19:57 Magtymguly / poema | |
MAGTYMGULY
Poemalar
Wagtyň serhetini parran böwsüp, Bize gelip ýetýär aňyň ýylysy. Türkmeniň kalbyny eýelän gudrat, Desterhany bilen Magtymgulysy. Pähim çuňlugyňda kalplar haýrana. Üç asyra golaý paýhasa baş sen. Näçe ýaşasaň-da, tereň lybasda, "Daýym anbar saçyp", magnyda ýaş sen. Adamzat kalbyny haýrana goýup, Deňelen dünýäňden juda beýiksiň. Geçmişe-geljege nazaryň ýetip Başyňa welilik täjin geýipsiň, Beýik Magtymguly- parasat şasy "Dana adyň doldy, külli älemge". Dünýäniň halklary bir supra üýşüp, Syrly pelsepäňde kereme duşup, Paýhasyň daşynda aýlanýar sap-sap, Pendiňe suwsap. Sünt-Hasar dagynda ýanar ot bolup, Arşyň kemerine ýeten ýerleriň. Söze güýç beripsiň, nakyla çenli, Ylla gunt düşen deý, dür setirleriň. Paýhasyna sygan çar küňçli dünýä Geljegi geçmişden syzan welisiň. Dana, jahankeşde, filosof, alym Sen paýhas ýolusyň türkmen ilimiň. Beýik Magtymguly- paýhasyň ogly "Sözüň ýerde galman diýdigiň geldi"- Mähir paýlap ýürekleriň baryna, Arkadag jan berdi ylham taryna, Berkarar döwletli iliň beýgeldi. Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi, Beýik parasadyň parlak ýyldyzy, Owazyň sygardan gursaklar ejiz. Gözýetmez, sözýetmez aňyň çäginde, Agramyň ölçäre gural ýok heniz. Türkmen ählin jebislige çagyryp, Asyrlar aýlandy paýhasyň bilen. Jemşidiň jamyna taý bolan dana Türkmen dünýä çykdy öz ýoly bilen Arkadagy-Gahryman ogly bilen Toýuň gutlap iller gelýär mekana, Nazar kyl, bagtyýar Türkmenistana. Adyň agzalanda söz tamamlanýar, Diýmek, paýhas siňen aýdyma gezek berilýär, onsoňam agras dymylýar, Birsalym ýer dyrmap, oýlanma gerek. Asal sözden münber ýasap beýgelen Jan-jigeri il derdine eýlenen, Magtymguly- türkmeniň beýik ogly Dabaraň şowhuny daglardan aşdy Ýürekler birleşdi, köňül birleşdi Dana Prezidentiň dür paýhasynda Dünýä bu gün seni täzeden açdy. Nesil daragtyndan dowama gelýär Arkadagyň Magtymgula sarpasy. Hany-manyn dür söze bagş edendir Bu illeriň kowmy- ýedi arkasy Paýhasyň deý, çuň görünýär asmany- Gül-gülüstan bagtyýarlyk bossany. Ömürboýy jebisligi arzuwlap, Bitewi döwletiň tugun islediň. „Häkim bolup, halkyn Gün kibi çoýup, Röwşen pentleriňe serini goýup, Berkarar döwleti jar eden Lider Bagtyýarlyk ýolun döreden Lider Derhal berjaý kyldy köňül islegiň. Agzybirlik köňül tugy türkmeniň Başda täji watanparaz mertleriň Pasyrdap dur bagtyýarlyk baýdagy Dünýä çykdy, ýollar çekdi geljege Beýik döwrüň almaz kibi paýhasy. Dünýe dursa baky durjak şygyrlar Jemagaty birleşmäge çagyrýar. Dana Magtymguly ynsan ähliniň Köňli röwşen tapýar, saňa sygynýar, Pelsepe çuňlugyň ylham dergähi Öwütleriň adalatyň mizany. Paýhasyň deňeldi zere, göwhere, Her sözüň, türkmeniň köňül nagşydyr. Hak nazary düşen ussat-ulugsyň Sen asman paýhasly Magtymgulysyň. Soragly dünýäniň aýanyn gören, Parasat mülkünde tagtyň oglusyň. Beýikler deňelýär öz paýhasyna, Arşy-kürsi söýlän Magtymgulysyň. Aýgül PIRLIÝEWA. | |
|
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |