20:40 Dostlar, bu aýdymy diñlemek gowy! | |
DOSTLAR, BU AÝDYMY DIŇLEMEK GOWY!
Edebiýaty öwreniş
Siz onuň goşgy okaýşyny diňläp görüpmidiňiz?! Ol göýä diňe öz-özi bilen gürleşýän ýaly, birhili pessaý, ýöne owazly heň bilen okaýardy. Edebiýat tankydynyň turuwdan belleýşi ýaly, ol döredijiliginiň häsiýeti boýunça lirik şahyrdy. Şeýle hem, dogry bellenişi ýaly, onuň şygyrlarynda nepis lirizm bilen birlikde inçejik ýumor öwüşginleri-de bardy. Emma ol goşgy okan wagty şygryň gussalyrak ýerine birhili äheň, ýylgyrmaly ýerine-de başga bir äheň, üýtgeşik labyz berjek bolup duranokdy. Bu bolsa göräýmäge, birsydyrgynlylyk, biräheňlilik döredýänýaly bolup görünýärdi. Emma okalan şygyr welin, etmeli işini edip, gidip oturandyr. Barmaly ýerini setirleriň, sözleriň özi tapýandyr. Halyl Kulyýewiň goşgy okaýşyndaky özboluşlylyk şeýle häsiýetdedir. Biziň pikirimizçe, öz okaýşyňy tapmak üçinem ilkinji nobatda öz ýazyşyň bolmaly. Ikinji bir ýagdaý. Haýsydyr eý görýän şahyryň hakynda söz açylsa bada-bat onuň adamkärçilik sypatlary, onuň seni özüne imrindirip bilen edim-gylymlary ýadyňa düşýär. Onsoň onuň döredijilik agtaryşlary, tapyndylary oýuňa gelýär. Ine, şu iki zat birleşip hem seni ýatlamalaryň atyna atarýar. Onuň tutuş döredijiligini, edim-gylymlaryny göz öňüne getirseň säher, al şapaga ýüzüni ýuwan, gözellik ählini özünde jemlän bereketli säher ýadyňa düşýär. Sebäbi onuň özi hem sähere meňzeş adamdy. Ol säheriň aşygydy. Säher ýaly sadady, mylaýymdy, çyraýlydy. Şondan ötri onuň döredijilik ykbaly-da säher bilen baglydy. Oýlanyp görseňiz, onuň şahyr sesi ilki bilen bize «Daňyň agarýandygyny» buşlapdy, soň bolsa «Säher salamyny» beripdi. Şahyryň ajaýyp arzuwy bardy. Ol üçünji kitabyny «Güneş» diýip atlandyrmakçydy. Arman, «Güneş» şahyr bende bolandan soň çykdy. Indi pikir edip otursaň, şahyryň kitaplaryny atlandyryşynda-da uly many bar eken. Ol şahyrana logikanymy ýa bolmasa liriki sýužetimi özünde jemleýär. Iň esasy bolsa onuň poeziýasynyň çyn janköýeriniň biri, şahyr Gurbandurdy Geldiýewiň dogry belleýşi ýaly, kitaplaryň atlandyrylyşyndaky bu logiki yzygiderlilik şahyryň kämilliginiň obrazly basgançaklaryny aňladýardy. Şeýle bir hakykat bar. Şahyryň tutuş döredijiliginiň baş gahrymany onuň özi bolýar. Halyl Kulyýewiň häsiýetinde üýtgeşik kanagat bardy. Ol gelse, gelmese «şagladyp» ýören şahyrlaryň hilinden däldi. Az ýazardy, ýöne uz ýazardy. Şoňa görä-de edebi tankydam, galamdaşlaram onuň ýekeje «ýetmezini», az ýazýandygyny belleýärdi. Ol özüniň ýigrimi ýyldan gowrak döredijilik gözleglerinden okyjylara bary-ýogy iki sany kiçijik kitapçany peşgeş beripdi. Ol goşgularyny goltuklap, gazet-žurnallara, neşirýatlara at tezegini guratman gatnap durmazdy. Gazet-žurnallaram, neşirýatlaram ondan eserlerini haýyş edip, sorap alardylar. Şahyryň özi barka çykan kitaplary biri-biriniň üstüni ýetirýärdi, öňküden kämildi, biri-birinden aýyl-saýyldy, özgäniňkä meňzemeýärdi. Olardan durnukly bir owaz gelýärdi. Şol owazy emele getirýän perdeleri bolsa şahyr «ýerinden bilip baglapdy». Ellinji, altmyşynjy ýyllaryň başlaryndaky türkmen sowet poeziýasy bilen Halyl Kulyýewiň döredijilik zehininiň gül-gül açylan döwründäki poeziýamyzyň arasynda gürrüňsiz uly tapawut bar. Halyl Kulyýewiň döwründäki türkmen poeziýasyna bir üýtgeşik öwüşgin geldi. Bu döwürde poeziýamyza ýeterlik edebi taýýarlygy bolan zehinli ýaşlaryň täze bir nesli gelip girdi. Olaryň köpüsiniň öz ruhy ahwalaty açyş manerasy, öz tema saýlap alşy, çeperçilik tärleri, sözlük sostawy, intonasiýasy bardy. Emma sapak hemişe sapaklygyna galýar. W.Maýakowskiniň «Ozalky poeziýany kemsitmäň. Ol biziň üçin okuw gollanmasy» diýşi ýaly, ellinji ýyllaryň, altmyşynjy ýyllaryň başyndaky türkmen poeziýasy bize köp tarapdan sapakdyr nusgalyklar berdi. Biziň pikirimizçe, Halyl Kulyýewiň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, onuň öz şygyrlarynda şol sapaklary örän ýerlikli peýdalanyp, şol iki döwrüň poeziýasyny jaýdar utgaşdyryp bilýänligidi. Irki döwür poeziýamyz bize başardygyndan sada bolmagy öwretdi. Bu pent, özüniň ençeme nesildeş şahyrlary bilen bir hatarda, Halyl Kulyýewiň hem tutuş döredijiliginiň süňňüne siňdi. ...Merde buýsanç, ejizlere müýnsüň sen, Söýmedige, bilmedige kynsyň sen, Aýdym aýtsam, ses ýeterden giňsiň sen, Giňden, giň düşelen haly, sähralar. Şahyryň galamdaş dosty, onuň soňky «Güneş» goşgular ýygyndysyny toplap, çapa taýýarlan hem sözsoňy ýazan Gurbandurdy Geldiýew Halyl Kulyýewiň poeziýasynyň esasy alamatlary hökmünde tebigylyk, şahyrana mylaýymlyk, uly mähir, adamkärçilik, çuň lirizm, aýdyň pelsepe ýaly ýagdaýlary belläpdi. Biziň bu ýagdaýlaryň üstüne şahyrana gysgalyk diýen aňlatmany hem goşasymyz gelýär. Durdy Gylyç dat etse-de eşekden, Eşek münüp il içinde haýdady. Pukaraja ulag bolsa şahyry, Oba-oba, şäher-şäher aýlady. Söküp Horezminiň ähli ýollaryn, Niçe derýalardan, daglardan ötdi. Syryp Garagumuň depe-gollaryn, Dünýäniň diregi – Moskwa ýetdi. Atly ony kem saýsa-da özünden, Men-ä aty hasaba-da alamok. Eşeklije Durdy Gyljyn yzyndan, Köpler «Wolga» münüp ýetip bilenok. Aňyrsy-bärsi bentlik şygyr biziň ýaňky aýdanymyza hä berýän bolsa gerek. Eger siňe seretseňiz şygyrdaky her iki setir uly pikiri, şahyrana duýgyny gerdeninde göterýändir. Şahyr adaty sözler bilen hem diýjegini diýip otyr. Sebäbi ol olaryň «heňini» bilýär. Gysgadan aýdyň, many ýüki ýetik her beýt biri-biriniň üstüni dolduryp barýar. Şeýdip halk şahyrynyň tutuş durmuş hem döredijilik ýoluny seniň öňüňde açyp goýýar. Şygryň jemlemesini dagy görýäňizmi? Şahyr bir okda iki towşan urýar. Hem-ä Durdy Gylyjyň döredijilik mertebesini bir gez beýgeldýär, hemem özüniň käbir goşguçy galamdaşlarynyň halyna ýerliklije ýylgyrýar. Şahyr öz döwrüniň ogly, graždany bolmaly. Bu hemmä belli hakykat. Halyl Kulyýewiň poeziýasy hem tutuşlygyna graždanlyk pafosyna ýugrulypdy. Bu babatda onuň gulluk edýän ynanjy bardy. Ol bir mahal «Sowet edebiýaty» žurnalynyň anketiniň sowallaryna: «Göwnüme bolmasa, teoretiki edebiýatlardaky käbir terminler çylşyrymly, birneme aýlawlyrak ýaly. Belki, meniň düşünmeýän bolmagym mümkin. Ynha, siz «graždanlyk poeziýasy» diýýärsiňiz. Graždanlyk däl poeziýa-da bolup bilermi?» diýip jogap beripdi. Sebäbi onuň tutuş döredijiligi graždanlyk ruhuň ýylysy bilen eýlenipdi. Biz şahyryň bir şygryndan mysal getirilýän aşakdaky setirlerini onuň şahyr hem graždanlyk hyjuwynyň programmasy hökmünde okamagy haýyş edýäris. Ine, şeýdip gidip barýas ikimiz, Seniň-ä silosdan ýetipdir ýüküň, Menem ýöne gol gowşuryp baramok, Aýdymdan, söýgüden ýetipdir ýüküm. Garaz, gitmeli biz, yza gaýtmaga Seniňem hakyň ýok, Meniňem hakym. Garaz, gitmeli biz. Ýetmeli şu gün Sähramyzyň bereketli çöregne. – Birimiz-ä çopanlaryň goşuna, Birimizem çopanlaryň ýüregne. Biz öňde şahyryň poeziýasynyň sadalygy dogrusyndaky meseläniň başyny başlap goýupdyk. Çyn sadalyk hakyky talantyň ýüzüniň tuwagy. Ýöne şol sadalyk diýlen bitewi düşünje kämil şahyrlary bir galyba dykanok-da, gaýta olary biri-birinden parhlandyrýar. Anyk aýtsaň, her bir kämil şahyryň «hususy», diňe özüne mahsus sadalygy bolýar. Şol sadalyk hem onuň şahsyýetinden syzylyp çykýar. Biziň pikirimizçe, Halyl Kulyýewiň döredijiligindäki «hususy» sadalygy emele getirýän esasy zatlaryň biri liriki gahrymanyň ýerlikli, akylly wäşiligimikä diýäris. Ol wäşilik, şahyr näme hakda söz açsa-da, onuň garama-garama yzyndan galanokdy. Ýöne ol aç-açan özüni görkezjek bolup hem duranokdy. Dünýäniň ýüzünde bir täsin millet Aýallar milleti, Üýtgeşik dünýä. Bular bilen oýun edäýmäň, millet, Bular köp zatlary öňünden bilýä. ...Bular şerraýam däl, gaharjaňam däl, Ownuk ýalňyşlarňam hasaba almaz. Bularsyz dünýäde ýaşamak kyndyr, – Bularyň dilinden sypybam bolmaz, («Aýallara degişme»). Oglum, juda kiçi-le sen, Şu durşuňa duruberjekmi? Ulaljakmy, Ýa-da şeýdip, Kiçi bolup ýörüberjekmi? Aý, ýok, beýdip gezip bolmaz Ulalmaklyk hökman gerek. Beýdip ýörseň, başga biri Uly bolar saňa derek. («Kiçijik ogluma»). Bu setirlerde ne-hä «başyňy-gözüňi aýlaýan» kaşaňja sözler bar, ne-de «janyňy alyp barýan» meňzetmedir deňeşdirmeler. Emma bildirer-bildirmez ýyldyrap gidýän şol akylly wäşiligiň, şol adaty sözleriň galdyryp gidýän obrazlylygy «gyzyla gaplanan» sözleriň müňüsine berimsiz gelýär. Irki döwür poeziýasy şygryň gutarnykly jemlemesini mizemez kanuna öwürdi, Halyl Kulyýew hem şol kanunyň sarpasyny belent tutýan şahyrlaryň biridi. Onuň döredijiligini bezeýän zatlaryň biri-de şol häsiýet bolsa gerek. Elbetde, beýle diýildigi şygryň jemlemesi babatdaky ussatlygyň diňe Halyl Kulyýewe degişli edildigi däl. Gep onuň jemlemä özboluşly çemeleşýänliginde. Onuň aglaba jemlemesi garaşylmadyk ýagdaýda, garaşylmadyk pursatda peýda bolýardy. Özem bu alamat jemlemäni şygryň öňdäki bentleri, setirleri bilen üzňeleşdirmän, gaýtam, olar biri-biriniň tebigy dowamyna öwrülýärdi. Şu hem onuň şygyrlaryna liriki nowellalyk berýärdi. Göz öňüne getirip görüň. Gazaply Beýik Watançylyk urşy tamamlanandan soňky ilkinji parahatçylykly ýyl. Ýönekeýje türkmen obasy. «Dünýäni sil alsa topugyna çykmaýan» aladasyz çagalar ala-gopgun bolşup, bazarçylary garşylamaga eňýärler. –Kakam gelýär –diýip gygyrýar biri, Biz oňa sargadyk künjüli halwa. Ejeme täzeje çit köýnek bilen, Jigim ikimize bir gyzyl alma. –Agam gelýär – diýip gygyrýar biri, Men ona sargapdym owadan çeňňek. Eger-de şol çeňňek getirlen bolsa, Şu ýerden gönüläp Şaýaba eňjek... Liriki gahrymanyň hem hiç kimden pes oturasy gelenok. Onuňam çaga göwni bazardan gaýdyp gelýänleriň ýokarsynda pel-pelläp ýör. Gygyrardym: «Gelýärler-ä, gelýärler...» Emma welin gygyrardym bir çetde. «Pylanym gelýär» däl-de, «gelýärler-ä, gelýärler», özem «gygyrardym bir çetde». Göçgünli, şadyýan setirleriň yz ýany bilen duýdansyz öňüňden çykýan soňky iki setir ýüregiňi gyýym-gyýym edip gidýär. Liriki gahryman ahyrsoňunda öz ýüregini açyp goýberýär. Onuň bazardan zat sargara hiç kimsisiniň ýoklugy, mahlasy, ganym urşuň onuň ýaş başyna salan ähli külpetleri, hemem şol zatlara garamazdan, ony beýlekilerden gaýra durmazlyga iterýän göçgünli çagalyk duýgusy, bularyň barysy soňky iki setirde örboýuna galýar. Käte şahyryň şeýle liriki nowellalygy okyjynyň özüne goýýan, şol nowellalyga simwoliki häsiýet berip, onuň üstüni örtüp goýberýän pursatlary-da bar. Ynha, bir ata ogluny urşa ugradýar. Ol birhili gussaly görünýär. Sakgaldaşlarynyň biri ol aýraçylyk derdine gyýylyp oturandyr öýdüp oňa teselli bermek isleýär. Asyl gojanyň derdi aýraçylyk däl eken. Onuň ýeke dikraryny aýamak küýi ýok. Ol başga zat üçin alada galýar. «Kyn pursatda gurbat berer biline, Watan saçagyndan iýen bugdaýy. Ýöne welin men bilmedim o taýda Neneňsikä geýim-gejim ýagdaýy. Biçimde barmyka muňa laýygy, Penalanar ýaly ygaldan-gardan, Kemsiz-kössüz ýüňi ýeten zaňňardyr, Çäkmeniň içine sygyp ýör zordan...» («Goja aladasy»), Şygry okap biygtyýar ýylgyrýarsyň. Bu şahyryň öztilsimliliginiň nyşany. Ol gojanyň agzyna «Gyr faşisti, döşüňi orden-medaldan dolduryp gel» diýen ýaly dabaraly sözleri tutup berenok. Ol özboluşly detalyň üsti bilen türkmen gojasynyň urşa bolan ýigrenjini, perzende bolan ynanjyny hem b u ýsanjyny açyp berýär. Netijede ýekeje şygyrda perzendi aýamak üçin däl, oňa guwanmak üçin ösdürip ýetişdiren ATA ör boýuna galyp lowurdap dur. Bu-da hemmesi däl. Biziň öňde ynanç hem buýsanç sözlerini aýratyn kursiw bilen bermegimiziň öz sebäbi bar. Şahyr bu ýerde liriki nowellalygyň üstüne üsti örtülgi simwolikany hem goşýar. Şygyrdaky gojanyň bar gaýgysy oglunyň ululygy, oňa laýyk eşik däl. Şahyr bu detalyň üsti bilen uly Watanyň saçagyndan duz iýen ogul hem uly bolmalydyr, diýmek, uly Watan uly ogullar bilen ýeňilmez diýmek isleýär. Jaýdar saýlanyp alnan detal bolsa uruş döwrüniň gojasynyň Watana bolan ynanjyny hem buýsanjyny açmaga hyzmat edipdir. Şahyr geçen uruş barada şeýle ýazypdy. Onuň, bu temadan ýazan her şygrynyň öz özboluşly owazy bardy. Ähtimal, şondan bolsa gerek. Belli sowet şahyry Nikolaý Tihonow onuň uruş temasyndan ýazylan bir şygry bilen jadylanyp, uly begenç bilen şahyra berekella beripdi. Mälim bolşy ýaly, şahyryň ol ýa-da beýleki temada ýöriteleşmegi onuň döredijilik özboluşlylygynyň kemala gelmeginde belli derejede rol oýnaýar. Biz bütin ömrüni bilbil hakynda ýazyp edebiýatyň taryhyna giren şahyry bilýäris. Halyl Kulyýew welin, aýratyn tema kökerlip oturmagy bilmändi. Onuň şahyr nazary durmuşyň köp meselelerinde eglenipdi. Bellemeli ýeri onuň liriki gahrymany biziň döwürdeşlerimiziň asylly häsiýetlerini, oý-hyýallaryny, belent maksatlaryny duýmaga erjeşýärdi. Olary özboluşly çeperçilik tärleri bilen aýan etmäge dalaş edýärdi. Bir mysal. Ine, şahyryň liriki gahrymanynyň nazary zähmet mugallymynda saklanýar. Ýönekeý mugallym. Ol öz okuwçylaryny yzyna tirkäp, «gyş suwundan ganaň atyz-pellere» alyp barýar. Ynha pel, ynha pil, işläber! Işleseň bäşlik goýýar, işlemeseň hiç zat. Işlemeseň känbir käýäbem duranok. Özi işläberýär. Okuwçylar bolsa täze sapak küýseýär. «Täze sapak geçjek dälmi, mugallym?» Onuň bu soraga berýän jogaby şeýle. Şonda welin dikeler-de mugallym, Diýer: «Eý, siz bagtly günde doglanlar Şu – eziz, mukaddes toprakdan başga – Başga neneň sapak bolsun, oglanlar! Megerem adamyň ene topraga bolan söýgüsini şundan täsirli aýdyp bolmasa gerek. Şahyr bu ýerde adam häsiýetini açýar. Sada, günde-günaşa görlüp, emma köpleriň nazaryndan sypýan anyk detal bilen seni biziň döwürdeşimiziň, uly nesliň wekiliniň oý-hyýalyna, ruhy dünýäsine syýahata äkidýär. Şeýdibem ýeke şygyrda janly adam obrazyny çekýär. Eýsem bu döwrebaplyk bilen çeperçilik ussatlygynyň utgaşygy, sazlaşygydälmi näme? Maýakowskiniň çeperçilik ussatlygyny çigitlän professor Z.Papernyý şahyryň käte otur, nokatlara hem uly many, täze pikir ýüklemegi başaranlygyny belläpdi. Biz şeýle ýagdaýy Halyl Kulyýewiň döredijiliginde-de görýäris. Şahyr käte esasy pikiri bermekde diňe şahyrana serişdelere esaslanýardy. Goşgynyň Soňunda ýalpyldap gidýän sadadan gelen çeýe meňzetmedir beýlekiler liriki sýužeti ýeserlik bilen soňlaýar. Afişasam, Reklamasam ýönekeý, Tokar oglan ak çörekden dişläp dur. Haçan barsaň ýapyk wagty ýok munuň, Haçan görseň ýürek ýaly işläp dur... Çörek dükany ýöne bir işlänok-da, «ýürek ýaly işläp dur». Ýekeje meňzetmäniň özem, çörek dükanynyň hemişe işläp duranlygyny däl, eýsem onuň ýürek ýaly zerurlygyny, sahylygyny, mukaddesligini aňladýar. Geçmiş ýaly garrasaňam, Geljek ýaly ýaş bolgunyň. Bu liriki gahrymanynyň öz kiçijik ogluna eden wesýetleriniň soňlamasy. Şygyr gutarýar, şahyr diýjegini diýýär-de, bir gyra çekilýär. Indi «işlemek» gezegi okyjynyňky. Oňa ýene-de oýlanara, açara «syr» bar. Kä halatda bolsa şahyr jemlemede sözüň oýnundanam juda ýerlikli peýdalanýar. Ynha, «ýakasy gaýyşly» bir ogry dünýäden ötüpdir. Ony jaýlajak wagtlary, adamlar aňyrdan gelýän däbe görä, ölen bendäni öwýärler. Ýasa gelen garryja bir ýaşulyň, Ýeke özi galanmyşyn seretse, Onsoň bu-da öwenmişin özüçe: «Ogrujady, ogrujady, neresse...» «Ogrujady, ogrujady» diýen sözleri «ogrudy, ogrudy» görnüşinde getirägede, on gezek gaýtalap aýtsaňam, aňyrdan gelýän däbi-de, ogrynyň ýuwutdyran hunabalaryny-da unudyp bilmeýän ýaşulynyň asla öňküligi bolmaz. Bu hatda sözüňem däl-de, ýekeje goşulmanyň turuzýan oýny. Halyl Kulyýew kiçijik goşgular bilen öz ýürek sözüni aýdyp bilmegi başaran şahyrdy. Ol çeper döredijilikde beýleki žanrlara känbir göz garaldyp oturmandy. Her hal şahyr dürli döwürlerde üç sany çaklaňja liriki poemany okyjylara peşgeş beripdi. Ömrüniň ahyrlarynda şahyr proza imrinip ugrady, Munuň sebäbini soranymyzda ol ýylgyryp: «Aý, akyllar artýarmy, tejribe köpelýärmi, nämemi, käte olary gysga şygyr setirlerine sygdyryp bolanok. Prozada gaçara-kowara ýer köp. Onsoňam prozada hem şahyrçylyk etse bor-la» diýip jogap beripdi. Şahyryň «Ertekiniň başlanýan ýerinde» atly powesti hem şu ynanjyň hasylydy. Biz şu ýerde onuň powestidir beýleki poemalary baradaky gürrüňi ýeriň giňine goýup, bir poemasy barada welin, söz açmagy makul gördük. «Akar suw». Bu şahyryň poemasynyň ady. Biz poemanyň näme hakynda ýazylandygyny tekrarlap oturmakçy däl. Onuň näme hakynda ýazylandygyny okap görenler biler. Ýöne poemanyň nähili ýazylandygy dogrusynda welin, birki agyz sözümiz bar. Eger bardy-geldi şeýle atlandyrmak mümkin bolsa, biz şu poemany «şygyrlar çemeni» atlandyrardyk. Beýle diýdigimiz häsiýeti boýunça liriki bolan bu poemanyň sýužetiniň, onda-da duýgy sýužetiniň bütewiligini gözden saldygymyz däl. Poemada her setir, her bent bir ýeke-täk mazmunyň gullugyny edýär. Ýöne şeýle bolsa-da, poema çemene meňzäp dur. Sebäbi ondaky her şygryň bir ysy bar. Şol ys mazmunda, ideýada çyksa-da çykýandyr welin, biziň pikirimizçe, ol ilkinji nobatda her şygryň şahyrana intonasiýasynda – ýürek urşunyň sazlaşygynda hem daşky lybasynda-formasynda has-da gowy duýulýar. Ekin ekdim, Harman atdym, Jary baryn bilmedim. Şol gözeliň bizden özge Ýary baryn bilmedim. (Uzboýly ýigidiň aýdymyndan) Garaňky Gündogar, Syrly Gündogar Syýasat sen, Hemaýat sen, Haryt sen. Goý açylsyn täze-täze ýodalar, Rus hazynasy entek garyp sen. (Pýotr I-iň içgepletmesinden) Iliň-günüň aýralygyň Meýin içdi, oýan balam! – Dilim başga diýme, guzym, Dinim başga diýme, guzym, Din-ymmatdan, şerigatdan, Oba göçdi, oýan balam! (Ene hüwdusinden) Bu bentleriň hersiniň öz «dili», öz «gepleýşi» bar. Sebäbi şahyr bu ýerde bent gurmagyň, forma saklamagyň ata-babadan gelýän berk kadalaryna gulak asanok. Duýgulanmanyň, hyjuwlanmanyň, mazmunyň häsiýetine muwapyk formany, intonasiýany garym-gatym edip gidip otyr. Ine, şeýdibem şahyr birtopar tipleri, predmetleri orta çykarýar. Olaryň özüne has bolan forma bilei, ruh bilen bezeýär. Bary-ýogy ýekeje şygyrda olaryň häsiýetini açýar. Onda-da, özi gürrüň beräýenok. Olaryň syryny özlerine açdyrýar. Emma gerek ýerinde olaryň sesine öz sesini-de goşýar. Şunlukda forma bilen mazmun bal bilen ýag ýaly gatyşdyrylýar. Biz şahyryň bu çeperçilik täzeçilligini «şahyrana forma erkinligi» diýip atlandyrmakçy. Bu forma bolsa belli sowet edebiýatçysy W.Iwanow özüniň makalalarynyň birinde şeýle häsiýetlendirme beripdi. «Şahyr üçin dünýäni görmegiň iň oňyn serişdesi çeper formanyň erkinligidir, şu günki poeziýa üçin ol has hem zerur zat». Aslynda şahyrana forma erkinligini biziň poeziýamyza getiren hem Halyl Kulyýewiň özi hem onuň ýakyn galamdaş dostlary Gurbannazar Ezizow bilen Annaberdi Agabaýewdi. Soňky döwrüň ýaş şahyrlary bolsa bu täzeçilligi alyp-göterip, ýörgünli däbe öwürdiler. Deňziň suwunyň tagamyny bilmek üçin onuň hemmesini içmek hökman däl diýýärler. Biz şahyryň poemasynyň tematiki täzeçilligine hem ýekeje mysal getirmekçi. Türkmen sowet poeziýasy Garaguma mele suwy getirenleri kän wasp etdi. Halyl Kulyýew hem ony «özüçe» wasp etdi. «Gurbaga hakynda kiçijik oda». Bu bir şygryň ady. Bir hili gülkünçräk ýalam. Şahyr oda ýazmak üçin gurbagadan başga zat tapmadymyka? Emma şygry okap, bu pikirden el çekýärsiň. Bir ýaş çopan çölde azaşýar. Ýol-ýoda tapman ser-sepil bolýar, bir ýerde-de ýykylyp galýar. Şol arada, Birdenkä-de Bir ýerden, Eşidipdir çopan üýtgeşik owaz. «Warryk-warryk» edip ajap gurbaga, Ýakynda bir ýerde çalýarmyşyn saz. Bu «ajap gurbaganyň» owazyny eşiden çopanyň nähili ahwala düşendigini aýdyp oturmaly. Ol şahyry juda ýöntemlik bilen gaýtaladygymyz bolar. Ýöne şygryň ahyrky bendini okap hem-ä ýylgyrjagyňyz, hemem şahyryň gözlegine, öztilsimliligineguwanjagyňyz welin hakykat. Adam kä mahal kiçijik zatlardan hem many gözleýär. Öňräk ýazyjy Ogultäç Orazberdiýewa şahyr hakynda ýazan ýatlama-makalasynda «halyl» sözüni «perwana» diýip düşündiripdi. Belki ýazyjy geçmiş edebiýatda öz yşky üçin özüni oda uran Halyl atly mifiki şahsyň adynyň ýörgünliligi üçin şeýle netijä gelendir. Aslynda bu söz arap dilinden bolup dost, ýürekdeş, söýüji manylaryny berýär. Şahyr şahsyýet hökmünde ata-enesiniň arzuwlap dakan adyny kemsiz ödäpdi. Ol hemmeleriň dostudy, hemmeleri söýýärdi. Ýöne onuň has ýakyn dostlary bardy. Şol dostlarynyň biri hem häzirki zaman poeziýamyzyň laçyny Gurbannazar Ezizowdy. Ýok, biz ikimiz doganam däldik, Ýöne ikimiziň birdi uýamyz Biz – bizdik Men Halyldym. Senem Gurbannazardyň Bir almany ikä bölen ýalydyk. Birdi namysymyz, Birdi haýamyz. Bu çyn dostuň sözi. Elbetde, geljekde bu iki dostluk gatnaşyklary, olaryň döredijiligindäki çeperçilik ilteşikleri ýörite öwreniler diýen umydymyz bar. Ýöne häzir biziň Gurbannazar Ezizowyň aşakdaky setirlerinden sowa geçmäge hakymyz ýok. Hany geçen günleň gyzgyn jedeli, Geçen günleň gyzgyn hyjuwy hany? Neçün beýle boldy? – aýan edeli. Eýýämden öçäýmek ir dälmi, Halyl? Suwsyz degirmendir – jedelsiz şahyr Böwrüň diňläp şahyr bolaýmaklyk kyn Biz gijeler goşgy ýazardyk ahyr Erte bir söz üste sögüşmek üçin. Goý, «şahyrlaň güni jenjeldir – dawa» – Diýip, dodak çöwrübersin gedemler. Bizi şahyr eden jedeller dälmi? Halyl, bizi şahyr eden jedeller! Adatça ol ýa-da beýleki şahyryň kespdeşleriniň ady tutulan şygyrlar köplenç anyk faktlar esasynda ýazylýar. Awtografik häsiýetli bolýar. Oňa ykballaryň bir bölejigi siňýär. Ýokarky setirler hem Halyl Kulyýewiň döredijilik häsiýetiniň çeper beýany. Meger onuň bilen tirkeşip, duz-emek bolan şahyrlaryň, edebiýatçylaryň onuň bilen bolan edebi pikir alyşmalarynyň, jedelleriniň täsiri asyl-asyl öçmese gerek. Ol şeýle halatlarda köplenç az gürlärdi. Ýöne esasy söz onuňkydy. Sebäbi ol edebi durmuşa düýpli düşünýärdi. Oňa çyndan baha berip bilýärdi. Dagystanyň uly şahyry Resul Gamzatow bir gezek «Men şahyr-tankytçylary söýýärin» diýip ýazypdy. Halyl Kulyýew hem şahyr-tankytçydy. Ol bize türkmen sowet dramaturgiýasynyň ösüşi hakynda ýazylan tutumly monografiýany, häzirki zaman poeziýamyzyň çeperçilik gözlegleri hakyndaky onlarça makalany miras goýup gitdi. Haýp ýeri, biz şu wagta çenli onuň edebiýatçylyk hyzmatlaryny gözden salyp gelýäris. Uly söz ussatlarynyň ömrüniň her bir ädimi, hereketleri, aýdan sözleri hem adamzat üçin ören gymmatly. Öňräk «Nedelýa» hepdeligini okap otyrkam, täsin zatlaryň üstünden bardym. Edebiýat janköýerleriniň biri çeşmeleri dörüp, rus klassyk ýazyjy-şahyrlarynyň ömürleriniň soňky pursatlarynda aýdan sözlerini toplapdyr. Ine, olaryň käbiri: Fýodor Dostoýewskiý soňky deminde aýaly Anna Grigorýewna ýüzlenip şeýle diýen eken. «Anna ýadyňda sakla, men seni hemişe gyzgyn söýüpdim, saňa hiç haçan, hatda hyýalymda-da dönüklik etmändim...». Rus rewolýusiýasynyň aýnasy Lew Tolstoý bolsa soňky deminde ilki buýsanç bilen: «Men size diňe bir zady ýatlamagy maslahat berýärin, Lew Tolstoýdan başga-da dünýäde adam kän. Emma baryňyz bir «Ýolbarsy» ýatlaň. Soň birneme oýurganyp: soňky sözüni aýdypdyr: «Serýoža! Men hakykaty söýýärin... Hakykaty juda-juda söýýärin...» Biz bu sözleri gepi uzaltmak üçin getiremzok. Olary tolgunyp okap otyrkak Halyl Kulyýewiň çagalyk dosty, uniwersitetiň dosenti Rozmet Babajanowyň beren gürrüňi güpbe ýadymyza düşdi. «Halyl maňa gelip gitsin diýip habar eden ekeni. Barsam agyr ýatyr. Meni görüp çyraýy açyldy. Hal-ahwal soraşdyk. Gürrüňimiz maýda-çüýde zatlara syrygyp ugrady. Ol birden «Gel, goşgy hakynda, edebiýat hakynda gürrüň edeli-le» diýdi. Gurbannazar Ezizowy ýatlady. Birneme oýurganyp «Birden öläýsem şonuň ýanynda jaýlaň» diýdi. Men ony köşeşdirmek üçin elimde baryny edýärdim. Ol welin diňe goşgy barada, edebiýat barada gürleýärdi. Soň birneme sägindi-de, şeýle diýdi: «Edebiýat partiýalaýyn bolmalydyr. Mysal üçin, Berdi Kerbabaýewiň...» Bu onuň iň soňky sözi boldy». Hawa, Halyl Kulyýew edebiýat üçin dörän adamdy. Ol biziň soňky döwür poeziýamyzyň bagtydy. Görşümiz ýaly, tutuş ömrüni edebiýata bagyşlan şahyryň iň soňky sözi hem edebiýat bolupdy. ...Halyl Kulyýewiň poeziýasy. Ol heniz açylmadyk özboluşly dünýä. Muny çekinmän aýtsa bolar. Şunuň bilen birlikde ýene bir zady bellemeli. Poeziýanyň durmuşynda häli-şindi şeýle bir ýagdaýa gabat gelinýär. Bir şahyr özüni tapýar, «ýüňi ýetýär». Şondan Seň oňa eýerýänler, öýkünýänler tapylýar. Emma täsin ýeri hiç kime Halyl Kulyýewe öýkünmek başardanok. Belki, bu onuň poeziýasynyň syrlylygy, golaýyna baryp bolmaýanlygy– bütinleý özboluşlylygy biçen baglydyr. Ähtimal, şeýledir. Siz ýene bir zady göz öňüne getirip görüň: Sap kümüşden guýlan ýaly päkize säher. Siz keýpiçag halda oýanarsyňyz. Radionyň burmasyny towlap goýberersiňiz welin, kalbyňyza ýakyn, eý görýän bir mukamyňyz ýaňlanyp gider. Ol siziň ruhuňyza ruh goşar, bu gözel ýaşaýşa bolan höwesiňizi ýene-de on esse artdyrar. Uzakly gün onuň ýaňy gulagyňyzdan gitmez. Siz şol mukamyň her säher ýaňlanyp durmagyny isleýärsiňiz. Bizem şony isleýäris. Sebäbi aramyzdan juda-juda ir giden şahyryň özi aýtmyşlaýyn: – Dostlar, bu aýdymy diňlemek gowy! 1984 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |