11:41 Mälik Tekeş | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -20:
Taryhy şahslar
▶ MÄLIK TEKEŞ Türkmenistanly taryh söýüjiler tarapyndan hem uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýän “Oýanyş. Beýik Seljukly” teleserialy öňki “Ajaýyp asyr”, “Direliş. Ärtogrul” we (häzir dowam edýän) “Gurulyş. Osman” taryhy seriallary ýaly birentek ildeşimizde türkmen taryhyna bolan içgin gyzyklanmany döretdi. Ýakynda türk, özbek, gazak kinomatografiýaçylarynyň bileleşip döreden we häzir özbek dilinde Özbegistan respublikasynyň “Milli TW” telaýaýlymynda berilýän “Mendirman Jelaleddin” (“Men – Jelaleddin”) teleserialy türk dilinde Türkiýäniň “ATV” teleýaýlymynda “Sähranyň arslany Jelaleddin” (“Bozkır Arslanı Celalettin”) ady bilen berlip başlanmagyna garaşylýar. Biz hem öz gezegimizde, häzirlikçe hernäçe gury hyýal ýaly bolup görünse-de, gelejekde biziň sungat işgärlerimiziň hem gönüden-göni öz taryhymyza degişli bolan bu giň gerimli asylly işlerden çetde galmazlygynyny arzuw edýäris. Ýazgymyzyň bu gezekki gürrüňi ediljek taryhy türkmen şahsyýeti “Oýanyş. Beýik Seljukly” teleserialynda “Gurulyş. Osman” serialyndaky mongol serkerdesi Bökäniň obrazyny janlandyryp tanalan belli türk aktýory Atylgan Gümüş tarapyndan keşbi janlandyrylan Mälik Tekeşdir. Mälik Tekeş taryhda kim bolupdyr? Beýik seljuk-türkmen imperiýasynyň soltany Alp-Arslanyň iki oglunyň biri Mälik Tekeş soltanlyk tagtynda oturmak üçin kimleriň garşysyna söweşdikä? Tomaşaçy gatlagy artdyrmagyň hatyrasyna belli bir derejede çeperleşdirilen “Oýanyş” serialyna ynansaň-a, Mälik Tekeş seljuk-türkmen döwletiniň ganym duşmany bolan Hasan Sabbahdyr haçparazlar bilenem bile hereket edip ýör. Çeper senariýada taryhy hakykatlaryň möçberi näçeräk? Onuň ölümi näme sebäpli we kimiň elinden bolupdyr? Ine, şu soraglar şu saýtyň okyjylaryny hem gyzyklandyrsa gerek. Beýik seljuk-türkmen imperiýasynyň soltany Alp-Arslanyň ogly Tutuş I (Mälik Tekeş) ýa-da Täjüddöwle Ebu Said Tutuş (1095-nji ýylda ölýär) Siriýadaky sejuk-türkmen döwletiniň birinji hökümdarydyr. Tutuşy dogany Mälikşa 1079-njy ýylda Şam (häzirki Damask) şäheriniň emiri edip belläpdir. 1085-nji ýylda türkiýedäki seljuk-türkmen döwletiniň gurujysy Gutulmyş ogly Süleýman şa Antakýany eýeländen soň, Siriýany-da eýelemekçi boldy. Süleýman şa şu maksat bilen Halaby gabaýar. Şäheriň häkimi Ibni-Huteýti Tutuşdan kömek soraýar. Tutuş ýanyna seljuklaryň iň iş başarjaň serkerdelerinden Artyk begi (Artykly türkmen begliginiň gurujysy) alyp, 1086-njy ýylyň 4-nji iýun güni Halabyň golaýynda Süleýman şa bilen garşylaşdy (Aýn-Seýlem söweşi). Süleýman şa söweşde wepat boldy. Tutuş Halaby eýeläp, özüni Siriýanyň soltany diýip yglan edipdir. Türkmeni içinden gemren agzalalyklardan we tagt ugrundaky dawalardan seljuklar hem ýetdik paýyny alypdyr. Hut şu dawalar hem olary wagtyň geçmegi bilen taryh sahnasyndan düşüripdi. Siriýadaky seljuk mäligi Rydwanyň agasy Mälik Tekeş hem mundan halas bolup bilmändir. Ol ganybir doganlary we inileri bolan Mälikşa, Berkýaryk, Mahmyt I, Muhammet Tapar, Soltan Sanjar, Dukak (Siriýadaky seljuk mäligi) bilen tagt dawasyna giripdir. Gözlerine mil çekilen Mälik Tekeş 1095-nji ýylda aradan çykypdyr. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapcylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |