22:37 Mariýa Kolesnikowa "reanimatologiýada" | |
MARIÝA KOLESNIKOWA "REANIMATOLOGIÝADA"
Publisistika
Kakasy Lukaşenkonyñ öñdebaryjy garşydaşyny soñky gezek oktýabrda görende saglyk ýagdaýynyñ gowudygyny aýdypdy. Ýaranlary belarus oppozisiýasynyñ türmedäki lideri Mariýa Kolesnikowanyñ operasiýadan soñ reanimatologiýa geçirilendäki ýagdaýynyñ onçakly gowulaşmandygyny, ýöne kadalydygyny habar berdi. Kyrk ýaşly Kolesnikowa 2021-nji ýylda Belarusyñ prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyñ awtoritar režimine garşy bolup geçen protest demonstrasiýalaryndaky roly üçin 11 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Kolesnikowa öñräk hassahana ýerleşdirilen bolsa-da, lukmanlar medisina barlagynyñ netijesi ýa-da operasiýa boýunça jikme-jik maglumat bermediler. Kolesnikowanyñ oppozisioner ýoldaşlary tarapyndan ýöredilýän Twitter hasabyndan berilen beýanatda Kolesnikowanyñ hassahana ýerleşdirilendigini we 28-nji noýаbrda operasiýa edilendigini habar berdi. Wiktor Babariko Oppozisioner syýasatçy Wiktor Babariko-da Telegramdan ýazan hatynda birmeñzeş düşündirişleri berip, Kolesnikowanyñ ýurduñ günorta-gündogaryndaky Gomel şäheriniñ hassahanalarynyñ birine palata ýerleşdirilendigini aýtdy. Kolesnikowanyñ kakasy Aleksandr gyzynyñ hassahana ýerleşdirilendigini aýdyp, oktýabrda ony türmede iñ soñky gezek görende ýagdaýynyñ we keýpiniñ gowy görnendigini sözüniñ üstüne goşdy. Lukaşenkony aç-açan tankyt edýän Kolesnikowa Belorussiýanyñ prezidentiniñ halk köpçüliginiñ arasynda hiç hili hasap edilmeýändigi aýdylan saýlawda täzeden "saýlanmagynyñ" yzysüre 2020-nji ýylda Belarusda ýüze çykan köpçülikleýin demonstrasiýalardaky oýnan roly sebäpli tussag edilipdi. Kolesnikowa özüne ýöñkelen kanuny aýyplamalaryñ toslamadygyny aýdypdy. Oppozisiýa saýlaw netijeleriniñ üýtgedilendigini we hakyky üstün çykanyñ Swetlana Tihanowskaýadygyny mälim edipdi. Babarikonyñ Telegram kanalynda Kolesnikowanyñ çarşenbe güni reanimasiýadan çykarylyp, kompilýasiýa palatasyna ýerleşdiriljegi aýdyldy. Swetlana Tihanowskaýa Sürgündäki oppozisiýanyñ lideri Swetlana Tihanowskaýa Telegram habarnamasynda "Söýgüli Maşamyz (Mariýa), hemmämiz seniñ ýagdaýyñ gowulaşmagyny umyt edýäris!" diýip ýazdy. Tihanowskaýa Kolesnikowanyñ hassahana ýerleşdirilendigi baradaky birinji habara "gorkunç habar" diýip baha berdi. Saýlawyñ netijelerine garşy geçirilen protestlerde köp sanly demonstrat urlup-ýenjildi. Tihanowskaýa ýalylar bolsa Belorussiýanyñ prezidenti öz häkimiýetine garşy gidýänlere zalymlarça basyş edensoñ mejbury ýagdaýda sürgüne gitmeli boldy. "Ýewropanyñ iñ soñky diktatory" diýlip at berilen Lukaşenko 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda otyr. Lukaşenkonyñ howpsuzlyk güýçleri Kolesnikowany Minskde zorlukly alyp gaçandan soñ Ukraina kowmaga synanşypdy. Emma Kolesnikowa ýurtdan çykmak hakdaky talaplara boýun egmän, serhet ýakasynda hemmeleriñ bilýän görnüşinde pasportyny ýyrtyp, awtoulagyñ aýnasyndan daşyna çykypdy. Mett METERS. Penşenbe, 01.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |