21:48 Şahyr hem şygyr hakynda gysgajyk kyssalar | |
ŞAHYR WE ŞYGYR HAKYNDA GYSGAJYK KYSSALAR
Edebi makalalar
Beýik nusgawy şahyrymyzyň “Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp” diýşi ýaly, ownuk kyssalar (mini-proza), köplenç, awtoryň öz başdan geçiren wakalarynyň, olardan çykaran netijeleriniň, olar barada oý-pikirleriniň gysga beýany bolup, diňe bir göwrümine görä däl, eýsem garaşylmadyk ýagdaýda okyjyda: “Bä, bu aslynda beýle eken-ow!”, “Munuň sebäbi, gör, nirelerden gelip çykdy!”, “Be, munuň beýle bolaýşyny diýsene!” ýaly içki seslenmeleri döredýändigi bilen möçberi taýyndan uly bolmadyk nowellalara çalym edýär. Adatça ownuk kyssalarda awtoryň şahsy durmuşynda ýüze çykan dürli meseleleriň söhbeti edilýän-de bolsa, edil şahyryň bir tematikada döreden goşgular toplumy ýaly, olar anyk bir temanyň töwereginde jemlenen görnüşinde hem bolup bilýär. Aşakdaky ownuk kyssalar “edebiýatyň eziz oglunyň” – Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Bular şahyryň özüniň tanaýan bir kişisiniň ol hakdaky ýatlamalary däl-de, onuň tanamaýan ýüzlerçe, belki, müňlerçe ýönekeý we wepaly okyjylarynyň biriniň kagyza geçiran ýazgylary. * * * Men orta mekdebiň ýokary synplarynda okaýarkam, ýaşlygyna garamazdan, eýýäm pikiriň hem duýgynyň uly şahyry hökmünde meşhurlyk gazanmagy başaran Gurbannazar Eziziow “Edebiýat we sungat” gazetiniň şygryýet bölümine müdirlik edýärdi. Hojambazdan gazete iberen goşgularyma “Edebiýat we sungatyň” resmi blankyna hat ýazylýan maşynka bilen: “Goşgularyňyzy aldyk, ýöne gowşakdygy zerarly olary gazetimizde peýdalanyp bilmedik. Özüňize belet temalara ýüzleniň. Şeýtseňiz, gowy goşgular döredip bilersiňiz. Poeziýa bölüminiň müdiri G. Ezizow” diýen sözler ýazylyp, gol çekilen jogaplaryň birnäçesini alypdym. Ýüzüne öý salgym bilen adym hem familiýam ýazylan bu bukjalar mende göwnüçökgünlik döretmändi, gaýta, “özümiň belet temalaryma ýüzlenmegime” – çagalar üçin goşgy ýazmak bilen yzygiderli meşgullanmagyma getiripdi. Indi akyl ýetirip otursam, öňde baryjy rus we dünýä edebiýatynyň hem baý tejribesini, hem-de iň soňky gazananlaryny birkemsiz okap-özleşdiren, olary milli şygryýetimizi ösdürmekde ussatlyk bilen ulanan Gurbannazar Ezizowyň “Brigantina ýelkenini göterýär” diýen setiri we “Brigantina” sözüne şol goşgynyň aşagynda “Nesilleri täze açyşlara alyp gidýän gämi görnüşinde alyndy” diýip, beren düşündirişi onuň eserlerine gadyr goýýan okyjylaryň ruhuny, hususan-da meniň ruhumy täze açyşlara barýan ýola tarap ündäpdi. Men Gurbannazaryň şygyrlaryndan, ozaly bilen, köp okap, köp biljek bolmagy öwrendim. * * * Talyp döwrümiz ýygy-ýygydan ýaş ýazyjy-şahyrlaryň özara duşuşyklary gurnalardy, şol sanda her aýda diýen ýaly Gurbannazar Ezizowyň ýolbaşçylygynda “Ýaş ýazyjynyň güni” geçirilerdi. Olarda, köplenç, ýaş şahyrlar täze döreden şygyrlaryny okardylar. Şolaryň birine ilkinji gezek gatnaşanym ýadymda. Gurbannazar: “Hany kim başlajak?” diýensoňam beýlekileriň ýaýdanyşyp oturandyklary üçin, ýüregime daş baglap, men orta çykdym-da, sandyraýan sesim bilen “Söýgim hakda ballada” diýip, goşgymyň adyny yglan etdim, yzyndanam şol sesim bilen şygyr setirlerini sanaşdyrmaga girişdim. Ýöne ikinji goşgymy okamaga geçmänkäm, birinjini ara alyp maslahatlaşmaga başladylar. Oturanlaryň biri: “Söýgi hakda ballada ýazyp bolýarmy näme?” diýse, beýlekisi: “Hawa, bolýar!” diýdi. Jedele beýlekilerem goşuldylar. Goşgudaky “Kuýaş” sözüniň Günmi ýa-da güneşdigidi biljek bolýanam tapyldy. Başga birisi bolsa (Atamyrat Atabaýewmikä diýýän): “Beýle gowşak goşgyny okap, biziň gymmatly wagtymyzy almak bolmaýar!” diýip, igenjini mälim etdi. Şonda Gurbannazar Ezizowyň: “Hany dursana entek! Şu taýda bir zatlar bar bolaýmasyn-how!” diýip, henizem ortada dik duran menden şol “bir zatlary” anyklajak bolup, ony-muny sorany ýadyma düşýär. Şu wakadan soň, men ýaş ýazyjylaryň duşuşyklaryna däl-de, uniwersitetimizde talyplaryň dil boýunça ylmy gurnaklaryna köp gatnap ugradym, ylmy-derňew işine ýykgyn etdim. Ýöne, barybir, şol duşuşyklaram meniň üçin peýdasyz bolmady. Soň-soňlar çagalara niýetlenen goşgylarymyň dört-bäş sany ýygyndysy aýratyn kitapçalar görnüşinde neşir edilip, körpe okyjylara ýetirildi. * * * Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr zenan Nurgözel Gozlyýewa, biz gündizki bölümiň talybykak, uniwersitetde gaýybana okaýardy. Ýokary kurslardamykam diýýän, fakultetiň ikinji gatdaky dekanlygynyň gapysynda mugallymlarymyzyň birine-hä garaşýardym. Sapaklar gidip duransoň, uzyn koridorda hiç kim ýokdy. Birdenem dört örüm saçly bir gyzyň dekanlyga tarap ýuwaşça ýöräp gelýänini gördüm. Ol meniň deňime geldi-de, biraz seredip durup: “Siz Gurbannazar Ezizowmy?” diýip sorady. Bu asla garaşylmadyk sorag bolansoň, gözümi tegeläp hem aljyrap: “Ýok! Ýok! Bu düýbünden beýle däl!” düýenim ýadymda. Çünki men daşky sypatyma, diýeli, ýüz keşbime görä Gurbannazara çalaja-da bolsa çalym edýändirin öýtmeýärdim, häzirem öýdemok. Bu gyzyň şahyr Nurgözel Gozlyýewadygyny soň bilip galdym. Geň ýeri, Nurgözel hem bu wakany ýadyndan çykarmandyr. 2000-nji ýyllaryň birinji onýyllygynda geçirilen köp sanly halkara ylmy maslahatlaryň birine gatnaşmak üçin welaýatlardan Aşgabada çagyrylan medeniýet we bilim işgärleriniň Balkan welaýatyndan gelenlere ýolbaşçylyk eden Nurgözel Gozlyýewa meniň bilen salamlaşyp, talyplyk döwrümizde bolan bu wakany ýatlady. Durmuşda mümkin bolmajak ýaly görünýän, hatda ýatsaň-tursaň ýadyňa-oýuňa düşmejek wakanyň hakykatda bolup geçäýşini diýsene! * * * Uniwersitetiň ahyrky kursunda okaýarkak, ýylyň soňunda goramaga taýýarlamak üçin her kim bir temadasoragyn diplom işini ýazýardy. Men gadymy türkmen dilinde XI asyrda döredilen “Kutadgu bilig” (“Ruh berýän bilim”) atly uly göwrümli poemany dil nukdaý nazaryndan öwrenmäge girişipdim. Munuň üçin ylmy ýolbaşçym professor Mämmetnazar Hydyrowdan salgysyny alyp, bu poemany şol ýyllarda Daşkentde neşir eden özbek alymyna hat bilen ýüzlenipdim we şol kitaby edinipdim. Kursdaşymyz Ören Atakow (häzir Türkmenistanyň at gazanan bagşysy) Gurbannazar Ezizowyň döredijiligini öwrenýärdi. Ol bu barada şahyr bilen habarlaşyp, onuň öýüne gidipdi hem-de goltugy iki gujak gazet-žurnaly umumy ýaşaýyş jaýymyza dolanyp gelipdi. Olarda şahyryň has öňki ýyllarda çap edilen eserleri hem bardy. Ören kursdaşymyz getiren gazet-žurnallaryny ýaşaýan otagynyň balkonynda basyp goýdy. Men şonda onuň otagyna gatnap, ýaşlygymda tanşan goşgularymy ýene-de bir gezek, täzeden uly höwes bilen okap çykypdym. * * * Her bir täzelik islendik ýerde özüne mynasyp orny eýeleýänçä, dürli päsgelçiliklere sezewar bolýar. Bu şygryýet babatynda-da şeýle. Baryp geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň ikinji ýarymynda Ol içinde bardyr ullakan wagyr: Aňsadyna bakan aýal gyz dogyr. Diýseler: “Pylanyň gyzy bolupdyr, äheý”, “Ol-a bolmandyr-ow – diýerler – päheý” ýaly şol döwrüň okyjylaryna niýetlenip, ýönekeý halk dilinde ýazylan setirleri bilen şahyr hökmünde özüniň ykrar edilmegini gazanan, soňra bolsa meşhur prozaçy-kyssaçy bolup, Türkmenistanyň çäklerinden uzaklarda-da tanalan beýik Berdi Kerbabaýew kyrk-elli ýyl geçensoň Gurbannazar Ezizowyň döreden: Urşy ýatlamak kyn, ýatlazlyk kyn, Uruş taryh üçin agyr kyssadyr. Ol ýowuz ykbaldyr ölenler üçin, A diriler üçin iki essedir ýaly adam aňynyň we duýgusynyň çuňlyklaryna aralaşýan goýazy setirlerine geňirgäpdi, birbada düşünmejek bolupdy. Meniň aňlaýşyma görä, ýokarda hälki bir mysal edip alnan iki bendiň arasynda özüni görkezýän tapawudy eserleri söýlüp okalýan meşhur Kerim Gurbannepesowyň şygyrlary bilen Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynyň arasynda hem görmek bolýar. Ýöne dünýä poeziýasynyň soňky gazananlaryndan habarly Kerim şahyr Gurbannazaryň goşgularyna turuwbaşdan düşünipdi, olara sarpa goýupdy. * * * Edebiýatçy dostum Ahmet Bekmyradow şulary gürrüň beripdi. Ol uniwersiteti gutaryp, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasynda işe başlanda, öňa aňyrsyna geçip oturmak üçin üç-dört ýyl bäri çekerli tarapy diwara ýaplanyp goýlan, üstünde çäýnek-käse ýaly zatlary goýmak üçin ulanylan stoly beýleräk geçiripdirler-de, “Ine, seniň iş ýeriň. Täze stol alynýança, oturyber” diýipdirler. Ahmet stoluň üstüni, gapdallaryny syryp-süpürip arassalaşdyryp, çekerlerini çekişdirip görse, olardan bir topar ýüzi ýazgyly kagyzlar çykypdyr. Saralan kagyzlaryň arasynda öň bu stoluň eýesi Gurbannazar Ezizowyň ýazan düşündirişleri hem bar eken. Ahmediň aýtmagyna görä, olarda “Işe ýarym sagat gijä galyp gelmegimiň sebäbi geçen gije uklaman, gazetiň şu sanynda ýerleşdirilmeli edilen materiallary okap çapa taýýarlandygym üçin daňa golaý biraz irkildim we netijede giç turdum”, “Özüme köpden bäri ynjalyk bermeýän temada iki gün mundan öň ýazyp başlan goşguma geçen gije daňa golaý soňky nokadyny goýdum. Şol sebäpdenem giç oýanyp, işe 20 minut giç geldim” diýen ýaly sözler ýazylan eken. Işgär hökmünde şahyryň şeýle düşündirişleri ýazyp bermegi ondan talap edilip, birnäçe wagtdan soňam yzyna gaýtarylyp berlen bu ýazgylary özünde saklap galmandygy üçin Ahmet Bekmyradow soň-soňlaram öküner ýörerdi. * * * Aleksandr Puşkiniň duelde heläk bolmagy zerarly Mihail Lermontowyň ýazan “Şahyryň ölümi” atly goşgusynda: “Öldi şahyr, öldi namys ýesiri, Buýsançly kellesi egildi aşak... Ar aljakdy, gurşun ýardy döşüni, Egdi egilmejek belent başyny” - diýen setirler bar. Lermontowy özüne nusga edinen Gurbannazar Ezizow onuň hem duelde heläk bolandygyny göz öňüne getirip, “1841-nji ýyl. Lermontow dueliň öň ýanynda” atly goşgusynda: “Sen nirde, Russiýa! Tur, aýaga gal! Ýetis sen, ärlerin beýik ülkesi, Ähli Pugaçýowyñ, Raziniñ bilen. Kak sen dekabristlen mazar gapysyn Senat meýdanyna çyksynlar olar... Nyşanasy dine Lermontowam däl, Nyşanasy sen ýaraly ýüregin” - diýip ýazypdy. 1975-iň güýzünde Gurbannazaryň özüniň 35 ýaşynda ömür tanapy gyrlanda, şahyr dosty Halyl Kulyýew bu pajyga zerarly ýazan goşgusynda: “Gurbannazar öldi!? Bu habar ýalan! Kimdir biri men aldapdyr kemsiz... Nädip ýaşamaly Gurbannazarsyz?!” - diýen setirlerini döretdi. Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başynda Gurbannazar Ezizowyň eneden doglan gününiň 40 ýylygyna gabatlap, onuň mekdep we uniwersitet ýoldaşy, dosty Amanmuhammet (Oraz) Geldimyradow ikimiz şahyryň Garadamak obasynyň gonamçylygynda ýerleşýän gubruna zyýarata gitdik. Mazarynyň ýanynda çök düşüp, aýat okadyk, ruhuna degsin etdik hem-de şahyrana mirasyna mydama wepaly boljakdygymyza kasam etdik. 1990-nji ýylda edebiýatçy dostum Ahmet Bekmyradow 40 ýaşyna-da ýetmän, biwagt aradan çykanda, ýazan gynançly makalamy: “Sen türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň Gurbannazarysyň, Ahmet!” diýip jemläpdim. * * * Ýeri gelende, Gurbannazaryň ýakyn dostlarynyň biri, onuň şygyrlaryna ajaýyp aýdymlary döreden ýiti zehinli kompozitor Nury Halmämmedow bilen baglanyşykly özdurmuşymda bolup geçen bir wakany ýatlasym gelýär. Men ömrümde awtoulag satyn alan ýa-da ony süren adam däl. Geň ýeri, mende muňa hiç haçan islegdir höwes hem döremändi. Belki, bu meniň artykmaçlygym däl-de, eýsem kemçiligimdir. Dogrusyny aýtsam, awtoulag sürmäge hukuk berýän şahadatnamam bar. Ony baryp 1983-nji ýylyň güýzünde deň-duş oglanlar: “Wagtynda edinip goýsaň, zyýan etmez-how!” diýip, halys goýmansoň, olaryň eýýäm bir aý töweregi gatnap ýören tölegli okuwyna gatnap, synaglary üstünlikli tabşyryp alypdym. Beýlekilerden giç başlandygym sebäpli bolsa gerek, okuwy gurajylaryň tölegi kassa geçirmän, öz ellerine nagt bermegi haýyş edensoň, olaryň aýdyşlary ýaly edipdim. Soň bile okaýan oglanlaryň aýtmaklaryna görä, sürüjilik okuwyna gatnamak üçin kompozitor Nury Halmämmedow hem kassa pul geçiripdir, emma ýarawsyzlyk tapynyp, okuwa gatnap bilmändir, köp wagt geçmänkä bolsa, aradan çykypdyr. Okuwy guraýjylar meniň tölän pulumy merhum kompozitoryň hossarlaryna elin yzyna gowşurypdyrlar. Indi pikir edip oturýan weli, pul-maliýe tarapyndan seretseň, şol okuwda Nury Halmämmedowyň ýerinde men okapdyryn. Şonuň üçin hem, ahyrky hasapda, oňa nesip etmedik sürüjilik maňa-da nesip etmedik bolarly. * * * Biziň maşgalamyzyň ýegeni (kakamyzyň aýal doganynyň ogly) Ýunus Gapbarow 1963-nji ýylda Hojambazda orta mekdebi gutaryp, şol ýyl Aşgabatdaky Politehnik institutyna gurluşyk inženeri hünäri boýunça okuwa giripdi. Bir ýyl geçensoň, Sowet hökümetiniň talyplaryň hem okaýan döwründe hakyky harby gulluga çagyrylmalydygy hakynda çykaran täze kararyna laýyklykda aşgabatly talyp Ý. Gapbarow goşun hataryna çagyryldy we Özbegistanyň Samarkant şaherinde harby gulluga başlady. Uniwersiteti gutaransoň, harby gulluga çagyrylan Gurbannazar Ezizow bilen bilelikde Samarkantdaky harby bölümde seržantlary taýýarlaýan kursda ep-esli wagtyň dowynda bile okandygyny, onuň bilen ýakyndan tanşandygyny ýegenimiz bize soň-soňlaram uly guwanç bilen gürrüň bererdi. Özünden bäş kiçi esgerleriň sapynda ýyl ýarymyň dowynda (ýokary bilimlileriň gullugynyň möhledi beýlekileriňden azdy) harby gullugy geçen Gurbannazar birnäçe eserlerini, mysal üçin, 1945-nji ýylda doglanlara bagyşlanan şygyrlaryny, “Çilimiň jaýlanyşy hakynda ballada” ýaly goşgusyny esger döwri ýazypdyr. Ýegenimiz şulary-da aýdypdy: “Gurbannazar diňe bir ajaýyp şahyr däl, eýsem öý-ojagyna iňňän ygrarly adam hökmünde hem ýadymda galdy. Aşgabatda çykýan gazet-žurnallarda çap edilen eserleri üçin poçta üsti bilen Samarkanda iberilen galam hakyndan (gonorardan) gündelik esger durmuşymda zerur bolan oduk-buduk zatlar satyn almaga ýeterli möçberini jübüsinde galdyryp, gelen puluň esasy bölegini ýene poçta arkaly yzyna, Aşgabada – öýüne göndererdi”. Gurbannazaryň öňki gullukdaşy, uniwersitetiň dosenti Begmyrat Weýisow hem bilelikde geçen esger durmuşynyň käbir pursatlary hakynda özüniň gyzykly ýatlamalary bilen metbugatda çykyş etdi. * * * Biziň maşgalamyzda Gurbannazar Ezizowyň şahsyýetiniň şahyrana kulty ýaşaýar diýseňem boljak. Belki, şonuň täsiridendir, belki-de, çeper edebiýat bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk ugurdan ýokary bilim alyp, başga edaralarda işläp ýörenem bolsa, rus şahyrlarynyň eserlerini köp okaýandygy we özüniň hem özi hem-de ýakynlary üçin rusça goşgy ýazýandygy sebäplidir, oglum Eziz öňräk “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok” diýen sözler bilen başlanýan meşhur goşgyny rus diline terjime edipdir. Dogrusy, meniň mundan habarym ýokdy. Muny arada Internetde GDA döwletleriniň rusça eser döredýän awtorlarynyň iň gowy terjimeleriniň arasynda Gurbannazaryň bu şygryny Eziz Söýegowyň terjimesinde okap göremsoň, bilip galdym. Şygryň türkmençe asyl nusgasy bilen rusça terjimasini şu ýazgylaryň soňunda goşmaça hökmünde okyjylara hödürlemegi makul bildim. Myratgeldi SÖÝEGOW, alym, ýazyjy ▶ GURBANNAZAR EZIZOW - ГУРБАННАЗАР ЭЗИЗОВ Maňa Seniň gözleriňden gitme ýok. Maňa Seniň sözleriňden gitme ýok. Düsün, bu dünýäde soňky güne çen Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men. Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok. Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok. Мне Не покинуть твоих глаз. Мне Не покинуть твоих слов. Ты пойми, что до последних дней Я завишу от любви твоей. Мне ночей нежнейших не покинуть, Твоих дней открытых не покинуть. Bu garagol jahyllykdan giderin, Ol hasaly gojalykdan giderin, Çünki men olardan gitmän bilemok, Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok. Я покину молодость шальную, И покину старость я больную, Потому что не могу я не погибнуть, Но и не могу твою судьбу покинуть. Men zemin. Sen bolsa ullakan asman. Saçyňy nur edip üstüme dökýäň. Emma, düsün, läläm, seýle gün dogar: Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar. Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme Gararyn belentden ýeriň ýüzüne. Я – земля. А ты – небесная громадность. Осыпаешь ты меня дождем волос, так жадно. Только, Милая, поверь, пройдут века, – На меня падут твоих волос снега, И тогда, молясь на эту седину, Я на землю с высоты взгляну. Men bir gyzda gözleriňi görerin. Men bir gyzda sözleriňi görerin. Sapakda görerin – ýaňagyö alyn. Gijede görerin – ýaňagyň halyn. Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin, Onda seniň gözýasyňy görerin. И найду в другой твои глаза, И найду в другой твои слова, И заря, как щек твоих румянец, Ночью, будто вспыхнет и воспрянет. Наблюдая на листве росу, Я увижу в них твою слезу. Zemin aylanyp dur, Oňatlyk örän! Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok. Dünýäň her gülünde men seni görän, Şonuň üçin bu dünýäden gitme ýok. А земля в движеньи, Благодать кругом. Никому ее дороги не постигнуть. Вижу я тебя в цветке любом, И поэтому мне жизни не покинуть. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |