KÖNE DELIDE - TÜRKMEN DERWEZESI
Ynha, meniň öňümde belgileri iňlis dilinde ýazylan Hindistanyň paýtagtynyň kartasy dur. Deli şäheriniň çäklerinde, beýlekiler bilen bir hatarda «Türkmen derwezesi» (Turkmen gate) diýlip bellenen nokat ünsüňi özüne çekýär. Men türkmenleriň Hindistanda galdyran yzlary barada, aýratyn hem Baýram han Türkmen barada öň hem kän zatlary eşidipdim. Indi özüm Deli şäherindekäm taryhda türkmeniň aýagy düşen bu mukaddes ýerlere aýlanyp görmek mümkinçiligi döredi. Men bu mümkinçiligi elden gidirmedim. Ýerleşen myhmanhanamyň hem Köne Deli şäheriniň edil merkezinde, Beýik Mogollaryň köşgi bolan Gyzylgalanyň (Red Fort) gapdalynda örän amatly ýerde ýerleşýändigi meni begendirdi.
Türkmen derwezesi Gyzylgaladan rikşaly gidilende 10 minutlyk ýol. Men irden entek Gün güýçli gyzmanka ýola düşdüm. Rikşa sürüji Türkmen derwezesini hiç hili kynçylyksyz tapyp, meni amatly ýerde düşürmegi başardy. Sebäbi Köne Deliniň bu etraby tutuşlygyna il arasynda «Türkmen derwezesi» adyny göterýän eken. Bu ýer örän gelim-gidimli, köp adamly ýer, rikşalar, maşynlar, awtobuslar yzy üzülmän gelip-geçip durlar.
Derweze wagtyň köp geçendigine garamazdan, örän oňat saklanypdyr, owadan we berk äpet desga, esasan hem, iki sany diňiň arasyny daş derweze arkaly birleşdirilip gurlupdyr. Asyrlarboýy mizemän duran bu desganyň galyňdan guýlan berk çalymtyk diwary tutuşlygyna bir bitewi guýlan ýaly duýulýar. Derweze özüniň haýbatly gözelligi bilen haýran galdyrýar: onuň ýüzi gyzgylt daşlar bilen bezelen, gyralary bolsa aksowult daşlar bile keşdelenen, goranmak üçin amatly bolar ýaly, üstki böleginiň erez-erez edilip gurulmagy hem derwezä aýratyn gözellik berýär.
«Türkmen derwezesi» keramatly sopy Hezreti Türkmen Baýabani şanyň hormatyna 1650-nji ýyllarda gurlupdyr we atlandyrylypdyr. Onuň derwezäniň ýanynda ýerleşýän mazary 1240-njy ýyl diýlip senelenipdir. Mazaryň öňünde şeýle ýazga gözüň düşýär.
Dargah Hzt. Shah Turakman
Baýabani. Turakman
gate, Delhi.
(Hezreti Türkmen Baýabani
şanyň gubury. Türkmen
derwezesi, Deli).
«Darga» diýen söz gubur diýen manyny aňladýar. Görşümiz ýaly, «türkmen» sözüniň ýazylyşy hem dürli ýurtlarda we döwürlerde biraz üýtgedilen ýagdaýda duş gelýär, mysal üçin käbir ýazgylarda «Turkuman Darwaza» diýlip biziň dilimize has ýakyn görnüşde ýazylan ýerleri-de bar.
XVII asyrda Köne Delide (onuň başga ady «Şahjahanabad») on dört sany şäher derwezesi bolupdyr, ýöne şolardan biziň günlerimize çenli saklanyp galany bäş sanydyr. Olaryň biri hem Türkmen derwezesidir.
Hindistanda türkmen täsirlerinden galan yzlar öz köküni gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlara görä, halaç türkmenleri X-XI asyrlarda Demirgazyk Hindistanda öz döwletlerini esaslandyrypdyrlar.
1527-nji ýylda Beýik Mogollar dinastiýasyny esaslandyryjy Babyr Delini eýeländen soň, Hindistanyň Orta Aziýa halklary bilen gatnaşygy has-da giňeýär. Beýik Mogollaryň patyşalyk edip, ýurdy dolandyran döwründe bu täsin we ajaýyp imperiýany düzenleriň biri hökmünde görnükli harby ýolbaşçy we döwlet işgäri bolan Baýram han Türkmen şöhratlanýar.
Beýik Mogollar imperiýasyny dolandyran patyşalaryň arasynda şu aşakdakylar aýratyn meşhurlyga eýedir. Olar:
Babyr 1526-1530-njy ýyllar.
Humaýun 1530-1556-njy ýyllar.
Ekber 1556-1605-nji ýyllar.
Jahangir 1605-1627-nji ýyllar.
Şajahan 1627-1658-nji ýyllar.
Aurangzeb 1658-1707-nji ýyllar.
Babyrdan soň, ýurdy barha giňeltmek işlerini onuň ogly Humaýun dowam etdirýär.
Elbetde, Humaýun hanyň ýurdy dolandyran döwründe Baýram han Türkmen özüniň diplomatik we harby ukybyna daýanyp, birnäçe gezek bu ýaş imperiýany ýok bolup gitmekden halas edýär. 1556-njy ýylda Baýram han Delini basyp almak howpuny salan Hemanyň goşunyny Panipatyň ýanynda bolan söweşde derbi-dagyn edýär. Bu şanly ýeňiş Beýik Mogollar döwletini has-da berkidýär we Baýram han Türkmene harby ýolbaşçy hökmünde şöhrat getirýär. Şonuň üçin hem patyşa Humaýun ogly Ekbere terbiýe we tälim bermegi Baýram han Türkmene ynanýar. 1556-njy ýylda Humaýun aradan çykandan soň, ýaş mirasdaryň berkidilen tälimçisi hökmünde Ekber 16 ýaşyna ýetip, ýurdy dolandyrmak işlerini öz boýnuna alýança, ýagny 1560-njy ýyla çenli ýurdy dolandyrmagy Baýram han Türkmen öz üstüne alypdyr.
Käbir taryhy öwrenijileriň pikirine görä, Ekber mogol dolandyryjylarynyň arasynda iň görnüklisidir, ol juwan çagy tagta çykýar we 49 ýyllap Hindistany dolandyrýar. Onuň şalyk süren döwründe dürli dinlere uýýan köp milletli Beýik Mogollar imperiýasy gülläp ösýär we durnukly parahat durmuşa geçýär.
Şeýle-de bolsa okyjylar köpçüligi başga bir hökümdar, Deliden iki ýüz kilometr uzaklykda ýerleşen Agrada dünýäniň sekizinji täsinligi hasaplanýan Täçmahal aramgähini gurduran Şajahan patyşa barada has köp eşiden bolsalar gerek. Şajahan durşuna ak mermerden gurlan, başy al-asmanda howalanyp görünýän bu ajaýyp mawzoleýi ýaş ýogalan söýgüli aýaly Mumtazyň hormatyna gurdurýar. Mälim bolşuna görä, imperatoryň öz aýaly Mumtaza bolan söýgüsi şeýle bir güýçli eken weli, onuň gaýgy-hasratdan ýaňa bir gijede saçyagarypdyr. Täçmahalyň gurluşygy Mumtaz ýogalan dessine 1631-nji ýylda başlanypdyr we 1653-nji ýyla çenli dowam edipdir.
Täçmahaly gurmaga 20000-den gowrak adam gatnaşypdyr. Olaryň arasynda köp sanly orta aziýaly ussalar hem bolupdyr. Ol ussalaryň nebereleri şu günler hem Agra şäherinde we onuň eteklerinde ýaşap, ata-babalarynyň hünärini asyrlarboýy ýitirmän, dowam etdirýärler. Olar mermer we beýleki gymmatbahaly daşlary işläp, bezeg we ýadygärlik önümlerini öndürýärler. Agra şäheriniň ýadygärlik-sowgatlar satylýan söwda nokatlarynda mermerden ýasalan köp sanly heýkeljikleri görmek bolýar, elbetde, olaryň arasynda Täçmahalyň kümmetiniň kiçijik göçürme şekilleri agdyklyk edýär.
Meniň Täçmahal barada ýazmagymyň esasy sebäbi onuň patyşa Şajahan tarapyndan Delide köne şäheriň esasy gözel ýerleriniň: Gyzylgalanyň, Juma metjidiniň we şäheriň 14 derwezesiniň, şol sanda Türkmen derwezesiniň hem gurdurylmagydyr.
Ýene-de bir ünsi çekýän zat, ähli şäher derwezeleriniň özünden başlanýan ýollaryň barýan ugurlarynyň ýa-da birleşdirýän şäherleriniň ady bilen (mysal üçin Kaşmir derwezesi, ýa-da Lahor derwezesi) atlandyrylandygydyr. Ol ýerde Türkmen derwezesi şol bir şahsyň hormatyna atlandyrylypdyr.
Serdar ŞIROW.
Taryhy ýerler