15:07 Körpeleriñ uly dosty | |
KÖRPELERIÑ ULY DOSTY
Çagalar edebiýaty
Ol her gün ir bilen Kitaplar öýüne – işe tarap howlugyp barýandyr. Minsk şäherindäki Maşerow prospektinde ýerleşýän ullakan jaý ine, şeýle atlandyrylýär. Belorus neşirýatlarynyň hemmesi diýen ýaly bu jaýda ýerleşýär. Şol neşirýatlaryň biri – “Ýunantwa” çagalar üçin kitap neşir edýär. Walentin Antonowiç Lukşa bolsa bu neşirýata ýolbaşçylyk edýär. Ol çagalar üçin çykarylýan kitaplaryň gyzykly we täsirli owadan suratlar bilen bezelmegi üçin uly alada edýär. Walentin Antonowiçiň özi hem ulular we körpeler üçin ençeme eser ýazdy. Onuň “Orkestr”, “Ýaşyl keselhana”, “Ýylboýy tomus”, “ganatly seh”... ýaly eserleri ýaş okyjylar tarapyndan gowy garşylandy. W.Lukşa biziň güneşli ülkämizde-de myhmançylykda boldy. Ol Türkmenistan hakda täze goşgular ýazdy. Onuň goşgularyny şahyr Gurban Çöliýew türkmen diline terjime etdi. Biz hem öz gezegimizde körpeleriň uly dosty, belorus şahyry W.Lukşany elli ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris. ■ Hiç şowuna bolanok Dogrujamy aýdaýyn Nätjegimi bilemok. Haýsy ugra ýöresem, Hiç şowuna bolanok. Bäşlik baha diýilýän Gitdi menden daşlaşyp. Nämüçin öýkeledi? Ötdi menzil – ýol aşyp. Undup meni bireýýäm, Dost tutundy Olýany. Näçe oýa batsam-da, Jogap tapyp bolýamy?! Gündeligimde onuň Gysdymykan ýüregi?.. Öz-özüme berdim men, Ine, şeýle soragy. Dosty känle mensizem, Bary onuň daşynda. Baýramçylyk mysaly, Bary bile üýşende. Gelýär meniň ýanyma Aýda-ýylda bir gezek. Bolmaz tutjak gümanyň, Barybir gursaň duzak. Näme günä etdimkäm Beýle onuň ýanynda? Harasat gopýar göýä, Meniň her gün aňymda. Oýlanyp men bu hakda, Sowatdym kän çaýymy. Ýöne weli tapmadym Bäşlikden hiç taýymy. “Nämüçinleň” jogabyn Gözledim kän, tapmadym. Gijelerne oturyp, Pikir etdim, ýatmadym. Belki, täze portfel Oňa darlyk edýändir. Şonuň üçin ol menden Ýüz öwürip gidýändir. Göwün ýüwrüp otyrdym, Bäşlik aldy mazamy. Onuň bilen dostlaşsaň Saklamaly hemişe Tertip-düzgün, nyzamy. Rusçadan terjime eden: Allaýar Çüriýew * * * Agniýa BARTO ■ Seniň baýramyň Garşylamak üçin, Şanly ertiri, Has-da ir uklaýar, Çagalaň bary. Gyzjagazlar ýatyr, Şirin ukuda. Toý – şagalaň sesi, Gör, Moskwada! Ertir irden görüň, Ýap-ýagty jaýlar! Diwarda kalendar, Gyzyl harp çaýlar. Baky gar mesgeni, Demirgazykda. Ir oýandy, ýakut – Çagajygy-da. * * * Gar bilen örtülen daş – töweregiň. Gyzyl baýdak bu gün daş – töweregiň. Toý lybasyn geýnip, gyş obajygy, Barýar dabara. Barýarlar şöhratly gül noýabra. Bu gün uly toý – şowhuny bar ýerde. Gyzyl harplar ýazlan kalendarlarda. Dnepr boýunda, hemme öýlerde, Gyzyl harplar ýazlan kalendarlarda. Hem-de günortada – güneş mekany, gyzyl harplar ýazlan kalendarlarda. Moskwaň aýdymy Oktýabr hakda, Her bir öýde bu gün toý-baýramçylyk. Joşgun aýdym aýdýar, Hem rus, hem täjik. Uly şowhun bilen garşylap ony, El çarpýar şadyýan, kiçijik ýakut Ýaň salýar Soýuza – Lowurdap salýut. Ähli pioneri ähli çagany, Oktýabr baky dost-dogan etdi. Doganlyk-dostlugyň mesgeni bolan, Artekde pioner oduny ýakdy. Ýene-de sanlyja ýyllardan basym, Gowuşgynsyz eller öwrüler güýje. Dostlar, “kim bolmaly?” diýen sowala – Atylmaz bije. Düýnki pionerler, Bolarlar alym. Agronom, lýotçik hem-de inžener, Garaşyň, ýene-de siz biraz salym! Mugallym bolmaga höwesli örän, Özbek gyzjagazy öz obasynda. Diýýär: “her sözüne goýaryn Bäşlik Okuwçylarymyň her birisine”. * * * Ýakut oglanjygy, Agronom bolar. Ýakut topragynda, Galla bol bolar. Sähra çykar çopan, - Sehde brigadir. Olar zähmet çeker, Ýurtda agzybir. Tozap ýatan çöller, Öwrüler baga. Arzuw edýär ahyr, Muny her çaga. Kosmonawt boljakmy, Ýüzjekmi suwda?! Hasyl bolar hökman, Bolsaň arzuwda. Bu gün seň baýramyň, Toý Moskwada. Salýut lowurdysy Gezýär howada. Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. “Mydam taýýar”. 17.10.75 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |