AR-NAMYSYÑ SAPYK GARAWULLARY
Özüni din alymy yglan eden bolar-bolgusyz kişileriñ samahyllamalaryna öwrenşibem gidipdiris eýýäm.
Diñe alym derejesinden pesdäki körzehinler däl, eýsem hakykatdanam din meselesinde ökde hünärmen diýip bolaýjak kişilerem aram-aram "Hudaý saklasyn! Beýle-de bir zat bormy?" diýip, ýakañy towlatdyrjak zatlary aýdýarlar. Özleriniñem aýdýan zatlary köplenç aýal-gyzlar we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzjagazlar bilen baglanşykly.
Näme üçin şeýlekä?
Sebäbi çagalygyndan başlap aýyp, utanç, günä, şeýtan hökmünde suratlandyrylan zenan olaryñ añynda diñe bir zada yşarat edýär... Seks...
Çaga bolsun, uly bolsun, ene bolsun, bajy bolsun, tapawudy ýok - urkaçy bolan her bir zat olaryñ beýinlerinde ýeke-täk bir nokada signal ýollaýar...
Olardan näme sorasañyz sorañ, gepiñ bir ujuny ýene zenana, tebigy taýdan eriş-argaç bolup aýrylyp bilmeýän zadyna - jynsy gatnaşyga getirip direýärler.
Remezan bolsun, oraza bolsun, agzaçar bolsun, tapawudy ýok! Isleseñ "kosmosdan" söz aç, "Arşyñ-kürsüñ merkezine syýahat" diý, gürrüñi aýlap-dolap jynsy gatnaşyga baglap goýaýarlar.
Kelle ýeke-täk bir nokada baglanyp galypdyr.
Bendäñ çagasy "Bütundünýä hapyzlyk guramasynyñ" başlygy bolupdyr, teleýaýlyma çykyp: “Seret, bir zat aýdaýyn saña, belki geñem görersiñ. Bir adam aýalyny küýsäp, hyjuwyna-da bäs gelip bilmese, agzaçara çenli garaşmaly orazasyny aýaly bilen bile açyp biler. Hawa, bu barada hut fykh kitaplarynda bar” diýýär.
Ýok, ýok, gynansak-da, hiç hili geñ-tañ göremzok! Sebäbi siz tetellileriñ şeýlekin samahyllamalaryna şeýle bir öwrenşipdiris welin!…
Gaýtam häli-häzirem sizi geñ galdyran zadyñ nämedigini biljek bolup arrygymyzy gynaýarys.
Özem muny aýdyp durka, onuñ gözüniñ şatlykly oýnaýşyny bir görsediñiz... Munuñ diñe pikirini etmegem ony heýjanlandyryp, asmana uçurýar!
Aslynda onuñ añy-pikiri diñe şo zatlarda bolarly!
* * *
Ýeri, bulara öwrenşip gitdik diýeli. Olar hernäçe bizi geñ galdyrarys öýtselerem, indi olaryñ aýdýan hiç bir samahyllamalaryna geñ galamzok. Ýogsa-da ylymly-bilimli, giñ gözýetimli hasaplaýan adamlarymyz näme?
Professorlyga ýetenlere, dekan bolanlara näme diýip, näme aýtmaly?
Şunça zat öwredýärsiñ, bilmeýän zadyñ ýok, emma terbiýeden nol!
Ankaranyñ Gazy uniwersitetiniñ Ynsanperwer ylymlary fakultetiniñ dekany professor Orhan Ajar talyplaryñ sowallaryna jogap bermek üçin internet arkaly gatnaşan wideokonferensiýasynda çykyş edende, özüne sowal beren gyz talyplaryñ atlaryny aýdyp, ýanynda durana: “Bäh, bärde bilniksizje oturan gyzlaram bar ýaly-la, bilniksizje oturan” diýip, gülen bolýar.
Ol akmak diñe gyzyñ keşbini görmegi-de özüne dereje saýýar.
Kim bilýär, gyz talyplar bilen ýüzbe-ýüz sataşanda nähili ahwaly başdan geçirýärkä, kellesinde näme pikirler köwsarlaýarka?
Özem muny ýanyndakylara aýdanda, gaşyny-gözüni çytman aýdýar, görnüşinden olaram onuñ bilen bir pikirde bolmaly we öz aralarynda şuña meñzeş zatlary otarýandyrlar.
* * *
Yzyndan Aýdyn uniwersitetiniñ mugallymy professor Muttalip Kutluk Özgüwen bir bir telegepleşikde: “Supermen diýen zat ýok, ol hyýaly gahryman… Emma "super zenan" diýen bir millet bar we bular 13-16 ýaşlarynda. Islän lukmanyñyzdan sorap göräýiñ. 12-17 ýaš aralygam gül bolýar. Ajaýyp regenerasiýa ukyplary bar, tenleri-de sarç. Bu ýaş ilkinji çagany dogurmak üçin ideal ýaş diýip kesgitlenendir. Ýagny, men şuny aýtmak isleýärin: ha erkekler, ha zenanlar, tapawudy ýok, akyl-paýhasymyzy biraz şuña-da gönükdireliñ” diýýär.
"Akyl-paýhasymyzy gönükdireliñ" diýende, "on iki ýaşly gyzjagazlara çagadyr öýtmäñ, aslynda olar zenan" diýjek bolýar. Ýagny "Arkaýyn jübütleşiberiñ, olar muña iñ laýyk ýaşda" diýjek bolýar.
Super millet! Diñe nesil öndürmek maksatly!
Diýmek, ol beýependiniñ gözünde aýal milleti on ýediden soñ gartaşýar, superligini ýitirýär.
Bolman näme, heniz çagaka olary ezmek gaty añsat, ulaldygyça, akly-huşy goýaldygyça göwnüne ýaraýan däldir o tetellileriñ!
Masgaraçylyk!
Görlüşi ýaly, jemgyýetimizdäki jynsy açgözlük belli bir wagtdan soñ sapyklyga (azgynlyga) öwrülýär. Aýal-gyzy, gyz-erkek gatnaşyklaryny tabuwa öwrüp, hemme zada gadagançylyk girizmegiñ netijesi, ynha, şular ýaly aklyndan azaşan, çagalara aýal gözi bilen seretmäge het edýän, dikdüşdi, azgyn adamlaryñ orta çykmagyna getirýär.
Gynansak-da, bular birküç mysal däl. Köçelerimiz şular ýalylardan doly…
Her ýaşdan, her bilim ugrundan, her kärden…
Hawa, görşüñiz ýaly, jynsy meýiller tabuwa öwrülensoñ, daş-töweregimizde şular ýaly ar-namysyñ sapyk garawullary az bolmajaga meñzeýär.
Pynar TURAN.
"Sözcü" gazeti, 17.05.2020 ý.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Jemgyýetçilik tankydy