19:56 Ýagşysyna - ýagşy, ýamanyna - ýaman diýeliñ | |
ÝAGŞYSYNA - ÝAGŞY, ÝAMANYNA - ÝAMAN DIÝELIŇ
Edebiýaty öwreniş
Bu adamyň çylşyrymly, gyzykly hem-de gamgyn ykbaly bar. Onuň haçan dünýä inendigi, nähili maşgalada önüp-ösendigi baradaky anyk maglumatlar häzirlikçe biziň elimizde ýok. Diňe bir zat belli. Ol Halaç raýonynda dünýä inipdir. Graždanlyk urşunyň wakalaryna gatnaşyjy Mahinowiç diýen şahsyň ýatlamalarynda aýdylyşyna görä, Abulhekim Gulmumuhammedow Stambulyň ýokary dini uçilişesini tamamlapdyr. Gündogar dilleriniň ençemesine suwara bolupdyr. Onuň ýaşlykýyllary barada diňe şu zatlar mälim. Daşyndan göräýmäge A.Gulmuhammedow günde bäş wagt namazyny yrýa etmän, dini wagyz-nesihatlar bilen gümra bolup ýörmeli adam bolaýjak ýaly. Emma beýle däl. Beýik Oktýabryň şanly ýeňşiniň yz ýanynda ol rewolýusion göreşiňgaýnap-joşýan ýerlerinde peýda bolupdyr. 1920-nji ýylyň 28-nji awgustynda Çärjew şäherinde Buhara rewolýusiýasynyň başy başlanýar. Şol gün, esasan, ýerli garamaýaklardan düzülen rewolýusion türkmen otrýady Çärjew beginiň müň serbazdan ybarat ýygyny bilen aldym-berdimlisöweşe girip, şol günüň özünde hem şäheritabynlygyna geçirýär. Rewolýusion türkmen otrýadyna bolsa A.Gulmuhammedow komandirlik edýär. Çärjewde başlanan Buhara rewolýusiýasynyň wakalaryna Türkfrontuň şol wagtky komanduýuşisi M.W.Frunze gönüden-göni ýolbaşçylyk edip durupdyr. Ol A.Gulmuhammedowyň komandirlik edýän rewolýusion türkmen otrýadyna aýratyn ähmiýet beripdir. Görnükli serkerdäniň Çärjew rewolýusiýasynyň öň ýanynda W.F.Baranow hem G.W.Zinowýew bilen geçiren telefon gepleşiginde onuň otrýady barada şeýle gürrüň bolýar: Gulmuhammedowyn otrýady hakynda aýdylsa, armiýanyň güýji hem serişdeleri ýagdaýly... Çärjew otrýadynyň söweşjeň taýýarlygy üçin jogapkärçiligi tutuşlygyna siziň üstüňize ýükleýärin. Otrýad islendik pursatda taýyn bolup durmalydyr» (SSKP MK-nyň ýanyndaky MLI-niň Türkmenistan filialynyň arhiwi, f. 51, op 7, 115-nji iş). Çärjewde üstünlikli ýeňiş gazanandan soň, onuň otrýady Buhara tarap ýola düşýär. Emiri derbi-dagyň etmekde bu otrýad uly işler bitirýär. Özbegistanyň görnükli döwlet işgäri Faýzulla Hojaýewiň kitabynyň 468-nji sahypasynda berlen düşündirişde ol hakda şeýle ýazylypdyr: "Gulmuhammedow – Buhara rewolýusiýasyna gatnaşyjy". F.Hojaýewiň ýazmagyna görä, 1920-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Buhara emiri Seýit Alymhanow gülberi arkasyna daňlyp, Buhara Halk Sowet Respublikasy jar edilýär. BHSR-iň sekiz adamdan ybarat ilkinji Rewkomy döredilýär. Rewkomyň çlenleriniň arasynda A.Gulmuhammedow hem bar ekeni. Ol 1922-nji ýyla çenli Buharada dürli jogapkärli wezipelerde işleýär. Buharanyň «Altyn ýyldyz» ordenine mynasyp bolýar. Türkmen otrýadynyň komandiri. Buharany zabt edip almaga gatnaşdy. Rewolýusiýanyň ýeňşinden soň ençeme jogapkärli postlarda oturdy. Ýöne Kerkide galtamançylygyň dartgynly döwründe Owganystana giden türkmen emigrantlarynyň tarapyna geçdi» (Hoddžaýew F.Izbrannyýe trudy, tom I, Taşkent, 1970) Eýsem munuň özi A.Gulmuhammedowyň rewolýusiýa dönüklik edip oturyberdigimikä? Onuň Buhara respublikasynyň Harby neziri (ministri) ýaly jogapkärli wezipeden ýüz öwrüp, Owganystana gitmegini näme bilen düşündirip bolar? Dogrusyny aýtsak, onuň ömrüniň bu döwri barada hem agyz dolduryp aýdar ýaly anyk maglumatlar elimizde ýok. Ýöne biziň pikir edişimize görä, onuň belli bir wagtlyk rewolýusion göreşden çete çykmagy BHSR-yň ilkinji ýyllaryndaky syýasy durmuşy bilen bagly bolsa gerek. Bu ýyllarda ýerli buržuaz-milletçilere respublikanyň jogapkärli wezipelerine sümlüp girmek başardypdyr. Olar ýaş respublikanyň içinden urmak, özleriniň şowinistik ideýalaryny amala aşyrmak, az sanly milletlerden bolan ýolbaşçy işgärleri ýanamak, hatda olary ýok etmek üçin ellerinde baryny gaýgyrmandyr. Hut şonuň üçin hem 1921-nji ýylda Buhara Kompartiýasynyň MK-nyň çleni G.Kasymow Daşkende –Türkkomissiýa, Moskwa–RK(b)P MK-na hem Kominterniň Ispolkomyna ýazan hatynda «Buharanyň häzirki hökümeti tutuşlygyna ezilen oba daýhanlaryna hiç hili dahyly bolmadyk şäherli täjik buržuýlaryndan ybarat» (A.Işanow. Buharskaýa Narodnaýa Sowetekaýa Respublika, Taşkent, 1969, 252-253 sah.) diýip ýazypdyr. G.Kasymow bolsa A.Gulmuhammedowyň otrýadynyň söweşijisi ekeni. (Za Sowetskiý Turkestan. Taşkent, 1963, 538 sah.). Edil şonuň ýaly, soň Buhara MIK-niň ýanyndaky Türkmen bölüminiň başlygy bolan Annageldi Amanow hem şol ýylda Russiýa K(b)P-nin Merkezi Komitetine ýazan arzasynda Buharanyň şol wagtky hökümetini buržuaz hökümet diýip häsiýetlendirip, şeýle ýazypdyr: «Garamaýak ilat emiriň höküm süren döwründäkiden hem häzirki buržuaz hökümeti wagtynda has agyr ezilýär» (A.Işanow, Görkezilen kitap, 253 sah.). Buharada degerli postlary eýelemegi başaran buržuaz milletçiler wagşy terrorçylyk işlerinden hem gaýtmandyr. Şeýle bir mysal. Sakarly daýhan Bäşim Seýitnazarow 1918-nji ýylda Kommunistik partiýanyň hataryna girýär. Ol şondan soň türkmen ilatynyň arasynda rewolýusion ideýalary ýaýratmaga işeňňir gatnaşýar. 1920-nji ýylda bolsa Sakarda öz otrýady bilen Buhara emirine garşy gozgalaň turzup ol ýerde Sowet hökümetini yglan edýär. Soň ol A.Gulmuhammedowyň otrýady bilen birleşip, Çärjew begiňi agdarmaga gatnaşýar. Çärjew Rewkomunyň ilkinji başlygy bolýar. Buharada Sowet häkimiýetini dikeltmekde hem pugtalandyrmakda uly işler bitirýär. Basmaçylyga garşy gaýduwsyz göreş alyp barýar. Emma Buharanyň buržuaz-milletçileri halk arasynda Bäşim serdar adyny alan bu rewolýusioneri 1922-nji ýylda aldawa salyp, atyp öldürýärler (Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, I tom, 431 sah.). Şeýle ýagdaýlar Buhara respublikasynyň ilkinji ýyllarynda häli-şindi gaýtalanypdyr. Biziň pikir edişimize görä, A.Gulmuhammedowyň Buharadan çykyp gitmegi hem sergezdançylyga baş goşmagy şunuň ýaly ýagdaýlar bilen bagly bolsa gerek. Ähtimal, ol öz başyna-da egindeş dosty Bäşim serdaryň gününiň düşmeginden howatyr edip, şeýle ýola ýüz urandyr. Heniz doly anyklanmadyk maglumata görä, A.Gulmuhammedow Owganystana ýörite tabşyryk bilen gidipdir. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ýigriminji ýyllaryň başlarynda Buhara respublikasynyň territoriýasynda ýaşaýan türkmenleriň ep-esli bölegi dürli sebäplere görä, goňşy Owganystana aşypdyr. Aldawa düşüp, ýurtdan çykyp giden garyp daýhanlary, çarwalary yzyna – ata Watana alyp gaýtmak wezipesi goýlupdyr. Bu juda jogapkärli işiň A.Gulmuhammedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylandygy hakynda uniwersitetde okaýarkak merhum professor M.N.Hydyrowyň agzyndan eşidipdik. Professor bu fakta ýigriminji ýyllara degişli dokumentleriň birinde gabat gelendigini aýdypdy. Geçirilen düşündiriş işleriniň netijesinde türkmen emigrantlarynyň yzyna gaýdyp geleni az bolmandyr. Onuň arasynda geljekki görnükli şahyr Rehmet Seýidowda bardy. Ýerli milletden bolan ilatyň sanynyň ýeterlik bolmagy soňra milli soýuz respublikany –TSSR-i döretmekde esasy şertleriň biri boldy. A.Gulmuhammedowyň wagtlaýynça Owganystana gitmeginiň sebäbi nähili düşündirilse-de, bir zat weli aýdyň: ol rewolýusiýadan, Sowet häkimiýetinden bütinleý ýüz öwürmändir. Türkmenistan özbaşdak respublika öwrülen badyna Aşgabatda peýda bolupdyr. Özüniň köptaraply jemgyýetçilik hem döredijilik işlerini alyp barmaga başlapdyr. Aşgabada gelenden soň, A.Gulmuhammedow basym respublikanyň medeni durmuşynda esasy adamlaryň birine öwrülipdir. Özi hem ol başdan öwrenje hökmünde däl, eýsem döredijilik işiniň abyny-tabyny gowy bilýän adam hökmünde orta çykypdyr. Öz çeper hem ylmy işlerini bir wagtyň özünde hem türkmen, hem rus dillerinde ýazypdyr. Ol 1925-1928-nji ýyllarda «Türkmenistan» gazetiniň redaktorynyň orunbasary bolup işleýär. Şol bir wagtyň özünde «Tokmak» žurnalynyň redaktorlarynyň biri bolýar. 1926-njy ýylda «Türkmenistan ylym edebiýat jemgyýeti» döredilýär. Jemgyýetiň Guramaçylyk komitetiniň sostawyna A.Gulmuhammedowhem saýlanýar. Ol 1925-1928-nji ýyllarda gündelik edebi durmuşa has ýakyn durupdyr. Bu ýyllarda «Türkmenistan gazetinde ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýatynyň dürli meselelerine bagyşlanan makalalaryň 9-sy bilen çykyş edipdir. 1926-njy ýylda «Umyt ýalkymlary» şygyrlar ýygyndysyny, ondan bir ýyl öň bolsa «Türkmenistan» gazetinde «Deňsinmedik dul galar» diýen powestini köpçülige hödürleýär. Döredijiligiň bu başky üç ýylynda ol giň sözbaşylar ýazyp, Nowaýynyň «Muhakamatul-lugataýn» atly dil hakyndaky meşhur işini, Seýdiniň, Zeliliniň şygyrlar ýygyndylaryny, «Saýatly-Hemra» dessanyny özbaşdak kitap edip çykardýar. 1929-njy ýyldan başlap onuň ady metbugat sahypalarynda seýrek duşýar. Sebäbi ol şol ýyl Leningrada aspirantura okuwa gidýär. Akademik A.N.Samoýlowiçiň ýolbaşçylygynda ylmy iş ýazyp başlaýar. A.Gulmuhammedow Leningradda iki ýyl okapdyr. Muny şeýle bir fakt hem tassyk edýär. «Türkmenistan» gazetiniň 1930-nji ýylyň 21-nji maýynda çykan sanynda habar berlişine görä, şol ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistan respublikasynyň birinji ylmy konferensiýasy öz işine başlaýar. Ony G.Atabaýew açypdyr hem söz sözläpdir. Konferensiýada A.Gulmuhammedow hem çykyş edip, Leningradda okaýan türkmen studentleriniň hem ylmy işgärleriniň adyndan gutlag sözlerini aýdypdyr. Leningraddan dolanyp gelenden soň ony Türkmenkultda «Türkmen halkynyň taryhyna degişli golýazmalary ýygnamak hem olary degişli düşündirişler bilen çap etmek işine jogapkär» edip belleýärler (Materialy Turkmenkulta, 1931, Türkmenistan YA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasy, r. 176, 6 sah.). Ol 1931-nji ýylyň başy bolmaly. Özi-de bu onuňömrüniň soňky ýyly. Bu ýyl ol has önümli işleýär. Aşgabatda «Materialy po sredneaziatskim literaturnym pamýatnikam» diýen kitabyny rus dilinde neşir etdirýär. Hut şol ýyl onuň «Biografiçeskiý slowar staryh turkmenskih poetow» diýen ikinji kitaby okyjylara gowuşmaly ekeni. (Materialy Turkmenkulta, 1931, 25 sah.) Emma ýylyň ahyrynda neşir edilmeli kitap çykman galýar. Muňa onuň awtorynyň şol wagtky tragiki hem gümürtik ölümi sebäp bolýar. 1932-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistan» gazeti Aşgabat şäheriniň VIII partiýa konferensiýasynda TK(b)P MK-nyň sekretary Ýa.A.Popogyň eden dokladynyň tekstini berýär. Dokladda bolsa A.Gulmuhammedowyň daşary ýurda gaçjak bolandygy hem serhetde öz-özüni atandygy barada aýdylýar. Onuň soňky ykbaly, ine, şeýle bolupdyr. A.Gulmuhammedowyň birden şeýle ýoly saýlap almagy bize garaňky bolup galýar. Eýsem ol näme üçin daşary ýurda gaçmaga synanyşypdyr, näme üçin özüniatypdyr? Munuň näme sebäpleri bar? Şol döwrüň partiýa hem metbugat materiallarynda bu hakda hiç zat aýdylmandyr. Ýöneil arasynda bar bolan gürrüňe görä, otuzynjy ýyllaryň türkmen intelligensiýasynyň arasynda onuň ykbalyny laýa batyran bu hereketi dogrusynda şeýleräk bir düşünje hem ýaşapdyr. Hamana daşgyn tanyşlarynyň biri A.Gulmuhammedowyň ýanyna gelip, «Seni milletçi hökmünde ýok etjek bolýarlar. Biraz apyla-sapyla bolýança, sen gyra çekiläýseň nädýär!» diýip, maslahat salýar. Özüniň oňa serhetden aşmaga kömek etjekdigini aýdýar. Şunuň esasynda hem A.Gulmuhammedow Pöwrizede öz ölüminiň üstünden baranmyş. Elbetde, biziň bu gürrüňi uly tutaryk etmek niýetimiz ýok. Ýöne göwnümize bolmasa, ol belli bir derejede hakykat ýaly hem bolup dur. Muny özümizçe delillendirjek bolalyň. 1931-nji ýylyň birinji ýarymynda A.Gulmuhammedow barada hiç hili erbet gep-gürrüň ýok. Ol yhlas bilen işläp ýör. Ýokarda ýatlanan iki kitabyny çapa taýýarlapdyr. Gadymy golýazmalary ýygnamak bilen meşgul bolupdyr. Bu döwürde ol heniz belli edebiýat işgäri hasaplanypdyr. Mysal üçin, şol ýylyň 4-nji awgustynda «Ýaş kommunist» gazetinde K.Miriýewiň «Proletariat çeper edebiýat äleminde oppurtinistler sazy çalynýar. Ýaş edebiýatçylar ýolbaşçylyga garaşýar» atly makalasy çap edilipdir. Awtor «Bizde näme Oktýabr ýazyjylary ýokmy?» diýen soragy orta atyp, soň özi şeýle ýazyjylaryň bardygyny aýdýar. Muňa B.Kerbabaýewiň, A.Gulmuhammedowyň, G.Burunowyň, O.Täçnazarowyň atlaryny mysal getirýär. Emma 1931-nji ýylyň soňky aýlaryndaky metbugat materiallaryny yzarlasaň, Şeýle ýagdaýy bada-bat aňşyrmak bolýar: Bu döwürde edebi intelligensiýanyň arasyndan synpy duşmanlary, milletçileri gözlemek hereketi başlanypdyr. Ur-tut ençeme ýazyjylara «buržuaz milletçi» ýarlygy dakylypdyr. Şeýle baha diňe A.Gulmuhammedow däl, eýsem B.Kerbabaýew, G.Burunow dagylar hem «mynasyp bolupdyr» (K.Baýrammyradow, Söweşjeň edebiýat ugrunda, Aşgabat, 1970, 237 sah.). Ýazyjy-şahyrlar iki topara – «aklara» hem «garalara» bölünipdir. Ikinji topara girýänlere juda ýowuz daralypdyr. Ine, A.Gulmuhammedowyň başyna düşen şol tragediýa hem şu döwre gabat gelýär. Eger şundan misil alsaň, onuň ölümi barada öňde ýatlanan wakanyň belli derejede jany bar ýaly bolup görünýär. Şu ýerde şeýle bir ýagdaýy ýörite belläsimiz gelýär. Ol näme sebäbe görä «Buržuaz milletçi» diýlip günäkärlenýär? Onuň tutuş döredijiligi şol ideýa eýlenipmi? Ol şeýle zandyýaman adam bolupmy? Geliň, şuny anyklajak bolalyň. 1928-nji ýylda TK(b)P MK-nyň Agitprop bölüminiň müdiri G.Sähedow «Ýaş edebiýatçylaryň wezipeleri» diýen makala bilen («Ýaş kommunist» gazetiniň şol ýylyň 4-nji iýuldaky sany) çykyş edip, «Gulmuhammedowyň «Umyt ýalkymlary» diýen kitabynda we başgalarynda hem milletçilik bar» diýip ýazypdyr. Emma bu ýerde umumy gürrüň edilipdir. Anyk mysallar ýok. Şol bir wagtyň özünde awtor şahyry tutuşlygyna milletçi hasaplanok. Diňe bir kitap esasynda öz pikirini aýdýar. Şondan bir ýyl soň ýene şol G.Sähedow «Türkmen milli çeper edebiýaty» diýen makala bilen çykyş edýär («Turkmenskaýa iskra», 1929, 21, 22, 26, 27 hem 28-nji mart sanlary). Awtor bu makalasynda hem A.Gulmuhammedow barada gürrüň edýär. Ol munda şahyry şol döwrüň belli döredijilik işgärleriniň biri hökmünde ýatlaýar. Onuň adyna öwgüli sözler aýdýar. Emma G.Sähedowyň başky aýdan pikiri soň A.Gulmuhammedowyň düýpden püçege çykarylmagyna badalga bolup hyzmat edipdir. 1931-njiýylda BK(b)P MK-nyň hem TK(b)P MK-nyň türkmen edebiýatyny barlamak boýunça ýörite brigadasy döredilýär. Brigada O.Täçnazarow ýolbaşçy edilip bellenilýär. Oňa barlagyň netijeleri boýunça makalalar ýazmak tabşyrylýar. O.Täçnazarow hem «Duşmanyň ýüzi» («Turkmenowedeniýe», žurnaly, 1931, 5-6, 7-9 sanlary) diýen makalasynda A.Gulmuhammedowyň diňe «Umyt ýalkymlary» şygyrlar ýygyndysy esasynda ony türkmen edebiýatynda antiproletar akymyň wekili, milletçi hem synpy duşman diýip yglan edýär. Biziň bu ýerde O.Täçnazarowyň bu makalasynyň ähmiýetini peseltmek niýetimiz ýok. Emma hakykatyň hatyrasyna aýtsak, onda bir taraplylyk, öwenim öküz, syndyranym sygyr diýlen ýaly, şahyryň her setirinden duşmançylyk ideýalaryny gözlemek meýliniň açyk duýulýandygyny welin aýdasymyz gelýär. Bir söz bilen aýtsak, A.Gulmuhammedowa diňe poeziýa eserleri boýunça şeýle günä ýöňkelipdir. Onuň beýleki döredijilik işleri barada bolsa gürrüň hem edilmändir. Dogry, soň ýigriminji ýyllaryň edebiýatyna bagyşlap, ýörite iş ýazan belli alymlarymyz K.Baýrammyradow («Söweşjeň edebiýat ugrunda»), B.Şamyradow («ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty», Aşgabat, 1971) dagy hem A.Gulmuhammedowly gürrüňe ýene dolanyp bardylar. Emma dogrusyny dogry aýtmak gerek. Bu edebiýatçylar hem şol otuzynjy ýyllaryň düşünjelerinden ugur aldylar. Meseläni çuňdan öwrenmän, oňa täzeçe çemeleşmän, her edip, hesip edip, A.Gulmuhammedowyň diňe çeper eserlerinden kemçilik tapmaga, ony garalamaga çalyşdylar. Onuň aýry-aýry şygyr setirlerini, taýakydy makalalaryndan sözlemleri mysal alyp, olardan özleriçe many çykardylar. Düýpli ylmy esas bilen onuň ýagşysyna ýagşy, ýamanyna ýaman diýmegi başarmadylar. Diňe A.Gulmuhammedowy köteklemeli diýen düşünjä eýerdiler. Hatda bu edebiýatçylar B.Kerbabaýewiň, G.Burunowyň ýigriminji ýyllardaky azaşmalaryny-da esassyz ýere onuň üstüne ýüklediler. Elbetde, A.Gulmuhammedowyň daşary ýurda geçjek bolandygy hem özüni serhetde atandygy belli. Bu onuň uly ýalňyşydyr. Emma ýigriminji ýyllarda şeýle täleýe uçran diňe onuň bir özüniň däldigini aýtmagymyz gerek. Rus edebiýatynyň şol wagtky uly läheňleri A.Tolstoý, A.Kuprin, M.Swetaýewa dagy hem döwrüň uly wakalaryndan dogry baş çykaryp bilmän, daşary ýurtlara aşypdylar ahyryn. Ýöne olar rus edebiýatyndan goparylyp zyňylmandy. Olaryň eserlerine, döredijilik hyzmatlaryna baha berşiň leninçilik prinsipleri boýunça çemeleşilipdi. Beýik serdar bolsa döredijilik hyzmatlaryna juda eserdeň, oýlanyşykly hem jogapkärli baha bermegi öwredip gidipdi. Ynha, onuň «Talant bilen ýazylan kitapça» diýen işini alyp göreliň. Ol şeýle başlanýar: «Bu kitap gahar gazaba münüp, tas dälirän ak gwardiýaçy Arkadiý Awerçenkonyň kitapçasydyr: Rewolýusiýanyň ýagyrnysynda on iki pyçak» Pariž, 1921 («W.I.Lenin. Eserleri, 33 t., Aşgabat, 1958, 114 sah.). Soň serdar kitaba giren hekaýalaryň analizine geçýär. Olaryň gowy hem erbet taraplaryny dogruçyl görkezip, sözüni şeýle jemleýär. «Meniň pikirimçe, käbir hekaýalar gaýtadan çap etmäge mynasypdyr. Talanty höweslendirmek gerek» (Şol ýerde, 115 sah.). Hut şu prinsipe esaslanyp, Arkadiý Awerçenkonyň saýlama hekaýalary Moskwada iki gezek (1964, 1985) uly tiraž bilen neşir edildi. Aslynda biziň hem A.Gulmuhammedowyň, ýigriminji ýyllaryň käbir beýleki döredijilik işgärleriniň hyzmatlaryna şeýle prinsip boýunça çemeleşmegimiz gerekdi. Aýdaly, halkymyz A.Gulmuhammedowyň goýberen ýalňyşlyklary bilen bir hatarda onuň ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýatyny, medeniýetini hem ylmyny ösdürmek ugrundaky hyzmatlaryny hem bilmelidir. Onuň ýaýar ýaly ýagşy işleri bolsa bardy. Biz «Hiçden giç ýagşy» diýlenini edip, galama ýapyşdyk. Elbetde, bir makalanyň çäginde onuň hemme işleri barada gürrüň berip bolmaz. Şonuň üçin hem bu ýerde onuň ylmy hem çeper döredijiligi dogrusynda ýygjam görnüşde gürrüň edilýär. ■ A. G u l m u h a m m e d o w – şahyr Onuň poeziýa eserleri esasan, 1926-njy ýylda aýratyn kitap edilip çykarylan «Umyt ýalkymlary» ýygyndysynda jemlenipdir. Ýygyndynyň şeýle atlandyrylmagy ýöne ýerden däl ekeni. Oňa sözbaşy ýazan K.Böriýew muny şeýle düşündirýär. «Türkmenistan Beýik Oktýabryň ýalkymy bolup, ol ýalkym özüne mahsus umytlar dogurýar». Hakykatdan hem, şol şygyrlary okasaň, kalby Lenine, onuň partiýasyna hem Beýik Oktýabra uly söýgi hem minnetdarlyk duýgusy bilen beslenen, öz halkynyň şol günki ýeten bagtyna, döwletli döwranyna çyndan guwanýan liriki gahryman bilenýüzbe-ýüz bolýarsyň. Ol türkmenleriň azatlygaçykanyna, özbaşdak milli respublika bolanyna iki bolup bilenok. Öz halkynyň garaňky geçmişini ýatlaýar. Onuň ýagty geljegine uly umytlar bilen seredýär. Liriki gahryman şol ýagty geljege ýetmek üçin nämeleriň edilmelidigini bilýär. Öz okyjysynyşol işleri amal etmäge çagyrýar. Kitapça soň milletçilik häsiýetli diýlip tankytlanan aşakdaky şygyr bilen açylýar. Özi-de ol Türkmenistanyň döredilmeginiň bir ýyllyk baýramyna bagyşlanypdyr. Bölek-bölek dört tarapa pytran, Ata-ene bir, türkmenili birleşdi, Zulum astynda dilibagly titirän, Duýgy-düşünjesi, dili birleşdi. Buhar emirligniň ganhor golundan, Hywa hanlygynyň wagşy elinden, Horlanyp, aýrylyp bagy-gülünden, Ter açylyp täze güli birleşdi. Sar zulmunda niçe ýyllar hor bolan, Aglap, zulm astynda gözi kör bolan, Azatlyk yşkynda ýanyp gur bolan, Sönmez yşkyň ody-küli birleşdi. Azat bir durmuşa girdi illermiz, Ter açylýar bagda gyzyl güllermiz, Duýgy-düşünjämiz hem-de dillermiz, Okuwy, mekdebi, dili birleşdi. Türkmen jemhurýetniň parlak bir ýaşy, Beýik Oktýabryň beren iýmişi, Azat etdi daýhan, her zähmetkeşi, Toý-da baýram edip, ili birleşdi. Şahyr aşakda mysal alynjak şygrynda bolsa zähmetkeşleriň beýik serdary W.I.Lenini joşgunly wasp edýär. Oňa öz halkynyň adyndan alkyş aýdýar. Serdaryň aradan çykan güni mynasybetli ýazylan şygyrda beýik ynsany ýitiren halklaryň ýürek awusyny aýan etmäge çalyşýar. Orusetden parlap çykdy bir kişi, Barça garyplary azat eýledi. Şarkdaky, Garpdaky bar zähmetkeşi, Çyn azat ýol açyp, köp şat eýledi. Orusetde işçi bilen daýhany, Azat etdi, ýykdy zalym patyşany, Guçkow, Kerenskiý – barça hulgany, Kowdy, şura ýolun binýat eýledi. Aýnyksa dönderdi Şarka ýüzüni, Imperialistlere diýdi sözüni, Türkmen, özbek, gazak hem gyrgyzyny, Ýyrtgyç wagşylardan azat eýledi. Öldügine tamam dolandyr iki ýyl, Ökünipler ýoklugyna uşby ýyl, Eýranly, owganly, hindli – her bir il, Matam yglan edip, perýat eýledi. Kitapçadaky şygyrlarda şahyrana ruhy ahwalaty açmagyň dürli-dürli tärleriniň saýlanyp alnandydygyny-da aýtmak gerek. Diýeli, şahyr bir ýerde ýüzlenme tärine ýüz ursa, başga bir ýerde gürrüň bermek tärine arkalanýar. Ýene bir ýerde liriki gahryman bir gyra çekilip, döwürdeş gahrymana söz berýär. Ynha, ol özüniň ýürek joşgunyny türkmen daýhanynyň dilinden şeýle beýan edýär. Dokuz ýüz on ýedi, girdi Oktýabr, Orus işçi-daýhanda tükendi sabyr, Gara zulum heýkeline gazyldy gabyr, Azatlyk, gardaşlyk – bir şygar bolduk. Sekiz ýyldyr zulma garşy göreşde, Beýnelmelel, dogry-deňlik her işde, Orak-çekiç elde, her bir ýörişde, Gardaş kimin bir-birimiz ýar bolduk. Şahyryň öňde getirilen şygyrlarynyň türkmen klassyky poeziýasynyň däpleri boýunça ýazylandygy görnüp dur. Ýöne ol diňe klassyky däplere kökerilip oturmandyr. Turuwdan täzeligiň gözlegine çykypdyr. Elbetde, okyjylara W.Maýakowskiniň joşgunly ýüzlenmä ýugrulan, erkin fýurmaly, basgançakly şygyrlary giňden bellidir. A.Gulmuhammedow hem döredijiliginiň ilkinji döwründen başlap, maýakowskiçilik stile ýüz tutupdyr. Kitapda ýerleşdirilen şygyrlaryň agramly bölegi onuň poeziýasynyň stilinde hem ruhunda döredilipdir. Ondaky «Goşçularyň ülke gurultaýyna bagyşlap» ýazylan aşakdaky şygry muňa mysal hökmünde alýarys. Horlanan garyp daýhan! Sen aýak astyna düşdüň, Zulum oduna bişdiň, Haýwan sanyna düşdüň, Garyp-batrak, ýeriňden galk! Daýhan halk! Azat duýgy, synpy göreş! Synpy dalaşyk, ýok ylalaşyk, galma bulaşyp Işiň bitir, ýerine ýetir! Leniniň ýolundan ýör! Partiýanyň sözün gör! Iň soňky kararyň ber! Meýdana çyk. duşmany ýyk! Ýer-suwuň paýla, gözüňi aýla, goşuňy şaýla! Hakyňy al, barly bol! Şindäçä gaçdyň, gara deriňi saçdyň, Gurultaýyň açdyň, Karar et! Maksadyňa ýet! Biziň pikirimizçe, maýakowskiçilik forma A.Gulmuhammedowa öz şahyrana pikirlenmelerini töwerekleýin açmaga has giň mümkinçilik beripdir. Ol şu forma arkalanyp, döwrüň ýer-suw reformasy, sowatsyzlygy ýok etmek, aýallar azatlygy ýaly möhüm meselelerini orta çykarypdyr. Şahyr bu hili şygyrlarynda diňe W.Maýakowskiniň formasyna däl, eýsem onuň sözlere, sözlemlere obrazlylyk bermek, olary simwollaşdyrmak däplerini hem öz çeperçilik mümkinçiligine görä dowam etdirmäge çalşypdyr. Ol «umyt ýalkymy», «ýakymly ýel», «parlak ýaz», «gül ýüzli ýar» ýaly söz düzümlerine simwollaşdyrma bermek isläpdir. Emma gynandyrýan ýeri, soň şahyryň şygyrlary barada gürrüň eden edebiýatçylar tutuş şygryň ruhundan gelip çykan sagdyn ideýalary görmezlige salyp, şol hili simwoliki häsiýetli sözlerden ters many çykarmaga ýykgyn edipdir. Dogry, onuň şol hili setirlerinde pikir aýdyňlygynyň ýetmeýän ýerleri bar. Ýöne olara tutuş şygryň esasynda baha berseň, şahyryň yrga ideýalara ýüz urmaýandygyny duýsa bolýar. ■ A. G u l m u h a m m e d o w – kyssaçy Onuň «Umyt ýalkymlary» kitabyna ýazylan sözbaşyda şeýle sözler bar. «Gulmuhammedowyň («Türkmenistan» gazetiniň başgarujysynyň orunbasary) ýazan hekaýalarynyň, goşgularynyň «Türkmenistan» we «Daýhan» ýüzlerinde höwes bilen okalany mälim». Şu ýerde käbir zatlary anyklaşdyrmagymyz gerek. «Daýhan» gazeti 1925-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykyp başlapdyr. Şol ýylda hem onuň sahypalarynda iki sany hekaýa – «Daýhan Hojamyrat» (11-nji dekabr), «Taňrygulynyň emir zulmy astynda horlanyşy» (25-nji dekabr) çap edilipdir. Hekaýalaryň aşagyna diňe «G» diýlip gol çekilipdir. Bu hekaýalar ilki bilen B.Şamyradowyň ünsüni çekipdi. Ol hekaýalary türkmen prozasynyň ilkinji eserleri diýip häsIýetlendiripdi. Ýöne olary Agahan Durdyýewiň galamyna degişli edipdi. Şol hekaýalara esaslanyp hem oňa «Türkmen edebiýatynda çeper prozanyň düýbüni tutan ýazyjy» diýip baha beripdi (Görkezilen iş, 144-145 sah.). Ýöne bu ýerde biziň edebiýatçy bilen jedelleşesimiz gelýär. Has dogrusy, bu hekaýalar A.Durdyewiň eserleri däl diýmekçi bolýarys. Birinjiden, hekaýalara «G» diýlip gol çekilipdir. Ol Gulmuhammedow diýildigi bolýar. Ikinjiden, K.Böriýew öňde, getirilýän sözlerinde oňuň «Daýhan» gazetinde hekaýalarynyň çykandygyny tassyk edýär. Galyberse-de, 1925-nji ýylda «Türkmenistan» hem «Daýhan» gazetlerinde hekaýa žanryndan şu iki eserden başga zat çap edilmändir. Diýmek, K.Böriýew Gulmuhammedowyň hekaýalary diýip, şu iki hekaýany göz öňünde tutýar. Üçünjiden, A.Durdyýew çeper döredijilige 1927-nji ýylda başlapdyr (Türkmen edebiýatynyň taryhy, IV tom, Aşgabat, 1979, 255 sah.). Dördünjiden, hekaýalaryň wakalary A.Gulmuhammedowyň dünýä inen ýerlerinde – Kerki töwereklerinde bolup geçýär. Mysal üçin, ikinji hekaýa şeýle tamamlanýar: «2-nji sentýabrda emir zulumyndan gutulan garyp işçi-daýhanlar we Gyzyl Goşunlar tarapyndan edilen ýygnakda tribuna çykyp, emir hökümetine garşy agzyndan öçli we otly, entegem gorlary pürken Taňrygulynyň «Ýaşasyn işçi-daýhan hökümeti!» diýip, şatlykly gözýaş döküşi heniz-de gözlerinden giden ýok». Görşümiz ýaly, awtor bu ýerde öz gatnaşan (bu hakda öňde aýdylypdy) wakalaryny beýan edýär. Galyberse-de, bu hekaýalaryň dili, beýan ediş tärleri boýunça A.Gulmuhammedowyň 1925-nji ýylda ýazan «Deňsinmedik dul galar» powesti bilen hörpdeş gelýär. Bu ýerde onuň şol hekaýalaryny hem powestini jikme-jik analizlemäge ýagdaýymyz ýok. Ýöne sözümiziň ahyrynda, öňdäki aýdylanlara esaslanyp, türkmen sowet edebiýatynda ilkinji çeper proza eserlerini döretmek A.Gulmuhammedowyň paýyna düşüpdir diýesimiz gelýär. ■ A. G u l m u h a m m e d o w – edebi tankytçy Edil proza eserleri ýaly, onuň edebi tankydy makalalary dogrusynda hem ýaýrawly pikir ýöredip bilmejegimizi öňünden aýtmak isleýäris. Sebäbi ol döredijilik işiniň dowamynda bu ugurdan has öndümli işläpdir. Ozal aýdylyşy ýaly, uly göwrümli tankyky makalalaryň dokuzysyny ýazypdyr. Şu ýerde onuň tankydy makalalaryna häsiýetli bolan esasy ýagdaýlary bellemek bilen çäklenmek isleýäris. Onuň bu makalalary 1926-1928-nji ýyllar aralygynda ýazylypdyr hem olar esasan şu ýyllaryň janly edebi durmuşyndan söz açýar. Tankytçy ozaly bilen edebi pikiriň döwür bilen aýakdaş gitmeginiň, onuň gündelik durmuş wakalaryna bada-bat seslenmeginiň tarapdary. Şonuň üçin hem ol öz kärdeşlerine şeýle igenýär. «Biziň şahyrlarymyz heniz-de «Nikolaý tagtyndan düşdi» we «Kerenskiý gaçdy», «baýlar we kapitalistler bizi horlaýardy» kimin mundan dört-bäş ýyl 214 ozal ýazylyp gutarylan sözüni ýazyp durmakdadyrlar» («Türkmenistan», 1926, 1-nji noýabr). Soň ol sözüni dowam etdirip, edebiýatda tematik gerimliligiň heniz gowşakdygyny adalatly ýazgarýar. «Biziň şahyrlarymyz... köplenji ýa birini öwüp, ýa birini syndyryp, ýa-da bolmasa woýennyý kommunizm wagtyndaky teşwikat (agitirlemek – awtorlar) heňini çalmana başlaýarlar. Indi eýle döwürler geçdi». Şol döwürdekäbir edebiýatçylar geçmiş mirasyň däplerinden peýdalanmaga çürt-kesik garşy çykyş edipdiler. Emma A.Gulmuhammedow olaryň pikirdeşi däl. Ol geçmiş edebiýatyň çeper dilinden, formalaryndan, obrazly aňladyş serişdelerinden ýerlikli peýdalanmagy ündeýär («Türkmenistan», 1928, 25-nji aprel). Şol bir wagtyň özünde ol täzeligiň hem tarapdary. «Men-ä döwrümizdäki ýaňy şygyrlar, täze okyjylaryň tarapdary» (Şol ýerde). Tankytçy makalalarynda köplenç teoretiki taýdan pikir ýöretmäge çalşypdyr. Ol bir makalasynda «Ýaş şahyr we ýazyjylarymyz şu üç ýyl içinde (1924-1927-nji ýyllar göz öňüne tutulýar – awtorlar) meslek (syýasy) we ideologiýa taýdan bir az össeler-de, ýazyjylyk hundy (ussatlygy), usul-uslyp, sangat (çeperçilik) we istil (stil) taýyndan örän pesdirler» («Türkmenistan», 1928, 25-nji ýanwar) belleýär. Hakykatdan-da, bu döwürde orta çykan ýaş şahyrlaryň şol wagtky eserlerini içgin yzarlasaň, bu pikirde galatlyk ýok. Tankytçy öz makalalarynda hemişe anyk gürrüňetmäge çalyşýar. Anyk awtoryň anyk eserini alyp, ony başardygyňdan ideýa-tematik däl-de, ideýa-çeperçilik taýyndan analiz etmäge dyrjaşýar. Ol «Türkmenistan» gazetiniň 1928-nji ýylyň 20,27,29-njy ýanwar sanlarynda çykan göwrümli makalasyny ýaşlaryň döredijiligine bagyşlapdyr. Awtor munda diňe ýaşlaryň anyk eserleri barada gürrüň etmän, eýsem olara diliň hem edebiýatyň kanunlaryny, edebiýat ylmyny, beýleki halklaryň edebiýatyny içgin öwrenmegi maslahat berýär. Dogry, onuň tankydy makalalarynda aşa teoretiksiremek, öwretjek bolmak, özüňe göwnüň ýetip gürlemek ýaly ýagdaýlar hem mahal-mahal duýlup gidýär. Aslynda ol göwnüne gelenini çekinmän diýip bilýän, gönümel adam bolupdyr. Muny onuň 1931-nji ýylda rus dilinde ýazan kitaplarynda öz ylmy halypasyA.N.Samoýlowiç bilen birnäçe gezek gyzgyn jedele girýändigi hem tassyk edýär. ■ A.G u l m u h a m m e d o w – edebiýat tarypçysy Ol edebi mirasy öwrenmekde has-da önjeýli işler bitiripdir. Biz öňde onuň Nowaýynyň «Muhakamatul-lugataýn» diýen eserini 1925-nji ýylda Aşgabatda aýratyn kitap edip çykarandygyny belläpdik. Bu Myralynyň eserleriniň sowet döwründe neşir edilişiniň başy bolmaly. Kitaby neşire taýýarlaýşy barada akademik A.N.Samoýlowiç şeýle ýazypdy. «Ony beýan ediji awtor häzir «Türkmenistan» gazetiniň redaktorynyň orunbasary bolup işleýän, özüniň ýaşlygyna garamazdan, çylşyrymly hem täsin biografiýasy bolan türkmen Gulmuhammedowdyr, ol türkileriň, aýratyn hem türkmenleriň geçmiş medeniýeti, ýazuwy bilen gyzgyn gyzyklanýar, yhlas bilen degişli materiallary, şol sanda golýazmalary ýygnaýar» (Mir Ali-şir, Sbornik, L., 1928, 173 sah.). Görnükli alym soň türkmen edebiýatyna bagyşlanan işlerinde Seýdiniň, Zeliliniň döredijiligi, «Saýatly-Hemra» dessany, umuman, türkmen dessançylygy barada pikir ýöredende, A.Gulmuhammedow tarapyndan taýýarlanan neşirlerden hem olara ýazylan sözbaşylardan häli-şindi peýdalanypdyr. Umuman, A.Gulmuhammedow geçmiş edebiýatymyzy gowy bilipdir. Şol edebiýata dogry baha bermegi hem başarypdyr. Geliň, muňa käbir mysallar getireliň. Biziň pikirimizçe, ol orta asyr türkmen edebiýatynyň, esasan, arap hem pars dillerinde döredilmeginiň sebäplerini dogry düşündirip bilipdir. («Türkmeniň atly goşguçylaryndan Seýdiniň goşgulary, Aşgabat (Poltarask), 1926, 5-9 sah.). Edebiýatçynyň türkmen klassyky poeziýasy XVIII asyrdan başlanýar diýmegi hem teorotiki taýdan esasly. («Türkmenistan», 1926, 29-njy sentýabr). Ýa bolmasa ol «Saýatly-Hemra» dessanyny 1927-nji ýylda Aşgabatda «Türkmen milletiniň XV asyrdaky ahwallaryny aňladýan dessanlaryndan. Saýat ile Hemra» diýen at bilen neşir etdiripdir. Hakykatdan hem edebiýatçynyň şeýle diýmeginiň jany bar eken. Has soň professor H.Görogly bu dessanyň «Gorkut Atanyň kitabynyň» yz ýanynda, hut şonuň esasynda dörändigini ynandyryjylykly subut etdi (Oguzskiý geroiçeskiý epos, M., 1976), Ýene bir mysal. Biz Hindistanda ýaşan özboluşly türkmen şahyry Baýram hanyň üsti altmyşynjy ýyllarda açyldy diýip ýördük. Emma A.Gulmuhammedow şeýle şahyryň bardygyny bilýän ekeni. Aýratyn hem onuň ozal atlary agzalan rus dilindäki iki kitabynda geçmiş edebiýatymyz hakynda gymmatly maglumatlar, gyzykly pikir ýöretmeler köp. Ýöneolaryň awtorynyň «garalanandygy» sebäpli häzirki edebiýatçylar şol kitaplaryň golaýyna barmaga, olardan peýdalanmaga çekinişip ýörler. Biziň pikirimizçe, şol kitaplar degişli düşündirişler bilen täzeden neşir edilse, diňe peýda berip bilerdi. Ýeri gelende aýtsak, edebiýatçy türkmen intelligensiýasynyň arasynda ilkinji bolup kandidatlyk dissertasiýasyny goran alym. Ol 1930-njy ýylda Leningradda öňde ady tutulan rusça kitabynyň esasynda bu ady üstünlikli goraýar. Onuň işiniň bir awtoreferaty bir söý bilen Karl Marks adyndaky Döwlet kitaphanamyzda saklanyp galypdyr. Edil, A.N.Samoýlowiçiň aýdyşy ýaly, edebiýatçy gadymy golýazmalary gözläp tapmakda janypkeşlik görkezipdir. Onuň ýigriminji ýyllarda ýygnan köp sanly golýazmalary häzirki günlerde hem edebiýatçy alymlarymyza degerli nusga bolup hyzmat edýär. ■ A. G u l m u h a m m e d o w – dilçi Gulmuhammedowyň dil bilimi boýunça garaýyşlarynyň käbiri onuň edebiýata degişli işlerinde beýan edilipdir. Mysal üçin, ol «Saýatly-Hemra» dessanyna ýazan sözbaşysynda Mahmyt Kaşgarly, Reşideddin, Abulgazy ýaly irki awtorlardan soň, sowet dil biliminde ilkinjileriň hatarynda «türkmen» sözüniň gelip çykyşy hakynda öz pikirini aýdypdyr: «7-nji asyrda arap goşunlarynyň Amyderýa töwereklerinde, belki Mary (Merwýanlarynda ilki başlap türkler bilen daklyşanlarynda, oguz türklerinden Salyr urugymyzy uçratdyklary hakynda... taryhy materiallar bar. Ine, şo günden başlap, türk dilini bilmez arabyň: «Sen kim?» diýip soran soragyna garşy oguz ili, Salyr beginiň (Bu ýerde Salyr Gazan göz öňüne tutulýar) beýik bir magtanç bilen «türk men» diýip beren gaýtargysyndan soň araplar tarapyndan bütin oguz ili (Türkmen we onuň jemg sygasy (köplük sany) edip teräkime) diýip atlandyrylandyr». Onuň türkmen diliniň ýazuwly çeper edebiýatyň dili hökmünde ulanylyp başlanyşyna, başga sözler bilen aýdanyňda, häzirki zaman türkmen edebi diliniň ýazuw formasynyň ýüze çykyşyna degişli orta atan pikirleri öz döwri üçin täzelikdi. Seýdiniň 1926-njy ýylda neşir edilen goşgular ýygyndysyna ýazylan sözbaşy, şeýle sözler bilen başlanýar: «Eýran, Turan, Türkmenistan we Hindistanda dürli wagtlarda we dürli ýerlerde beýik-beýik hökümetler guran türkmen milletiniň 390-njy hijri we 1112-nji miladydan tä soň zamanlara gadar her ýerlerde hökümet we häkimiýet ellerinde bolan bolsa-da, hiç wagtda türkmen dili özlerine resmi hökümet dili edip tutman, belki, çepbesine, hökümet dili edip arap, pars dillerini işledenler». Soňra awtor bu pikirini anyklaşdyrýar hem-de türkmen edebi dilinde döredilen ýazuwly çeper edebiýatyň XVIII asyrdan başlap, uly ösüşe eýebolandygyny ýörite nygtaýar. Türkmen milli edebi diliniň kämilleşmeginde uly rol oýnan şahyrlar hakda ol şeýle ýazýar: «Ýokarda sap türkmen dilinde goşgular goşan il goşguçylary dörändigini aýdyp geçdik, dogrudan-da şol zamanlarda türkmenler arasynda ýetişen Azady, Magtymguly, Magrupy, Seýdi Zelili, Kemine, Nepesi, Şeýdaýy, Zynhary, Talyby, Allahy we başgalar kimin uly-uly il goşguçylaryny görýäris». A.Gulmuhammedow «Türkmenistan» gazetiniň 1926-njy ýylyň 19-20-nji ýanwarynda çykan sanlarynda ýerleşdirilen «Dil-şiwe çekişmesi ýaki bir diliň bozulmasy meselesi» diýen makalasynda «Tokmak» žurnalynyň 1925-nji ýylyň 21-nji sanynda başy başlanan diskussiýanyň barşynda metbugat üsti bilen aýdylan dürli pikirleri analizleýär. Ferid Efendiniň türkmen diliniň gum içinde çüýrän dildigi, sazakdan tagta ýasap bolmaýşy ýaly, ondan edebi dil döredip bolmajakdygy üçin «ösen» osmanly-türk diline geçmegiň zerurdygyny ündeýän pikiriniň düýbünden ýalňyşdygyny subut edýär. Gaýta, arap we pars dilleriniň täsirine. köp duçar bolan şol wagtky türk we azerbaýjan dillerine seredeniňde, türkmen dilinde köne türki elementleriň örän köp saklanyp galandygyny anyk mysallar bilen görkezýär. Soňky ýyllarda sowet dilşynaslygynda A.Gulmuhammedowiň bu pikiri subut hem edildi. Aýdaly, görnükli türkolog E.W.Sewortýanyň «Etimologiçeskiý slowar týurkskiý ýazykow» (M., 1974 g.) diýen saldamly kitaby. Onda türki dilleriň, olaryň köp sanly dialektdir gepleşikleriniň, dürli döwürlerde döredilen ýazuw ýadygärlikleriniň materiallary boýunça düzülen bu sözlükde gadymy nusgalyk sözler hökmünde türkmen diliniň leksik birlikleri kabul edilipdir. Edil şonuň ýaly, «Türkmenistan» gazetiniň 1927-nji ýylyň 15-nji maýynda çykan makalasynda bolsa A.Gulmuhammedow sowet döwründe türkmen dilini we edebiýatyny ösdürmegiň käbir anyk meseleleriniň üstünde durup geçýär. ■ A. G u l m u h a m m e d o w – taryhçy Dogrusy, ony sowet döwrüniň geçmiş eýýamy öwreniji ilkinji türkmen taryhçysy hasap etsek hem ýalňyş bolmasa gerek. Sebäbi halkymyzyň rewolýusiýadan ozalky taryhy dogrusynda deslapky pikir ýöretmeler onuň galamyna degişli. Respublika döredilen badyna taryhçy O.B.Tumanowiçe türkmenleriň geçmiş taryhy hakynda ýörite kitap ýazmak tabşyrylypdyr. Halkymyzyň geçmiş taryhy hakyndaky bu ilkinji kitap ýazylan döwründe A.Gulmuhammedow awtora ýakyndan kömek beripdir hem kitaba sözbaşy ýazypdyr (Tumanowiç O.B Turkmenistan i turkmeny, Aşhabad, 1926). Ol «Saýatly–Hemra» dessanyna ýazan sözbaşysynda, esasan türki halklaryň hem türkmenleriň geçmiş taryhyna ser salýar. Mysal üçin, onda biziň eramyzdan ozalky döwürde ýaşan Oguz hanyň zamany, VI asyrda Altaý etraplarynda emele gelip, iki asyrlap dowam eden «Oguz hakanlygy» barada gyzykly maglumatlar berilýär. Biziň taryhçylarymyz bolsa halkymyzyň taryhynyň bu döwürlerine diňe ellinji ýyllardan soň ýüzlenip başladylar. Onuň türkmenler XII asyrda-da Orta Aziýada ýaşapdyr diýen pikiri şol döwür üçin täzelikdi. Soň ol taryh ylmynda tassyk hem edildi. Umuman, onuň halkymyzyň taryhyny çynlakaý öwrenmek, şol taryhyň ähdi döwürlerine belet bolmak üçin yhlas edendigini duýsa bolýar. Aýdaly, A.Gulmuhammedowyň Stawropol türkmenlerine bagyşlanan göwrümli makalasynda («Türkmenistan», 1930, 6, 7-nji iýul) köp sanly gyzykly taryhy hem etnografiki maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Onuň ykdysady temadan ýazan «Amyderýa türkmenlerinde garaköli çarwaçylygy we onuň ykdysady ähmiýeti» («Türkmenistan», 1929, 26, 27-nji dekabr) diýen makalasy hem taryhy aspektde ýazylypdyr. Ol 1931-nji ýyldaky iki kitabynda hem taryhyň gürrüňini bir gapdalyndan goýmandyr. Bu ýagdaýlar bolsa A.Gulmuhammedowyň halkyň taryhyny bilmän, onuň edebiýatyna we diline dogry baha berip bolmaz diýen hakykata uýandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde munuň özi onuň edebiýaty öwreniş ylmyna we dil bilimine köptaraplaýyn çemeleşendigini aňladýar. Abdulhekim Gulmuhammedow ömrüniň bary-ýogy alty ýyldan gowrak wagtyny döredijilik işine bagyşlapdyr. Ýöne ol şol döwrüň içinde-de diňe çeper hem ylmy döredijilik bilen gümra bolup oturmandyr. Halkymyzyň medeni derejesini ýokary galdyrmak işine goşant goşmak üçin elinde baryny edipdir.Ynha, A.Weltman diýen bir awtor «Gündogar çeper edebiýatda» diýen makalasynda Türkmenistanda geçmiş şahyrlaryň eserleriniň kitap edilip çykarylyp başlanandygyny guwançly belläp, soň «ýöne olaryň owadan bezegsiz, ýönekeý broşýura görnüşinde neşir edilmegi dogry däl. Bu ýoldaş Gulmuhammedowyň pikiri. Ony kabul etmek hem goldamak gerek» (Nowyý Wostok, M., 1926, XII wyp. 24 sah.) diýip ýazýar. Ýabolmasa belli bahasyz «Türkmen sazy» diýen kitaby alyp göreliň. Görüp otursak, bu kitabyň awtorlaryna hem A.Gulmuhammedow ençeme degerli maslahatlar beren ekeni (W.Uspenskiý, W.Belýaýew. Turkmenskaýa muzyka, tom I, Aşhabad, 1979, 60-61 sah.). Şuňa meňzeş başga bir mysal. B.Abdullin A.Gulmuhammedowyň özüne «Ýusup-Ahmet» dessanynyň esasynda drama ýazmagy maslahat berendigini aýdýar. Dessanyň özünde saklanýan gadymy golýazmasyny peýdalanmaga berendigi, drama ýazylan döwründe peýdaly maslahatlaryny gaýgyrmandygy üçin oňa minnetdarlyk bildirýär (B.Abdullin, Ýusup-Ahmet (drama), Aşgabat, 1927, 4 sah.). Görşümiz ýaly, A.Gulmuhammedowyň öz halkynyň öňünde bitiren işleri az däl. Ýöne käbir ýalňyşlyklary üçin şu wagta çenli onuň ähli hyzmatlarynyň üstünden atanak çekilip gelindi. Partiýamyzyň bu günki aç-açanlyk syýasaty, demokratiýanyň häzirki döwri bize A.Gulmuhammedow ýaly ozal nähak ýazgarylan hem unudylan adamlaryň ykbalyna täzeçe ser salmaga, olaryň bitiren işlerine adalatly baha bermäge giň ýol açdy. Şoňa görä-de, geljekde onuň ömür hem döredijilik ýoly ylmy esasda öwrenilse, edebiýatymyzyň, ylmymyzyň taryhynda tutýan orny dogruçyl aýan edilse, döredijilik mirasynyň iň gowy nusgalary köpçülige ýetirilse, biziň pikirimizçe, juda adalatly bolardy. 1988 ý. Ahmet BEKMYRADOW, Myratgeldi SÖÝEGOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |