23:06 Malhun hatyn | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -10:
Zenan şahsyýetler
▶ MALHUN HATYN (BALA HATYN) Türkmen gojasy Edebaly şyhyñ gyzy we Osman Gazynyñ ýanýoldaşy Malhun hatun kim bolupdyr? "Gurulyş. Osman" teleserialynda ýaş türk aktrisasy Özge Törer tarapyndan keşbi janlandyrylýan Malhun hatyn (Rabiýa Bala hatyn) hakyndaky okyjylarymyzy gyzyklandyryp biläýjek maglumatlar kitapçylar saýtynda. • Malhun hatyn kim bolupdyr? Klassyky osmanly taryhçylary we olara salgylanýan taryhçylar Osman Gazy Türkmeniñ ýanýoldaşy bolupdyr diýip Şyh Edebalynyñ gyzy Malhun hatyny görkezýär. Osmanly türkmen nesilşalygynyñ ähli neberesi bu zenanyñ neslindendir. Şeýle-de bolsa, biziñ günlerimizde käbir taryhçysumaklar hötjetlik bilen osmanly türkmen neberesiniñ Malhundan däl-de, Osman Gazynyñ beýleki aýallaryndan ýaýrandygyny subut etmäge çalyşýarlar. Aslynda haýsy patyşanyñ haýsy aýaldan doglandygyna üns bermegiñ geregi ýok. Eger şeýle bolsa näme Malhun hatynyñ ady kimdir birilerini ynjalykdan gaçyrýarka?! Munuñ jogaby Osmanly türkmen döwletiniñ binýadynyñ tutulyş kyssasynda ýatyr. Bir gün Osman beg Edebaly şyhyñ tekgesinde düşläp geçipdir. Şonda ol otagda duran Gurhany hormatlap, oña tarap aýagyny uzatman uka gidipdir. Düýşünde Edebaly şyhyñ kükreginden çykan Aý onuñ gujagyna giripdir we ullakan çynar öwrülip, bütin dünýäni tutupdyr. Düýş oraşan bolup, Osman beg Edebaly şyhyñ gyzyna öýlenýär. Olaryñ nikasyndan önen nebere hem dünýäni alty asyrlap dolandyrjak güýçli döwleti gurupdyr. Osman Gazynyñ Malhun hatyna öýlenişi barada Aşykpaşazada şeýle maglumat bar: "Şyha habar berdi. Şyh aýdadyr: "Ogul Osman! Patyşalyk saña we nesliñe mübärek bolsun. Meniñ gyzym Malhun saña halal kylyndy". Şeýle bulaşyk pikirleri orta atýan taryhçysumaklar osmanly nesilşalygynyñ Osman begiñ beýleki aýallaryndan ýaýrandygyny we düýş hekaýatynyñ toslamadygyny aýdyp, Osmanly türkmen döwletiniñ gurulyşyndaky ruhy sütünleri ýumurmaga synanyşýarlar. Muña garamazdan, niýeti-päli düzüw taryhçylaryñ geçiren barlaglary Osman Gazynyñ Malhun hatyndan başga aýalynyñ bolandygyna ýa-da bolmandygyna güwä geçip biljek ýekeje-de ygtybarly maglumatyñ ýokdugyny görkezdi. Ahmal, Osman Gazynyñ Bala hatyn ýa-da Rabiýa hatyn atly başga aýaly-da bolup biler. Ýöne bu ýagdaý Malhun hatynyñ Edebaly şyhyñ gyzydygy we Orhan Gazynyñam ejesidigi hakyndaky taryhy hakykaty üýtgedip bilmez. Eger şeýle bolýan bolsa bu esassyz çaklamalar näme üçin orta atylýar? Megerem, bärde dürli pikirleriñ orta atylmagyna atlar sebäp bolýan bolmaly. Sebäp diýseñ Malhunyñ ady çeşmelerde dürli-dürli görnüşde geçipdir. Has takygy şol bir adamyñ ady çeşmelerde dürli hili agzalmagy şeýle bulaşyklygyñ döremegine getirýär. • Edebaly şyhyñ gyzy Irki döwür osmanly çeşmelerinde Osman Gazynyñ aýalynyñ we Edebaly şyhyñ gyzynyñ ady şeýle agzalypdyr: Aşyk Paşazadanyñ (s. 6 we 35) Neşriniñ (s. 82,83) taryhy işlerinde onuñ ady Malhon (Malhun) hatyn. Oruç begiñ "Taryhynda" (s. 9 we 12) onuñ ady - Rabiýa hatyn. Rüstem paşanyñ "Taryhynda" bolsa oña Rabiýa hatyn diýilýär. Häzirkizaman türk taryhçysy Nejdet Sakaogly "Bu mülküñ zenan soltanlary" atly kitabynda şeýle diýýär: "Bostanzada Ýahýa ependi Malhun hatyny "Taryhy Saf" atly eserinde Edebaly şyhyñ gyzy Rabiýa hatyn diýip görkezipdir. (s. 28.) Emma käbir çeşmelerde Osman Gazynyñ aýalynyñ adynyñ Rabiýadygyny aýtsalar-da, bu pikir häzirlikçe subut edilmedik gury pikir bolmagynda galýar". Görşümiz ýaly irki döwür osmanly taryhçylary Edebaly şyhyñ gyzynyñ Malhundygy we onuñ Osman Gaza durmuşa çykandygy barada birmeñzeş pikire uýupdyrlar. Üns berip seredilende, bu üç adyñ şol bir adama degişli atdygyny görmek kyn däl. Biziñ üçin irki döwür taryhçylaryñ berýän maglumatlary has ygtybarly. Sebäbi garşylyklaýyn pikiri orta atýan çaklamalar ikinji we üçünji derejeli delilleri tutaryk edinýär. Şonuñ üçin şeýle çaklamalaryñ bulaşyklyk döretmekden başga bitirýän işi ýok. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||