HER ŞERDE BIR HAÝYR BAR...
Dünýä uly synagdan geçýär. Adamzat ýuwaş-ýuwaşdan ýitirip barýan gymmatlyklarynyñ nämedigine düşünmäge başlady.
Başymyzdan inen uly apat sebäpli saglygymyzyñ, ýakyn hossarlarymyzyñ ýanynda bolmagyñ, azat ýaşamagyñ, erkin hereket edip bilmegiñ gymmatyny gaýtadan duýmaga başladyk.
Aýratynam bu pandemiýa bize, aslynda öwrenşip giden käbir endiklerimizi häzirki tehnologiýalar bilen başgarak görnüşde-de ýerine ýetirip boljakdygyny görkezdi.
Käbir işleri ýetirmek üçin aslynda fiziki taýdan şol ýerde bolmaklygyñ hökman däldigini gördük. Hökmany etmeli işlerimiziñ käbirini täze tehnologiýalar bilen öýde oturan ýerimizdenem edip boljakdygyny hut başymyzdan geçirip öwrendik.
Gerek zadyñy satyn almak üçin birgiden wagtyñy sarp edip uzyn-uzyn nobatlarda garaşanyñdan, gymmatly wagtyñy gidermän, ýüküñi hallaslap öýe daşama aladasy bolmazdan, internet arkaly söwdanyñ has amatly we wagtyñy tygşytlaýandygyny öwrendik.
Birnäçe sagatlap köçe-ýol dyknyşygynda awtoulagyñda garaşyp, işe gitmänem ýygnaklara gatnaşyp bolýandygyna, işimizi bitirip biljekdigimize düşündik.
Esasanam, çagalarymyzyñ mekdebe gitmek üçin dañyñ alagarañkysynda turup buz ýaly köçede awtobusa garaşmazdan, mekdebiñ ýolunda sagatlaryny sarp etmezden bilim alyp biljekdigini gördük. Gelejegimiz bolan çagalarymyz üçin howadyr suw ýaly zerur bolan bilimi aslynda werziş bolan ýagdaýymyzdan daşgaryn, has amatly we tapawutly görnüşde berip boljakdygyny gördük.
Elbetde, men häzir bilim ulgamyna girizilen wirtual bilim programmasyny öwjek bolamok. Häzirki ýerine ýetirip ýörenlerimizi ähli dostlarymyz görsün. Emele gelen ýagdaý ýatan çöpi galdyrmanam bir zatlar edip boljakdygyny görkezdi.
Hiç kimi günäkärlejegem bolamok. Birnäçe zatda bolşy ýaly, bilim meselesinde-de bular ýaly ýagdaýlara taýýarlygymyz ýokdy.
* * *
Mekdebe çenli taýýarlyk we bilim ulgamy bular ýaly giñ gerimli bilim bermäge taýýar däl. Bilim maksatnamasy heniz işlenip düzülenok, okuw meýilnamasy online bilimiñ talaplaryna laýyk gelenok. Hemme zatdan beteri-de mugallymlar taýýar däl, olar bu boýunça taýýarlyk okuwlaryny geçmändirler.
Käbirleriniñ öýde kompýuteri-de ýok. Bar bolanlarynyñam bir bölegi ýaşlary ötüşip başlanlygyndan ozalam tehnologiýadan çöññe we bilim bermek beýle-de dursun, indi-indi özleri dogry ulanmany öwrenmäge çalyşýarlar.
Okuw materiallary heniz uzak aralykdan bilim berme ulgamyna laýyklykda taýýarlanmadyk.
Okuwçylardyr talyplar diýseñ, bir böleginiñ internete girme mümkinçiligi ýok ýa-da maddy ýagdaýlary çäkli. Meselem birnäçesiniñ kompýuteri ýok. Şonuñ üçinem çagalar häzirki wagtda okadylýan okuw boýunça özlerinden berk hasabat soralmajagyny bilýärler we şonuñ üçinem muña çynlakaý üns bermeýärler. Barlag işi ýok, bu ulgama laýyklykda işlenip düzülen ölçerme-baha berme diýlen zat ýok.
Ýagny, aslynda häzirki wagt berilýän hiç hili bilim ýok!
Elbetde, mekdepler diñe bilim almaga gatnalýan ýer däl. Bilim ojaklary sosial we ahlak-didaktiki düşünjeleriniñ ösdürilmegi üçinem gerek. Ol ýerde başga adamlar bilen gatnaşmagy, bilelikde hereket etmegi we ýaşamagy öwrenýärler. Okuw jaýlarynda diñe bilime däl, medeniýete eýe bolunýar.
Emma indi okuw jaýlarynyñ we bilim ulgamynyñ özgerip, döwre aýak goşma wagty geldi. Uzak aralykdan bilim häzirlikçe çagalarymyza hiç hili nepi degmese-de, başymyzdan geçirýän şu günki ýagdaýymyz bize käbir zatlary üýtgedip, başgaça gurnamagymyzda ylham berip biler.
* * *
Belki-de, gelejegiñ okuw jaýlarynda çagalarymyz diñe oýun oýnap, wagtlaryny sport bilen meşgullanyp, çeper döredijilik, sungat we aýdym-saz bilen meşgullanyp geçirerler.
Sosiallaşyp, tebigaty we haýwanat dünýäsini negadar söýmelidigini, olara nähili çemeleşmelidigini, jemgyýetiñ içinde ýaşap ýörkäń biri-biriñe nähili sylag-sarpa goýmalydygyny öwrenerler. Täze-täze hobbileri (güýmenjeleri) edinerler.
Matematika, taryh, georafiýa ýaly dersleri öýde kompýuteriñ başynda öwrenerler. Aslynda göwnejaý gurnalan okuw meýilnamasyny durmuşa geçirmek arkaly wirtual şertlerde çagalar öýde mekdebe garanda has köp zatlary öwrenip bilerler.
Göz öñüne getirip görüñ, taryhçy Ilber Ortaýly wirtual şertde çagalarymyza taryhdan söz açýar… Soñra çagalar özlerine gürrüñ berilenlere kinofilme tomaşa edýän ýaly tomaşa edýärler.
Özüñiziñem bilşiñiz ýaly, Ilber halypa mydama taryha geografiýa düşünjesi bolmazdan düşünip bolmajagyny, şol sanda filosofiýadanam habarly bolmalydygyny aýdýar.
Geografiýa we filosofiýa dersleri-de taryh dersiniñ içine siñdirilen, çagalar taryhy geografiýa we filosofiýa bilen utgaşdyryp öwrenýärler…
Matematika, fizika we himiýa wirtual laboratoriýalarda üç ölçegli görnüşde öwredilýär…
Daşary ýurt dilleri-de wirtual gepleşik otaglarynda bire-bir gürleşilip öwrenilýär…
Nähili gowy bolardy, şeýle dälmi?
Şeýlelikde bilim ulgamynda bir ugurly ülñi kemala geler, baýlaryñ çagalary bilen garyplaryñ çagalarynyñ iñ bolmanda gyradeñ bilim alma mümkinçiligi bolardy.
Aslynda edip bolmajak zat ýok. Her çaganyñ eline bir planşet tutduryp, internete girmäge mümkinçilik döretseñiz, galan zat öz-özünden bolup gider. Meselem, býužetden dini geñeşlige bölünip berilýän pul bilim ulgamyna berilse, bilime döwran dolanmagy ahmal.
Häzirki wagt ýurdumyzda we dünýäniñ birentek ýurdunda uzak aralykdan bilimiñ ýeterlik derejede ýola goýulmazlygy bu sistemanyñ ýaramaz meýilnamadygyny añladyp bilmez.
Häzirlikçe iñ başlangyç görnüşde bolsa-da, ol bize gelejekde nähili bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikleri berip biljekdiginiñ signallaryny berýär.
‘‘Her şerde bir haýyr bar'' diýipdirler-ä öñkülerem, diýmek, bu epidemiýa sebäpli başymyzdan geçirýänlerimiz biziñ hyýaly güýjümizi-de artdyrýar.
Pynar TURAN.
03.05.2020, "Sözcü" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Pedagogika we edep-terbiýe