KORONAWIRUS BOÝUNÇA GÖWRELILIK, ÇAGA DOGLUŞY WE IÝMITLENDIRMEK BILEN BAGLANŞYKLY BERILÝÄN SOWALLAR
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bu sowallara takyk jogap taýýarlapdyr. Diňe BSGG tarapdan gelyän maglumatlara üns beriň, başga çeşmelerden gelýän nädorgy maglumatlardan ägä boluň!
■ COVID-19 keseli bilen kesellän göwreli zenanlar aýratyn ýokary howp astyndamy?
Häzirki wagtda COVID-19 ýokanjynyň göwrelilere ýetirýän täsirini öwrenmek maksady bilen barlaglar geçirilýär. Bar bolan maglumatlar çäkli bolsa-da, bu keseliň bejergisiniň göwrelilerde beýleki adamlara garanyňda has agyr geçip bilmek howpunyň bardygy barada heniz subutnama ýok.
Muňa garamazdan, mälim bolşy ýaly, göwrelilik döwründe bedende, şol sanda immun ulgamynda belli bir üýtgeşmeleriň bolup geçýändigi sebäpli, käbir respirator ýokançlary göwreliler üçin aşa howply bolup biler. Şonuň üçin hem olaryň COVID-19-dan goranyş-öňüni alyş çärelerini görmekleri we bejergi alýan lukmanyna mümkin bolan kesel alamatlary (hususan-da, bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy, üsgülewük, dem almakdaky kynçylyklar) barada habar bermekleri örän wajypdyr.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bu baradaky maglumatlary we öz tekliplerini täze gelip gowuşýan maglumatlaryň esasynda gaýtadan sereder we işjeňleşdirer.
■ Göwreli zenan özüni nädip COVID-19-dan goramaly?
Göwrelilere COVID-19 bilen kesellemezlik üçin ýörite goranyş çäreleri zerur däl. Siz özüňizi şu aşakdaky görnüşlerde gorap bilersiňiz:
- elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýa-da düzüminde spirt saklaýan el ýuwujy serişdeler bilen ýuwuň;
- 2 ädim ara saklamany berjaý ediň;
- gözüňizi, burnuňyzy ýa-da agzyňyzy ellemäň;
- respirator arassaçylygyny berjaý ediň. Bu diýildigi, asgyrmada ýa-da üsgürmede agzyňyzy we burnuňyzy tirsegiňizi tutup ýa-da elýaglyk bilen örtmeli. Ulanylan elýaglygy şol wagt ýok etmeli.
Bedeniň temperaturasy ýokarlananda, üsgülewükde ýa-da kyn dem almada hökmany suratda gyssagly lukmançylyk kömegini çagyrmaly. Lukmançylyk edarasyna jaň ediň we ýerli saglygy goraýyş edaraňyzyň görkezmelerini berjaý ediň.
COVID-19 ýokanjy bar bolan zenanlara göwrelilik döwründe, şeýle hem dogrumdan soňky döwürde lukman gözegçiligine yzygiderli gatnamak zerur.
■ Göwreli zenanlara COVID-19-y anyklamak üçin barlagdan geçmek hökmanmy?
Ýaşaýan ýerine baglylykda barlagdan geçirmegiň protokollary we barlagdan geçirmegiň düzgünleri tapawutlanyp biler.
Muňa garamazdan, BSGG COVID-19 alamatlary bolan göwreli zenanlary ilkinji nobatda barlagdan geçirmegi maslahat berýär. COVID-19 ýokançly zenanlar göwrelilik döwründe ýöriteleşdirilen gözegçilige mätäç bolup biler.
■ COVID-19 ýokanjy göwredäki çaga ýa-da eneden çaga geçip bilýärmi?
COVID-19 ýokanjynyň göwredäki çaga ýa-da eneden çaga geçip bilýändigi barada maglumat ýok. Bu ýokanjy amniotiki suwuklykda ýa-da ene süýdünde ýüze çykarmak häzirki wagta çenli başartmady.
■ Göwrelilik we dogrum döwründe nähili gözegçilik amala aşyrylmaly?
Göwreli zenanlaryň ählisi, şol sanda COVID-19 ýokanjy bolan ýa-da alamatlary bolan zenanlar dogruma çenli, dogrum we ondan soňky döwürde ýokary hilli gözegçilige haklydyrlar. Bu öz içine antenatal, neonatal we postnatal kömegi, şeýle hem psihiatriki ýardamy alýar.
Howpsuz ýaga dogruşyň oňaýly tejribesi öz içine şu aşakdakylary alýar:
- hormatlanýan gatnaşyk;
- dogruma alyp barjak şahsy saýlamaga hukuk;
- dogrum bölüminiň işgärleri bilen kadaly aragatnaşyk;
- talabalaýyk agyryny aýyrýan prosesleriň peýdalanylmagy;
- eger mümkin bolsa, dogrum wagtynda mobillik we dogrum wagtynda bedeniň durkunyň saýlawy.
COVID-19 ýokanjy tassyklanan ýa-da alamatlary duýulýan ýagdaýynda lukmançylyk işgärleri özlerine we daş töweregindäkilere keseliň ýokuşmazlygy üçin howpuň derejesini azaltmak üçin zerur bolan çäreleri görmeli, şol sanda gorag eşiklerini geýmeli.
■ COVID-19 ýokanjy tassyklanan ýa-da alamatlary şübhelenýän göwreli zenanlara dogrumy kesar kesimi usuly bolýarmy?
Ýok. BSGG kesar kesimi usulyndaky dogrumy diňe lukmançylyk görkezijileri boýunça maslahat berýär.
Dogrumyň görnüşini saýlamak zenanlaryň islegine we akuşer-ginekologik görkezmelere esaslanan şahsy saýlaw bolup durýar.
■ COVID-19 ýokançly zenanlar süýt emdirip bilýärlermi?
Hawa. Ene süýdüni bermeklik COVID-19 ýokançly zenanyň islegine görä rugsat berilýär. Şol bir wagtda şular hökmandyr:
- iýmitlendirmek wagtynda respirator arassaçylygyny saklamak we bar bolsa gorag maskasyny dakmak;
- çaga galtaşmazdan öň we soň elleriňi ýuwmak;
- zenanyň galtaşýan ýerlerini yzygiderli ýuwup, zyýansyzlandyryp durmaly.
■ COVID-19 ýokançly zenana täze doglan çagasyny ellemäge we elinde saklamaga rugsat edilýärmi?
Hawa. Ýakyn aragatnaşyk we irki ene süýdi bilen iýmitlendirmek çaga ösmäge kömek edýär. Zenan şu hili mümkinçiliklere eýe bolmalydyr:
- zerur bolan respirator arassaçylygyny berjaý edip, çagany howpsuz iýmitlendirmäge;
- çaga ten galtaşygyny etmäge;
- çaga bilen bir otagda bolmaga.
- Çaga galtaşmadan öň we soň elleriňi hökman sabyn bilen ýuwmaly, şeýle hem ähli ýerleri arassaçylykda saklamaly.
■ Eger-de COVID-19 ýokançly zenan ene süýdüni bermek üçin özüni ýaramaz duýsa näme etmeli?
Eger-de COVID-19 ýokançly ýa-da beýleki agyr ýagdaýdaky zenan ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin özüni ýaramaz duýýan bolsa, onda çagany ene süýdi bilen üpjün etmek üçin islendik mümkin bolan usul bilen bu üpjün edilmelidir. Bu usullara şular degişli:
- süýdi süzmek;
- relaktasiýa;
- donorlyk ene süýdi.
https://yashlyk.info/ru/articles/koronavirus-chasto-zadavaemye-voprosy-po-covid-19-kasaiushchiesia-beremennosti-detorozhdeniia-i-grudnogo-vskarmlivaniia/
Medisina