12:56 Kürtlerden sorañ.. | |
Kürtlerden sorañ
Degişmeler
★ Sowal: Şöhratly türkmen serkerdesi Selahaddin Eýýubynyñ aslynyñ kürtdügini subut etjek bolýanlar bar. Emma onuñ Turanşa, Böri, Tugtekin atly doganlary bar. O nädip kürt bolýarka? Kürtlerde bular ýaly arassa türkmen adyny dakanlar barmy? ★ Jogap: Kakasy ogullarynyñ metrikasyny almaga ZAGS-a baranynda kürt atlaryny dakyp metrika aljak bolupdyr welin, şol wagtyñ faşist döwletiniñ milletçi işgäri derhal polisiýany çagyryp, ol bendäni it ýenjen ýaly ýençdiräýipdir.. Döwlet hamala Turanşa, Böri we Tugtekin atlaryny zoraýakdan dakdyryşy ýaly, oña-da zor bilen at dakdyrypdyr. Ýagny ýene-de bir kürt maşgalasy assimilýasiýanyñ sütemini çekmeli bolupdyr. (Selahaddiniñ hakyky ady "Xorjend" ekeni. Beýleki doganlarynyñ ady-da nobaty bilen "Rojbaş", "Serxan" we "Tilmazanmyşyn") Haý enesi ýalamadyk kürtler diýsäni, tapýan bahanalaryna seret bulañ.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||