18:25 Medeni taryhymyza degişli gysgajyk ylmy maglumatlar | |
MEDENI TARYHYMYZA DEGIŞLI GYSGAJYK YLMY MAGLUMATLAR
Edebiýaty öwreniş
Manyly ömrüni oba mekdebinde fizika we matematika mugallymçylygyna bagyşlan Atajan Annaberdiýew (1946-2006) özüniň ajaýyp goşgulary bilen şygryýet äleminde-de belent derejelere ýetdi. «Goşgudan galan gyýkyndylar» diýen at bilen okyjylara hödürlän setirleri özboluşly şahyryň mydama täzeligiň gözlegindebo¬landygyndan habar berýärdi. Diňe şygryýetde däl, eýsem, ylymda-da monografiýalardan, ylmy makalalardyr nutuklardan galan «gyýkyndylar» bolýar. Olar möçberi taýyndan kiçi-de bolsa, adatça, özünde uly manylary jemleýär. Edil takyk ylymlarda nanotehnologiýa daýanylyp ýasalan owunjak enjamlaryň uly ähmiýete eýe bolşy ýaly. Şahsy arhiwimde saklanylýan köp sanly «gyýkyndylaryň» birnäçesini iki topara bölüp, hormatly okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildim. Birinji topardakylar beýik akyldar şahyrymyz Magtymgula we onuň esaslandyran edebi mekdebiniň käbir wekillerine degişli bolsa, ikinji topardakylar mähriban halkymyzyň taryhy, ozalynda hem, medeni taryhy bilen baglanyşyklydyr. I. Käte biz, alymlar, beýik Magtymguly barada ýerine ýetirilen işleriň hemmesini bilýändiris, olaryň doly sanawyny düzendiris öýdýäris. Emma bu beýle däl: — Aleksandr Hodzkonyň (1804-1891) Britaniýanyň paýtagty Londonda 1862-nji ýylda iňlis dilinde neşir edilen terjimeler kitabyna beýik şahyrymyz Magtymgulynyň üç sany goşgusynyň girizilendiginden köp kişi habarlydyr. Ýöne şol üç goşgynyň Adolf Bürelýe tarapyndan fransuz diline terjime edilip, Parižde çykarylan žurnallaryň birinde 1852-nji ýylda çap edilendigini bilýänler weli az bolsa gerek; — A.Hodzkonyň ýokarda agzalan kitabynda Magtymgulynyň haýsydyr bir sebäbe ýa-da sebäplere görä, hakykatdan ep-esli daşlaşdyrylan terjimehaly hem berlipdir. Türkmen şahyrynyň şoňa meňzeş terjimehalyny tanymal iňlis şahyr zenany Eliza Kuk (Eliza Cook, 1818-1889) özüniň «Eliza Cook’s Journal» diýen at bilen 1849-1854-nji ýyllarda çykaran žurnalynyň 1853-nji ýyla degişli 246-njy sanynda çap edip, öz okyjylaryna ýetiripdir; — Arminiý Wamberiniň (1832-1913) Türkmenistanyň üsti bilen Hywa we Buhara ýurtlaryna 1862-1863-nji ýyllaryň dowamynda eden syýahatlary hakynda ýazan «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada ähmiýetli maglumatlar bar. Bu kitabyň şu wagta çenli alymlarymyz tarapyndan ulanylýan rus dilindäki neşiri ilkinji gezek 1867-nji ýylda çykan bolsa, iňlisçesi 1864-nji ýylda, nemesçesi bolsa 1865-nji ýylda öz okyjylaryna gowşupdyr; — 1881-nji ýylda Aziýa we Afrika halklary barada Gollandiýanyň (Niderlandlaryň) Haarlem şäherinde okyjylara hödürlenilen ensiklopedik neşiriň türkmenlere bagyşlanylan sahypalarynda Arminiý Wamberiniň şondan 20 ýyl töweregi öň Türkmenistana eden syýahatlary hakynda çykaran kitaplary esasynda beýik şahyrymyz Magtymgula degişli golland (niderland) dilinde ýazylan gymmatly maglumatlara duşýarys; — Arminiý Wamberiniň öz wagtynda ylmy jemgyýetçilige hödürläp ýetişmedik kitaby hem bar. Onuň ogly, ABŞ-da Wengriýanyň ilçisi bolup işlän we Nýu-Ýork şäherinde aradan çykan Rüstem Wamberiniň (1872-1948) gysgaça sözbaşysy bilen neşire taýýarlanylyp, 1914-nji ýylda Budapeştde çapdan çykan we türki-wenger dilleriniň deňeşdirmesine bagyşlanan şol kitabyň sözlük bölüminde Magtymgulynyň goşgularyna birnäçe gezek ýüzlenilýär, olardan mysal getirilýär. Wenger dilindäki bu kitap 2008-nji ýylda täzeden neşir edildi; — Magtymgulynyň şygyrlarynyň 1926-njy ýylda okyjylara ýetirilen ilkinji Aşgabat neşirini Berdi Kerbabaýewiň çapa taýýarlandygy bellidir. Ýöne ýygynda sözbaşy ýazyp, onuň haýsy golýazmalar we neşirler esasynda taýýarlanylandygyny takyklanyň bolsa Bekgi Berdiyewdigi (1897-1970) soňky wagtlara çenli aýratyn nygtalman gelindi; — 1925-nji ýylda döredilen Döwlet alymlar geňeşiniň (şol wagtky atlandyrylyşy: Döwlet bilim şurasy) başlygy Bekgi Berdiýewiň nusgawy şahyrymyzyň 1926-njy ýyldaky şol ýygyndysyna ýazan sözbaşysynda beýleki maglumatlardan başga-da, şulary okaýarys: «Döwlet bilim şurasy ýokarda aýtdygymyza görä, arkadaş Berdi Kerbaba ogluna Magtymguly goşgularyny dürli ýazmalary seljerip, toplamany tabşyrdy we birnäçe Magtymguly nusgalaryny tapyp berdi. Olaryň içinde belliräkleri: Seýitmyrat Öwezbaýyň Hywa, Karaş hanyň Çeleken ýazmasy, meniň Garrygala golýazmalarym». — Magtymgulynyň eserleriniň golýazmalary hakynda gürrüň gozgalanda, Bekgi Berdiýewiň dogany Kakajan Berdiýewiň hem adyny tutmak zerur bolup durýar. Sebäbi akademik A.N.Samoýlowiç 1915-nji ýylda çap edilen makalasynda Peterburg uniwersitetiniň talyby Kakajan Berdiýewiň Magtymgulynyň 170 sany goşgusy ýazylan bir golýazmany Marydan getirip, özüne gowşurandygyny aýdyp, munuň şol wagta çenli alymlaryň gola salan golýazmalarynyň iň dolusydygyny ýörite belleýär. Onuň güwä geçmegine görä, bu golýazma 1909-njy ýylyň 20-nji maýynda göçürilip ýazylypdyr; — Magtymgulynyň şygyrlary öňräkden bäri türkmenleriň ähli toparlarynyň, şol sanda olaryň esasy böleginden üzňeräk ýaşaýan Stawropol türkmenleriniň arasyna hem giňden ýaýrapdyr. Akademik A.N.Samoýlowiç 1912-nji ýylda Stawropolda bolanda, şahyryň goşgularynyň 30-dan gowragyny hasaba alypdyr. Ýerli bagşy Abdylhekim Nyýazhajy ogly bolsa Magtymgulynyň goşgularynyň sekiz sanysyny aýdym edip aýdýan eken; — 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan belli alym we ýazyjy Ahmet Ahundow-Gürgenliniň (1909-1943) Magtymgulynyň şygyrlarynyň heniz uruş başlamazyndan öň taýýarlan ýygyndysy 1940-1941-nji ýyllarda Aşgabatda birnäçe gezek neşir edilýär. Käbir daşary ýurtly ýazarlaryň işlerinden belli bolşuna görä, 1944-nji ýylda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde Magtymgulynyň 85 sahypadan ybarat goşgular ýygyndysy Gurban (Remezan) diýen näbelli biriniň taýýarlamagynda çapdan çykypdyr. Elbetde, soňky maglumat alymlarymyz tarapyndan geljekde doly anyklanylmalydyr. — Germaniýada ýazyjy, terjimeçi, suratçy we kompozitor hökmünde tanalýan Hans Jürgen von der Wense (1894-1966) şol ýurduň Mýünhen şäherinde neşir edilen «Die Fähre» («Gämi») diýen žurnalyň 1947-nji ýylda çykan 2-nji sanynda «Diwan des Derwisch Machdumkuli» («Derwüş Magtymgulynyň diwany») atly çaklaňja makala bilen çykyş edipdir; — Käte ýewropaly alymlaryň işlerinde şahslaryň we düşünjeleriň garyşdyrylýan halatlary seýregem bolsa, garaz, gabat gelýär. Ýekeje mysala ýüzleneliň. Germaniýanyň Breslau şäherinde 1887-nji ýylda çykan «Encyklopaedie der Naturwissenschaften» atly kitabyň 217-nji sahypasynda şeýle sözlem ýazylypdyr: Machdumkuli, Türkmenenstamm arabischen Ursprungs, angeblich von Abu-Bekr abstammend. Bu ýerde Magtymgulynyň şahsy ady ýazylsa-da, onuň özüne däl-de, eýsem, oňa derek «magtym» etnonimine gysgaça düşündiriş berlendigi mese-mälim görnüp dur. *** Kapitan F.A.Mihailowyň 1900-nji ýylda Aşgabatda oblastyň naçalnigi general-leýtenant A.A.Bogolýubowyň (1841-1909) redaktorlygynda rus dilinde çap edilen «Zakaspi oblastynyň ýerlileri we olaryň durmuşy» atly etnografik kitapçasynyň 56-njy sahypasynda türkmen şahyrlaryndan Magtymguly we Zeliliden başga-da, henize çenli alymlara belli bolmadyk Weli Muhammet diýen ýene bir şahyryň ady tutulýar. *** Şu wagta çenli nämälim bolmagynda galýan şahyrlarymyzyň başga biri Aman molladyr. Onuň adyny baryp A.Wamberi özüniň syýahatlar kitabynda Magtymguludyr Görogly bilen bir hatarda agzap geçýär. Bu üçüsiniň adyny Russiýanyň Eýrandaky konsuly bolup işlän F. A. Bakulin (1846-1879) özüniň Magtymgula bagyşlanan 1872-nji ýyldaky makalasynda edil A.Wamberiniňki ýaly görnüşde sanaşdyrýar. *** Eger il içinde mydama meşhur bolup gelen şahyrymyz Keminäniň öz şahsy Mämmetweli (gysgaldylmadygy: Muhammet Weli) adyndan we onuň «Kemineden bir nyşana / Ýazyp ibersem Amana» ýaly setirlerinde duşýan Aman adyndan çen tutup çemeleşsek, kapitan F.A.Mihailowyň Weli Muhammet diýýäni hem-de A.Wamberidir F.A.Bakuliniň Aman molla diýýäni (olar bagşynyň aýdymyny diňläp, sanalýan goşgynyň ýazary bilen ondaky gahrymany bulaşdyrypdyrlar) şol bir şahyr, ýagny molla Kemine bolsa gerek diýen çaklamany orta atyp bileris. Çünki bagşylarymyzyň gaýry ülkeleriň adamlaryna Magtymgulynyň hatarynda goýup, haýsydyr bir Aman molla we haýsydyr bir Weli Muhammet hakynda gürrüň bermeklerini göz öňüne getirmek kyn. Aleksandr Hodzkonyň baryp 1842-nji ýylda Londonda çap edilen terjimeler kitabyna Magtymgulynyň üç sany goşgusynyň ýany bilen Keminäniň hem bir goşgusyny girizmegi biziň çaklamamyzyň hakykata golaýdygynyň ýene bir delilidir. II. Gadymy greklerde «taryhyň atasy» hasaplanylan Gerodotyň işlerinde häzirki Türkmenistanyň topraklarynda ýaşan halklara massagetler diýlen bolsa, Abulkasym Firdöwsiniň (935-1020) meşhur «Şanamasynda» şol gadymy halklar turlar, olaryň ýurdy bolsa Turan ady bilen tanadylýar. Bu eser Turanyň (turlaryň) hökümdary Afrasiýab hakynda hem ençeme ähmiýetli maglumatlary özünde jemleýär we onuň ýazary şol döwürde özüne mälim bolan türki halklaryň (türkmenleriň) aňyrsynyň turlardygyny ýörite belläp geçýär. XI asyrda ýaşap geçen görnükli şahsyýetlerimiz, dilçi Mahmyt Kaşgarly we şahyr Ýusup Balasagunly öz eserlerinde eýran ýazuw çeşmelerinde Afrasiýab ady bilen tanalýan Turan hökümdaryna türki halklaryň Toňa Alp Är diýýändikleri hakynda maglumat beripdirler. Biziň pikirimizçe, dürli döwürlerde ýaşap geçen şahsyýetler Afrasiýabyň, şeýle-de hytaý çeşmelerinde agzalýan Mao-Dunuň (aziýaly hunlaryň hökümdary) we günbatar çeşmelerinde agzalýan Attilanyň (ýewropaly hunlaryň ― gunlaryň hökümdary) bitiren taryhy hyzmatlary «Oguznamalarda» türkmenleriň nesilbaşysy hökmünde wasp edilen Oguz hanyň keşbinde jemlenilen bolmaly. *** Oguz-türkmenleriň gadymy ata-babalary bolan hunlar (turlar) taňryçylyk (tengrianstwo) dinine uýupdyrlar. Ol dine uýanlar esasy hudaý hökmünde ýagtylyga — asmandaky Güne çokunypdyrlar. Häzirki dilimizdäki Taňry we daň (aňyrsy: taň) sözleri şol bir köküň önümleri bolup, «daň atdy» diýmek, aslynda «garaňky sowlup, ýagtylyk (Taňry-Gün) ýene gaýdyp geldi» manysyny aňladypdyr. *** Meşhur tatar ulamasy we taryhçysy Şihabeddin Marjani (1818-1889) taryha degişli işleriniň birinde Alyşir Nowaýynyň (1441-1501) atasyna (ýagny kakasynyň kakasyna) Abdylla Türkmeni diýlendigi hakynda ýazypdyr (häzirki wagtda Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň Marjaniniň adyny göterýändigini ýaý içinde belläp geçeliň). Mundan başga-da, Özbegistanda saklanylýan köp sanly «Oguznama» golýazmalarynyň diňe birje nusgasynda bu eseri Alyşir Nowaýynyň ýazandygy hakynda aýdylýar. Emma alymlaryň hemmesi diýen ýaly şol golýazmadaky bu maglumaty nädogry hasaplaýar. Belki, Alyşir Nowaýynyň ýazan «Oguznamasy» soňky asyrlarda beýleki «Oguznamalar» bilen goşulyşyp gidendir? *** XVIII asyryň ermeni taryhçysy Haçatur Jugaýeatsi tarapyndan ermeni we pars çeşmeleri esasynda ýazylan «Persiýanyň taryhy» atly eserinden kiçijik bir parça: «Olar (seljuklar ―M.S.) Aziýanyň skifleri bolup, atlaryna türkmenler diýýärdiler, asylky oturan ýerleri Hazar deňziniň gündogar taraplarydy». Ondan bäş asyr öň ýaşap geçen görnükli ermeni döwlet işgäri we taryhçysy Smbat Sparapet (1208-1276) özüniň «Ýyl ýazgylarynda» seljuk soltany Mälik şa hakynda şulary ýazypdyr: «Mälik şa rehimlidi, hristianlary sylaýardy. Ol soltan bolansoň, ermenileriň ýurdunda parahatçylyk höküm sürdi». *** Russiýanyň XIX asyryň başlarynda çykarylan ylmy žurnallaryndan «Азиатский вестник» diýen döwürleýin neşiriň 1826-njy ýylyň ýanwaryndaky sanynda «Orta Aziýanyň käbir welaýatlarynyň we şäherleriniň häzirki ýagdaýy hakynda» atly makalada onuň 55-nji sahypasyndan başlap, türkmenleriň ençeme etnik toparlary, olaryň sany we ýerleşen ýerleri hakynda ähmiýetli maglumatlar berilýär. Makalanyň näbelli ýazary türkmenleriň mert we edermendiklerini belleýär. *** Türkmen ylmynyň taryhynda harby gullukçy, biraz soňra general-maýor derejesine eýe bolan Aleksandr Grigorýewiç Tumanskiý (1861-1920) Hywa hany we taryhçysy Abulgazynyň (1603-1664) «Şejere-ýi Terakime» («Türkmenleriň nesil daragty») atly işini ilkinji gezek rus diline terjime edip, Aşgabatda 1897-nji ýylda okyjylar köpçüligine ýetiren alym hökmünde tanalýar. Ol Drezden golýazmasy boýunça «Kitab-y dädem Gorkut» eserini Sankt-Peterburgda terjime etmäge girişen akademik W.W.Bartolda (1869-1930) 1895-nji ýylda Aşgabatdan ýazan hatynda Gorkut atanyň türkmenleriň arasynda öňden bäri bellidigini aýdyp, munuň bir delili hökmünde Amyderýanyň orta akymlarynyň kenarynda ýaşaýan türkmenleriň bir mollasyndan «Gorkudyň gabryny gazma» diýen aýtgynyň «başarmajak işiňe başlama», «bu işden hiç hili netije ýok» diýen ýaly manylarda ulanylýandygyny ýazyp alandygyny nygtapdyr. *** A.G.Tumanskiý professor W.A.Žukowskiniň (1858-1918) «Zakaspi oblastynyň gadymylyklary. Köne Merwiň harabalyklary» diýen at bilen 1894-nji ýylda Sankt-Peterburgda neşir edilen kitabyna 1896-njy ýylda ylmy žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen düýpli synynda derňewiň üstünlikli taraplaryny seljerip geçmek bilen, golýazmalarda köp gabat gelýän ýazyr türkmenleriniň arap hatynda ýazylan adyny rusça dogry okamakda goýberilen säwlikleriň düzedilmelidigini hem görkezýär. *** Türkmen aýal-gyzlarynyň dakynýan şaý-sepleri mydama göreni haýrana goýupdyr. Rus alymy, ýerden nebit çykaryp almak ugry boýunça giňden tanalýan hünärmen Iwan Nikolaýewiç Gluşkow (1873-1916) geçen asyryň başlarynda üç ýyl töweregi Çelekeniň (häzirki Hazar) nebit känlerinde işlände, türkmen zenanlarynyň şaý-seplerini ýakyndan synlapdyr, olary surata düşüripdir, käbir nusgalaryny bolsa ýadygärlik üçin oňa sowgat beripdirler. Häzirki wagtda I.N.Gluşkowdan galan bu materiallar Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburgda ýerleşýän Antropologiýa we etnografiýa muzeýinde (Kunstkamera) gadymy gymmatlyklar hökmünde goralyp saklanylýar. *** 1920-nji ýylyň 1-8-nji sentýabrynda Baku şäherinde (Azerbaýjan) bolup geçen Gündogar halklarynyň gurultaýyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşan 1275 sany delegat 37 millete wekilçilik edipdi, şol delegatlaryň 35 sanysy türkmendi. Gurultaýyň möçberi 220 sahypa golaýlaýan stenografik ýazgysynyň başky sahypalaryndaky maglumatlardan belli bolşy ýaly, bu uly we wekilçilikli ýygnagyň prezidiumyna saýlananlaryň arasynda Nyýazguly atly türkmen hem bardy. Geljekde şol Nyýazgulynyň we gurultaýyň beýleki türkmen delegatlarynyň arhiw çeşmeleri esasynda ömür ýollary hem-de öz halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary ýüze çykarylyp, okyjylar köpçüligine ýetirilse, kem bolmazdy. Bu şahsyýetleriň ähli türkmenler üçin umumy bolan milli bähbitleri öňe sürendiklerini çaklamak bolar. *** Daşkent şäherine Aşgabatdan, Marydan, Çelekenden we käbir beýleki ýerlerden wagtlaýynça göçüp baryp, ol ýerde Türkmen oblastynyň bähbitlerini goran türkmenler täze taryhy şertlerde 1924-nji ýyla çenli dil, edebiýat we birnäçe beýleki ugurlar boýunça ençeme işleri alyp barmak bilen birlikde 1922-nji ýyldan başlap, Daşkentde «Türkmen ili» atly ilkinji türkmençe žurnaly hem çykaryp ugrapdyrlar. Iki-üç ýylyň dowamynda jemi sekiz sany çykan bu žurnal Aşgabatda 1914-nji ýylyň dekabryndan 1917-nji ýylyň tomsuna çenli neşir edilen «Закаспийская туземная газета» (rusça adyndan başga «Ruzname-ýi bahr-y Hazar» diýen parsça ady bar), 1918-nji ýylda bary-ýogy üç aýyň dowamynda çykarylan «Daň ýyldyzy» we 1920-nji ýyldan bäri häzirki wagta çenli çykyp duran «Türkmenistan» gazetimiz bilen birlikde türkmen dilinde milli metbugatyň ýola goýlup başlanandygynyň buşlukçylarynyň biri bolupdy. *** Gyrgyzystanly alymlar, professor S.Ž.Musaýew we dosent S.Z.Sadykowa Russiýa Federasiýasynyň Iwanowo şäherinde neşir edilýän «Academy» atly žurnalyň 2016-njy ýyla degişli 7-nji sanynda bilelikde ýazylan «XIX–XX asyrlardaky nemes türkologiýasynyň wekilleri» (rus dilinde) atly makala bilen çykyş edip, Germaniýanyň görnükli alymlaryndan Wilhelm Friedrich Radloff (bu meşhur türkolog Russiýada ýaşapdyr we Radlow familiýasy bilen tanalypdyr), Wilgelm Julius Bang, Annemarie von Gabain, Karl Heinrich Menges, Johannes Benzig we Gerhard Dörfer dagynyň ömrüniň hem-de ylmy döredijiliginiň esasy meselelerine degip geçipdirler. Eger bu makalanyň kemter taraplary hakynda aýtmak gerek bolsa, onda ýazarlaryň Johannes Benzigiň (1913-2001) türkmen diliniň işliklerine bagyşlanylan «Über die Verbformen im Türkmenischen» (Berlin, Diss. phil. 1939) diýen temadaky dissertasiýasyny gözden salandyklaryny bellemeli bolýarys. Türkmen dil biliminiň taryhyna nazar aýlasak, şeýle işleriň ikinjisi, bir ýyl soňra, 1940-njy ýylda Moskwada M.I.Bogdanowa (1906-1962) tarapyndan goralan we türkmen diliniň sözlük düzümi derňelen kandidatlyk dissertasiýadyr. Wagt taýyndan alanyňda, Pygam Azymow (1915-1994) urşuň ilkinji ýyly Aşgabada göçürilip getirilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Alymlar geňeşinde ene dilimiziň söz ýasaýjy goşulmalarynyň bir bölegi hakyndaky üçünji kandidatlyk dissertasiýany 1942-nji ýylyň ýanwarynda gorapdyr. *** Gündogar sazlaryny öwrenmegiň ussady Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý (1879 -1949) geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda üç gezek ylmy saparda bolup, ýerli saz söýüjileriň kömegi bilen türkmen aýdymlarynyň hem-de instrumental pýesalaryň 350-den gowragyny ýazyp alypdyr we saz sungatynyň teoretigi W. M. Belýaýew (1888-1968) bilen bilelikde olary «Türkmen sazy» (rus dilinde) diýen at bilen iki jiltlik kitap görnüşinde neşir edipdir. Ony bu işe höweslendiren türkmenler hem az bolmandyr. Olaryň biri Karaş han ogly (Nikolaý Nikolaýewiç) Ýomudskiý (1868–1928) W.A.Uspenskä 1921-nji ýylyň 14-nji maýynda ýazan hatynda onuň nähili aýratyn höwes, söýgi hem tutanýerlilik bilen türkmen sazyny öwrenişine tötänden gabat gelip, gaty geň galandygyny aýdýar we oňa bu işde geljekde-de uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýär. *** Akademik Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň (1914-1981) dürli ýyllarda il içinden ýygnan halk döredijilik eserleri, çapa taýýarlan we redaktorlyk eden kitaplary geçen asyryň ellinji ýyllarynyň başlaryndan tä altmyşynjy ýyllarynyň başlaryna çenli dürli sebäplere görä, okyjylar köpçüligine ýetirilmedi. Ol kitaplaryň arasynda professor Mäti Kösäýewiň çapa taýýarlan we B.A.Garryýewiň redaktorlyk eden «Gorkut ata» kitabyndan başga-da, şu eserler bardy: Şabendäniň «Gül-Bilbil» we «Şabähram» (1943 ý.) dessanlary, Magrupynyň «Seýpelmelek-Medhaljemal» (1943 ý.) we «Aly beg we Baly beg» (1944 ý.) dessanlary, Şeýdaýynyň «Gül-Senuber» dessany (1943 ý.), Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessany (1948 ý.), ýazarlary näbelli «Nejep oglan» (1943 ý.), «Asly-Kerem» (1943 ý.), «Saýatly-Hemra» (1945 ý.), «Şasenem-Garyp» (1948 ý.), «Hüýrlukga-Hemra» (1950 ý.) dessanlary, şeýle-de Magtymgulynyň (1944 ý.), Azadynyň (1946 ý.), Mollanepesiň (1947 ý.), Seýdiniň (1948 ý.), Mätäjiniň (1948 ý.), Zeliliniň (1949 ý.), Keminäniň (1951 ý.) goşgular ýygyndylary we beýleki kitaplar (jemi 29 sany). «Gorkut ata» kitaby bolsa has soňra, geçen asyryň segseninji ýyllarynyň soňlarynda okyjylar köpçüligine ýetirildi. Garaşsyzlyk döwründe milli medeniýetimiziň we edebiýatymyzyň hem-de olar baradaky ylymlaryň gülläp ösmegi üçin öň taryhda hiç haçan görlüp-eşidilmedik giň ýol açyldy. Şol ýol bilen barha öňe gidip, ynsanperwer ylymlarda täze üstünlikler gazanmak alymlarymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň jana-jan borjudyr. Myratgeldi SÖÝEGOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, filologiýa ylymlarynyň doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |