18:02 M.Atabaý oglunyñ özi hakynda iki makala | |
M.ATABAÝ OGLUNYÑ ÖZI HAKYNDA IKI MAKALA
Edebi makalalar
Surat: Muhammetguly Atabaýew Gaýgysyz Atabaýew bilen "Gaýgysyz Atabaý" kinofilminde (sagda), 1974 ý. / Hojadurdy Narlyýew • Muhammetguly Nohurly Muhammetguly Atabaý ogly 1-njy mart aýynda, 1916-njy ýylda gündiz gurgun gezip ýören eken. Emma agşam bolandan soñra birnäçe Nohur adamlary bilen öýlerinde gürrüñleşip oturupdyr, soñra çaý içip. Emma ýarym gijeden bir sagat soñra Muhammetguly Atabaý ogly oturan adamlara aýdypdyr: ''Eý adamlar, meniñ inim jümşüldeýär, hezilim ýok'' diýip. Ýorgana giripdir we ýorgana girenden soñra 2-nji martda ölüpdir. Muhammetguly Atabaý ogluny Gyzbibi diýen öwlüýäde jaýlapdyrlar. Muhammetguly Atabaý ogly 1-njy martda aýdardy: ''Ertir, 2-nji martda Mara gitjek'' diýip. Özi hem gurgun gezip ýördi. Emma owwal: ''Kelläm agyrýar'' diýerdi, Aşgabat azarhanasyndan (keselhana ㅡ g.b.) geleli bäri. Şol agyrysyndan öldi. • EDARADAN Muhammetguly Atabaý ogly köp akylly, ýagşy adamdy. Ol köp isleýärdi hemme türkmenler okumuş bolup okasynlar we türkmenleriñ gözleri açylsyn. Ol niçiksi isleýärdi hemme galalarda gazet okalsyn. Ol ilki gazetde ýazmaga durdy. Muhammetguly Atabaý ogly niçiksi oglanlary Maryda, Çelekende ýagşy okadyp adam etdi. Ol isleýärdi Nohurda ýagşy şkol açylsyn. Nohurda ýagşy şkol saldyrdy. Nohurda bolan nohurly mollalar muña içi gara boldular we diýdiler: ''Şkoly salmaly ýerinde ýapmaly'' diýip, içleri gara boldular. Nämeden ötri nohurly mollalar bilýärler Nohurda çynaryñ ýanynda şkol salmanyñ günädigini? Mollalar öwlüýämi? Mollalaryñ özleri Nohurda şol çynaryñ düýbünde öz aýallarynyñ ýanlarynda iki tarap bolup urşupdyrlar we şu nohurly mollalaryñ urşanlaryny biziñ gazetimizde-de ýazylypdy. Indi Muhammetguly Atabaý ogly Nohurda 2-nji martda öldi. Indi mollalar diýerler: ''Şu çynaryñ düýbünde şkol saldyrandygyndadyr'' diýip, öz aralarynda aýdarlar. Muhammetguly isleýärdi nohurlylaryñ oglanlarynyñ gözleri açylsyn, olary adam etmek. Adam haçan öljekdigini ýeke Hudaý bilýär. Eý nohurlylar, ''Hudaý gereklini alar'' diýen nakyl bardyr, ýadyñyzdan atmañ, öwlüýä adamlar aýdan däldir: ''Okamak günä'' diýip. Elli ýyl, ýüz ýyl geçende hem Muhammetguly Atabaý ogly ýatdan çykmaz! # ''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar'', 15. III. 1916. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |