17:32 Magtymguly weliniň “Pelek” diýýäni “Böwenjik” dälmikä? | |
MAGTYMGULY WELINIÑ "PELEK" DIÝÝÄNI "BÖWENJIK" DÄLMIKÄ?
Magtymgulyny öwreniş
(Täze çaklamalar, garaýyşlar, oýlanmalar) Halkyň zehin eleginde elenip, harpygy ýele sowrulyp, çäji galan döredijiligiň ýekeje yrýa zady ýok. Halk döredijiligindäki hüwdüleriň, läleleriň, küştdepdileriň, şa dessanlaryň, ertekileriň her haýsy özboluşly, bir-birini gaýtalamaýan owaza, waka baý sungat. Halk durmuşyň özeninden susup alan wakalaryny, hadysalaryny köp ýyllyk tejribelerden, synaglardan geçirip, naýbaşylaryny saýlap-seçip, serenjam berip, has kämillerini öz “Altyn hazynaly sandygyna” atypdyr. Şol “Altyn hazynaly sandyk” halk döredijiliginden püre-pür doly. Ondan ýüze çykýan islendik sowalyňa jogap tapmak bolýar. Ine, türkmen halk ertekisi “Böwenjikde” ýöne bir mylaýym beýan edilýän wakalar öz aňrybaş kämilligi bilen haýran edýär. Onda Böwenjik “tak-taklap”, täsin, geň wakalaryň, geň gahrymanlaryň üsti bilen giden gizlin dünýäniň syryny açýar, ynsanyň ömür ýoluny yzarlaýar. Eýsem, Magtymguly Weliniň: “…näçe iýseň, doýmaz sen…Pelek” diýýäni, öňünden çykan ak-garany saýgarman, “tak-taklap”, “pök-pökläp”, “orup”, “gyryp”, “lak-luk atyp” gidip oturan Böwenjik dälmikä!? Böwenjik öz “hyrydarlaryna” “Sizi iýäýinmi?” diýende, Magtymguly atamyzyň “Bu gün gördügimiz ertä goýmaz sen”, “Niçe wagtdan bäri iýer, doýmaz sen” diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Ertekidäki gahrymanlaryň hemmesi Böwenjik “Sizi iýäýinmi” diýende, ynsany-haýwany ýok, güýjüne ýeterlik gaýtawul berýär, garşylyk görkezýär, ýöne “iýme” diýip, müzzerýäni ýok. Ynsan Wagta ýalbarmanyň, boýun burmanyň hiç hili hajatynyň ýokdugyny bilýär. Weli şahyr muny şeýle beýan edýär, ýagny “Armanym ýok, pelek, bir söweş kylsam”, “Ýa ýyksaň, basylsam, ýa seriň alsam” diýmek bilen Wagty – Pelegi söweşip, ýeňip bolmajakdygyny tekrarlaýar. Wagtyň garagy gapyk, rehim şepagaty, ýüregi ýok. Ýöne oňa derek birehim, aç, kyrksakanak garny bar. Oňa boýun burmanyň hajaty ýok. Ýogsa “Böwenjik” diýmäniň özi adamlaryň mähiri, süýji sözi, hoşniýetligi dälmi eýsem!? Ýöne Böwen—Wagt ynsanyň bu mähribanlygyna garamazdan, parh goýman, öňünden çykany ýalmap-ýuwdup barýar. Ol “tak-taklap”, iň mylaýymyndan – böwrejikden, dalajykdan başlap, agtykly garry enäniň öýüne çenli ýuwdup, açgözlük bilen uzak ýol geçýär. Ertekide Böwenjigiň darka ýarylmagy Wagtyň öldürildigi däl-de, onuň bir ülüşiniň, menziliniň soňlanmasy. Pelek – Wagt hiç mahal ölmeýär. Sebäbi Pelegiň, Wagtyň hasabyny adamzadyň özi ýöredýär. Ynsan ömri sözüň doly manysynda Wagtyň – Pelegiň içinde ölçeg terezi. Muny Magtymguly atamyz şeýle tekrarlaýar: “Ahyry ötermiş üstüňden biz hem, Gugaryp galar sen…” Dana eždatlarymyzyň zehin ojagynda taplanan “Böwenjige” “Wagtjyk” diýmändirler, aýratyn böwen–garyn diýipdirler. Garyn, aslynda, türkmen hasabynda wagty aňladýar: bir müçe – 12 ýyl, üç müçe – bir garyn (36 ýyl). Oguzhan döwründen gelýän bu türkmen hasaby, ertekiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ata-babalarymyz Pelegiň-Wagtyň garnynyň ýoklugyny bilýänem bolsalar, doýmaz-dolmaz kyrkgarna şony mynasyp görüp, “Böwenjik” adyny saýlap alypdyrlar. Magtymguly atamyzyň “Köpleri ýok etdiň, käni ýuwutdyň”, “…doýmaz sen”, “…pelek kimi aman eýlediň” diýýäni, gara ýer ýaly ähli zady ýuwdup gelýän Böwenjik dälmi eýsem?! Böwenjik böwrejigi, dalajygy, gargany, torumlyja maýany ýalmap ýuwudýar. Bu pursady Magtymguly atamyz şeýle beýan edýär: “Aramyň ýok, kararyň ýok, dynmaz sen”. Böwenjik eşeklije babany heläk edende, Magtymguly atamyz “Bir mada eşek sen gelip sen deme” diýýär. Ol giden kerweni lak-luk atanda, “Çekiler kerwenler, ýörir hatarlar, Bir yzy üzülmez göçdür ýaranlar” diýýär. Böwenjik on oglany orup, kyrk gyzy gyryp iýende, Magtymguly atamyz “Adam oglun saldyň tükenmez derde, Ýaş-garry—ýolunda sergezdan hemme” diýýär. Erteki bilen söz ussady Magtymguly atamyzyň dürdäne setirleriniň alaçaly ýag ýaly garyşyp gitmegi maňzy manydan doly “Böwenjigiň” täsin syrlylygyny ýene bir gez ösdürýär. Böwenjik gagyldap oturan garganyň ýanyna baranda mahabatly Wagtyň ömür ölçeg urgusy kimin “tak-taklap” barýar. Garga ondan ätiýäç edip, ganatlaryna buýsanyp uçup gidäýjek ýaly, “ala garga oka gelmejek” ýaly. Şahyryň aýdyşyna görä “Kimiň gadyry bar çarhyň ýanynda”. Garga Wagtdan sypyp bilmeýär. Ine, şu ýerde-de Böwenjigiň Wagtdygy ýene bir gezek aýan bolýar. Pelegiň-Wagtyň hemme ýerde hökmürowanlygyna garşy, Pyragynyň “Pelek bazy bermiş jümli jahana, Meniň ygtyýarym berme pelege” diýmegi hem ýöne ýere däl. Onsoň garga niräk uçup gitsin Pelekden, Wagtdan gaçyp?! Böwenjik “tak-taklap”, adam ömrüniň bir pursadyny däl, eýsem ol adamzadyň tutuş ömür ýumagyny çöşleýär. Ol – ýuwdarha, onuň üçin bar zat bir ýuwdum. Şonuň üçin, bu mana baý ertekide Böwenjik Wagtyň, Pelegiň, Gara ýeriň, Dünýäniň doýmaz-dolmaz Garny hökmünde çykyş edýär. Magtymguly atamyzyň döredijiliginde Wagta goýulýan sarpa has täsin hem çuň manylydyr. Wagtyň öňünde diňe adam oglunyň ömri ejiz däldir, onuň zabunlygyna “Altmyş başly, ala garly daglardan, duman göçer… Şeýda bilbil mesgen tutan baglardan, Hazan urar,… gül galmaz”, “Belent daglar, beýikligiňe buýsanma,… Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,… Wagtyň ýetse, gurap, ýer dek bolar sen”, “Isgender dek ýeriň ýüzüni alsaň, Ýerle ýegsan bolup, ýer dek bolar sen” diýmek bilen wagtyň öňünde hiç kim, hiç zat durup bilmez diýýär. Magtymguly Weliniň aýdyşy ýaly, Wagt her näçe zabun, rehim-şepagatsyz bolsa-da, “adam başy daşdan gaty” diýleni, durmuş dowam edýär. Böwenjigiň tarkyldap ýarylmasy ertirki günüň dogmasy, kyrkgasanakdan çykýan adamlaryň şadyýan gülküsi, durmuşyň, ýaşaýşyň lezzetli şowhuny, garry enäniň ak köýneklije agtygy – ömür dowamatynyň ölmez ýitmez dowamy. Wagt ertekide wakalaryň üsti bilen böleklenip görkezilýän bolsa, Magtymgulynyň döredijiliginde Pelek, Gara ýer, Dünýä wagtyň ülüşleriniň, pursatlarynyň bir ýerik çogdamlanan görnüşidir. Wagtdan tygşytly, manyly, ony biperwaý tutman, ondan netijeli, ýerlikli peýdalanyp özüňden soňky nesle, il-günüňe ýaramly, mynasyp ýadygär galdyrmak Wagtyň-Pelegiň höküm sürýän dünýäsiniň manysy. Erteki diýmek köp manyly garaýyşlaryň, isleg arzuwlaryň, hyýaly dünýäniň üsti bilen Ertirki güne ynam döretmekdir. Erteki, has dogrusy, gelejege ynamdyr. Ol “Böwenjik” ertekisinde-de şeýle. Magtymguly atamyzyň umman ýaly döredijiliginde bolsa “Dünýäde ýaman işdir, Gury gelip boş gitmek”, “Her kim öz adyna möhür gazdyrar”, “Ömre ygtybar ýok, näge ýatyp sen”, “Dünýä ahyretiniň kesbi-käridir, Tohum seçeweri, näge ýatyp sen” diýilmek bilen, bu tymsallar giňden nygtalýar, ör boýuna galýar. Baýramberdi DÖWLETGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |