02:27 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Marina Swetaýewa | |
MARINA SWETAÝEWA
Şygryýet melekleri
Marina Iwanowna Swetaýewa (Efron), tanymal rus şahyry. Özboluşly we gönümel dilli goşgulary ýazan Marina Swetaýewa daşary ýurtlarda giñden tanalyp durmasa-da, XX asyryñ rus edebiýatynyñ iñ ussat şahyrlaryndan hasap edilýär. Ol 1892-nji ýylyñ 8-nji oktýabrynda Moskwada dogulýar. Ýaşlygynyñ aglaba bölegini Moskwada geçirýär. Kakasy uniwersitetde mugallym, ejesi pianinoçy bolupdyr. On alty ýaşynda Sorbonne uniwersitetine girýär. 1910-njy ýylda "Agşamky depder" ("Вечерный альбом") kitabyny çap etdirýär. Kitapdaky goşgular kämil derejede bolmak bilen birlikde gelejekde-de şunuñ ýaly eserleriñ dowamynyñ boljakdygyna wada berýärdi. 1916-20-nji ýyllarda kagyz gytçylygy bolandygy sebäpli, goşgulary neşir edilmedi. Emma dilden dile, elden ele geçip okalýardy. Onuñ "Şa gyzy" ("Царь девочка") iñ tipiki we in ajaýyp goşgularyndan biridir. Marina Swetaýewa sowet rewolýusiýasyny oñyn garşylamady. Onuñ adamsy Sergeý Efron kontrrewolýusioner Ak gwardiýanyñ hataryndaky ofiserleriñ biridi. Şahyr bu döwürde bolşewiklere garşy ýazan goşgulary bilen gaýtawuly berkleşdirmäge çalyşýar. Olardan 1917-20-nji ýyllarda ýazan goşgular ýygyndysy "Лебедини стан" bir ak gwardiýaçynyñ aýalynyñ gözli şaýady bolan graždanlyk urşunyñ liriki taryhydyr. Marina Swetaýewa 1922-nji ýylda SSSR-i terk edip, Berline, soñra Praga gidýär. 1925-nji ýylda Parijde ýaşap başlaýar. "Blok üçin goşgular" ("Стихи к Блоку"), "Russiýadan soñra" ("После России") daşary ýurtda ýaşaýarka çap edilýär. "Ariadna", "Faidra" ýaly klassyky temada ýazylan tragediýalary, "Meniñ Puşkinim" ("Мой Пушкин") ýaly tankydy kitaplary ýazýar. Soñky goşgular kitaby bolan "Çehiýa üçin goşgularda" ("Стихи к Чехии") nasistleriñ Çehoslowakiýany basyp almaklaryna bolan garşylygyny beýan edipdir. Ol 1930-njy ýylda ýazan "Watan hasraty", 1935-nji ýylda ýazan "Watan" goşgulary bilen ýurdundan alysda ýaşamagyñ hasratyny we Russiýa bolan söýgúsini dile getirýär. 30-njy ýyllaryñ ahyrlarynda kommunistler bilen arasy sazlan şahyr adamsyny we gyzyny ýanyna alyp ýurduna dolanyp gelýär. (Olaryñ ikisi hem wagty gelende stalinizmiñ pidasy bolupdylar). 1939-njy ýylda Marina Swetaýewa Moskwa dolanyp gelýär. Beýik Watançylyk urşy dowam edip durka, Moskwa ewakuirlenýär we şahyr uzak bir oba ugradylýar. Marina Swetaýewa W.W.Maýakowskiniñ özüni atyp öldürmegine örän gynanç bildiripdir we sowet rejimine garşy gidendigine garamazdan Maýakowskiniñ ölümine gynanç bildirip birnäçe goşgulary ýazýar. 1941-nji ýylda Marina Swetaýewa Tatarystanyñ Ýelabuga şäherinde özüni asyp öldürýär. Marina Swetaýewanyñ şahsy durmuşy buýr-bulaşykdyr. Rus edebiýatyna kämil eserleri bagyşlandygyna garamazdan onuñ özi ahlak taýdan kämil bir şahsyýet bolmandyr. Ol hatda birsalym bir aýal maşgala aşyk bolup, onuñ bilen bile ýaşan döwri hem bolupdyr. Şeýle-de bolsa, ol bu ýalñyşlygyndan soñra el çekýär. Durmuşynyñ "birinji betbagtçylygy" hasap eden bu döwri barada şahyr şeýle ýazgylary galdyrypdyr: "Aýal bolup, diñe aýallary ýa-da kişi hökmünde diñe kişieri söýmek, ýa-da bilkastlaýyn inkär etmek aýylgançdyr..." • ENEME Gara geýinmegi söýdüñmi senem, Egniñe geýeniñ ak däl, garadan. Aýtsana, eý meniñ ýaşajyk enem, Kim öpdi, Oýmak deý dodaklaryñdan. Elleriñden kim sypady zallarda Şopeniñ sazyna pyrlanýan pilläñ. Kim ýylatdy seni sowukda, garda Towar tutan zülpleñ diýseñ ülpüldän. Gönümelden diýseñ agras garaýyş Habar berýär diñe durnuklylykdan Juwanlañ gözünde bolýar güýçli yş, Ýaşlyk sowulmandyr bu ter dulukdan. Mümkin zady alyp gidipsiñ ýeser, Alyp bilmedikleñ bulardan kändi. Basypdyr bagryna bu ýuwdarha Ýer Ýañy ýigrim ýaşan juwan zenanny. Mylaýym gün hemem bir tämiz şemal, Patrak deý ak ýyldyz öçdi ýok bolup. Ene! Bu ömrüñe tükeniksiz ar Señ üçin geldimi kalbyma dolup. 4-nji oktýabr - 1914 ý. Goşgyny terjime eden: Gözel ŞAGULYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |