19:46 Kosyginiň žurnalistlere beren interwýusy | |
SSSR Ministrler Sowetiniň Başlygy A.N.Kosyginiň 1967-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky metbugat konferensiýasy
Publisistika
NÝU-ÝORK. 26-njy iýun. (TASS). Metbugat konferensiýasynyň başynda SSSR Ministrler Sowetiniň Başlygyny BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary H.Rols-Bennet, şeýle hem BMG-niň ýanynda ýerleşýän žurnalistler assosiasiýasynyň başlygy Rajawan gutladylar. Rajawan A.N.Kosygine žurnalistler assosiasiýasynyň çakylygyna jogap berendigi we Nýu-Ýorka, BMG-niň Baş Assambleýasynyň adatdan daşary sessiýasyna gelen mahalynda metbugt konferensiýasynda çykyş etmäge razyçylyk berenligi üçin hoşallyk bildirdi. Men şu metbugat zalyna ýygnananlaryň duýgusyny bildirmek bilen-de durman, eýsem bizi radio boýunça diňleýän we telewideniýe boýunça görýän millionlarça adamlaryň hem duýgularyny beýan edýärin. Siziň tagallalaryňyzyň we döwlet işgärleriniň tagallalarynyň parahatçylygy pugtalandyrmaklyga ýardam edip bijekdigine umyt bildirmek isleýärin diýip, Rajawan aýtdy. Soňra A.N.Kosygine söz berilýär. Ol şeýle diýdi: - Hormatly jenaplar. Şu gün bu ýerde duşuşmaga çagyrandyklary üçin, metbugat wekillerine ozaly bilen hoşallyk bildirmek isleýärin. Siziň ýekşenbe günüňizi alanlygym üçin ötünç soraýaryn. Emma siziň bilen başga gün duşuşmaga meniň mümkinçiligim bolmady. Biz Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Sowet Soýuzynyň inisiatiwasy boýunça çagyrylan adatdan daşary sessiýasyna gatnaşmak üçin geldik. Biz şu sessiýany Ýakyn Gündogarda emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly geçirmegi teklip etdik. Ýakyn Gündogarda urşuň öňüni almak üçin Sowet Soýuzynyň birentek ädimler edendigi mälimdir. Emma bu tagallalar amatlylyk bilen tamamlanmady. Ysraýyl agressiýany amala aşyrdy, şol sebäpli bolsa uruş turdy. Birleşen Milletler Guramasy, ähli halklar, ähli döwletler Ýakyn Gündogarda urşuň ýene-de başlanmazlygy üçin we şondan-da uly gerimlere eýe bolmazlygy üçin, ähli mümkin işi etmelidirler. Agressiýa amala aşyrylandan soň, Ysraýyl bilen arap döwletleriniň ok atmaklygyň haýal edilmän bes edilmeginiň maksatlary üçin Howpsuzlyk Sowetiniň ençeme kararlar kabul edendigini siz bilýänsiňiz. Sowet Soýuzy hem öz tarapyndan şu barada hereket etdi. Häzir uruş hereketleri alnyp barylmaýar. Emme agressor bolan Ysraýyl Birleşen Arap Respublikasynyň, Siriýanyň, Iordaniýanyň ep-esli territoriýalaryny basyp aldy, şu döwletleriň goşunlary bir-birine ýüzbe-ýüz durlar. Şonuň üçin-de, eger ysraýyl agressiýasynyň zyýanly netijeleri ýok edilmese, urşuň her pursatda gaýtadan başlanmagy mümkindir. Şuňa görä-de biziň öz öňümizde goýýan we birinji derejeli diýip hasaplaýan wezipämiz agressoryň ýazgarylmagyndan, onuň goşunlarynyň barlyşyk liniýasynyň aňyrsyna haýal edilmän yzyna äkidilmeginden ybaratdyr. Ysraýyl goşunlarynyň keseki territoriýalardan çykarylmagy hakyndaky mesele çözülmese, dünýä şol ýerde urşuň ýene-de başlanmajakdygyna ynanyp bilmez. Bu ýerde, Nýu-Ýorkda biz Ýakyn Gündogar meselelerini çözmeklige nähili çemeleşip boljakdygy barada arap ýurtlarynyň edýän pikirini has golaý bilmäge çalyşdyk. Arap ýurtlarynyň ählisiniň diýen ýaly wekilleri bilen biziň ähli gürrüňlerimiz we duşuşyklarymyz diňe bir zady görkezýär. Ýakyn Gündogardaky ähli meseleleri parahatçylykly çözmäge girişmek üçin ilkibaşda goşunlaryň barlyşyk liniýasynyň aňyrsyna äkidilmegini gazanmak gerek. Ýakyn Gündogardaky işleriň ýagdaýyna degişli meseleleriň bütin kompleksiniň birbada seredilmegini göz öňünde tutýan käbir toparlar we ýurtlar tarapyndan öňe sürülýän teklipler real däldir. Şol teklipler şol ýerde uruş hereketleriniň täzeden başlanmagynyň öňüni almak wezipesine laýyk gelmeýär. Gaýtalaýaryn, goşunlaryň çykarylmagynyň özi ýeke-täk mümkin çözgütdir, şunuň özi häzir esasy, merkezi meseledir. Sowet pozisiýasy Baş Assambleýanyň sessiýasynda biziň eden çykyşlarymyzda birin-birin beýan edildi, şonuň üçin-de men häzir bu barada goşmaça durup geçmerin. Dünýäde dartgynlyk döredýän problemalar başga-da az däldir. Olaryň hataryna, elbetde, ilkinji nobatda, Wýetnamdaky uruş degişlidir. Bu urşuň dünýädäki ähli progressiw güýçler tarapyndan ýazgarylýandygyna garamazdan, amerikan goşunlarynyň Wýetnamdan gürrüňsiz gitmeklerini halklaryň talap edýändiklerine garamazdan, uruş dowam etdirilýär. Birleşen Ştatlaryň hökümeti wýetnam halkyna garşy agressiýany dowam etdirýär. Tä agressorlar wýetnam ülkesinde gidýänçä, şoňa çenli daşary ýurt agressorlaryna gazaply göreşi wýetnam halkynyň bes etmejekdigine biz ynanýarys, bu barda bolsa oňa Sowet Soýuzynyň we beýleki sosialistik ýurtlaryň, dünýäniň bütin progressiw güýçleriniň kömek berjekdikleri gürrüňsizdir. Gowy ösen senagaty bolmadyk, agyr şertlerde durýan halkyň amerikan agressorlaryna garşy göreşi gahrymançylykly alyp barýandygyny biz görýäris. Bu göreşde ýeňşiň wýetnam halkynyň tarapynda boljakdygyna biz ynanýarys. Baş Assambleýanyň sessiýasy mynasybetli bu ýerde bolan mahalymyzda, biz Prezident Jonson bilen iki gezek duşuşdyk, ozal habar berlişi ýaly, şol duşuşyklarda Sowet Soýuzyny we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny gyzyklandyrýan ençeme meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Jonson bilen şu duşuşyklar barada öz beýannamamy men size jar etmek isleýärin, ony men şu gün metbugat üçin berdim: «25-nji iýunynda Nyu-Ýorkuň golaýyndaky Glasboro şäherinde SSSR Ministrler Sowetiniň başlygy A.N.Kosyginiň ABŞ-nyň Prezidenti L.Jonson bilen ikinji duşuşygy boldy. 23-nji iýunda bolan birinji duşuşykda bolşy ýaly, pikir alyşmaklyk ençeme halklara problemalara degişli boldy. Ýakyn Gündogardaky ýagdaý mynasybetli, taraplar özleriniň degişli pozisiýalaryny beýan etdiler. Häzir esasy zat arap ýurtlaryna garşy agressiýany amala aşyran Ysraýylyň goşunlarynyň barlyşyk liniýasynyň aňyrsyna gaýra goýulman äkidilmegini gazanmakdan ybaratdyr diýlip, sowet tarapyndan aýdyldy. Bu mesele Ýakyn Gündogarda parahatçylygy dikeltmek işinde esasy meseledir. Bu mesele BMG-niň Baş Assambleýasynyň adatdan daşary sessiýasynyň üns merkezinde durýar we haýal edilmezden položitel çözülmelidir. Wýetnam problemasy boýunça pikir alyşmalar Sowet Soýuzynyň we ABŞ-nyň pozisiýalarynda çuňňur bap gelmezligi ýene-de ýüze çykýardy. Wýetnam problemasyny düzgünledirmeklik Wýetnam Demokratik Respublikasynyň territoriýasynyň bombalanylmagynyň bes edilmegi we amerikan goşunlarynyň Günorta Wýetnamdan çykarylmagy şertinde, diňe şonda mümkindir diýlip, sowet tarapyndan nygtalyp görkezildi. Taraplaryň ikisi-de ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda halkara şernamasynyň baglaşylmagy barasynda has çalt ylalaşyk gazanmagy möhüm hasaplaýandygyny tassyklady. Gürrüňleriň barşynda iki taraplaryň sowet-amerikan gatnaşyklarynyň ýagdaýyna umumy syn edilip geçildi. Tutuşlygyna duşuşyklar ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça öz pozisiýalaryny deňeşdirmäge Sowet Soýuzynyň we ABŞ-nyň hökümetlerine mümkinçilik berdi, munuň özi iki tarapyň-da pikirine görä, peýdalydyr». Biz BMG-niň Baş sekretary U.Tan bilen we Baş Assambleýanyň Başlygy jenap Pežwik bilen peýdaly gürrüňler etdik, men olara biziň delegasiýamyza beren ünsleri üçin hoşallyk bildirmek isleýärin. Indi men siziň sowallaryňyza jogap bermäge taýýar. * * * «Press trast of Indiýa» agentliginiň wekiliniň sowaly: Jenap Başlyk, Siz Prezident Jonson bilen iki gezek dowamly gürrüň edipsiňiz. Öz gürrüňleriňiz esasynda Siz Ýakyn Gündogardaky hem-de Wýetnamdaky perspektiwalara nähili baha berýärsiňiz? Şu iki raýonda parahatçylygy düzgünleşdirmek mümkinçiligi ýakynlaşdymyka? Jogap: Ýakyn Gündogardaky ýagdaý hakynda pikir alşylan mahalynda biz esasy zatda – ysraýyl goşunlarynyň dessine çykarylmagy barada jenap Jonson bilen maslahata gelip bilmedik. Onuň nukdaýnazary Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglanyşykly meseleleriň bütin kompleksine seretmändiginden ybaratdyr. Biz bolsak, häzir Ysraýylyň goşunlaryny olar tarapyndan eýelenen territoriýalardan haýal etmän çykarmak gerek diýip hasaplaýarys. Munuň özi häzirki pursatda esasy wezipedir. SSSR-iň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň Ýakyn Gündogardaky ýagdaý hakyndaky mesele boýunça mundan beýläk-de pikir alyşmak üçin Baş Assambleýanyň adatdan daşary sessiýasynyň işiniň gidişi boýunça öz aralarynda arabaglanyşyklar saklajakdyklary barada biz maslahata geldik. Wýetnam problemasy barada aýdanyňda bolsa, biz şu problemany ýeterlik uzak ara alyp maslahatlaşan-da bolsak, özümiň ýap-ýaňy okan beýannamamda habar berşim ýaly, wýetnam meselesi boýunça SSSR-iň we ABŞ-nyň pozisiýalaryna çuňňur bap gelmezlikler ýüze çykdy. Gollandiýa radiosynyň habarçysynyň sowaly: NATO döwletleri bilen Warşawa şertnamasyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda çozmazlyk hakynda ýakyn geljekde şertnama baglaşylmagyna Siz garaşýarmysyňyz? Jogap: Siz biziň nukdaýnazarymyzy bilýänsiňiz. Sowet Soýuzy çozmazlyk hakynda şeýle ylalaşyk baglaşmagy teklip etdi. Biz hatda şondan aňry gitmegi-de – Ýewropadaky harby bileleşikleri dargatmagy we şonuň bilen-de dartgynlygy hakykatdan-da aýyrmagy teklip etdik. Emma NATO-nyň çlenleri bolup durýan döwletler biziň teklibimizi kabul etmediler. Bu barada häzirlikçe hiç hili progres ýok, şonuň üçin-de şu mesele boýunça men size hiç zat aýdyp bilmerin. «Prawda» we «Izwestiýa» gazetleriniň habarçylarynyň sowaly: - BMG-niň Baş Assambleýasynyň işiniň ilkinji hepdesiniň jemlerine Siz nähili baha berýärsiňiz? «Reýter» agentliginiň wekiliniň sowaly: - Prezident Jonson bilen Siziň gürrüňleriňiz esasynda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy gowulandyrmak boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy ýa-da Howpsuzlyk Soweti tarapyndan geljekdäki hereketleriň perspektiwalaryna Siz nähili baha berýärsiňiz? Jogap: Biz Baş Assambleýanyň birinji hepdäniň dowamyndaky işine položitel iş hökmünde baha berýäris. Döwletleriň şu hepde içinde Baş Assambleýada çykyş eden wekilleriniň köpüsi Ysraýylyň agressiýasyny ýazgardy, ysrýyl goşunlarynyň barlyşyk liniýasynyň aňyrsyna çykarylmagyny talap etdi. Munuň özi ysraýyl goşunlaryny çykarmak hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň karar kabul etmelidigi barada biziň pikirimizi tassyklaýar, sebäbi şu meseläniň çözülmeginde mundan beýläk bökdençlige salynmagy täze uruş turzulmak howpuny özünde saklaýar. Ýakyn Gündogarda pugta parahatçylygyň berkarar edilmegini gyzyklanýan ähli döwletler goşunlaryň çykarylmagy üçin ses bermelidirler diýip, biz çak edýäris. Eger mesele şu tarapda položitel çözülse, uludygyna ýa-da kiçidigine garamazdan, her bir döwletiň BMG-niň kararyna tabyn bolmagyny we ony ýerine ýetirmegini talap etmäge halklaryň haky bardyr. Assoşieýted Press agentliginiň habarçysynyň sowaly: Ýakyn Gündogarda ýarag postawkalaryny çäklendirmek, şu raýonyň ähli ýurtlarynyň ýaşamaklyga Anab aýlagynda we Sues kanaly boýunça gämi gatnawynyň erkinligine bolan hukuklary delillendirmek barasynda beýik döwletleriň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň arasynda halkara ylalaşygynyň gazanylmagyny Siz mümkin we islenilýän zat diýip hasap edýärmisiňiz? Jogap: Hukuklary kepillendirmek hakyndaky we gämi gämi gatnawynyň erkinligi hakyndaky meseleler ýaly, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna ýarag postawkalaryny çäklendirmek hakyndaky mesele hem agressoryň goşunlary çykarylmasa, şoňa çenli çözülip bilinmez. Ozaly bilen, Ysraýylyň goşunlarynyň barlyşyk liniýasynyň aňyrsyna çykarylmagyny gazanmak gerek, soňra bolsa Ýakyn Gündogarda parahatçylygy pugtalandyrmagyň bähbitleri üçin çözülmegini talap edýän meselelere seretmek mümkin bolar. «Neşnl Brodkasting sistem» diýen amerikan radio-telewizion kompaniýasynyň habarçysynyň sowaly: - Prezident Jonson bilen eden gürrüňleriňiz netijesinde Siz Wýetnamdaky urşuň çalt gutarmagyny gazanmak mümkinçiligi peýda boldy diýip hasap edýärmisiňiz? Jogap: Men şeýle diýip aýdyp bilerin. «Sent-Luis post-dispäç» diýen amerikan gazetiniň habarçysynyň sowaly: - Jenap Başlyk, Siziň pikiriňize görä, Sowet Soýuzy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak baradaky indiki logiki ädim nähili bolmalydyr? Jogap: ABŞ Wýetnama garşy agressiýa edýärkä, sowet-amerikan gatnaşyklarynyň gowulanmagyna bil baglap bolmaz. Biziň gatnaşyklarymyzy gowulandyrmak üçin, ozaly bilen, Birleşik Ştatlaryň Wýetnamdaky urşy bes etmegi gerek. Şondan soň SSSR bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyryp biljek meseleleriň we çäreleriň uly topary bellenilip bilner. Biz ykdysady aragatnaşyklary, medeni aragatnaşyklary ösdürmek meselelerini, ylym we tehnika barasynda alyş-çalyş meselelerini olara degişli edýäris. Beýleki döwletler bilen biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kömegi arkaly uly syýasy problemalaryň çözülmegi üçin jogaplar tapylyp bilnerdi, şol problemalar bolsa heniz-de çözülenok we olary çözmeklik dünýäniň öňünde durýar. Wýetnamdaky uruş Sowet Soýuzy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklara öz tegmilini basýar. Sowt Soýuzynyň halklarynyň uruş islemeýändiklerini siz bilýänsiňiz. Emma welin Wýetnamdaky uruş wýetnam halkyna garşy amerikan agressiýasy zerarly dowam edýär. Şularyň hemmesi bütin halkara ýagdaýyna agyr tegmil basýar. Şuňa görä-de esasy mesele ABŞ-nyň wýetnam halkyna garşy urşy bes etmeginden, öz goşunlaryny Wýetnamdan çykarmakdan ybaratdyr. «Amerikan Brodkasting kompani» diýen radio-telewizion kompaniýasynyň habarçysynyň sowaly: - Eger Prezident Jonson Sowet Soýuzyna barsa, Siziň ABŞ-da peýdalanyşyňyz ýaly, ol hem edil şeýle mähirli, gadyrly kabul edilermidi? Jogap: Eger ABŞ-nyň agressiýasy gutarsady we eger parahatçylykly syýasat ýöredilsedi, onda elbetde, Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Sowet Soýuzynda mähirli, gadyrly kabul edilerdi. «Kolambik Brodkasting sistem» diýen amerikan radio-telewizion kompaniýasynyň habarçysynyň sowaly: - Jenap Başlyk, Siziň pikiriňize görä, ABŞ-na Siziň häzirki syýasatyňyz we Prezident Jonson bilen eden gürrüňleriňiz mahalynda iň uly netije näme boldy? Jogap: Prezident Jonson bilen gürrüňleriň netijeleri boýunça men öz beýannamamy ýap-ýaňy okadym. Şonuň üstüne haýsy-da bolsa täze zat goşup bilmerin. Kairiň «Al-Ahram» gazetiniň habarçysynyň sowaly: - Ysraýyl agressiýasy zerarly, BMG-niň Baş Assambleýasynda öz çykyşyňyzda Siziň beýan eden pikirleriňizi amala aşyrmagyň hakyky mümkinçilikleri nähili? Jogap: BMG-niň Baş Assambleýasynda özüm tarapyndan beýan edilen şu prinsipler doly realdyr diýip, men pikir edýärin. Eger BMG-niň Baş Assambleýasy biz tarapdan hödürlenilen karary kabul etse, onda Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň dikledilmegine ep-esli goşant goşardy. Onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna Howpsuzlyk Sowetiniň gözegçilik etmeli boljakdygy düşnüklidir. Şonuň üçin-de eger şu karar özlerine degişli bolan taraplar ony amala aşyrmakdan ýüz dönderseler, onda oňa Howpsuzlyk Sowetiniň üsti bilen sanksiýalar ulanmaly bolardy. "Ýunaýted Press Interneşnl" agentliginiň habarçysynyň sowaly: - Raketa garşy goranyş sistemanyň ýaýbaňlandyrylmagyny çäklendirmek ýa-da onuň öňüni almak hakynda Sowet Soýuzy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ylalaşyk gazanmaklygyň perspektiwalary nähili? Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakyndaky şertnama mynasybetli kepillendirmeler hakyndaky meseläniň çözülmegine häzir haýsy-da bolsa umyt barmy? Jogap: Raketa garşy sistemalara degişli zatlar barada aýdanyňda, Sowet Soýuzynyň nukdaýnazaryny, siz elbetde, bilýänsiňiz. Raketa garşy sistemalar hakyndaky meselä däl-de,eýsem tutuşlygyna ýaragsyzlanmak hakyndaky, ýagny ýaragyň hüjüm ediş görnüşlerini-de, goranyş görnüşlerini-de ýok etmek hakyndaky meselä seretmek gerek, sebäbi raketa garşy sistema agressiýa ýa-da çozuş serişdesi däl-de, eýsem çozuşdan goranyş serişdesidir. Bütin mesele hut şeýle ýagdaýda degişli suratda ara alnyp maslahatlaşylmalydyr diýip, biz hasap edýäris. Aýdalyň, eger raketa garşy goranyş sistemasyny döretmegiň deregine, serişdeleri hüjüm ediş raketa sistemasyny döretmeklige gönükdirseň, onda, meniň pikirimçe, şundan adamlaryň hiç zat utmajakdygy düşnüklidir. Gaýtam tersine, munuň özi parahatçylyga uly wehim döreder we halklary urşa öňküden-de köp we çalt ýakynlaşdyrar. «Nýu-Ýork geýli nýus» gazetiniň habarçysynyň sowaly: - Glasboroda ýokary derejede bolan iki taraplaýyn duşuşygyň yzyndan uly dörtlügiň duşuşygy bolup biler diýip, Siz hasap edýärmisiňiz, eger bolsa, haçan bolar? Jogap: Bizde uly dörtlügiň maslahatyny çagyrmak hakyndaky meselä seredilmedi, şoňa görä-de bu barada karar kabul edilenok. Kanadanyň «Toronto deýli star» gazetiniň habarçysynyň sowaly: - Jenap Başlyk, Siziň iň golaý planlaryňyz nähili, Siz hususan-da, Monrealdaky «EKSPO-67» sergisine barmakçy dälmi? Jogap: Ýok, men häzir sergä barmaga göz öňünde tutamok. Men Sowet Soýuzyna gaýdyp barmakçy, barýan ýolumda bolsa käbir ýurtlara baryp görmekçi bolaryn. «Ýewropa-1» radiostansiýasynyň habarçysynyň sowaly: - Eger Siz öýüňize barýan ýoluňyzda Prezident de Goll bilen duşuşmak üçin Pariže sowulsaňyz, şeýle halatda munuň özi Prezident Jonson bilen gürrüňlerden soň Siziň ýokary derejedäki maslahaty geçirmegiň we ony dört taraplaýyn gepleşikleriň derejesine geçirmegiň islenilýän zatdygy hakyndaky netijä gelendigiňizi aňladarmydy? Jogap: Dört taraplaýyn gepleşikler hakyndaky meseläniň bizde ara alnyp maslahatlaşylmadygyny men ozal aýtdym. Amerikanyň «Waşington post» gazetiniň habarçysynyň sowaly: - Sowet doktrinasyna görä, Sowet Soýuzy milli-azat edijilik uruşlaryny goldamak ugrunda çykyş etdi. Prezident Jonson bilen gürrüňleriň netijesinde Siziň nukdaýnazaryňyz üýtgedimi? Milli-azat edijilik uruşlarynyň goldanylmagy harby taýdan goldawy-da öz içine almalydyr diýip, Siz hasap edýärmisiňiz? Jogap: Eger kolonial garaşlylygy zyňyp taşlamak ugrunda göreşýän bolsalar, onda, elbetde, şeýle uruşlary biz goldaýarys we goldajakdyrys. Bu göreşde biziň duýgudaşlygymyz kolonializme garşy çykyş edýän halklaryň tarapynda bolar. Habarçylar assosiasiýasynyň wekili: - Jenap Başlyk. Siziň bize şeýle köp üns berenligiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Size ýoluňyzyň ak bolmagyny arzuw etmäge bize rugsat beriň. A.N.Kosygin. Ýene görüşýänçäk. Sag boluň. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1967 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |