14:11 Konfusiden sözler | |
KONFUSIDEN SÖZLER
Sözler
Öwrenmek hem wagty gelende, özleşdiren zatlaryňy işde peýdalanmak — eýsem bu ajaýyp dälmi! Alysdan gelen dostuň bilen söhbetdeş bolmak — eýsem bu şatlyak dälmi! Iliňde öz derejäňe laýyk baha berilmänine nadyl bolmazlyk — eýsem bu mertebäňi beýgeldýän zat dälmi! * * * Asylly adam bol iýip, baý ýaşamaga ymtylýar. Ol işine çulum, emma az gepli bolýar, päk ahlakly adamlar bilen gatnaşyk saklap, öz ýetmezini düzedýär. * * * Kim könä ýüzlenip, täze zat açmany başarýan bolsa, şol mugallym bolmaga mynasypdyr. * * * Diňe hakyky adamkärçilikli adam söýmegi hem ýigrenmegi başarýar. * * * Irden hakykata göz ýetirip , agşam öläýeňde-de, haýp däl. * * * Asylly adam — il aladasy, pes adam öz gaýgysy bilen ýaşaýar. * * * Päk ahlakly adam ýalňyz bolmaz. Onuň töwereginde hökman özi ýalylar tapylar. * * * Mugallym şeýle diýipdir: «Meniň ähli tagallam puç bolup barýan ýaly. Şu wagta çenli men öz ýalňyşyny bilibem, şoňa müýnürgeýän adama duşmadym». * * * Mugallym şeýle diýipdir: «lslendik obadaky on öýüň birinde arassa ahlaklylyk babatda menden pes oturmaýan adama gabat gelse bolar. Ýöne okuwa, bilime teşnelikde meniň bilen deňleşip biljegi tapmarsyňyz». * * * Hakyky adam ähli zada öz tagallasy bilen ýetýär. * * * Meniň maksadym — hakykat, kömekçim — päk ahlak, daýanjym — adamkärçilik, kalbyma basalyk berýän zadam — sungat. * * * Mugallym şeýle diýipdir: 'Tapanyňy iýseň, çeşme suwundan teşneligiňi gandyrsaň, kelläňi elleriň üstünde goýup ýatsaň — bularyň hersiniň özüne ýeterlik şatlygy bar. Başga hili ýol bilen gazanylan baýlyk, ýetilen meşhurlyk — meniň üçin asmanda gaýyp ýören bulutlar ýaly bir zat!» * * * Bary-ýogy iki adam bilen otyrkamam, men olardan öwrenere zat taparyn. Gowy häsiýetlerden görelde alaryn, ýaramaz häsiýetlerden gaçarak duraryn. * * * Bir talyp mugallymyndan ruhlary nähili hormatlamalydygyny sorapdyr. Mugallym oňa: «Sen entek adamlara gulluk etmäni oňarmaýan halyňa, ruhlary nähili hormatlajak?» diýip jogap beripdir. Talyp ýene ondan ölümiň nämedigini sorapdyr. Mugallym şeýle jogap beripdir: «Entek ýaşaýşyň nämedigini bilmeýän adama ölümiň nämedigini nädip düşündireýin?» * * * Gadymy adamlar kämilleşmek üçin okapdyrlar. Häzirkiler ili geň galdyrmak üçin okaýarlar. * * * Gürleşeniňe degýän adam bilen gürleşmeseň, ony ýitirdigiňdir. Gürleşeniňe degmeýän adam bilen gürleşseň, sözüň ýele gitdigidir. Akylly kişi adamlaram ýitirmeýär, sözünem. * * * Alys geljekde ýüze çykmagy mümkin kynçylyklar hakynda pikir etmeýän adam ýakyndaky näsazlyklara büdreýär. * * * Ownuk zatlarda özüňi saklap bilmezlik — uly işleriň ýoguna ýanýar. * * * Asylly adam ömründe üç zatdan gaça durmaly: güýji dyňzap duran ýigit wagty — yşkbazlykdan, kämillige ýeten wagty — bäsdeşlikden, garrylyga ýetip, güýç-kuwwaty azalan wagty — gysgançlykdan. * * * Asylly adam borjuny ähli zatdan ýokarda goýýar. Borjuny unudan, ýöne edermen asylly adam topalaňça ýakyn. Borjuny ýadyna salmaýan, edermen, emma pes adam talaňçylyga ýykgyn eder. * * * Aýallar we pes gylykly adamlar bilen dogry gatnaşygy ýola goýmakdan kyn zat ýok. Özüňe golaýlaşdyrsaň-a, olar bihaýalyk edýärler, daşlaşdyrsaňam ýigrenýärler. * * * Asman bilen Ýer biri-birinden alysda bolsalaram, edýänleri şol bir iş. * * * Ýaý atmak bize hakykaty nähili gözlemelidigini öwredýär: eger kemançynyň peýkamy nyşanadan sowa geçse, ol munuň üçin başgalary däl-de, özüni günäkärleýär. * * * Azajygam bolsa, hoşniýetli bolmaga çalşyň. Şonda başga hili gylyklardan ara açarsyňyz. * * * Juda akyllylara hem aňrybaş samsyklara hiç zat öwredip bolmaýar. * * * Kyrk ýaşyna çenli özi hakynda diňe ýaramaz pikir döreden adamyň soň düzelerine umyt etme. * * * Çyny bilen islän halatynda, asylly adam bolmagy hemme kişi başarar. * * * Mugallym şeýle diýipdir: «Ýüpüne odun goýup bolmaýan ygtybarsyz adam bilen nähili iş salyşjak? Bu oksuz arabany sürjek bolan ýaly dälmidir?» * * * Asylly adamyň kalby asuda bolýar. Hemişe alakjap ýörmek pes adama mahsus. * * * Asylly adam hemmeler bilen ylalaşyp ýaşaýar. Pes adam bolsa hemişe özüne kybapdaşy gözleýär. * * * Ýaşlara göwnüýetmezlik bilen garama. Geljekde olaryň akyllanyp, ajaýyp adamlar bolup ýetişmegi mümkin. Kyrk, elli ýaşaýança derekli iş başyny tutup, saňa goşulmadyk adam hormata mynasyp däldir. * * * Tertip-düzgünli ýurtda batyrgaý hereket et, batyrgaýam gürle. Şol zatlaryň ýok ýurdunda batyrgaý hereket etseňem, gürläňde seresap bol. * * * — Halky nädip özüňe tabyn edip bolar? — diýip, hökümdar Aýgun sorapdyr. — Dogrulary beýgeldip, egrileriň gümüni çeken mahalyňda — diýip, Konfusiý jogap beripdir. * * * Özüňe islemeýän zadyňy özgäde etme. * * * Adamy içgin synlaň, edýän işleriniň sebäbine göz ýetirjek boluň, dynç alýan wagtyndaky bolşuna-da esewan ediň. Şondan soňam ol siz üçin syrlylygyna galaýarmyka? * * * Gadym döwürde adamlar köp gürlemäni halamandyrlar. Olar bir zatlar söz berip, şonuň yzynda durmazlygy masgaralyk hasaplapdyrlar. * * * Özüňize berk daraň, talapkär boluň, özgelere geçirimlilik ediň. Şeýtseňiz, adamlar sizi ýigrenmezler. * * * Mugallym şeýle diýipdir: «Men adamlaryň özüme däl-de, özümiň adamlara düşünmeýänim üçin gam çekýärin». * * * Biri: «Edepli ogul nähili bolmaly?» — diýip soranda, mugallym oňa şeýle jogap beripdir: «Häzir ene-atasyny aç-hor saklamaýan ogly edepli hasap edýärler. Ýöne itlerdir mal-garalara-da ýal, ot-iým berilýär-ä. Munuň daşyndan ene-ata hormat-sylagam bolmasa, bularyň tapawudy näme?» * * * Biri: «Hakyky adam nähili bolm aly?» — diýip soranda, mugallym :«llki göwnüne düwen işini berjaý edip, ol hakda soň gürleýän kişi hakyky adamdyr» diýipjogap beripdir. * * * Mugallym şeýle diýipdir: «Asylly adam özgeleriň gowy işlerine goldaw berip, ýaramaz işleriň öňüni almaga çalyşýar. Pes adam bolsa munuň tersinedir». * * * Biri Konfusiden adamlary nädip özüňe tabyn etmelidigi hakynda maslahat sorap, yzyndanam: «Ýaramazlaň ýoguna ýanyp, ýagşylary özüňe ýakyn tutsaň, nähili borka?» diýipdir. «Hökümdarlygyň çyn bolsa, öldürmek nämä gerek?» diýip, mugallym oňa ýüzlenipdir: — Özüňiz gowulyga ymtylsaňyz, halkam size görä bolar. Hökümdaryň gylyk-häsiýeti-şemal, halkyňky bolsa otdur. Şemal haýsy tarapa öwüsse, otam şol taýa gyşarar». * * * — Bütin obanyň gowy görýän adamy hakynda näme aýdyp bilersiňiz? — diýip, biri Konfusä ýüzlenipdir. — Ol bolgusyz adamdyr. — Onda bütin obanyň ýigrenýän adamyna garaýşyňyz nähili? — Olam bolgusyzadamdyr— diýip, Konfusiý jogap gaýtarypdyr — Eger obadaky ýagşylar halap, ýamanlar ýigrenýän bolanlygynda, oňa gowy adam diýse bolardy. * * * Mugallym şeýle diýipdir: «Asylly adam — özünden, pes adam bolsa ilden talap edýär». * * * Mugallym şeýle diýipdir: «Eger adamlar kimdir birini ýigrenýän bolsalaram, onuň düýp sebäbine göz ýetirjek boluň». * * * Mugallym şeýle diýipdir: «Danany göreniňde , oňa deňleşmegi arzuwla. Samsygy göreniňde, oňa meňzemezligiň çäresini agtar». * * * Mugallym şeýle diýipdir: «Asylly adam gürlände howlukmasa-da, işini tiz bitirýändir». * * * Adam larözleri üçin baýlyga hem şöhrata ymtylýarlar. Eger ikisine-de halal ýol bilen ýetip bolmaýan bolsa, olardan gaça durmak gerek... * * * Öwüt-pendiňizi öz nadanlygyna göz ýetirip, şoňa mätäç adama berin... * * * Asylly adamyň aň-düşünjesi giň, ruhy sagdyn bolmaly. Onuň ýüki agyr, ýoly uzak. Ol adamkärçiligi gerdeninde göterýär. Eýsem, bu ýeňil ýükmi?... * * * Hakyky adamkärçilik — özüňe erk etmegi başarmakdan ybaratdyr. Adamkärçilikli bolmak ýa-da bolmazlyk — bu her kimiň özüne bagly zat. * * * Özüne erki ýetýän, aýgytly hereket etmegi başarýan, ýönekeý hem az gepleýän adamy adamkärçilikli saýsa bolar. * * * Öýüniň eşretine baglanyp oturan kişini asylly adam hasaplamak ýalňyşdyr. * * * Ýeke-täk hakyky ýalňyş öz öňki ýalňyşlyklaryňy düzetmezlikdir. * * * Okanyňda — aň-bilimiň ýetmezliginden kösenýän ýaly duýgy hem öňki bilýänleriňem ýadyndan çykaýjak ýaly gorky bilen oka. * * * Özlerine hormat-sarpa goýýan hökümdary adamlaram sylaýar. Özüne hoşniýetli garalýanyny duýan halkyň işe yhlasam üýtgeşik. Gowulara goldaw, bisowatlara öwüt-nesihat berseniz, adamlaryň size ynamy artar. * * * Mugallym şeýle diýipdir: «Bilýäniňi bilýän, bilmeýäniňi bilemok diýmegiň özem bilimlilikden nyşandyr.» KONFUSIÝ Konfusiý (Kun-szy) miladydan öňki 551-479-njy ýylda garyp düşen barly nesilden gelip çykypdyr we ömrüniň köpüsini Lu şalygynda geçiripdir. Ol ýaşlykda emeldar bolup işläpdir, soňra bolsa,Hytaýda ilkinji bolup hususy mekdep döredipdir. Konfusiniň dünýägaraýşy «Söhbetler we garaýyşlar» («Lun ýuý») atly kitapda beýan edilýär. Bu kitap akyldaryň öz şägirtleri we yzyna eýerijiler bilen eden söhbetlerini we aýdan gürrüňlerini öz içine alýar. Konfusiniň taglym atynda žen — ynsanperwerlik möhüm düşünje bolup, ol adamlaryň öz ata-babalaryna, ýaş we dereje taýdan özünden ululara hormat-sylagly bol-mak, hökümdara wepadarlyk ýaly ahlak ýörelgelerine esaslanýan etiki we sosial gatnaşyklarynyň jemidir. Konfusiançylyk agalyk ediji doktrina hökmünde ykrar edilen mahaly (miladydan öňki 136-njy ýyl) filosofyň özi hem «10 müň nesliň mugallymy» diýlipyglan edilýär. Akyldaryň taglymaty hytaý ýaşaýyş terziniň esasyna öwrülmek bilen, hytaý siwilizasiýasynyň köp babatdatäsin keşbe eýe bolmagyna getirýär. Terjime eden: Kakabaý GURBANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |