir zat, emma şeýle ussat nebitçiniň hem sungatdan, hem saz sungatyndna baş alyp çykmasy, elbetde onuň ýeriň göbeginden çykýan şiräniň nirde durmasy bilen berk baglanşykdadygyny duýmagymy gerek. Ezber elli ýigitlerimiziň ýaradylyş bilen bile dem almasynda tutuş bir dünýä ýatyr. Şeýle ynsanlaryň gadryny bilmek gönüden-göni borjymyz diýesim gelýär. Çünki ýeriň damarlaryny duýýan nebitçi ýigitlerimiziň bolmagy, olaryň tebigat bilen arabaglanşygyndan, öz ene topragynyň “dilini” tapmagyndan, şol ene-topragy söýüp-sylap, oňa bolan mährini berip, iň ýokary hillerde işlenen nebitleri dünýä çykarmakda olaryň paýynyň ýokarydygyny aýdasym gelýär. Çünki nijeme ukulary arka atyp, bu ajaýyp ýaradylyşda nijeme ynsanlaryň ýer ýüzündäki baglanşygyny gazanmak, nijeme pudakalryň ýola düşmegini saglamak, nijeme “üşän” ynsanlary ýylatmak üçin edilen işleriň aňyrsynda şeýle ezber hem-de tebigat bilen bagry badaşan ýigitleriň gör nije müňisiniň bardygy bizi buýsandyrýar. Kerim ÇARYÝEW. • Awtor hakda Kerim Çaryýew Türkmenistanyñ Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetinde Sanly tehnologiýalar fakultetinde mugallym bolup işleýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |