BIR DOGANY SÖZ DOGRUP BERÝÄR
(1985-nji ýylda türkşynaslaryň Aşgabatda geçirilen IV Bütinsoýuz konferensiýasy döwründe belli özbek edebiýatçysy, professor A.Haýytmetow bilen edebi pikir alyşma)
A.B. Abdykadyr Haýytmetowiç! Siz biziň Aşgabadymyza ilkinji gezek geleňizok. Öňem bu ýerde geçen edebiýat ýygnanyşyklarynyň ençemesine gatnaşypdyňyz. Klassyk şahyrlarymyzyň ýubileýleriniň myhmany bolupdyňyz. Ýöne her edebiýat ýa-da ylmy üýşmeleňiniň öz täsiri, öz lezzeti bolýar. Türküşynaslaryň Aşgabatda geçen bu ýygnanyşygy sizde nähili täsir goýdy? Daşkende nähili duýgular bilen dolanýarsyňyz?
A.H. Ozaly bilen türküşynaslaryň bu uly forumyna juda guramaçylykly taýýarlyk gören türkmen kärdeşlerimize, aýratyn minnetdarlyk aýdasym gelýär. Biz edil öz öýümize gelen ýaly bolduk. Her ädimde türkmen doganlarymyzyň ýyly mährini duýduk. Konferensiýa biziň ylmy düşünjelerimizi has baýlaşdyrdy. Täze-täze ylmy gözlegleri keserdip goýdy. Aşgabada gelip has begenen zadym barada aýdaýyn. Meni türkmen edebiýatçylarynyň soňky döwürlerdäki bitiren işleri az begendirmedi. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň ümzügi ileri. Edebi durmuşyň dürli meselelerinden ençeme ylmy-tankydy işler ýazylypdyr. Türkmen edebiýatynyň alty tomdan, on kitapdan ybarat taryhy ýazylyp gutarlypdyr. Dogrusy, siz bu meselede bizden öňürtdiňiz. Türkmen kärdeşlerimiziň edebi hyzmatdaşlyklar meselesine aýratyn üns berýändigini, bu ugurdan köp sanly ylmy barlag işleriniň geçirlendigini gutlamak gerek.
A.B. Türkmen edebiýatçylary dogrusynda ýakymly sözler aýdanyňyz üçin sag boluň. Biz siziň türkmen edebiýatçylarynyň köpüsi bilen dostluk hem döredijilik aragatnaşygyny saklaýandygyňyzy, türkmen edebiýatçylarynyň köp işleri bilen tanyşdygyňyzy bilýäris. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmyny mundan beýläk hem ösdürmek dogrusynda siziň nähili pikirleriňiz bar? Nämeler edilse gowy boljak?
A.H. Durmuşyň ähli meselelerinde-de üstünlik ilkinji nobatda kadrlara hem olaryň hiline bagly bolýar. Soňky on ýyllykda türkmen filologiýasy uly ýitgilere sezewar boldy. Ol ençeme görnükli alymlaryny ýitirdi. Meniň göwnüme bolmasa sizde ýokary derejeli alymlary taýýarlamaga gereginçe üns berlenok. Tutuş respublikada edebiýat boýunça bary-ýogy üç sany ylymlaryň doktorynyň bolmagy kanagatlanarly ýagdaý däl. Şeýle derejä mynasyp ýaş türkmen alymlarynyň az däldigine türküşynaslaryň şu konferensiýasynda hem göz ýetirdik.
A.B. Siz geçmiş özbek, Gündogar halklarynyň edebiýatynyň döredijilik metody dogrusyndan köpsanly işler ýazdyňyz. «Gündogar edebiýatynyň döredijilik metodynyň taryhyndan» diýen kitabyňyz-a. Türkmen edebiýatçylarynyň iş stolunda durýar diýsem lap urdugym däl. Geçmiş türkmen edebiýatynyň döredijilik metodlaryna biziň edebiýatçylarymyz nähili çemeleşýär? Öz tejribäňize, umuman özbek edebiýatçylarynyň tejribesine daýanyp, bu barada öz garaýyşlaryňyzy aýdaýsaňyz!
A.H. Meniň pikirimçe, edebi durmuşy, edebimirasy has çuňdan hem töwerekleýin öwrenmek üçin ylmy barlagyň esasan üç ugur boýunça geçirilmegi möhüm. Iň ilkinji ugur edebi durmuşyň belli-belli döwürdäki ösüşiniň döredijilik metodyny öwrenmekden ybarat. Döredijilik metodyny öwrenmän islendik döwrüň edebi ösüşiniň sosial-çeperçilik syrlaryny, şol döwrüň görnükli söz senetkärleriniň ussatlygyny açmak mümkin däl. Şu jähetden alanyňda bu ugurdan türkmen edebiýatçylary hem bellibir işler etdiler. Mysal üçin, S.A.Garryýewiň «Magtymguly we edebiýatda realistik tendensiýa», M.Annamuhammedowyň «Şüküri we XIX asyr türkmen poeziýasynda romantiki stil.» D.Nuralyýewiň «Çeper mazmunyň differensirleniş prosesi» diýen işlerini geçmiş türkmen edebiýatynyň döredijilik metodlaryny öwrenmekdäki şowly ädimler hasaplan bolar.
A.B. Mundan on-on bäş ýyl öň filologiýa ylymlarynyň doktory R.Rejebow «XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynyň döredijilik stili» diýen saldamly monografiýa ýazypdy. Bilmedik, awtoryň geleňsizligindenmi ýa başga sebäplerdenmi şol iş heniz neşir edilenok. Ýaş edebiýatçylar onuň goldama nusgasynda peýdalanmaly bolýarlar.
A.H. Eger şeýle iş ýazylan bolsa neşir etme gerek. Munuň özi diňe türkmen edebiýatçylaryna däl eýsem şu ugurdan işleýän beýleki türki halklaryň edebiýatçylaryna-da peýdaly bolardy. Ýönesizi türkmen edebiýatynyň döredijilik metodlaryna ýa-da döredijilik stillerine has çynlakaý ýapyşmagyňy gerek. Müň ýyldan hem köp taryhy bolan türkme edebiýatynyň döredijilik metodlaryny çuňdan öwrenmekde bu ugurdan geçirilen ylmy barlaglar, ýazylan işler heniz juda azlyk edýär. Asla ýeterlik däl.
A.B. Siz häli edebi durmuşy üç ugur boýunça öwrenmegiň möhümligini aýtdyňyz. Olaryň iň esasy döredijilik metody diýdik. Meniň aňlaýşyma görä ikinji ugur diýip siz žanrlary öwrenmegi, ýagny edebi döwürleriň žanrlarynyň hususyýetlerini, olaryň gelip çykyşyny, çeperçilik däplerini, içki kanunlaryny, ösüş ýoluny öwrenmegi göz öňüne tutduňyzmyka diýýärin. Sebäbi geçmiş Gündogar edebiýatynda žanrlaryň berk kanunlary, öz aýratynlyklary bolupdyr. Her şahyryň hususy stili, ussatlygy ol ýa-da beýleki žanra erk edip bilşinde, oňa girizen täzeliginde aýdyň görnüpdir. Diýmek, belli döwrüň edebi durmuşynyň döredijilik metodyny düýpli öwrenipondan soň žanrlara, žanrlaryň üsti bilen hem hususy stillere, şahyrana ussatlyga ýel salmaly. Siziň edebi mirasy öwrenmekdäki üç ugur diýýäniňiz ine, şu bolsa gerek!
A.H. Üstünden bardyňyz. Bilşimiz ýaly, geçmiş Gündogar edebiýatynda esasy edebi görnüş şygyr bolupdyr. Şygyr senedi özüniň köp asyrlyk ösüşinde onlarça özboluşly žanrlaryny döredipdir. Şo žanrlaryň hem hersiniň öz ösüş ýoly bar. Ine, şo žanrlary düýpli öwrenip ol ýa beýleki şahyryň žanr-stil ussatlygyny doly açmak mümkin. Käbir žanrlarda bolsa tutuş edebiýatyň ýüzüniň görnen halatlary hem seýrek bolmandyr. Mysal üçin geçmiş özbek edebiýatynda esasy žanr gazal bolupdyr. Bizde gazal hakynda onlap işler ýazyldy, kandidatlyk, doktorlyk dissertasiýalary goraldy. Ýöne şeýle bolsa-da, özbek gazalçylygynyň milli aýratynlyklary doly öwrenilendir öýdemok. Heniz çözmeli meselelerimiz kän.
A.B. Dogrudan hem edebi žanrlary, olaryň gelip çykyşyny, tebigatyny, ösüş taryhyny öwrenmek soňky wagtlarda Bütinsoýuz edebiýaty öwreniş ylmynda hem güýçlendi. Soýuzymyzyň ençeme ýerlerinde edebi žanrlary öwrenýän ýörite ylmy merkezler döredi. Ýöne gynansagam türkmen edebiýatçylary rewolýusiýa çenli türkmen edebiýatynyň žanrlaryny aýratynlykda öwrenmäge heniz az üns berýärler. Ynha, siz geçmiş özbek edebiýatynda gazal baş žanr bolupdyr diýýärsiňiz. Edil şonuň ýaly geçmiş türkmen edebiýatynyňhem baş žanry bolupdyr. Oňa goşuk ýa-da goşgy diýilýär. Onuňam edil gazalyňky ýaly uly ösüş taryhy bar. Bu žanryň baryp irki döwürlerde özüniň kämillik derejesine ýetendigini, onuň ýörgünli bolandygyny XI-XII asyrlarda halk köpçüliginiň «şahyr» sözüne derek «goşukçy» sözüni ulanandygy-da tassyk edýär. Magtymguly bu žanry görülmedik derejede belende göterdi. Şahyryň çeperçilik genisi, ine şu žanrda ýüze çykdy. Magtymguludan soň halk ähli şygyr žanrlaryna goşgy diýip at beripdir. Gynançly ýeri, biziň edebiýatçylarymyz şeýle uly taryhly, özboluşly çeperçilik däpleri bolan žanra şygyr formasy hökmünde garaýarlar.
A.H. Dogrudan hem, türkmen kärdeşlerimiziň geçmiş edebiýatyň žanrlaryny öwrenmäge has ykjam ýapyşmagy gerek. Türkmen klassyk edebiýatynda dessançylygyň ýazuwly däbiniň uly rowaçlyk gazananlygyny hemmämiz bilýäris. Bu edebiýatda dessan žanrynyň ýörgünli bolmagynyň sosial-çeperçilik syrlaryny açyp berýän, onuň gelip çykyşyny hem ösüşini siňňin yzarlaýan, bu däbiň özbek, garagalpak dessançylygyna ýetiren täsiri, olaryň içki baglanyşyklary hakynda ylmy işler ýazsaňyz, gürrüňsiz özbek edebiýatçylaryna-da peýdaly bolar.
A.B. Abdykadyr eke! Siz özüňiziň otuz ýyldan gowrak ylmy agtaryşlaryňyzy beýik Nowaýynyň döredijilik ykbalyna bagladyňyz. Siziň «Alyşir Nowaýynyň edebi-tankydy garaýyşlary», «Nowaýynyň döredijilik metodynyň meseleleri» diýen kitaplaryňyzdan türkmen edebiýatçylary habarly. Nowaýynyň lirikasyndan doktorlyk dissertasiýasyny goradyňyz. Gysgasy, biz sizi görnükli Nowaýyşynas diýip tanaýarys. Mundan kyrk ýyl öň belli Gündogarşynas Ýe.E.Bertels «Nowaýy bilen düýpli tanyşman, türkmen klassyk edebiýatynyň ähli baýlygyna hakyky hem çuň analiz bermek asla mümkin däl» diýipdi. Şahyryň şahsy ykbalynyň hem türkmenler bilen baglydygy bize belli.
A.H. Şu ýerde sözüňizi bölesim gelýär. Ýöne bagyşlaň!
A.B. Baş üstüne!
A.H. Bize konferensiýanyň işinden boş wagtymyz Aşgabadyň gözel ýerlerini görkezdiler. Onuň owadan köçeleriniň bir Alyşir Nowaýynyň adyny göterýän eken. Köçe bilen ýöräp barşyma şeýle zat barada pikir etdim. Nowaýynyň döwründe bu ýeri Soltan Hüseýiniň gol astynda bolupdyr. Aşgabady hem öz içine alýan Abywert welaýetini Soltan Hüseýiniň ogly edara edipdir. Nowaýynyň abadançylyk işlerini geçiren ýerleriniň arasynda Aşgabadyň ady hem agzalýar. Kim bilýär özüniň asylly maksatlarynyň hasylyny görmek üçin şahyr bu ýere gelendir, bu ýerleri görendir! Indi sözüňizi dowam ediberiň!
A.B. Juda bolup biljek zat. Sözümi dowam etdirsem, Ýe.E.Bertelsiň pendini edebiýatçylar nähili tutýar? Umuman, Nowaýy hem türkmen edebiýaty, Nowaýy hem türkmenler diýen mesele ylmy taýdan nähili çözülýär? Şu baradaky pikirleriňizi biläýsek!
A.H. Nowaýynyň türkmen edebiýatynyň taryhynda tutýan orny, onuň türkmen edebiýatynyň ösüşine ýetiren täsirini öwrenmek meselesi heniz ýörjeň-ýörjeňýagdaýda diýsem ýalňyş bolmasa gerek. Dogry, bu ugurdan biziň dostumyz Seýit Garryýewiň işleri, Käbe Borjakowanyň «Nowaýy hem türkmen folklory» diýen temadan dissertasion işibar. Ýöne bular asla ýeterlik däl. Elbetde, bu meselede ilkinji nobatda türkmen alymlarynyň işeňňirligi gerek. Ýekeje mysal. «Nowaýy hem türkmen gazaly» diýip düýpli iş ýazyp boljak ahyryn.
A.B. Nowaýynyň biziň ýurdumyzyň iki şäherinde bolandygy hem ýaşandygy barada maglumat bar. Olaryň biri Samarkant bolsa, ikinjisi Mary. Şahyr Maryda «Hosrawyýe» atly medrese saldyrypdyr. Onda soň zamanasynyň görnükli alymy, şahyry bolup ýetişen talyplar okapdyr. Nowaýy Mary topragyny çyn ýürekden eý görüpdir. Şahyr bir şygrynda «Mesgenim hyjranda bolsa erdi Merwi-şahy-jahan» diýip ýazypdyr. Başga bir gazalynda bolsa «Eý, saba gözden uçur Mazenderannyň werdini, // Kim kylypmen sürme Merwi-şahy-jahannyň gerdini» diýip özüniň bu ýere bolan söýgüsini diýseň şahyrana beýan edipdir. Şeýle mysallar başga-da bar. Meniň aňlaýşyma görä, Nowaýynyň ylmy biografiýasyny döretmekde şahyryň Mary, türkmen topragy bilen baglanyşykly ýagdaýlar heniz düýpli barlanmadyk mesele bolup galýar.
A. H. Hyratda doglup, köp wagtlap şu ýerde ýaşan Nowaýynyň hemişe diýen ýaly bir aýagy Maryda bolupdyr diýip aýtmak mümkin. Mary şahyryň eý görýän döredijilik gaçybatalgasy bolupdyr. Onuň ençeme eserleriniň şu ýerde döredilendigi barada maglumat bar. Ýöne näme üçindir şahyryň şahsy ykbalynyň Mary, türkmen topragy bilek bagly döwürleri ylmy barlagdan daşarda galyp gelýär.
A. B. Birki ýyllykda maňa Daşkentde geçirilen Nowaýy günlerine, şonuň bilen bagly Nowaýy konferensiýasyna gatnaşmak miýesser etdi. Bu däp bolan ylmy-edebi çäreler fewral aýynyň başynda, şahyryň doglan güni 10-njy fewrala gabatlap geçirilýän eken. Şonda özbek alymlarynyň köpüsi Nowaýy günlerini, şonuň bilen bagly ylmy konferensiýany hut Maryda hem geçirseň gowy boljakdygyny aýtdylar. Hakykatdan hem şeýle çäre geçirilse, diňe ylmy, edebi taýdan däl, eýsem syýasy-terbiýeçilik jähetden hem uly iş edildigi bolar.
A.H. Biz bu barada köpden bäri oýlanyp gelýäris. Bu babatda tejribämiz hem bar. Biz Nowaýy günlerini hem konferensiýasyny bir gezek Samarkantda geçirip gördük. Netijesi gowy boldy. Birnäçe kitap, makalalar ýygyndysy peýda boldy. Edil şonuň ýaly özbek hem türkmen alymlary bir ýyllap şol çärä ykjam taýýarlyk görseler, Nowaýy günleri hem konferensiýasy Maryda geçirilse, döwletli iş edildigi bolardy. Daş gulakdan eşidişimize görä, bu gadymyşäheriň iki müň ýyllyk ýubileýi bellenjek ýaly. Eger Nowaýy günleri, ine, şu dabara gabatlap geçirilse-hä has hem jüpüne düşerdi. Sebäbi Marynyň taryhy ösüşinde Nowaýynyň hem hyzmatlary bolupdyr ahyryn.
A.B. Şeýle peýdaly çäräni geçirmäge päsgel berýän zat näme?
A.H. Maryda filologik merkeziň ýa-da şeýle sapaklar okadylýan ýokary okuw jaýynyň ýokdugyna görä, biz nirä ýüz tutjagymyzy bilemizok. Ýöne yhlas edilse, çyndan ýapyşylsa şeýle çäräni geçirip boljak dygyna söz ýok. Munuň üçin bize ýerli partiýa, sowet guramalarynyň, galyberse-de, TSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýakyn goldawy gerek. Şu ýerde ýene bir zada ünsi çekesim gelýär. Öňümizdäki ýylda biz Nowaýynyň «Hamsasynyň» ýazyp gutarlanynyň 500 ýyllygyny giň möçberde belläp geçmäge taýýarlyk görüp ýörüs. Gündogaryň «Iliadasy» diýip atlandyrylýan bu eseriň soňky döwür türkmen edebiýatynyň ösüşine ýetiren täsiriniň az bolmandygy belli. Elbetde, türkmen kärdeşlerim hem bu senä boş barmaz diýip umyt edýärin.
A.B. Gürrüňi näme. Nowaýynyň «Hamsasynyň» türkmen halkynyň medeni derejesine ýetiren täsiri uly bolupdyr. Türkmen sowet edebiýatynyň klassygy Berdi Kerbabaýewiň ýazmagyna görä, şahyryň bu eseri rewolýusiýadan ozalky köne türkmen mekdeplerinde okuw kitaby hasaplanypdyr. Halk arasynda ýörite bu eseri okap berýän sowatly hamsaçy adamlar bolupdyr. Nowaýynyň hamsaçylyk däbiniň soňky döwür türkmen edebiýatyna ýetiren täsiri barada ýekeje mysal aýdasym gelýär. Gündogar şahyrlarynyň arasynda Nowaýa iň köp tahmys ýazan şahyr biziň Andalybymyz bolsa gerek. Onuň tahmyslary ýigrimä golaýlaýar. Ýöne gyzykly ýeri Nowaýy öz «Hamsasyny» bäş poemadan ybarat döreden bolsa, Andalyp hem bäş sany dessan ýazypdyr. Olaryň bu eserleriniň arasyndaky içki baglanyşyklar dogrusynda aýtmanymyzda-da, Andalybyň bu dessanlaryny Nowaýynyň hamsaçylyk däbine eýerilip döredilen milli formaly, milli häsiýetli «Hamsa» hasaplamak mümkinmikä diýip pikir edýärin.
A.H. Umuman, Nowaýy hem türkmen edebiýaty diýlen meseläniň üstünde näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Ýöne meniň Nowaýy konferensiýamyz bilen baglap başga bir meselä ünsi çekesim gelýär. Türkmen klassyk poeziýasynyň bilbilgöýäsi Magtymgulynyň Hywada üç ýyl okandygy hemmämize belli. Şahyryň okan medresesi häzir hem bar. Sizem edil biziň Nowaýy günlerini, Nowaýy konferensiýasyny geçirişimiz ýaly, Magtymguly günlerini, Magtymguly konferensiýasyny geçirmek işini ýola goýsaňyz. Özi-de bu döwletli işiň ilkinji dabarasyny şahyryň döredijilik şahsyýetiniň kemala gelen ýeri bolan «Şirgazy» medresesiniň jaýynda, Hywada geçirseňiz, gör, nähili gowy bolardy. Bu işde bizem gol gowşuryp oturmazdyk. Elimizden gelen kömegi ederdik. Sebäbi biziň hem ýörite Magtymgulynyň döredijiligini öwrenýän ylmy kadrlarymyz bar. Magtymguly bilen bagly bu dabaranyň ylmy taýdan hem, terbiýeçilik taýdan hem ähmiýetli boljagyna şek ýok. Ony däbe öwürmek hem mümkin. Diňe mümkin däl, zerur zat. Munuň üçin doly mümkinçilik bar. Biz Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda Magtymguly sektorynyň açylandygyny eşidip juda begendik. Magtymguly günlerini, konferensiýasyny yzygiderli geçirmek ymykly ýola goýulsa, ilkinji nobatda bu sektoryň işiniň ugrukdygy bolardy. Galyberse-de, ol ylmy güýçleri şahyryň döredijiligini öwrenmäge çekmegiň anyk merkezine öwrülerdi. Şol bir wagtyň özünde Magtymguly günleri, konferensiýasy hakyky şygyr baýramy bolardy.
A.B. Siz häzir öz respublikaňyzda ýörite Magtymgulyny öwrenýän alymlaryň bardygyny aýtdyňyz. Olar türkmen söz ussadyny nähili öwrenýärler? Öz ylmy agtaryşlaryny nähili meseleler boýunça alyp barýarlar? Ine, şu barada gürrüň beräýseňiz.
A.H. Baş üstüne. Magtymgulyşynas özbek alymlary öz ylmy gözleglerini häzirlikçe, şahyryň eserlerini gözlemek, onuň soňky döwür özbek edebiýatyna ýetiren çeperçilik täsirlerini yzarlamak ýaly meseleler boýunça geçirýärler. Magtymgulynyň eserlerini özbek diline terjime etmek babatda hem ençeme ylmy makalalar ýazyldy. Edebiýatçylarymyzyň bu ugurdaky hysyrdylarynyň hasyly hem erbet däl. Dek geçen ýylda Hemdem Abdyllaýewiň «Magtymguly hem özbek edebi durmuşy», Kerimbaý Kurambaýewiň«Magtymgulynyň şygyrýeti Özbegistanda» diýen kitaplary okyjylara gowuşdy. «Dile geldi, bile geldi» diýlişi ýaly, ýene bir edebi täzeligi hem aýdaýsam gelişmän durmasa gerek. Özbek dramaturgy Gurbanbaý Mätryzaýew «Magtymguly» adynda sazly drama ýazdy. Dört perdeli, sekiz görnüşli bu özboluşly sahna eseri indi 1967-nji ýyldan bäri Horezm oblast drama teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär.
A.B. Sizde belli-belli söz ussatlaryny kollektiwleýin öwrenmek, bir edebiýatçynyň şol bir belli şahyr bilen ýöriteleşmek tejribesi öňräkden bäri bar. Biziň Magtymguly sektorymyzyň açylanyna heniz köp wagt geçenok. Özüňizde bar bolan tejribe esaslanyp Mattymgulyny kollektiwleýin öwrenmekdäki deslapky edilmeli işler dogrusynda öz pikirleriňizi aýdaýsaňyz. Ylmy ykbalyny tutuşlaýyn Magtymgula baglajak edebiýatçylar öz işlerini nämeden başlap, nähili ugurlar boýunça alyp barsa ähmiýetli iş bitiriljek?
A.H. Islendik uly söz senetkäriniň ähli dereden eserlerini gol astyna alan ýagdaýyňda onuň çeperçilik dünýäsine doly düşünip bolýandygy, döredijilik hyzmatlaryna hakyky baha berip bolýandygy hemmä belli hakykat. Dogry, köp dürli sebäplere görä, geçmiş şahyrlarymyzyň eserleri bize başbitin gelip ýetmändir. Ýagdaý Magtymguly babatynda-da şeýle. Ýöne aňrujy tapyp boljagyny welin gözläp tapmaly. Şeýle diýmek bilen uly şahyryň ykbaly ynanylan alymlar topary öz işlerini iki ugur bilen şahyryň döredijiligini öwrenmek hem onuň eserlerini gözlemek boýunça alyp barsalar dogry edildigi bolar diýmek isleýärin. Her alym şahyryň ýekeje setirini tapyp bilse, şunuň özi Magtymgulyşynaslyk ylmyna, hem onuň ösüşine mynasyp goşant goşdugy bolar.
A B. Bu diýdigiňiz şahyryň eserlerini gyzylyň gyryndysy edip gözläp tapmaly diýmegi aňladýar. Bu esasy wezipe. Hakykatdan hem Magtymgulynyň heniz belli bolmadyk şygyrlary häli-şindi tapylyp dur. Siziň pikiriňizçe, şahyryň eserlerini nähili ýollar bilen gözläp, nähili usullarda toplamak has köp peýda berer?
A.H. Meniň pikirimçe, Magtymgulynyň eserlerini toplamak üçin nähilidir bir merkez döredilse gowy boljak. Aýdaly, Magtymguly muzeýi. Şahyryň eserleriniň bar bolan golýazmalary şol muzeýejemlense, iň bolmanda başga ýerlerdäki golýazmalaryň fatogöçürmesi alynsa, bu ugurdan ilkinji ädimiň ädildigi bolardy. Halk arasynda «Dama-dama köl bolar» diýlip ýöne ýere aýdylanok. Ýaňky aýdyşyňyz ýaly häli-şindi tapylyp duran eserler belli bir ýere jemlenerdi. Ynha, mysal üçin, soňky iki-üç ýyllyk-da özbek alymlaryna Magtymgulynyň şygyrlarynyň üç sany täze golýazmasyny tapmak başartdy. Şeýdip damjalap bir ýere ýygnalan dürdäne mirasy öwrenmegem, şahyryň eserleridiň tankydy tekstini düzmegem has aňsat bolardy.
A.B. Meniň pikirimçe, siz häzir meseläniň «wawwaly» ýerinden bardyňyz. Ol ýa beýleki şahyry hem onuň döredijiligini sözüň hakyky manysynda öwrenmegiň ilki onuň eserlerini toplap, soň tankydy tekst düzmek bilen baglydygy köre hasa. Şu jähetden Magtymgulyşynaslaryň öňünde durýan geljekki esasy wezipeleriň biriniň onuň eserleriniň tankydy tekstini düzmekden ybaratlygy öz-özünden düşnükli. Sizde tekstologiýa ylmynyň belli bir üstünlikler gazanandygyndan biziň habarymyz bar. Mysal üçin, Nowaýynyň köp eserleriniň tankydy tekstleri neşir edildi. Magtymguly bilen baglap bu ugurdan gazanan tejribeleriňiz barada gürrüň berseňiz.
A.H. Her eseriň tankydy tekstini düzmegiň özüne has hysyrdysy, mümkinçiligi bolýar. Biz Nowaýynyň eserleriniň tankydy tekstini düzmekde žanrlara, aýry-aýry eserlere esaslandyk. Her tekstologa şahyryň belli-belli eserini ýa-da aýratyn bir žanry berkitdik. Iş hem şu esasda edildi. Ýöne şeýle işe girişmezden öňinçä her tekstologa özüne berkidilen eseriň ýa-da žanryň bir ýerde nusgasy bar bolsa tapmaga hem ondan peýdalanmaga mümkinçilik döredilendigini aýtmak gerek. Mysal üçiň şahyryň türki gazallarynyň tankydy tekstini düzmäge biziň görnükli alymymyz Hamyt Süleýman tutuş ylmy döredijiligini bagyşlady. Özi-de onuň bir aýagy ýolda boldy. Görmedik, barmadyk ýeri galmadymyka diýýärin.
A.B. Siziň gep salgyňyzdan Magtymgulynyň eserleriniň tankydy tekstini düzmekde žanrlar boýunça iş alnyp barylsa gowy boljak ýaly. Sebäbi şahyrda göwrümli sýužetli eserler ýok. Ol öz döredijilik gözleglerini üç sany liriki žanrda – goşuk, gazal, müsemmet – geçiripdir. Şol bir wagtyň özünde munuň özi biziň geçmiş mirasy žanrlar boýunça öwrenmegiň ähmiýetlidigi baradaky pikirlerimizi hem tassyklaýar. Sebäbi her žanryň öz çeperçilik aýratynlygy, öz däbi, öz tilsimleri bolýar. Içgin yzarlap görseň, Magtymgulynyň goşuklary bilen gazallarynyň dilinde, çeperçilik, obrazly aňladyş serişdelerinde belli derejede parh duýulýar.
A.H. Şeýle-de bolaýmaly. Men Nowaýynyň eserleriniň, hususan hem onuň lirikasynyň tankydy tekstini düzüşimiz hakyndaky gürrüňimi gutarman goýupdym. Biz şahyryň şygyrlarynyň dört tomluk tankydy tekstini okyjylara hödürledik. Ýöneneşirimizde bir köst bar ýaly boldy durdy. Sebäbi bizde şahyryň ömrüniň soňky pursatynda bir gazal ýazandygy barada maglumat bardy. Emma şol gazaly tapyp bilmändik, ol tankydy neşire girmän galypdy. Gözleglerimiz irginsiz dowam edýärdi. Ahyr soňy yhlasymyz ýerine düşdi. Şol gazaly Kabuldan bir gadymy ýygyndydan tapyp aldyk. Bu mysaly getirmek bilen men gürrüňi Magtymgulynyň üstünden eltmek isleýärin. Bizde şeýle bir maglumat bar. Rewolýusiýanyň öňüsyrasynda kokantly mugallym Aşyraly Zahyrowyň elinde Magtymgulynyň bir diwany bolupdyr. Şol diwanda şahyryň juda köp şygry bar eken. Bellemeli ýeri, her şygryň haçan nähili ýagdaýda döredilendigi barada hem maglumat berilýän eken. Nämüçindir siz şol golýazmany tapmaga ymykly girişeňizok. Heniz köp wagt geçenok. Göwnüme bolmasa şol golýazma bir ýerden çykaýjak ýaly.
A.B. Şu ýerde bir gyzykly ýagdaýy belläsim gelýär. Nämüçindir Özbegistandan Magtymgulynyň eserleri, golýazmalary köp tapylýar. Täzelikde biziň edebiýatçymyz Abdyrahman Mülkamanow Hywadan şahyryň bir golýazmasyny tapyp getirdi. Golýazma diňe bir tekstologik taýdan ähmiýetli bolman, eýsem onda Magtymgulynyň hiç bir golýazmada duşmadyk üç sany täze şygry bar eken. Magtymgulynyň eserleriniň golýazmalarynyň özbek halkynyň arasynda şeýle köpçülikleýin häsiýetde ýaýramagyny siz nähili düşündirerdiňiz?
A.H. Muňa bir söz bilen özbek halkynyň Magtymgula goýýan belent hatyrasy diýip hem jogap berse bolardy. Ýöne meseläniň başga bir tarapy hem bar. Soňky asyrlarda Özbegistanda hatdatlyk sungaty örän güýçli derejede ösüpdir. Ýokarky ýagdaý, ine, şunuň bilen bagly bolmaly. Gyzylbaşlar Magtymgulynyň bäşýyllyk azabyny reýgan eden hem bolsa, onuň galan eserleriniň şahyryň özi dirikä diwan edilendigi şübhesiz. Özi-de şol diwan şahyryň galan eserlerini öz içine alandyr. Ilkibaşlarda hatdatlar şahyryň diwanyny edil bolşy ýaly göçürendirler. Diňe soňky döwürlerde hatdatlar şahyryň diwanyny göçürmäge erkin çemeleşipdirler, ýagny, her hatdat şygyrlary doly göçürmän, öz halan şygyrlaryny saýlap alandyr diýip pikir etmek bolar. Bize ýetip gelen golýazmalarda şygyrlaryň sanynyň dürli-dürli bolmagy hem şunuň bilen bagly. Şundan çen alsaň Aşyraly Zahyrowyň elinde bolan golýazma Magtymgulynyň diwanynyň şol irki döwürde göçürlen nusgalarynyň biri bolmaly. Şoňa görä-de, türkmen edebiýatçylary şol golýazmany tapmaga ymykly ýapyşmalydyr. Bizem ýetdik kömegimizi gaýgyrmarys.
A.B. Abdykadyr eke! Biz Gündogaryň iki beýik söz ussady Nowaýy hem Magtymgulynyň döredijiliginiň mysalynda geçmiş edebi mirasy öwrenmek, türkmen hem özbek edebi hyzmatdaşlyklarynyň käbir meseleleri barada pikir alyşdyk. Elbetde, şeýle möhüm meseleleri bir ýa iki söhbetiň çygryna sygyrmak asla mümkin däl. Hindilerde «Bize bir dogany ene, bir dogany hem söz dogrup berýär» diýen pähim bar. Edil şonuň ýaly, özbek hem türkmen halklarynyň hem söz doganlygy asyrlaryň jümmüşine siňip gidýär. Goý, şol edebi doganlygyň mazmunyny açyp bermekde türkmen hem özbek alymlarynyň arkalaşygy, hyzmatdaşlygy has-da rowaç alsyn! Sözümiň soňunda size berk jan saglygyny, döredijilik şowlulygyny arzuw edýärin!
A.H. Ketde rähmet!
Söhbetdeşlik