19:09 Mariýa Kýuri | |
Ylyma bagyşlanan ömür
Zenan şahsyýetler
▶ MARIÝA KÝURI Mariýa Kýuri 1867-nji ýylyñ 7-nji noýabrynda ortagürp pomeşigiñ bäşinji çagasy bolup Warşawada dünýä inipdir. Onuñ kakasy fizika we matematiki mugallymy bolup, kompozitor ejesi-de pedagog bolup işläpdir. Kýuriniñ kakasy şol wagtlar Polşa Russiýanyñ gysajy astynda bolansoñ, polşaly hünärmenleriñ ýerine ruslaryñ bellenmegi netijesinde işinden we öýünden jyda düşüpdir. Russiýanyñ Polşanyñ üstünden sürýän agalygynyñ barha galñamagy we assimilleşdirme syýasaty Mariýanyñ durmuşyndanam sowa geçmändir. Şeýlelikde olar pukara durmuşda ýaşap başlaýarlar. Maşgalanyñ uly gyzy Zosiýa tif keseli bilen keselläp aradan çykýar, ejesi bolsa göwrelilikden soñ inçekesele ýolugýar. Inçekesel barha güýjäp iki ýyldan soñ Mariýa 10 ýaşyndaka ejesi aradan çykýar. Mariýa Kýuri 15 ýaşyndaka gimnaziýany tapawutlanan bahalar bilen tamamlap, altyn medala mynasyp bolýar. Ol maşgalada bu medaly üçünji bolup almagy başarypdyr. Mariýa Kýurä Warşawa uniwersitetine girmäge rugsat berilmändir, sebäbi şol wagt rus deržawasy polşaly zenanlaryñ okuwa girmegine ýol bermeýän eken. Şonuñ üçin okuwyny Fransiýada dowam etdirmek isleýär, emma Mariýa ýokary okuw jaýynda okamaga pul tapmansoñ, gyz dogany bilen öz aralarynda şertleşýärler: ilki Mariýä işläp gyz dogany Parižde okamaly, yzyndanam gyz dogany onuñ okamagyna kömek etmeli. Mariýa şol maksat bilen baý maşgalalaryñ ýanynda ýatymlaýyn eneke (guwernantka) bolup işlemäge başlaýar. Garyndaşlygy bolan bir maşgalanyñ ýanynda işläp ýörkä, olaryñ uly ogly Kazimir bilen durmuş gurmagy meýilleşdirseler-de, Mariýa garyp bolansoñ, Kazimiriñ ene-atasy muña razylyk bermändir. Mariýa 1891-nji ýylda medisina ugrundan okan gyz dogany Broniýanyñ çakylygy bilen Pariže gelýär we Sorbonn uniwersitetine okuwa girýär. Gündizine okasa-da, ýeke sagadyny boş geçirmedik Mariýa gijesine ýörite sapaklardan okadyp pul gazanýar we okuwynyñ çykdajysyny ýapýar. Fizika fakultetini 1893-nji ýylda matematika fakultetini 1894-nji ýylda tamamlaýar. Şol wagtlar Industrial fizika we himiýa mekdebiniñ laboratoriýasynyñ başlygy, pýezolelektrigi oýlap tapan alym, özünden on ýaş uly otuz bäş ýaşly Pýer Kýuri bilen tanyşýar. 1895-nji ýylyñ 25-nji iýulynda-da onuñ bilen goş birikdirýär. 1896-njy ýylda mugallymçylyk boýunça diplomyny eline alan Mariýa bir ýyldan soñ polat önümçiliginden fizika ylymlarynyñ doktorlyk dissertasiýasyny goramagy niýetine düwüpdir. Şol ýyl fransuz fizikaçy Antuan Anri Bekkerel uranyñ öz-özünden ýagtylyk ýaýradýandygyny, ýagny radioaktiwdiginiñ üstüni açypdyr. Mariýa mundan soñ uran boýunça alymlyk işini goramagy makul bildi. Onuñ pikiriçe uran mineralynyñ içinde utandan has radioaktiw başga bir element bolaýmalydy. Uran duzlarynyñ ýaýradýan, soñra radioaktiwlik diýlip at beriljek işiñ üstünde ymykly işläp başlaýar. Emma 1897-nji ýylyñ sentýabr aýynda onuñ ilkinji gyz perzendi Irenanyñ dünýä inmegi bilen ylmy barlaglaryna arakesme bermeli bolýar. 1898-nji ýylyñ başlarynda ylmy-barlag işlerini çaltlaşdyran Mariýa toriniñem şeýle şöhleleri ýaýradýandygyny anyklaýar. Şondan soñ adamsy Pýer hem öz işlerini taşlap Mariýanyñ işine kömek edip başlaýar. 1896-njy ýylda eden ylmy açyşlary bilen durmuşy düýpgöter özgeren Kýuriler 1898'nji ýylyñ iýulynda täze radiaktiw elementi bolan ee uranyñ radioaktiw bozulmasyndan orta çykan maddany açandyklaryny mälim etdiler. Adyny-da Mariýanyñ dogduk watany Polşanyñ adyna meñzedip polonium dakdylar. Yzyndanam 1898-nji ýylyñ sentýabrynda fransuz himigi Ežen Anatol Demarseniñ spektroskopiýa usuly bilen kesgitlemesine ýardam eden tebigy radioaktiw radiý elementini açandygyny mälim etdiler. Birnäçe tonna mineral, aseton we beýleki himiki maddalar harçlanan ylmy-barlaglaryñ netijesinde bary-ýogy 100 milligram radiý duzuny öndürdiler. Olar dünýäde ilkinji bolup radiý duzuny öndüripdiler. 1898-nji ýylda başlanan bu tutumly iş gijesini gündiz edip işlän Kýuriler maşgalasynyñ tutuş dört ýylyny alypdy. Uniwersitet ýörite laboratoriýa bilen üpjün etmändigi üçin olar iş wagtlaryny howluda geçiripdirler. Mariýa Kýuri "ürkek periniñ şöhlesi" diýip atlandyran gijelerinde şöhle çykarýan radioaktiw maddalary jübüsinde göteripdir. Är-aýalyñ ikisi-de iş wagtlary standart laboratoriýa fartugyndan başga zady geýmändir. Pýer ýüze çykaýjak saglyk bozulmalaryny görmek üçin öz goluny on sagatlap radiý elementine tutupdyr we şeýle diýipdir: “Adam düýbünden hiç zat duýanok, ýöne on bäş günden soñ deriniñ daşky gatlagy düzedip bolmajak gyzyl reñke bürenýär we elläniñde awuşaýar". Laboratoriýa haýwanlarynyñ ölümine getirýän radiniñ howpundan ägą bolmagy maslahat berendiklerine garamazdan ol: "Ýaram hiç neneñ däl. Aýalymam edil meniñ ýaly, özünden göwnühoş" diýip ýazypdyr. Mariýa Kýuri 1903-nji ýylda doktorlyk dissertasiýasyny goraýar we Fransiýanyñ şol wagtky ösen ylymynda zenanlaryñ arasynda ilkinji bolup ylymlaryñ doktory bolýar. Şol ýyl ol halypasy Antuan Anri Bekkerel bilen bilelikde fizika boýunça Nobel baýragynyny hem alyp, zenanlaryñ arasynfa Nobeliñ ilkinji laureaty bolýar. Gynansak-da, Nobel baýragynyñ gowşurylyş dabarasynda Mariýa Kýurä çykyş etmäge rugsat berilmändir, şonuñ üçin onuñ ýerine adamsy Pýer Kýuri orta çykypdyr. 1904-nji ýylda Pýer Kýuri Sorbonn uniwersitetinde okatmaga başlaýar. Mariýanyñ özü-de Sewresdäki gyzlar mekdebinde fizika sapagyndan okatmaga başlaýar. Şol ýylyñ ahyrynda ikinjy gyz perzendi Ýewany dünýä inderýär. Şol wagtlar är-aýal radiasiýadan geçen täsirlerden ýaña ýaraman başlaýar. Alymlar bu döwürde olara radiý elementiniñ dokumalara zeper ýetirendigini aýdýarlar. 1906-njy ýylyñ 9-njy aprelinde Pýer Kýuri paýtunyñ aşagyna düşüp aradan çykýar. Iki çagasy bilen dul galan Mariýa adamsynyñ Sorbonndaky mugallymçylyk kärini dowam etdiripdir we 1908-nji ýylda Sorbonnyñ ilkinji zenan professory adyny alypdyr. 1911-nji ýylda radiý we polonium elementlerini açandygy üçin himiýa boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Şeýlelikde ol, taryhda iki gezek Nobel baýragyny alan ilkinji laureat bolmagy-da başarýar. Açan açyşy bir elementiñ radioaktiw ýerine ýetirmelerden soñ başga bir elemente öwrülýändigini görkezýärdi. Onuñ bu açyşy himiýa ylmynda bütinleý täze sahypanyñ başyny başlaýardy. Mariýa Kýuri 1911-nji ýylyñ aprelinde Nobel baýragyny almak üçin Stokgolma gidýär. Ol baýrak gowşurylyş dabarasynda eden çykyşynda merhum adamsy Pýer Kýuriniñem eden kömeginiñ az-uçuk bolmandygyny aýdyp, radioaktiw işjeñligiñ atomyñ bir aýratynlygydygy baradaky gipotezany özüniñ işläp düzendigini mälim edýär. Alym mundan soñky ýyllarda şahsy hüjümlere uçraýar. Agzasy uçdantutma erkek adamlardan ybarat Fransiýanyñ Ylymlar akademiýasy Mariýa hakynda ýaýran gep-gybatlary bahanalap, ýekeje ses artykmaçlygy bilen onuñ agzalygyny tassyklamandyr. Şol wagt onuñ adamsy Pýer Kýuriniñ ýakyn dosty we maşgalaly Pol Langewin bilen "gezýändigi" barada myş-myşlar dilden-dile düşýär. Langewin atylan myjabata çydap bilmän şeýle bir gahary gelipdir welin, bu ýalan habary çap eden gazetiñ redaktoryny köpçüligiñ öñünde ýekme-ýek duele çagyrýar. Redaktor eline sapançasyny almaga ýöwselläp başlaýar, şeýlelikde Langewin mertlik edip merhum dostunyñ yzynda galan dul aýalynyñ namysyny goramagy başarypdyr. Dilini ýerden tapan ýaly eşden zadynyñ ýalandygyna-çyndygyna bakman ile-güne ýaýradýan gybatçylaryñam dili girmeli ýerine girýär. Şeýle-de bolsa, Mariýa kynçylykly geçen ýyllaryñ yzyndan uzak wagta çeken depressiýa döwrüni başdan geçiripdir. 1914-nji ýylda Pariž uniwersitetinde Radiý instituty döredilýär. Mariýa institutyñ ilkinji direktory wezipesine bellenýär. Ol galan ömründe radiniñ medisinadaky ähmiýetine ünsi çekýär. Birinji jahan urşy döwründe gyzy Iren bilen bile ýaş aýal-gyzlara X şöhlesiniñ tehnologiýasyny öwredipdir. Hususanam fizoterapist hünärmenlere uruş wagtynda radiologiýa toplumyny ulanmagyñ ýollaryny öwredýärler. Şol wagt olar ýokary dozaly radioaktiw şöhlesine uçraýarlar. Mariýa Kýuri 1920-nji ýyllarda-da ylyma goşant goşmagyny dowam etdiripdir. Warşawanyñ Radiý institutynyñ gurulmagy üçin uly işleri bitirýär. ABŞ-nyñ 31-nji Prezidenti Gerbert Guweriñ beren 50 müñ amerikan dollaryna Warşawadaky täze gurulan laboratoriýa radiý satyn alýar. Mariýanyñ uly gyzy Iren ejesiniñ ylmy işlerine ýakyndan goldaw beripdir. Ol ejesiniñ şägirdi Frederik Žolio bilen goş birikdirýär. Nikadan soñ olar familiýalaryny Žolio-Kýuri görnüşinde ýazyp başlaýarlar. Är-aýal 1935-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragyny alýarlar. Iren 1956-njy ýylda elli alty ýaşynda, Frederik 1958-nji ýylda elli sekiz ýaşynda (radioaktiw maddalaryñ arasynda aşa köp işljndikleri sebäpli saglyklaryny ýitirendigi çaklanylýar) aradan çykýar. Mariýa Kýuriniñ özi 1934-nji ýylda laboratoriýalarda alyp barýan ylmy-barlag işleri wagtynda radioaktiw şöhleleriñ yzygiderli täsirinden gana geçen rak keseli zerarly Fransiýanyñ Sawoý şäherindäki "Sancellemoz" şypahanasynda aradan çykýar. Ylym üçin ömrüni gurban eden Mariýa Kýuriniñ ady radioaktiw birligine dakyldy. Soñ-soñlar onuñ radioaktow synag çüýşejiklerini jübüsinde göterendigi weiş stolunuñ tahylynda şeýle çüýşejikleri saklandygy mälim boldy. Kýuriniñ bloknotlaryna çakdanaşa derejede radiasiýa bulaşypdyr welin, olary diñe gurşun gaplarda saklap, ýörite radioaktiw gorag astynda öwrenip bolýar. Onuñ gubury Fransiýanyñ "Panteon" döwlet gonamçylygyndadyr. Alymyñ beýleki gyzy maşgala agzalarynyñ tutan ýolundan başga ugry - sosial ylymlary saýlap alýar. Ýazyjy, žurnalist, pianinoçy Ýewa Kýuri ýüz iki ýaşap 2007-nji ýylyñ 22-nji oktýabrynda Nýu-Ýorkda aradan çykdy. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |