07:02 Körpeler üçin üç goşgy | |
KÖRPELER ÜÇIN ÜÇ G9ŞGY
Çagalar edebiýaty
• MUGALLYM Sapagyny tamamlap, Mugallym otyr ýene. Bökjekleşýär goýun-guzy, Goşlup çopanjygyň sesne. Günem daga duwlanypdyr, Saçýar gyýyk şöhlesini. Kem-kemden ýygnanýar duman, Howa çygly ýöne ýyly. Belli, çal saç mugallymyň, Oturyşy ýadaw halda. Oňa ertirem garaşýar, Näçe işler, näçe alada. Ertir bezzat çagalara, Sapak bermeli ýene-de: Çeýnemeli däl depderi, Döwmeli däl perony-da. Häzir bolsa barýar olar, Düşüp süriniň yzyna. Oýa çümüpdir mugallym, Çal başyn egip dyzyna. • YZYN ÜZMÄN GAR ÝAGÝAR Basyrypdyr öýleri gar, Gözüň düşýär dyz boý gara. Dumly-duşuň ap-ak, ýagty. Diňe diwarlar gap-gara. Agzyndan çykýan ýyly dem, Doňup galýar bu howada. Turbalardan çykýar tüsse: Çaý gaýnaýar semawarda. Üwläp çaý içýär gör, derläp, Garry baba stol başynda. Garry mama otyr ine Çagalar şat oň daşynda. Pişijekleň oýnan oýny, Çagalary gyzykdyrdy. Olaň oýny ahyrsoňy, Çagalary bezikdirdi. Hasyrdap çykdylar öýden, Sankilerin alyp ele, Indem gardan adam ýasap, Iş boldular uly howla. Gar adamyň burny-da gar, Gözleri bar ýanyp duran. Papak tapyp geýdirdiler, Bir adamyň bar-da duran. Hahaýlap gülüşýärler, Äpet adam taýýar ine. Gör, niçig-ä agtyjyklar, Äňedip dur garry ene. • ÖÝJAGAZ Agaçdan öýjagaz, Üsti bolsa gar. Bir garry mama, Onda ýaşaýar. Bezzat agtyjaklaň Dyzyndan ak gar. Sankiler waz-da-waz, Göwünler joşýar. Oýnap gülüşýärler, Jaý ýasap gardan. Bir-biriniň sesin, Eşidýär zordan. Gar öýjagazlarda, Hezil bor oýun... Barmaklar üşänsoň – Dagaşýar her kim. Çaý içiler ertir, Howla bakarlar. Öýler eräýipdir, Daşarda – bahar! Aleksandr BLOK. Goşgulary terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. “Mydam taýýar”, 30.01.1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |