MAŞAT ATA
"Mukaddeslige tagzym"
Zyýarat etmek däbi gadym döwürlerde emele gelipdir: adamlar ýürek emrine maýyl bolup, keramatly ýerlere zyýarat etmek, ata-babalaryny hatyralamak, mukaddesliklere tagzym etmek ýa-da gahrymanlara hormat-sarpa goýmak üçin alysdaky ýerlere baryp görmäge çalşypdyrlar. Kimdir biri uly umyt bilen dertden gutulmak, beýleki biri bolsa durmuşyñ baş sowallaryna jogap tapmak üçin şeýle saparlara rowana bolupdyr. Ýöne, islendik halatda zyýaratçylyk hemişe dindarlyk we ruhylyk bilen baglanyşykly bolupdyr. Zyýarat etmek gadym döwürlerde ruhy we fiziki gahrymançylyk hökmünde kabul edilipdir. Häzirki wagtda munuñ özi diñe beýleki şäherleri we ýurtlary görmäge mümkinçilik berýän syýahatçylygyñ aýratyn görnüşi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryñ gymmatly mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga, şeýle hem adamzadyñ taryhynyñ beýik ýadygärlikleri bilen ýüzbe-ýüz bolmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyñ günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Gadymy Dehistan ýurdumyzyñ zyýaratçylyk merkezleriniñ biri bolup durýar. Bu künjek gadymy ekerançylyk oazisi bolup durupdyr. Şol ýerde III müñ ýyllygyñ ahyryndan täze eýýama çenli, takmynan, otuz asyryñ dowamynda yzygiderli köp sanly suwaryş ulgamy hereket edipdir. Bu ülkäniñ köp sanly arheologiki ýadygärlikleri ony suw bilen üpjün eden çeşmeler egsilýänçä, şol ýerde ýaşaýyş-durmuşyñ gülläp ösendigini ýatladýar.
Orta asyr Dehistanynyñ uly ýadygärlikleriniñ biri-de gadymy Misserian şäher harabalygydyr. Ol 200 gektara golaý meýdany eýeleýär. Şäheriñ merkezi bölegini - şähristany ýarym aýlaw görnüşindäki diñli diwarlaryñ goşa hatary gurşap alypdyr. Onuñ daş-töwereginde senetçilik toplumlarynyñ yzlary, küýzegärlik ussahanalarynyñ köp sanly galyndylary, şeýle hem birnäçe metjitleriñ we kerwensaraýlaryñ binýatlary saklanyp galypdyr. Şäheriñ günorta eteginde bagçylyk - seýilgäh zolaklaty we bazar meýdançasy ýerleşipdir, onuñ günbatar böleginde bolsa ýaşaýyş jaýlarynyñ yzlary saklanyp galypdyr. Çeperçilik gymmatlygyna eýe bolan binalaryñ haýran galdyryjy harabalyklary onuñ binagärligi barada ýatladýar.
Olaryñ arasynda Maşat ata desgasy has tapawutlanýar. Ony "Şir-Kabir" diýip hem atlandyrýarlar. Ol Türkmenistanyñ çäginde biziñ günlerimize çenli saklanyp galan metjitleriñ iñ gadymkysy hasaplanýar. Köp asyrlaryñ dowamynda ol goñşy welaýatlardan musulmanlaryñ zyýarat edýän ýeri bolup hyzmat edipdir we mundan müñ ýyla golaý wagt ozal Dehistanda ýaşap geçen sopy şeýhi Aly as-Sukkariniñ jaýlanmagy bilen baglanyşykly keramatly ýer hasaplanylýar.
XXI asyrda hem zyýaratçylarynyñ sany azalmaýan Maşat atanyñ özüne çekijiliginiñ syry nämedekä?!
Geçen asyrlarda geçirilen köp sanly durkuny täzeleýiş we abatlaýyş işlerinden soñ, bu ýerde, merkezi gümmez zalynyñ içki böleginde diñe örän owadan mährap ilkibaşdaky görnüşinde saklanyp galydyr. Ol köwere önümlerini haşamlamak usulynda ýerine ýetirilipdir we IX-X asyrlarda tutuş Arap halyfatlygy boýunça giñden ýaýran usulyñ naýbaşysy hasaplanylýar. Metjidiñ özüniñ sazlaşygy, onuñ bir mahallarky kaşañ içerki bezegi ýurdumyzyñ we daşary ýurtlaryñ yslam sungaty boýunça hünärmenlerine bu uly bolmadyk desgany tutuş Merkezi Aziýanyñ nuwgawy musulman binagärliginiñ ilkinji nusgalarynyñ biri hasaplamaga mümkinçilik berýär.
Maşat ata metjidini dikeltmek boýunça birnäçe ýyl mundan ozal geçirilen işler bu ýadygärligi mundan beýläk-de gorap saklamak meselesini onlarça ýyl üçin çözmäge ýardam etdi. Bu ýadygärlik Dehistanyñ beýleki taryhy desgalary bilen birlikde "Beýik Ýüpek ýoly" toparlaýyn halkara dalaşgärleriniñ bir nokady hökmünde ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä mirasynyñ Komitetine hödürlenildi.
Metjidiñ durkuny täzelemek we konserwirlemek bilen birlikde arheologiýa işleri hem guraldy. Şunuñ netijesinde bu binagärlk toplumynyñ taryhy we ilkibaşdaky düzümi babatda köp meseleler aýan boldy XII asyra degişli binalaryñ tutuş toplumy - sopy dindarlaryñ ýaşaýan ýeri ýüze çykaryldy.
Gadymy metjitleriñ dikeldilmegi gadymy ussalaryñ döreden ajaýyp sungatyny aýawly saklamaga, dindarlara hereket edýän dini äheñli desga hökmünde ony ýene-de maksadalaýyk ulanmaga mümkinçilik berdi.
Maşat ata metjidi ilatly ýerlerden has daşda ýerleşýär. Munuñ özi bu täsin ýadygärligi görmäge isleg bildirýän syýaýatçylara, şeýle hem türkmen halkynyñ milli mukaddesligine sežde etmegi ýüregine düwen zyýaratçylaryñ bu ýere gelmegine kynçylyk döredýärdi. Ýöne, indi, Maşat ata metjidi gaýtadan dikeldilenden soñ, ýadygärlige gelýänleriñ sany artdy. Bu sebitiñ düzüminiñ ösdürilmegi hem muña şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ýadygärlikden bary-ýogy 1 km uzaklykda "Demirgazyk-Günorta" transmilli ulag geçelgesiniñ Bereket-Etrek demir ýolunyñ şahasy çekildi.
Güljan MOLLAÝEWA.
Taryhy şahslar