06:55 Mäne şäheri we Mäne baba | |
MÄNE ŞÄHERI WE MÄNE BABA
Taryhy ýerler
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde ýygy-ýygydan agzalyp geçilen taryhy şäherleriň biri-de bu ýoluň ugrunda ýerleşen we şöhratly geçmişi bilen tanalýan gadymy Mäne şäheridir. Hormatly Prezidentimiz Mäne şäheri hakda söhbet edende, bu ýerde önüp-ösen we bu şäheriň ady bilen atdaş türkmen akyldary we pir-welisi Mäne babanyň adyny hem buýsanç bilen tutýar. Gadymy Mäne şäheri diýlende, ilki bilen, Mäne baba göz öňüňe gelýär. Bulary bir-birinden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Alym W.A. Şişkin meýhene sözüniň orta pars dilinde mäthana (maethana) görnüşinde ulanylandygyny, bu sözüň bolsa «ýaşalýan ýer, öý, tire-taýpa» ýaly manylary aňladýandygyny belleýär. Täze pars dilinde bu sözüň «mihän» görnüşine geçip, «Watan, ýurt, maşgala, öý» ýaly manylary berýändigi aýdylyp, Mäne diýen adyň ilki şu manyda ýüze çykan bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar. Mäne şäheri hakdaky gymmatly we baý maglumatlar, esasan, Mäne baba hakdaky ygtybarly we gymmatly ýazuw çeşmeleri bolan iki eserde berilýär. Olaryň birinjisi, Mäne babanyň ýuwlugy Jemaleddin Abu Rawh Lutfullanyň ýazan «Halaty suhanany şyh Abu Sagyt Abulhaýyr» atly eserdir. Ikinjisi bolsa onuň beýleki bir ýuwlugy Muhammet Münewweriň ýazan «Esraryt-Towhyt fi makamatiş-şeýh Abu Sagyt» (Abu Sagyt piriň keramatly hallarynda Hak syrlary) atly eseridir. Muhammet Münewweriň Mäne baba hakdaky gymmatly ähmiýeti bolan bu kitabynyň golýazmasynyň surat nusgasy TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanylýar. Türkmen halkynyň milli edebi mirasyna hormat goýýan hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýer-ýurtlaryň we belli şahsyýetleriň gadymy taryhy hakda buýsanç bilen gyzykly söhbetler edip, «Bize gadymy halklaryň hem-de şäherleriň däp-dessurlary, ahlak garaýyşlary gadymy golýazma kitaplaryndan mälim...» diýip, gatlarynda il-ýurdunyň ummasyz taryhy we taryhy hakydalary gizlenip ýatan gadymy golýazma kitaplarymyzyň baý maglumatlaryna uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda Mäne babanyň syýahat eden ýerleri hakda söhbet açanda, onuň ýuwlugy Muhammet Münewwere-de salgylanýar. Piriň ýuwluklary tarapyndan ýazylan «Esraryt-Towhyt» we «Halaty suhanany Abu Sagyt» atly iki eserde bu şäheriň ady köplenç Mihne diýlip ýatlanýar. Bu şäheriň Mäne babanyň dogduk mekanydygy, ýaşynyň soňuna çenli ömür süren ýurdudygy, şeýle-de, onuň bu ýerde aradan çykandygy, bu toprakda jaýlanandygy aýdylýar. Muhammet Münewweriň «Esraryt-Towhyt» eseri Mäne baba hakdaky dilden aýdylan we ýazuw arkaly galdyrylan hekaýatlardan jem edilipdir. Eserde getirilýän bir hekaýat arkaly bolsa Mäne obasynyň adynyň gelip çykyş taryhy baradaky maglumata duş gelmek bolýar. Eseriň golýazmasynda berilýän bu hekaýatda Mäne babanyň aýdan şeýle gürrüňi getirilýär: «Biz üç kişi bolup Abywerde bardyk, soňra Deregeziň üsti bilen Şahy-Mihenä dolandyk». Kitabyň awtory Muhammet Münewwer eserde bu oba hakda: «Mäne Abywerdiň Deregeziniň obalaryndan birisidi we oňa öň Şamine diýýärdiler. Biziň pirimiz (Mäne baba) pir Abu Aly Hujyň mazaryna zyýarat edip gelenden soň, ata Watany bolan bu obasy hakda ýagşy niýet edinip, ony täze at bilen atlandyrmagy ýüregine düwýär. Onsoň ol ýere dolanyp, adamlara: «Bu obanyň adyna näme diýýärler?!» diýip, köpmanyly garaýyş we ýüzlenme äheňinde sowal berýär. Oňa: «Şamine» diýip jogap berýärler. Ol şonda: «Goý, mundan beýläk bu obanyň ady «Şahy-Mihene» diýlip atlandyrylsyn» diýip aýdýar. Şondan bäri piriň sözi gudratly saýylyp, bu obany Şahy-Mihene diýip atlandyryp başladylar» diýýär. Ine, bu hekaýatdan görnüşine görä, Mäne obasynyň ady Mäne babanyň özüniň dakan ady eken. Indi bu adyň leksik manysyny aýdyňlaşdyrmaga synanyşalyň. Eger «şah» we «mihän» diýen pars sözlerinden ybarat bolan bu söz düzüminiň sözlük manylaryna ser salsak, «şah» sözi – 1. şa, patyşa; 2. baş, esasy, iň oňat, iň gowy, has gowy, has oňat, gowusy» diýen manylary berýär. «Mihän» sözi bolsa «Watan, il, ýurt, dogduk mekan» diýen manylary aňladýar we ikisi bilelikde bolsa «Ýurduň gowusy», «Watanyň gowusy», «Ýeriň gowusy» diýen ýaly manylara laýyk gelýär. Şulardan çen tutup, Mäne baba öz ýurduny, dogduk mekanyny jandan eziz görüp, başynyň täji hasaplap, «Şahy-Mihene» diýip atlandyran bolsa gerek. Soň-soňlar ýuwaş-ýuwaşdan «Şahy-Mihene» söz düzümi gysgalyp, ýagny türkmen diliniň fonetik ses üýtgeşmelerine sezewar bolup, halkymyzyň dilinde Mäne sözüne öwrülip giden bolsa gerek. Şunlukda, Abu Sagydyň dakan Şahy-Mihene adyny soňra onuň özüne beripdirler, ýagny beýik pir halkymyzda meşhur bolan Mäne baba adyny ýurduna dakan adyndan alyp gaýdypdyr diýen ylmy garaýyş hakykata golaýdyr diýmek bolar. Gurbangözel KÖMEKOWA, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa we edebi miras bölüminiň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |