22:04 Liwan ýazyjysynyň eseri türkmen dilinde | |
LIWAN ÝAZYJYSYNYŇ ESERI TÜRKMEN DILINDE
Edebiýat täzelikleri
Liwan halklary öz hukuklary ugrunda göreşmäge çagyrýan belli jemgyýetçilik işgäri, Beýrutyň “Telegraf” gazetiniň eýesi hem baş redaktory Nasyb Metniniň şu ýylyň 7-nji maýynda bilkastlaýyn öldürilmegi liwan halkynyň öz azatlyklaryny goramak üçin aýaga galmagyna sebäp boldy. Şeýlelikde, azatlyk söýüji liwan halky tutuş imperialistik fronta garşy baş göterdi. Häzirki günlerde Liwanyň raýonlarynda gozgalaňçylar hökümet goşunlary bilen çaknyşýarlar. Indi bolsa ABŞ-nyň imperialistleri Liwana garşy bihaýaçylykly açyk agressiýa başladylar. Liwan halkynyň häzirki aýgytlaýjy wakalary başyndan geçirýän günlerimde Türkmen döwlet neşirýaty tarapyndan Jorj Hannanyň “Ybadathana pirleri” powestiniň türkmen dilinde çapdan çykarylmagy şu günlerdäki liwan konfliktiniň ýüze çykyş sebäplerine düýpli düşünmäge kömek etmek bilen, sowet we arap halklarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ýene-de bir aýdyň nusgasydyr. Powest arap ýurtlarynyň biriniň halky, durmuşy we azatlyk ugrundaky göreşi bilen tanyşdyrýar. Jorj Hanna eseriniň wakalaryny real durmuşdan alýar. Ol durmuşyň hözürini bolsa ybadathana pirleri görýärler, olar halkyň ganyny sülük ýaly sorýarlar. Awtor bu eseriniň üsti bilen şol durmuşa özüniň gahar-gazabyny, halkyň durmuşyna duýgudaşlygyny bildirýär. J.Hanna özüniň maksatlaryny ýüze çykyp başlan halk hereketleriniň we olaryň ýolbaşçylarynyň mysalynda okyjysyna ýetirýär. Jorj Hanna Liwanyň görnükli jemgyýetçilik işgäridir, publisist we öz käri boýunça wraçdyr. Ol Günbatar Ýewropanyň we Russiýanyň klassyk edebiýatyny ymykly öwrenýär, sowet edebiýatyna köp üns berýär. J.Hanna şu edebiýatlardan öwrenen nusgalaryny arap edebiýatynda dowam etdirip, häzirki zaman arap edebiýatynyň progressiw akymynyň esasy wekiliniň derejesine göterilýär. J.Hanna parahatçylyk ugrunda aktiw göreşijidir. Ol özüniň gündelik işleri we publisistik makalalary bilen bu asylly işe öz goşandyny goşýar. Ol özüniň eserlerinde we makalalarynda “Kommunistik agressiýa” diýilýän töhmetçilikli toslamalary paş edip durýar. “Ybadathana pirleri” powestini döretmeginde J.Hanna rus we sowet edebiýatlarynyň ep-esli täsiriniň bolandygyny duýmak bolýar. Ol rus edebiýatyna ýokary baha berip şeýle diýýär: “Rus edebiýaty özüniň realizmi bilen tapawutlanýar, ol öz ylhamyny hemişe rus durmuşynyň we rus jemgyýetiniň jümmüşinden sussup alýar... Eger-de dünýäniň beýik ýazyjylarynyň hatarynda ilki bilen Tolstoýyň, Dostoýewskiniň, Puşkiniň we Gorkiniň atlaryny goýan bolsa, onda ol, şol adamlaryň hut öz ýaşan döwründäki rus durmuşyny äşgär hem-de hakyky görnüşde dünýä ýüzüne mälim edendikleriniň netijesidir”. J.Hanna hem şu powesti bilen öz halkynyň şu günki durmuşyny äşgär hem-de hakyky görnüşde mälim edip, progressiw arap edebiýatyna täze temalar, täze ideýalar getirýär we ilkinjileriň hatarynda arap edebiýatynda halk köpçüliginiň azatlyk, parahatlyk ugrundaky göreşini realistik beýan edýär. Bu tema häzirki zaman arap edebiýatynyň iň aktual temalarynyň biridir. J.Hanna bu powestinde özüniň publisistik tejribesinden hem peýdalanýar, jemgyýetçilik durmuşynyň açylyp görkezilmeginde žurnalistleriň işlerine hem köp üns berýär. “Ybadathana pirleri” kim? Ine, şu soraga hem “Ýyldyrym” gazetiniň baş makalasynda jogap berilýär. Bu gazetiň baş redaktory Mejid görnükli žurnalist, rewolýusioner adam, ol halk köpçüligi bilen egin-egne berip göreşmegi mukaddes borç hasaplaýar. Dolandyryjy toparlar bolsa bu gazete şübheli garaýarlar. Olar gazetiň ýapylmagyny gazanmak üçin bahana gözleýärler, çünki gazet olaryň ähli pyssy-pujurlyklarynyň üstüni açýar. Şonuň üçin ýerli jenaplar, misterler Mejidi kommunist, pula satylan, daşary ýurt içalysy hasaplaýarlar. Buržuaziýanyň hakyna tutma gullaryny ýazgaryp, gazet baş makalasynda şeýle ýazýar: “Halk sizi tanaýar, haklaşmaly gün gelende, siz halkyň gazabyndan sypyp bilmersiňiz. Siziň ýalan keramatlylyk bilen gurşalan we ýaşaýan ybadathanaňyz ýumrular. Siziň ybadathanaňyzyň buglaryny onuň pirleri her näçe gorap saklajak bolaýsynlar, çym-pytrak boljak sagady indi daş däl. Halk ol masgaralanan butlara mundan beýläk tagzym edip bilmeýär. Halk olardan ýüz dönderer – muny sizem öz gözüňiz bilen görersiňiz”. Awtor powestiň sahypalarynda ybadathana jemgyýetçiliginiň uruş dowuly bilen ýaşaýandygyny, urşa dünýäni birleşdirmegiň serişdesi hökmünde garaýandygyny görkezýär. Halk ybadathana jemgýetiniň bu syýasatyna üzül-kesil protest bildirýär. “Biz aç, biz çörek isleýäris! Peýdakeşlere ölüm! Halka, zähmetkeşlere çörek gerek! Ýok bolsun uruş oduny tutaşdyryjylar! Ýok bolsun imperialistler!” – diýen şygarlar bilen köçä çykýar. Powestde halk gozgalaňynyň ýolbaşçysy edilip ýaş işçi Kemal Mazrukyň obrazy berilýär. Kemal fabrigiň ýaş işçisiliginden ösüp, ideýa taýdan berkleşip, ministrlere, pomeşiklere garşy göreşiň başarjaň ýolbaşçysy bolup ýetişýär. Açlyk, zorluk, kesel onuň mähriban ejesini, doganyny elinden alýar. Gizlinlikde işlemek, hökümetiň türmesi we sudy hem-de agyr kesel onuň ýanbermez erkini ahyrda syndyrýar. Emma ol ömrüniň iň soňky pursatlarynda hem özüni mertlerçe alyp barýar. Kemalyň wepaly ýoldaşy we söýgülisi Selmanyň üsti bilen bolsa awtor halkyň bagty, özbaşdaklygy ugrunda göreşe başlan arap aýalynyň tipini görkezýär. J.Hanna buržuaziýanyň hakyna tutma gullaryna öwrülen ministrleriniň, din adamlarynyň, polisiýa naçalnikleriniň, satlyk žurnalistleriň hem ýüzlerindäki perdelerini sypyrýar. Powestde millioner Gaffaryň hereketlerine hem köp üns berilýär. Ol amerikan kapitalyna hyzmat edýär. Gaffar Amerikadan gaýdyp gelip, Liwanda egrime-dokma fabrigini gurýar, fabrigiň garamagynda bolsa özüne ýardam beriji buthana saldyrýar. Gaffar senagatyň ösdürilmeginde amerikan kapitalyna daýanýar, işçileriň kapitalistlere garşy çykyşlaryna kommunizmiň programmasy hökmünde garaýar. Fabrikant urşuň tarapdary, urşy önümçiligi we söwdany herekete getiriji güýç diýip düşünýär. Amerikan ilçisi Brauny Gaffar jan ýaly dosty hasaplaýar, onuň öňünde ýalynjaňlyk edýär. Kitabyň awtory daýhanlaryň hem gözgyny ýagdaýyny göňrkezmäge çalyşýar, olaryň düşünjesiniň ösüşini yzarlaýar. Powestde adamynyň “o dünýäde” bagtly ýaşajakdygyny wasp edýän dindarlar hem batyrgaý paş edilýär. “Ybadathana pirleri” powesti Liwan ýazyjylarynyň eserlerinden ilkinji gezek türkmen diline geçirilenidir. Kitabyň terjimesiniň şowly çykanyny bellemek gerek. Imperialistik frontyň zynjyryny gün-günden ejizledýän arap halklarynyň göreşiniň sahypalaryny aýdyň beýan edýän kitaby okyjylar höwes bilen okarlar. Ata ATDAÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |