10:05 Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasy milli terbiýäniñ mekdebidir | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY MILLI TERBIÝÄNIŇ MEKDEBIDIR
Magtymgulyny öwreniş
Myradym nesihat etmekdir halka Aýdar Magtymguly: sözüm ülemdir ("Nogsana gelgeý"). Nesihatym uly ile ylymdyr... ("Gyş bolar"). Hormatly Prezidentimiz "Ynsan kalbynyň öçmejek nury" atly kitabynda beýikleriň beýigi Magtymguly Pyragy barada şeýle ajaýyp pikirleri aýdýar: "Türkmen topragynyň hakyky watançysy, joşgunly waspcysy Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jemgyýetimiziň ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýar, halkymyzyň watansöýüjiligini, erkinligini, bitewiligini, agzybirligini, ýokary adamkärçilik sypatlaryny wasp edýän aýdym bolup ýaňlanýar"; "Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir"; "Magtynguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky göreşidir hem- de agzalalygy ýazgarmagydyr. Ynha, ençeme wagt bäri akyldar şahyryň agzybirlik sapaklaryndan türkmen halkynyň, gör, näçe nesli terbiýelendi we terbiýelenýär"; "Magtymguly - ynsan kalbynyň ruhy lukmany"; "Şahyryň ynsan mertebesi, watansöýüjiligi, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly gymmatly pikirleri täze türkmen jemgyýeti şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir"; "Magtymgulynyň melhem şygyrlary, tenekar sözleri her döwürde ulynyň-kiçiniň ruhuny tämizläp, bu owadan dünýä, adamzada, durmuşa söýgi döredipdir, halkyň göwnüni belende galdyryp, tutuş türkmeniň ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelipdir". Halkymyzyň içinden Magtymguly Pyragy deýin dana akyldaryň dömüp çykmasy Beýik Biribaryň türkmeni ýalkamak ýalkanlygynyň alamatydyr. Başga tarapdan, millet, halk hökmünde türkmeniň bihal däldigini aňryýany bilen subut edýän alamat, ýokardan inen keramatyň, gudratyň hakyky nyşanydyr. Magtymguly Pyragy diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň danasy, bütin adamzadyň genisi. Magtymguly kysmy hakdan içenler ýüzýyllyklaryň, müňýyllyklaryň dowamynda çendan, has selçeň ýüze çykýan, gaýtalanmajak, şol bir wagtyň özünde-de düşündirmesi kyn tebigy, sosial hem jemgyýetçilik hadysa bolup taryha girýär. Magtymguly Pyragy ynsan kowumyna mahsus akyl-paýhasyň, döredijilik ylhamyň, bihallygyň, weliligiň, aşa zehin-başarnygyň aňrybaş ýüze çykmasy hem-de kämilligi, adatdan daşary hadysasydyr. Ol öz ölmez-ýitmez döredijilik açyşlary bilen diňe türkmeniň däl, eýsem bütin adamzat kowumynyň wekili bolup çykyş edýär. Üç asyrdan bäri ol türkmeniň ruhy hossary hem daýanjy, köňül hoşy hem hemaýatkäri, akyl-paýhas ýörelgesi, iň ýokary derejedäki edep-terbiýe mekdebi. Türkmen kyn gününde-de, begençli gününde-de öz Magtymgulysyna sygynýar, bütin durky-düýrmegi, ýüregi bilen oňa diň salýar. Çünki, ynsan kalbynyň töründe ömürlik höwürtge ýasan, hemişelik orun alan dana Akyldardan durmuşyň islendik çylşyrymly pelsepewi soraglaryna aýdyňdan anyk hem jaýdar jogap tapjarsyň. Dünýä danasynyň goyy akyl-payhas şiresi, her bir türkmeniň gan damaryndan akaba bolup akyar, jüreginin üstünden geçip, köňül gözgüsiniň teşneligini yagşylykdan gandyryar, payhas ummanyny durlap, görejini yiteldyar, kalbyna ornap, bütin bedenine tenekar bolup siñýär. Magtymguly atamyzyň döredijiligi düýpsüz hem biserhet umman bolup, köňüllere ornayar, kalplara nur çaýýar. Beýik akyldar dine bir geçmişiň ýa-da şu günün şahyry dål, ol geljegiň hem şahyrydyr. Bu gün Magtymguly Pyragynyň çuň manyly paýhasa batyrylan şygyrlary bakylygyň mukamy bolup, dünye-jahana yaň salýar. Magtymgula uymak ata Watana, il-günüňe, pederlerine uýmak, olary ýürekden söýmek, durkuň bilen türkmenligini duỷ- makdyr. Magtymguly atamyzyň paýhas ummanynda eýlenmek, akył genji-hazynasyna gaplanmak, olary gursagyňa guýup, her bir sözüniň, setiriniň many-mazmunyny duyup ýaşamak, beýik dananyň ajayyp ruhy dünýäsinden dem almak ýnsan üçin aňrybaş bagt hem zerurlykdyr. Magtymguly ynsanyň ynsap ölçegi, ahlak terezisi, synmaz hem sarsmaz mertebesi, edep-terbiýäniñ, milli ruhuñ gönezligidir. Beýik akyldaryň edebi döredijiligi çuň milli mazmuna ýugrulandyr. W.W.Bartoldyň belleýşi ýaly "Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk dine türkmenlerdir". Bu gün Magtymguly Pyragy dünýä halklarynyň beýik şahyry, akyldary, danasy hökmünde tanalýar. Paýhaslar äleminin şasy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dury akyl-paýhasyň egsilmez çeşmesi, Zeminiň altyn gory mysaly hiç mahal poslamajak, mizemejek ruhy-ahlak baýlyk, adyllygyň, danalygyň, edebi-pelsepewi oý-pikirleriň, öwüt-ündewleriň baky terligi. Beýik akyldaryň yssy mähirden püre-pürlenen setirleri ynsanyň ruhy dünýäsi üçin tenekar. Danalaryň danasy, beýikleriň beýigi, ynsan kalbynyň tebib türkmen ruhunyň göwher täji akyldar hem paýhasdar Magtym guly Pyragynyň öňünde gara başyny goýup, tagzym etmegi, one yürekden sygynmagy men türkmen diýip ýüregi urýan her bir ynsan özüne parz hasaplaýan bolsa gerek. Geliň, durky-düýrmegimiz bilen Magtymguly atamyza sygynalyň! Öz halkyny bagryna basyp, ýüreginiň töründe orun beren apalap gursagynda göteren, türkmen milletiniň bütewiligin berkarar döwlet bolaryny isläp, arzuwlap geçen, nesline ölmez yitmez edebi mirasyny, akyl-paýhas ummanyny peşgeş galdyran beýik dana Akyldara tagzym, tagzym ýene-de tagzym! Beýik akyl-paýhas hem edep Mugallymy Magtymguly Pyragy, özüniň ölmez-ýitmez döredijilik hazynasy bilen, her bir ynsanyň kalbynyň törüne ýagşylyk tohumyny sepýär, şeýdip olarda belent hem ajaýyp adamkärçilik duýgularyny şineledýär Özüniň ruhy güýji bilen ynsany barha we barha ynsanlaşdyrýar yamany toba getirýär. Magtymguly atamyzyň baý edebi döredi jiligi, akyl-paýhas hem adamkärçilik taglymaty gör näçe asyr dan bäri ynsan kowumyny ýagşylyga çagyryp, edep-terbiýäniñ beýik nusgasy bolup dünýä ýaň salýar. Ynsan köňlüniň teşneligini uç-gyraksyz akyl-paýhas akabasy bilen gandyrýan bu beýik taglymat dünýä dursa durar, asyrlar aşdygyça, barha we barha rowaçlanar, jümle-jahana ýagty saçýan sönmez hem baky çyraga öwrüler. Magtymguly Pyragynyň dünýä deýin giň, umman deyin çuñ egsilmez edebi mirasyny özünde jemleýän genji-hazynasyna aralaşsaň, ynsan kowumyna mahsus ajaýyp häsiýetleri taryplaýan, il arasynda halanmayan, näletlenýän gylyk-häsiýetleri ýazgarýan dürdäne setirlere, bentlere, tutuş goşgulara gabat gelýärsiñ. Ýagşyny görüp şükür eýle, ýamany görüp sabyr, pikir eýle diyjän beýikleriň beýigi Magtymguly atamyzyň ýiti nazaryndan jagşyzadalaram, betnebis bihepbe zandyýamanlaram sypmandyr. Bu asyrlardan-asyrlara ynsan edebiniň, görüm-göreldesiniň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirip gelýär. Beýik akyldar Magtymguly Pyragy aşa yiti zehinini, uç-gyraksyz bilimini, akyl-paýhas ummanyny, baý durmuş tejribesini dürdäne goşgy setirlerine siñdirip, geljekki nesilleriň hatyrasyna olary halkyna miras galdyrypdyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly "Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip yeten müň dürli öwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany yürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi". Beýik dananyň dünýäniň çar künjüne şöhle saçýan akyl-payhasa yugrulan mizemez edebi miras ýadygärliginiň türkmen topragynda dikilenine üç asyr çemesi wagt geçipdir. Binýady berkden gurlan bu ýadygärligiň göz gamaşdyryjy nurly şöhlesi ýyldyzlardan ýiti, many-mazmun goýazylygy Zeminden agyr, ummanlardan aşýan ýaýrawy diýseň giň. Bu Beýik Biribaryň türkmene bagyş eden tükenmez genji-hazynasy, mukaddes ruhy gymmatlygy. Hudaýa şükür, taryha ser salsaň, türkmen milleti hiç mahal, hiç zatda birysgal bolmandyr. Mundan beýläk hem şeýle boljakdygy ikuçsuzdyr. Jemläp aýtsak, dünýä Danasynyň medeni we edebi mirasy halkymyz üçin edep-terbiýäniň milli mekdebidir. Çary GURBANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |