19:34 Edebi miras hem uly yhlas hakynda | |
EDEBI MIRAS HEM ULY YHLAS HAKYNDA
Edebiýaty öwreniş
Edebiýatymyzyň Elbrusy (Kaýsyn Kulyýewiň deňeşdirmesi) Berdi Kerbabaýewiň köpgyraňly çeperçilik gözlegleriniň, hyzmatlarynyň ikinji bir döredijilik hemrasy hem bolupdy. Ol ýazyjynyň edebiýatçylyk zähmetleridi. Özi-de onuň bu döredijilik ugry baryp ýazyjynyň çeperçilik agtaryşlarynyň ilkinji ädimlerinden başlanypdy. Beýik Magtymgulynyň eserleriniň sowet eýýamyndaky ilkinji neşiriniň ýazyjynyň zehin hem zähmeti bilen baglydygyndan, elbetde, hemmeler habarlydyr. Bu neşir häzirki günler hem öz ylmy ähmiýetini ýitirenok. Onuň tekstologik kämilligi hakynda gürrüň edip, görnükli Gündogarşynas Ýe.E.Bertels: «Akademiki neşire ýakynlaşýan neşiri çap etmäge edilen birinji synanyşyk 1926-njy ýylda Aşgabatda, meşhur türkmen ýazyjysy B.M.Kerbabaýew tarapyndan çykarylan neşirdir» diýen netijä geldi. Ýazyjy ýöne ýerden şeýle jogapkärli hem irnik işi öz üstüne almandyr. Birinjiden, Magtymgulynyň poeziýasy ýazyjyny bütin düýrmegi bilen özüne bendi edipdir. Geljekki ýazyjy medresede okap başlandan Magtymgulynyň eserlerini elden düşürmändir. Ikinjiden, ýaşlygyndan Magtymgulynyň döredijilik dünýäsine aralaşan ýazyjy onuň eserleriniň türkmen halky üçin ýeke-täk çeperçilik çelgisidigine göz ýetiripdir. Halkyň şahyra bolan belent hatyrasyny ýüregi bilen duýupdyr. Şol sebäbe görä-de Magtymguly ýazyjynyň tutuş döredijilik ýolunda onuň ýygy-ýygydan ýüzlenýän çeperçilik çeşmesi boldy. Şahyryň eserleriniň soňky neşirlerinde-de onuň eli bardy. Magtymguly hakyndaky ilkinji sahna eseri onuň galamyna degişlidi. Onuň şahyr dogrusyndaky depimi çuňdan alynýan makalalarynyň uly topary Magtymgulyşynaslyk ylmyna mynasyp goşant boldy. Şonuň ýaly-da, ýazyjy hemişe Magtymgula türkmen klassyk edebiýatyny esaslandyryjy, milli poeziýanyň düýbüni tutujy hökmünde garapdy. Şol bir wagtyň özünde ol Magtymgulynyň poeziýasynyň türkmen edebiýatynyň köp asyrlyk taryhynyň dowamydygyny, onuň şu uly taryhly edebiýatyň, şol sanda Gündogar edebiýatynyň çuň çeperçilik däpleriniň içinden ösüp çykandygyny ykrar edýärdi. Şol taryhy hem çeperçilik däpler onuň döredijilik nazaryndan sypmandy. Ýazyjy hemişe olaryň çuňluklaryna aralaşmaga erjeşipdi. Şu ýerde şeýle bir ýagdaýa hem ünsi çekesimiz gelýär. Geçmiş türkmen edebiýatyny barlaýjylaryň görnüklileriniň biri SSSR YA-nyň habarçy-çleni, Türkmenistanyň YA-nyň hormatly akademigi, SSSR-iň Döwlet baýragynyň laureaty, professor E.E.Bertels ýazyjyiyň ýakyn dostlarynyň biri bolupdyr. Akademik B.A.Garryýeiiň ýazmagyna görä, 1944-nji ýylda Ýe.E.Bertels Aşgabada gelýär. Esli wagtlap şu ýerde işleýär. Şol döwürde özüniň «Türkmen halkynyň edebi geçmişi» diýen tutumly işini ýazýar. Işi tamamlap, ony ilki bilen türkmen alymlarynyň, ýazyjylarynyň üýşmeleňinde okap berýär. Şol ýylda hem ol «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilýär. Edebiýatçynyň bu işi iňňän köp materiallar esasynda ýazylyp, ony geçmiş türkmen edebiýatyny öwrenmegiň programmasy hasap etmek hem bolar. Sebäbi awtor diňe bir baý maglumatlary orta atmak bilen, çuň teoretiki netijeleri çykarmak bilen çäklenmän, geljekki edebiýat taryhçylarynyň öňünde köp sanly ylmy wezipeleri keserdip goýýar. Bellemeli ýeri, Berdi Kerbabaýewiň hem gadymy türkmen edebiýaty, türkmen klassyk poeziýasynyň Gündogar edebiýatynyň däpleri bilen baglanyşygy baradaky garaýyşlary, bitiren işleri şu işde öňe sürülýän wezipeler bilen ugurdaş gelýär. Geliň, mysallara ýüzlenip göreliň. E.B.Bertels şol işinde Nowaýy hem türkmen edebiýaty diýen meseläniň üstünde durup: «...onuň bilen düýpli tanyşmazdan, türkmen klassyk edebiýatynyň ähli baýlygyna hakyky çuňňur analiz bermek hem mümkin däldir» diýen netijä geldi. Şondan dört ýyl geçip, okyjylara «Myraly we Soltansöýün» diýen kitap gowuşdy. Kitap Nowaýy hakyndaky türkmen rowaýatlaryny öz içine alýardy. Rowaýatlary B.Kerbabaýew toplap, täzeden işläpdi. Nowaýynyň şol ýylda çykan goşgular ýygyndysyndaky şygyrlaryň köpüsiniň terjimesi ýazyjynyň galamyndan çykypdy. Şondan soň hem Nowaýyny türkmen halkyna has ýakyndan tanyşdyrmak üçin ýazyjy elinden gelenini gaýgyrmady. Belli özbek ýazyjysy Aýbegiň meşhur «Nowaýy» romanyny türkmen diline terjime etdi. Ýeri gelende aýtsak, Aýbek hem B.Kerbabaýewiň toplan we täzeden işlän türkmen rowaýatlarynyň materiallaryndan peýdalanyp özüniň «Gül we Nowaýy» diýen poemasyny döredipdi. Professor Ýe.E.Bertels şol işinde Gündogaryň meşhur şahyry Omar Haýýamyň döredijiliginiň türkmen edebiýaty bilen baglanyşygyny şeýle häsiýetlenlendiripdi: «...häzire çenli üns berilmedik iki ýagdaýy bellemek isleýäris. Bularyň birinjisi – bu aýratyn döräýen zat diýlip görkezilmäge mydama ýykgyn edilýän Haýýamhakykatda öz işiniň ähli taraplarynda seljuk medeniýeti bilen şeýle bir ýakyn baglanyşykly, hatda ony öz gezeginde bu medeniýetiň düýp özeni diýip hasap etmek hem bolar. Bularyň ikinjisi – onuň döredijiliginiň türkmen edebiýaty bilen baglanyşygydyr». Soňky ýyllarda Omar Haýýamyň türkmen klassyk edebiýaty, hususan-da, Magtymgulynyň döredijiligi bilen baglanyşygy baradaky mesele edebiýaty öwreniş ylmymyzda, aýratyn hem Türkmenistanyň YA-nyň habarçy-çleni Z.B.Muhammedowanyň işlerinde barlag astyna alyndy. Bu meselede Berdi Kerbabaýew hem gol gowşuryp oturmady. Şahyryň rubagylary bilen türkmen okyjylaryny tanyş etmegi öz üstüne aldy. 1958-nji ýyldan türkmen okyjylary onuň terjimeleri esasynda Haýýamyň rubagylaryny öz ene dillerinde okap başladylar. Görlüp oturylsa, ýazyjy diňe bir Omar Haýýamyň rubagylaryny terjime etmek bilen çäklenmändir. Onuň ömür ýoluny hem ymykly öwrenen eken. Özi-de bu babatda onuň heniz eşidilmedik öz pikiri bar eken. Ýazyjy 1967-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen «Toýdan-toýa» diýen ýol ýazgylarynda Rumyniýanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy Zahariýa Stanku bilen Omar Haýýam hakyndaky pikir alyşmasyny beýan ediňdir. Uzynrak bolsa-da, Haýýamyň ömür ýoly bilen gyzyklanýan okyjylara ençeme del hem täze pikirleri berýän şol pikir alyşmany şu ýerde getirmegi makul gördük: «Omar Haýýam?» diýip, men nähili soranymy-da duýman galdym. Maňa hyrydar çiňerilen Stanku: – Näme ynanmaýarsyňyzmy? –diýip sorady. – Şübhesiz ynanýaryn. – Onda näme üçin geň galýarsyňyz? – Omar Haýamyň maňa-da biraz degişli bolany üçin. – Omar Haýýam – Türkmenistan? – Hawa. – Örän geň! – Näme üçin? – Men Omar Haýýam Eýran şahyry, mazary hem Nişapurda diýip bilýärdim... Men elimi daldaladym. – Omar Haýýamyň doglan ýeri Dehistan. Biz şol ýere häzir Maşady-Misserian diýýäris. Ilki okap bilim alan ýeri Mary. Marynyň, diňe Marynyň däl, ähli Horosanyň häkimi Soltan Sanjar Seljuky ony öz tagtynda, öz ýanynda ýörite kürsüde oturdyp, ondan maslahat sorar eken. Soňra Seljuklar Eýrany öz golastlaryna salyp, Nişapury paýtagt edinenlerinden soňra, Omar Haýýam Nişapurda ýaşap, döwlet dili pars dili bolany üçin, öz eserlerini pars dilinde ýazypdyr. – Pars dilinde ýazan bolsa... – Eýranda Omar atly adam ýok. Şaýy mezhep üçünji halypa Omary özüniň duşmany hasap edýär. – Siz eýsem, Omar Haýýamy türkmen diýmekçimi? – Ýok. – Onda näme? – Meniň millet dawam ýok. Omar Haýýam haýsy dile terjime edilse, şol diliň şahyry. Hawa, «Dile geldi, bile geldi» diýen nakyl boýunça, men diňe öz bilýän hakykatymy mälim etmekçi bolýan. – Düşündirişiňize sag boluň. Görşümiz ýaly, ýazyjy bu ýerde Omar Haýýamyň Seljuk türkmenleriniň medeniýeti bilen baglanyşygy babatda Ýe.E.Bertels bilen birmeňzeş pikirde. Şol bir wagtyň özünde ol bu pikiri has ösdürýär, baýlaşdyrýar. Edebiýat taryhçylaryny gözlegleriň atyna atarýan täze pikirleri orta atýar. Kiçijik söhbetde haýýamşynaslygyň täze meselelerini gozgaýar. Üç-dört ýyllykda okyjylara XIV asyrda ýaşan türkmen şahyry Burhaneddin Siwaslynyň eserler ýygyndysy gowuşdy. Bu şahyra hem professor Ýe.E.Bertels şol işinde şeýle baha beripdi: «Onuň diwanynyň ähmiýeti biçak uly, çünki biz bu ýerde pars poeziýasynyň bütin ajaýyp tehnikasynyň türkmen poeziýasyna esas edilendigini ilkinji gezek görýäris Burhaneddin gazal bilen bir hatarda rubagy formasyny hem giňden peýdalanypdyr, emma iň esasysy bu formalaryň hataryna edebiýata Orta Aziýa halk formasy tuýugyň – rifmalary omonimlerden bolan dörtlemäniň girizilmegidir». Ýöne şeýle bolsa-da, şahyryň bu diwany biziň edebiýatçylarymyza elýeterli däldi. Onuň ýeke-täk golýazmasy Britan muzeýinde saklanýardy. Ýene edebiýatçylara Berdi Kerbabaýew kömege ýetişdi. Ol daşary ýurda eden syýahatlarynyň birinde diwanyň faksimile nusgasyny tapyp getirdi. Şondan soň edebiýatçy Abdyrahman Mülkamanow diwanyň üstünde yzygiderli barlag işlerini geçirdi. Okyjylary şahyryň goşgulary bilen tanyş etdi. Ýazyjyiyň türkmen «Görogly» eposy baradaky işleri, pikirleri hem biziň üçin örän gymmatly. Eposyň ýüze çykyş döwri hakynda gürrüň edip Ýe.E.Bertels şol makalasynda şeýle ýazypdy: «Hut XVI-XVII asyrlaryň dowamynda türkmen folklorynyň tüýs özboluşly ägirt uly gahrymançylyk eposy «Görogly» («Körogly») düzülipdi diýip pikir etmek bolar». Soňky döwürlerde hem edebiýatçylaryň aglabasy şu pikire arkalandy. Berdi Kerbabaýew hem bu meselede 1972-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen «Köroglynyň aýdymlary» diýen makalasynda şol pikire gol ýapypdy. Ýöne şol bir wagtda Göroglyşynaslar üçin ähmiýetli bolan täze bir pikiri hem orta atypdy: «Dessanlaryň, goşgularyň wakalaryna garanyňda: on altynjy asyr göz öňüňe gelýär. Emma Möwlana Jelaleddiniň (1207-1273) eserleriniň iki ýerinde Görogly barada gürrüň gidýär». Ýazyjynyň bu maglumaty özüne üns berilmegini talap edýär. Sebäbi soňky döwürlerde «Görogly» eposyny öwreniji alymlaryň köpüsi eposda beýan edilen wakalary XVI asyryň ikinji ýarymynda Günorta Azerbaýjanda Jelalylar ady bilen bolup geçen gozgalaňa gatnaşyjy Göroglynyň hereketleri bilen badaşdyryp başladylar. Berdi Kerbabaýewiň bu tapyndysy meselä täzeçe çemeleşilmegini talap edýär. Ýe.E.Bertelskň öňde getirlen pikirine görä, türkmen eposy XVI-XVII asyrlarda doly kemala gelip, düzülip gutarylypdyr. Halk eposynyň wakalaryň bolan döwründe düzülip gutarylmagy asla bolup biljek zat däl. Beýle ýagdaý dünýä epos döredijiliginde hem heniz görülmändir. Biziň pikirimizçe, Berdi Kerbabaýew tarapyndan edebiýata girizilen bu täze maglumat türkmen eposynyň taryhy hakykata baglanyşygy, onuň ösüş ewolýusiýasy ýaly meseleleri täzeden ylmy esasda işlemäge badalga berýär. Ýazyjy makalada Jelaleddiniň özi barada hem şeýle maglumat berýär. «Jelaleddin Balhda doglan türkmen bolandygy hem beýik şahyr bolany üçin şol zamanlarda Koniýany paýtagt edinip, Türkiýede imperatorlyk guran Seljuk häkimleri ony şol ýerik çagyrýarlar». Gynançly ýeri, Gündogaryň bu beýik şahyrynyň ömür hem döredijilik ýoluna biziň edebiýatçylarymyz seýrek ýüzlenýärler. Onuň türkmen edebiýaty bilen baglanyşygy barada heniz edilen zat ýok. Ýogsam türkmen klassyk şahyrlary ony öz halypalary hasap edipdir. Magtymguly «San bolsam» goşgusynda «Jelaleddin kibi» bolmagy arzuw etse, Mollanepes ony «Rumuň gülşeni» atlandyrypdyr. Ýüz müňe golaý şahyrana setiri miras galdyran bu şahyr öz eserlerini zamanasynyň edebi dili bolan pars dilinde ýazypdyr. Akademik W.A.Gordlewskiý onuň türkmen dilinde hem eser ýazandygyny habar berýär. Şahyryň ogly Soltan Welet bolsa türkmen, pars, grek dillerinde şygyr ýazypdyr. Oňuň türkmençe diwanynyň bir nusgasy Türkmenistan YA-nyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň golýazmalar fondunda saklanýar. Biziň pikirimizçe, Berdi Kerbabaýewiň şu zatlardan habary bolupdyr, şahyryň eserlerini ýekän-ýekän çigitländen soň, Görogly baradaky del faktyň üstünden barypdyr. Dogrusyny aýtsak, ýaňy-ýakyna çenli hem türkmen edebiýatynyň taryhyny Döwletmämmet Azadydan başlaýardylar. Ondan öňki döwürlerde ýaşan türkmen şahyrlary bar bolsa-da, olaryň eserlerini ele salyp bolanokdy. Ine, 1964-nji ýylda moskwaly edebiýatçy Gazanfar Aliýewe Hindistandan Baýram hanyň diwanyny tapmak başartdy: bu barada «Prawda» gazetişeýle ýazdy. «Üýtgeşik bir täsin ýadygärlik bilen türkmen edebiýatynyň üsti ýetirildi... Bu täze tapylan gazuw ýadygärligi XVI asyrda türkmençe ýazylan ilkinji edebi dokumentdir. Şu mahala çenli türkmen edebiýatynyň başyny başlan şahyr XVIII asyr şahyry Döwletmämmet Azady hasaplanýardy». Şu wakadan soň okyjylar Baýram hanyň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy. Ýöne görüp otursak, Baýram hanyň ady Berdi Kerbabaýewe has öňräkden bäri mälim eken. Ýazyjy 1962-nji ýylda çykan «Ajaýyp ülke» atly kitabynda bu şahyr hakyndaky deslapky maglumatlary beripdir. Ol Hindistana eden saparynda iş edinip şahyryň diwanyny gözläpdir. Ýöneony ele salmak şol gezek ýazyja başartmandyr. Umuman, ýazyjynyň alys ülkelere eden saparlary diňe ýurt görmek üçin edilmändir. Ol şol ýerlerde-de türkmen edebiýatynyň aladalary bilen dem alypdyr. Ýazyjynyň ýol ýazgylarynda aýdylyşyna görä, ol Drezdene barsa, «Gorkut atanyň kitabynyň» gadymy golýazmasyny gözleýär. Türkiýeden Garajaoglanyň kitabyny tapýar. Iň bolmanda şol ýerlerden edebiýatymyzyň taryhyna degişli täze maglumatlar bilen dolup-daşyp gelýär. Gysgasy, onuň şol syýahatlarynyň özi hem «Batyryň gideni görünmez, geleni görner» diýen gadymy pähimi ýada salýar. Ýazyjynyň edebi-tankydy işleri, pikirleri bilen içgin tanyşsaň şeýle bir zada göz ýetirýärsiň. Ensiklopedik pähimli söz ussady özüniň tutuş ömründe edebiýatymyzyň emer-damaryna belet bolmaga çalşypdyr. Edebiýatyň taryhy, ykbaly, geçmişi hem geljegi hemişe onuň küýünde bolupdyr. Ýazyjy edebiýatyň belli-belli döwürleri, aýry-aýry žanrlary barada kelle döwmändir. Ol tutuş türkmen edebiýatynyň agysyny aglapdyr. Köpgyraňly çeperçilik gözlegleriniň daşyndan edebiýatymyzyň köp dürli meseleleriniň üstünde oýlanypdyr. Iňňän ähmiýetli meseleleri gozgaýan, çuň teoretiki derejede ýazylan işleriň, makalalaryň onlarçasyny miras galdyrypdyr. Haýp ýeri, biz ussadyň edebiýatçylyk ezberligini, özboluşly edebi-tankydy garaýyşlaryny gözden salýarys. Ýazyjynyň bu döredijilik ugry heniz el degrilmän ýatyr. Bu möhüm mesele özüniň barlaýjylaryna garaşýar. 1984 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|