15:07 Körpelere okap beriñ! | |
• Trolleýbusda
Çagalar edebiýaty
Trolleýbus hyryn-dykyn Ýolagçynyñ güni kyn, Dik dur sakgally geçi Gahardan doly içi. Bir owlak uklan bolup, Otyr ýalana salyp. Ýok ýer bermek hyýaly, Otyr ýelmenen ýaly. Beýle-de bolar eken, Wah, owlak kime çeken? Ýolagçylar edýär syn, Bu ýerde näme mümkin? Owlak sereder, görer - Turup ula ýer berer. • Eli sübseli möjek Köçeden barýar möjek Möjegiñ daşy jäjek, Hemmelerden saýlanýar, Seýilgähde aýlanýar. Bakyp durdum men oña Pikir üýtgedi soñ-a, Jübä penjesin saldy, Bir gysym çigit aldy. Çigit çakyp başlady, Gabygyny taşlady. Men diýjekdim: "Goý indi!" Gökden tüweleý indi. Tümlüge büräp asmany, Möjegi hem-de hapany, Aýlap, aýlap üýşürdi, Sübselige düşürdi, Goý, indi ene möjek, Ýer syryp çykarsyn many. • Ulyny sylañ! Gyrkylan goýunlar gije Atjak bolupdyrlar bije: "Igiñ ýekejesi barka Ýüñi egrip kim başlarka?" "Gowusy goýuñ bijäni, Gündiz edip gijämi Ähli işi aljak boýun". Diýdi ýaş işeññir goýun. Şeýdip sylasañ ulyny, Hökman biter işiñ kyny. • Pyşbaga we garga Assa ýetip duralga, Pyşbaga duşdy garga. Ganaty oñ pişekli, Egni ala eşikli, Balyk deýin geplänok, Sadalygy saklanok. Ulumsyrap ätleýär, Gök asmany ýatlaýar. "Ýeri, dost, halyñ neneñ, Soranyma galma geñ, - Diýdi, pyşbaga garga, - Ynam ýokdur duralga. Durma dynman öñe ýör, Çyksyn senden ajy der. Annaberdi MÜLLI ogly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |