14:56 Korona belasy | |
KORONA BELASY
Goşgular
Korona belasy tutdy dünýäni, Göze görünmezek kiçijik nesne. Bir wirus zerarly tapdyk belany Howadan bulaşyp girdi bedene. Il aşyp, ýurt aşyp ýaýylyp barýar, Bu ölümli wirus şeýle rehimsiz. Ilkibada gyzgynyñy galdyrýar, Halklar howsalada hem-de goragsyz. Öñki dermanlaram edenok haraý, Sanjymyny tapmak uzaga çekjek. O ýurtdan bu ýurda zymdyrylyp ýör, Gyrgynçylyk ençe adamy ýykjak. Bilýän ýok, bu wirus nädip döredi, Adamzat dünýäsi gorky içinde. Ölüm habarlary eşdilip dur zol, Baý-garyp barçasy jan gaýgysynda. Nepes aldyranok ýoluganyna, Has beter köseýär gojalşanlary. Keselden paý alar goranmadyklar Sag bolar göwresin tijenşenleri. Ahmalyny berip gelme oýuna, Serhetler ýapyldy, ýollar çolardy. Ençe düzgün girdi serhet boýuna Şoñ üçin ýurdumda ölen bolmady. Ilki ýokdy, soñra geldi bize-de, Biri barka, sany çykaýdy alta. Çakgan taýýarlygyn geçirdi döwlet Degişliler derrew karantinada. Dünýäde ölenler müñleri aşdy, Baý garyby seljermeýär bu janly. Korona sebäpli aklymyz çaşdy, Allahym gorawer, bize ulaşdy. Hilmi JAN. 15.03.2020 ý. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |