00:58 Koronawirus günleri | |
KORONAWIRUS GÜNLERI...
Publisistika
Hamana diýersiñ, nijeme aýlar geçen ýaly bolýar göwnüme, emma öýden çykman oturanymyza şu gün bir ýarym aý boldy. Adam pahyr bir ýerde köp oturyberse, dört diwar üstüñe ýykylaýjak ýaly umytsyzlyga düşüberýän ekeni. Edil ýöne ylmy-fantastiki kinofilmiñ gahrymanlary ýaly bolaýdyk. Aslynda ýurdumyzda bolup geçýän zatlar umuman alanda adatdan daşary geñ-tañsy wakalaryñ bolup geçýän fantastiki kinofilimiñ epizodlaryna juda meñzeş. Şindi işiñ içine koronawirus, pandemiýa, pylan-pysmydan dagylar aralaşdy welin, ylaýyk ylmy-fantastiki kinofilmiñ senariýasyna öwrüldi duruberdi. Galyberse-de; biziñ özümiz pop erigini ymam erigine öwürmäge, organiki şerbet öndürmäge, azan okaýan sagat oýlap tapmaga, "bir salawatda sen çek" maksatnamasy ýaly ylym dünýäsini sarsdyran oýlap tapyşlar bilen elmydama ylma üns berýän ýurt bolup geldik. Indi bolsa sirke bilen korona wirusyny öldürjek bolýarys! Özgeleriñ kyn gününe begenip: "Oh, ýeke däl ekenim" diýen pikirde öz-özüne teselli berýän erbet niýetli ýoldaşlar deýin, "Bolýa-la, diñe biz däl ahyryn, bütin dünýä şol bir meseleden çaýkanyp dur, biz ýene olardan elhalrak" diýip öz-özümize zügürt tesellisini berýäris. Hemmeleriñ aklynda-oýunda şol bir soraglar aýlanýar: ‘‘Haçan gutararka? Gutararmyka beri? Gutaran ýagdaýynda ýaşaýyş öñküsi ýaly dowam edermikä?'' Mundan beýläk hemme zadyñ öñki-öñkülik boljagyny hyýal etmek, meniñ pikirimçe içinde gezip ýören ylmy-fantastiki modelimize gabat gelmänem duranok, emma dünýäni barmagynda pyrlap oturan daşarky güýçler muña idin berer öýdemok. * * * Geçen hepde bary-ýogy iki sagat galanda habar berlen köçä çykma gadagançylygy sebäpli dörän ber-başagaýlykdan soñky bu hepdede imisalyk höküm sürýär. Bu ýüze çykan ýagdaý üçin köp kişi halky ýazgardy, millet görgülini jahyllykda aýypladylar... Eýse näme, dünýäniñ niresinde bolanyñda-da, halkyñ pikir etmeýän bir zadyny bary-ýogy iki sagat galanda mälm edilse, bolmanam başagaýlyk dörär. Ýörite hünärmen bolmagyñ hajaty ýok, diñe ylymdan, jemgyýetçilik dolandyryşyndan, sosiologiýadan, psihologiýadan az-owlak habarly bolan ýolbaşçylaryñ bular ýaly wakany öñünden çaklap bilmezligi mümkin däl! Biziñ häkimiýetimize daşyndan syn edilende, göýä diýersiñ aklyna al kakmyş bir jyn kelleliniñ ýadyna bir zat düşýär, onam hil bir täze zat oýlap tapan ýaly ýanyndakylara aýdýar, onsoñ ol aýdylan pikiriñ ne öñi, ne yzy, ne-de getirjek netijesidir döretjek täsiri ara alyp maslahatlaşylman, hünärmenlerdir bilermenlere geñeşilmän aýdylşy ýaly göni ýerine ýetirilýän görnüşi berýär. Daş-töweregimiz şeýle pikiri bolsa-da zikiri ýok, düşünme ukybyny kosmosa raketa uçurmak ýaly çylşyrymly iş hasaplaýan, diñe aýdylany edip wyždanyny köşeşdirýän, "Biz elimizden geleni etdik" diýip bilýän adamlardan doly. ‘‘Ýalñyşan ekenik'' diýip, yzyndanam ‘‘ýalñyşmaýan adam ýok'' düşünjesinden ugur alyp goýberen ýalñyşlygyny ýatdan çykarmak, eden ýalñyşlygyñ hiç hili öwezini dolman zat bolmadyk ýaly durmuşa müýnsüz dowam etmek biziñ ýurdumuza mahsus bolan bir däp bolmaly. Iñ esasy zadam, bu goýberilen ýalñyşlygyñ netijelerine döz gelmelileriñ şol ýalñyşlygy edenlere alkyş okamagy. Alanam razy, berenem! Bizem ynha şoña düşünmän ele galam almaly bolduk! Bu hepde nähili boldy? Işi öz prosedurasyna laýyklykda ýerine ýetirdiler welin, adamlarda howsala-da bolmady, başagaýlygam döremedi. Diýmek, işi düzgünine görä-de edip bolýan eken-ä! * * * Başymyzdan geçýän şunça kynçylyklarymyzy az görýän ýaly, indem jezalary ýerine ýetiriş kanunyny çykardylar. Ilki “aýal-gyzlara garşy zorlukly jenaýatlar we jyns çygryndaky jenaýatlar muna girenok” diýdiler. Ýogsam bolmasa, bu kanun Ýokary halk mejlisiniñ (TBMM) komissiýasyndan geçmegi üçin orta atylypdy, özem bu jezalary ýerine ýetiriş kanunynyñ içinde jyns çygryndaky jenaýatlara we aýal-gyzlara howp döredip biljek birentek jenaýata günä geçişligiñ boljakdygyny añladýan birnäçe maddalar bar. Hünärmen hukukçylar Türkiýe respublikasynyñ kanunlarynda "aýal-gyzlara garşy zorluk" kesgitlenen jenaýat ýokdugyny, şonuñ üçin hem bu "Günä geçişligiñ" zenan ganhorlarydyr ejize ganym bihepbeleriñ günäsini ýeñletmek üçin aýal-gyzlaryñ we çagalaryñ jan saglygyny göz öñüne tutmazdan kabul edilen ýagdaýynda, dürli agyr jenaýatlardan, aýal-gyzlara zorlukly şikes ýetirmekden, aýal-gyzlary we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary zorlamakdan, ogurlykdan, narkotiki serişdeleri öndürmekden we satmakdan oturan 90 müñ tussagyñ azatlyga çykarmak üçin ýolunyñ açylandygyny aýdýarlar. Hem maddy, hem ruhy taýdan alaçsyz galan şu kyn döwrümizde koronawirus belasyny az görýän ýaly ondan has beterlerini gaýtadan aramyza saljak bolýarlar! Häzir işi-güýji barlaryñam işsiz galyp, garamaýak görgüliniñ "Biz indi näalaç ederkäk?" diýip elewreýän, maddy we ruhy taýdan ejizlän şu agyr ýagdaýymyzda 90 müñ işsiz-güýçsüz tussagy aramyza goşmaga taýýarlanýarlar. Uzyn gepiñ gysgasy: bizde korona gutarsa-da, dert gutarmaz! Ýurdumyzda koronawirusdan has howply we olaryñ garşysyna hiç bir goragymyz bolman biçäre bolup galynan şeýle bir köp mikrop bar welin… Üstesine daşardakylary az görýän ýaly, içeri dykanlarynam goýberýärler. Görnüşi ýaly, oñaýly çäre gözläp öñüni alyş işlerine geçirmegiñ deregine, wakalary öz akymyna goýberip, bu meselelerde-de bizi öz najatymyza garamaga, özümizi özümiziñ goramagyna garaşýarlar. Biz bize ýeteris, Türkiýe! Pynar TURAN. 18.04.2020, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|