19:28 Bäş dessandan desse baglan | |
BÄŞ DESSANDAN DESSE BAGLAN
Edebiýaty öwreniş
Edebiýat taryhçylary her halkyň söz sungatynyň «altyn asyrynyň» bolýandygyny belleýärler. Biziň berk ynanjymyza görä, türkmen edebiýatynyň «altyn asyry» XVIII asyr. Bu asyr bize edebiýatymyzyň ýedi ýyldyzy –Ýedigenini– Andalyby, Azadyny, Magtymgulyny, Magrupyny, Gaýybyny, Şabendäni, Şeýdaýyny – berdi. Olaryň hersiniň edebiýatymyzyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Aýdaly, Gurbanaly Magrupy «Oguznamadan», «Gorkut Atanyň kitabyndan», «Görogludan» gaýdýan türkmen, eposynyň däplerini ýazuwly edebiýatda ezberlik bilen dowam etdirdi. Onuň «Ýusup-Ahmet», «Alybeg-Balybeg», «Döwletýar» eserleri gahrymançylykly dessanyň klassykasy bolup galdy. Professor Mäti Kösäýew gahrymançylyk mazmunly «Tulum Hoja» dessanynyň hem Magrupynyň galamyndan çykandygyny belleýär. Moskwaly edebiýagçy H.Görogly hem «Magrupy «Döwletýar», «Alybeg-Balybeg», «Ýusup-Ahmet», «Tulum Hoja» ýaly gahrymançylykly dessanlar bilen meşhur» diýip ýazýar. Eger şeýle bolsa, Magrupy öz döredijiliginde bäş sany (Öňde görkezilen dessanlaryň üstüne onuň «Seýpelmelek-Methaljemalyny» hem goşmaly) dessanýazyp milli formaly h a m s a döredipdir. Hamsaçylyk bolsa, geçmiş Gündogar edebiýatynda döredijilik kämilliginiň iň ýokary basgançagy hasap edilipdi. Eger Magrupynyň dessanlarynyň ideýa-çeperçilik hümmetinden, olaryň žanr-stil özboluşlylygyndan çen alsaň, onuň hem döredijilik kämilliginiň şeýle basgançagyna ýetendigini aňşyrsa bolýar. Umuman, XVII-XVIII asyr türkmen edebiýatynda milli formaly hamsaçylyk däp bolupdyr diýesiň gelip dur. Biz Andalybyň bäş sany dessan ýazandygyny bilýäris. Professor Ýe.E.Bertele Şabendäniň hem bäş dessan ýazandygyny –«Gül-Bilbil», «Saýatly-Hemra», «Şabährem», «Hojamberdi han», «Nejep oglan» –ýörit-e belläp gidipdir. Magrupynyň dessanlarynyň seresi bolan «Ýusup-Ahmet» orta asyr oguz-türkmenleriň taryhy, olaryň gahrymançylykly eposynyň däpleri bilen baglanyşykly döredilipdir. Baryp ýigriminji ýyllarda akademik A.N.Samoýlowiç dessanyň esasynda «Gorkut Atanyň kitabynyň» üçünji boýy-şahasy «Baý Bugranyň ogly Bamsy Birek boýunyň» ýatýandygyny belläpdi. Munuň hakykatdan hem şeýledigine dessan bilen eposyň bu boýuny deňeşdirip öwrenende doly göz ýetirýärsiň. Eposda Bamsy Biregiň ikinji ady Bozoglan. Eposda Birek hakda gürrüň edilip «Bu mahalda erenleriň meýdany arslany pälwanlaryň gaplaňy Bozoglan ýetdi» diýilýär. Magrupynyň dessany hem Bozoglan bilen başlanýar. Ol Yspyhan ýurdunyň, ýemreli iliniň baştutany edilip orta çykarylýar. Gahrymanyň ýurdunyň Yspyhan edilip görkezilmegi ýöne ýerden däl. Ol türkmen gahrymançylyk eposynyň taryhy bilen bagly. Mysal üçin, oguznamalarda aýdylyşyna görä, Oguz han Yspyhany köp kynçylyklar bilen özüne tabyn edip, şol ýerde mesgentutýar. Biziň «Göroglymyzyň» hem hemişe bir tarapynda Ysnyhan bar. Aýdaly, baş gahryman özüniň ýarag-esbabyny şu şäherde tutýar. Dessanda aýdylyşyna görä, Bozoglanyň Agabeg hem Bababeg atly iki sany edermen serkerdesi bolýar. Ol bu serkerdelerine öz aýal doganlaryny nikalap berýär. Bu ýagdaý hem gadymy oguz-türkmen eposyna häsiýetli ýagdaýlaryň biri. «Gorkut Atanyň kitabynda» şu hili detal ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Agabeg bilen Bababegiň hersiniň bir ogla ýüzi düşýär. Bozoglan öz ýegenlerine Ýusup hem Ahmet diýip at berýär. Aý-gün geçip, olar kemala gelýär, atarman, çaparman ýigit bolup ýetişýär. Bozoglan olaryň hersini bir ilata baştutan edip belleýär. Ýusupbilen Ahmediň hulk-häsiýeti, tutumly işleri Bozoglanyň ýakynlarynyň ýüreginde göriplik duýgusyny tutaşdyrýar. Olar Bozoglanyň üstüne baryp, ýegenleriň ýygyn toplap, seniň garşyňa baş göterjek bolýar, özleriniň seniň ýurduňa eýe bolmak hyýallary bar diýip, Ýusup bilen Ahmede töhmet atýar. Bozoglan olaryň sözüne güp ynanýar. Işiň aňyrsyny, bärsini ölçerip, seljerip oturman, ýegenlerine Yspyhan ýerinden çykyp gitmegi buýurýar. Olardan ýüz öwürýär. Şuňa meňzeş epizod «Gorkut Atanyň kitabynda» hem bar. Dirse hanyň ýakyn adamlary onuň ogly Bugaja hem şeýle töhmet atýar. Şunuň esasynda hem hossarlary bilen olaryň çagalaryňyň arasynda garşylyk döredýär. Munuň özi Magrupynyň eserde çeper konflikti döretmek hem gahrymanlaryň arasyndaky garşylygy ösdürmek babatynda-da gadymy oguz-türkmen eposynyň öňden gelýän däplerine arka dirändigini alamatlandyrýar. Ýurtdan kowulan Ýusup bilen Ahmet öz ýigitlerini alyp, Sebzewar diýen çeşmäniň başynda täzeden mekan tutunýar. Şundan soň awtor Ýusuby birinji plana çykaryp başlaýar. Ol bölünip gaýdan ilatyň baştutanyna, Ahmet bolsa onuň edermen ýigitleriniň birine öwrülýär. Dessanyň ilkinji sahypalarynda Ýusubyň edermen egindeşi Aşyr begiň obrazy hem orta çykarylýar. Awtor bu obrazlaryň gahrymançylykly sypatlaryky doly kemala getirip, olary seniň göz alnyňda bütin aýdyňlygy bilen janlandyryp goýýar. Soň täze epizoda geçip, şeýle ýazýar. «Näge günlerde bir gün Ýusup begiň at-owazasy Ürgenç ýurduga ýetdi. Emma Ürgenç ýurdunda bäş şäher bar erdi. Ulug patyşahyga Äraly han diýer erdiler. Hywanyň häkimidi. Ýene birige Nedir soltan diýer erdiler – Maňgyşlagyň häkimidi; ýene birige Aral han diýer erdiler – Şabadyň häkimidi; ýene birige Aý han diýer erdiler – Gazabadyň häkimidi; ýene birige Ýolbars han diýer erdiler – Hankanyň häkimi erdi». Awtoryň bu sanaýan ýerleri «Gorkut Atanyň kitabynda» oguzlaryň iki birleşiginiň biri – Daşoguzlaryň ýaşan ýerleri edilip görkezilýär. Äraly han Ýusubyň üstüne Aý hany ýörite iberip, oňa Harazmin ýurduna gelip, özlerine goşulmagy teklip edýär. Ýusup il-halky bilen geňeşip, onuň teklibini kabul edýär. Äraly han Ýusuba öz gyzy Gülhatyjany, Ahmede hem Nedir soltanyň gyzy Adynany toýlap-tomaşalap berýär. Olaryň hersini bir welaýete han edip belleýär. Ýusup şu ýerde Şyh Şerip diýen bir şahsa gol berýär. Ony özüne halypa, ussat tutunýar. Ol dessanyň beýleki ýerlerinde-de başyna iş düşen wagty ilki Şyh Şeribi ýada salýar. Biziň pikirimizçe, dessandaky bu epizodlaryň taryhy esaslary bar. Ozaly bilen Ýusup hem Ahmede arka duran Äraly han hakynda. Ol Ürgenç şäheriniň häkimi edilip görkezilýär. Edil şonuň ýaly, Abylgazy hem «Şejeräýi terakimesinde» Syrderýa boýlaryn-da ýaşaýan oguzlaryň bir böleginiň mongollaryň ezişlerine çydaman, Ürgenje göçüp gaýdandygyny, bu ýere gelip, özlerine Aly diýen adamy han saýlandygyny ýazýar. Professor H.Görogly şu Aly hany Magrupynyň dessanyndaky Äraly hanyň prototipi hasaplaýar. Munuň şeýle bolmagy juda ähtimal. Gadymy oguz-türkmenlerde edermen ýigitleriň adynyň öňünden «är» sypatlandyrmasyny goşmak ýörgünli däp bolupdyr. Mysal üçin, «Görogly» eposymyzdaky Ärhasan obrazy. Şu esasda Abylgazynyň diýýän Aly hany dessana Äraly han ady bilen girizilen bolsa gerek. Ýusubyň ussat diýip gol beren şahsy Şyh Şerip barada hem Abylgazy gyzykly bir maglumat galdyrypdyr. Onuň ýazmagyna görä, Şyh Şerip hem Ürgençde ýaşapdyr. Awtor ony «eziz kişi» diýip häsiýetlendirýär. Soň salyr kowmunyň şol wagtky kethudasy Ärsary baýyň oňa köp sylag-serpaý edip, ondan türkmen dilinde bir kitap ýazyp bermegi haýyş edendigini, Şyh Şeribiň hem şol haýyş boýunça «Muin al-mürid» atly eser döredendigini ýazýar. A.N.Samoýlowiç Şyh Şeribiň XIV asyrda ýaşandygyny belleýär. Taryhy maglumatlara görä, Balkan, Sarygamyş töwereklerinde şu döwürler Aly-ili türkmenleri mesgen tutupdyr. Biziň aňlaýşymyza görä, Magrupy bu dessanynda şu türkmenleriň taryhyna hem olaryň ilkinji hökümdary Aly hanyň durmuşyna ýüzlenipdir. Muny belli bir derejede Ýusubyň «Aslyny sorasaň okly, balkanly, // Bozoglan daýyma sen peýam ýetir» diýen sözleri-de tassyklaýar. Magrupynyň bu dessanynda real pikirlenme fantastiki pikirlenme bilen diýseň utgaşdyrylyp berilýär. Ýusup bilen Ahmet Harazmine gelip, ýer-ýurtly bolandan soň, Müsür ýurdunyň patyşasy Gözel şa ir gije düýş görýär. Düýşünde öz hazynasyndan bir legen gyzyl alyp çykyp barýarka, üstüne iki sany ýolbars topulýar. Şa diň arkan gaýdýar. Şol wagt agzyndan iki sany gara guş uçup çykyp gidýär. Gözel şa oýanyp, sabyr-takatdan aýrylýar. Köşk adamlaryny çagyryp, düýşüni ýorup bermegi talap edýär. Emma raýatlygyndan bu düýşi ýorup biljek adam tapylmaýar. Ahyry şanyň adamlary bu işiň öz ellerinden gelmeýändigini, onuň düýşüni Müsür ýurduna Çyn-maçyndan gelen dana kişi Baba Gambaryň ýorup biljekdigiňi aýdýar. Baba Gambar şanyň düýşüni ýorup berýär. Onuň düýşünde gören iki ýolbarsynyň aslynda Ýusup bilen Ahmet bolmalydygyny aýdýar. Gözel ta hakykaty dogry aýdany üçin Baba Gambary zyndana salýar. Gorkan öňürder diýenlerini edip, «Kim Ýusup bilen Ahmediň goluny baglap, ýesir edip getirse, hazynamyň ýaryny, onuň üstüne gyzymy bereýin» diýip, jar üstüne jar çekdirýär. Bu işi bitirmäge hiç kim döwtalap bolmaýar. Ahyry «lebleri sowuk, özleri gök, ýüzleri awy ýalan ýaly aýýar bedrek» Mürzemmet, käbir golýazmalarda Mürze Ahmet bu işe göwünjeň boýun bolýar. Şanyň sowgat-serpaýyny alyp, ýola düşýär. Ol Ýusup bilen Ahmediň ýanyna gelip, ýaranjaňlyk hem ýaramsaklyk bilen olaryň ynamyna girýär. Mürzemmediň obrazy «Gorkut Atanyň kitabynyň» Bamsy Birek hakyndaky boýnuň personažy Ýalançy ogly Ýaranjanyň obrazyňa juda meňzeş gelýär. Türkmen gahrymançylyk eposynda häli-şindi bir epizod bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Ol gahrymanlaryň tekipbirlik, men-menlik edip, garşydaşynyň güýjüne kembaha garap, ahyr soňunda duşmana ýesir düşmegi bilen bagly wakalar. Mysal üçin, «Gorkut Atanyň kitabynda» Segrek tekipbirlik, men-menlik edip duşmana ýesir düşýär. Görogly hem şu kesele ýolugyp,Arap Reýhana bendi bolýar. Magrupynyň dessanynda hem şu epizod işlenipdir. Bozoglan özüniň ýalňyşandygyna göz ýetirip, ýegenlerini görmek üçin olaryň ýanyna myhmançylyga gelýär. Ol Ýusubyň ýanynda hozanak bolup bolup ýören Mürzemmedi bada-bat tanaýar. Ýusuba «Başyňa bela gelse, şundan geler, muny ýanyňdan ýok et» diýip, maslahat berýär. Emma Ýusup daýysynyň bu maslahatyna gulak gabartman, «Gul haçan alypdyr alpy al bilen» diýip, Mürzemmedi hiç zadyň alnyndan däl adam hasap edýär. Gaýtam «Indi seniň maslahatyň gerek däl, sensizem günüm ötýär» diýip, daýysynyň göwnüne degýär. Ahyrynda Bozoglanyň çaky dogry çykýar. Mürzemmet maksadyna ýetýär. Ol Müsürden hazyna alyp geleli diýip, Ýusup bilen Ahmedi aldap sapara alyp çykýar. Ýolda olary meý-mes edip, gollaryny baglap Gözel şaha tabşyrýar. Gözel şa Ýusup bilen Ahmede öz ykdykadyndan geçip, butparaz bolmagy teklip edýär. Şeýle etseler olara öz ýurduny dolandyrmaga berjekdigini aýdýar. Ýusup bilen Ahmet muňa boýun bolmaýar. Gözel şa olara aýdanyny etdirip bilmän, ikisiniň hem el-aýagyny kündeläp, hemişelik zyndana salmaga buýruk berýär. «Gorkut Atanyň kitabynda» duşmanlar gelip, Salyr Gazanyň öýüni, ýurduny talaýar. Onuň aýalyny ogluny ýesir edip alyp gidýär. Muny eşidip, Salyr Gazanyň çopany Garaja çopan ýagynyň, eli bagly ýesirleriň yzyndan kowup gidýär. Öz doganlary bilen ýagynyň yzyndan ýetip, tä güýçden gaçyp ýykylýan ýagy bilen gidişýär. Şol ýerde onuň doganlary gurban bolýar. Edil Garaja çopan ýaly, dessanda Aşyr beg hem Ýusup bilen Ahmediň goluny baglap äkiden duşmanyň yzyndan kowup ýetýär. Olar bilen deň bolmdyk tutluşyga girýär. Şol ýerde onuň ýigitleriniň köpüsi gurban bolýar. Aşyr begiň özi hem tä agyr ýaraly bolup ýykylýança duşman bilen gidişýär. Edil «Gorkut Atanyň kitabynda» bolşy ýaly, dessanda hem Aşyr begiň söweş hereketlerine aýratyn üns berlipdir. Onuň hereketleri jikme-jik, töwerekleýin beýan edilipdir. Umuman, dessanda hakyky gahrymançylyk Aşyr bege ýöňkelýär. Magrupynyň Ýusup bilen Ahmediň zyýadanda ýat, ýeri diýip Müsur şäherini saýlap almagynda belli bir derejede Gündogaryň meşhur «Ýusup-Züleýha» sýužetiniň hem täsiri bar. Muny gahrymanlaryň atlary, olaryň zyndanda ýatan ýerleri, iki Ýusubyň hem «Müsürde şa bolandan, öz ýurduňda geda bol» diýen ynanja gulluk edişi ýaly detal aýdyp dur. Emma bellemeli tarapy, dessanyň Ýusup bilen Ahmediň zyndygyna düşenden soňky wakalary «Gorkut Atanyň kitabynyň» Bamsy Birek hakyndaky boýnuň özboluşly çeper gaýtalanmasy. Bamsy Birek hem gapyllykda duşmanynyň eline düşüp, ýesir edilip äkidilip, zyndana taşlanýar. Zyndanda ýatyrka şol ýeriň beginiň gyzy Birege aşyk bolýar. Oňa elinden gelen kömegi edýär. Edil şeýle ahwalat Ýusup bilen Ahmediň hem başyndan geçýär. Olar zyndanda ýatyrkalar Hemze mirşabyň gyzy Garagöz Ýusuba aşyk bolýar. Bendilere iýer-içer ýaly zat getirip berýär. Eposda Birek ezber sazanda edilip görkezilýär. Dessanda hem Ýusup saz çalyp, şygyr aýdyşyp Gözel şanyň şahyr-bagşysy Gökjekden üstün çykýar. Eserleriň ikisinde-de gahrymanlar duşmanyň elinden gaçyp, öz ýurtlaryna sag-aman dolanyp gelýär. Eposda-da, dessanda-da gahrymanlaryň öz illerine gaýdyp gelişleri bilen bagly wakalar meňzeş. Birek duşman eline düşenden soň, birnäçe wagt geçirip Ýalançy ogly Ýaranjaň Birek Garaderbentde öldürilipdir diýip ýalan habar ýaýradýar. Biregiň aýaly gara geýip, ýas baglaýar. Onuň ata-enesi aglap-aglap gözden alýar. Ahyry Banu Çeçegiň hossarlary Biregiň öldi habaryny çyn hasaplap, ony Ýalançy ogly Ýaranjaňa bermäge razy bolýar. Banu Çeçegiň erkine-çerkine bakman, toýa başlaýarlar. Birek şol toýuň üstüne gelýär. Ilki özüni tanatman, ok atyp, at çapyp, aýdym-saz edip toýa geleňleri aňk edýär. Diňe şundan soň BanuÇeçek Biregi tanap galýar. Biregiň gelenine begenip, halaýyk täzeden hakyky toýa başlaýar. Ol keramatlylaryň kömegi bilen ata-enesiniň gözüni açýar. Wakalar has töwerekleýin beýan edilipdir diýmeseň, dessanda hem şuňa meňzeş epizodlar gaýtalanýar. Ýusup bilen Ahmet zyndanda ýatyrkalar, Gözel şa olary öldüripdir diýen habar ýaýradylýar. Nedir soltan Ahmediň aýaly Adynany Alladat baýyň ogluna bermekçi bolýar. Toý dabarasy dowam edýärkä onuň üstüne Ýusup bilen Ahmet gelýär. Ol hem Biregiň hereketlerini gaýtalap, ahyry özlerini tanadýar. Bu ýerde hem toý täzeden tutulýar. Baba Gambaryň beren topragy gözlerine sürtülenden soň, Ýusup bilen Ahmediň hem aglap-aglap gözleri kör bolan hossarlarynyň gözi açylýar Toý dabarasyndan soň Birek hem, Ýusup bilen Ahmethem täzeden ata çykyp, özlerini zyndanda horlan duşmanlaryndan ar alyp gelýär. Eposyň bu boýy-da dessan-da şeýle gahrymançylygyň toý dabarasy bilen tamamlanýar. Magrupynyň bu dessanynyň, esasan, «Gorkut Atanyň kitabynyň» däpleri boýunça döredilendigini Baba Gambaryň obrazynda-da görse bolýar. Ol dessandadünýäniň ýagşy-ýamanyndan habarly, hemme zady bilýän, okumyş adam diýlip görkezilýär. Ol Ýusup bilen Ahmediň ýakyn maslahatçysyna öwrülýär. Özüniň häsiýeti boýunça ol Gorkut Atanyň öz obrazynyň özoluşly dowamy. Eposda aýdylyşyna görä, Gorkut Ata gadymy oguzlaryň gopuz atly saz guralyny ilki döreden adam bolanmyş. Soňky döwür türkmen rowaýatlarynda hem Baba Gambar türkmen dutaryny ýasan adam edilip görkezilýär. Umuman, «Gorkut Atany kitaby» bilen bu dessanyň arasynda köp sanly baglanyşyklar bar. Mysal üçin, Birek-Bozoglan häli-şindi Hasar diýen ýerde hereket edýär. Ýusup bilen Ahmediň hem esasy örüleriniň biri Hasar dagy. Ýa bolmasa dessanda şeýle setirler aýdylýar. Ady Aý han, Äraly han gardaşy, Gün hanyň dogany hem emekdeşi, Ikimize getiripdir peşgeşi, Mähribanlyk edip engam ibermiş. Bu ýerde atlary tutulýan Aý han bilen Gün han türkmeniň nesilbaşysy hasaplanýan Oguz hanyň uly ogly. Magrupy öz dessanynda gadymy türkmen eposynyň bu gahrymanlaryny täzeden orta çykarydyr. Onuň dessanynda Oguz hanyň Ýyldyz atly üçünji ogly hem ýatlanýar. Ýusup Gözel şadan ar almak üçin Müsüre şaýlananda Syrderýa boýlaryna ýa-da Tüküstana nama iberýär. Bellemeli tarapy, şu ýerde-de «Gorkut Atanyň kitaby» eposymyzyň täsiri açyk duýulýar. Öňde-de belleýşimiz ýaly, Ýusubyň mesgeni Daşoguzlaryň ýaşan ýerlerinde. Ol bu ýerde bolsa Içoguzlaryň ýaşan ýerlerine uly kömek sorap hat ýazýar. Magrupynyň döwründe Syrderýa, Türküstan töwerelerinde türkmenler ýaşamandyr diýen ýaly. Olar bu ýerden has ir göçüp gaýdypdyr. Diýmek, bu ýagdaý dessandaky wakalaryň has irki zamanlara badaşýandygyny görkezýär. Ýusubyň kömek isläp, ýollan namasynda şeýle setirler bar. Garyndaşdyr köňül şady, Asly Oguz jan öwlady, Ýyldyz babamyň zürýady, Ýusup soltan agam gelsin! Bir-birinden nusga alan, Ýezide ýowuz gün salan, Gylyjyndan ganlar daman, Salyr Gazan soltan gelsin! Elbetde, okyjylarymyza «Gorkut Atanyň kitabynyň» baş gahrymanynyň Salyr Gazandygy öňden belli. Eposda onuň doganynyň adynyň hem Gara bolandygy aýdylýar. Biz öňde Salyr Gazanyň edermen ýigidi Garaja çopan barada gürrüň etdik. Garaja çopan öz doganlary Gabangüýji hem Demirgüýji bilen görülmedik batyrlyk görkezýär. Eposyň esasy gahrymanlarynyň biri hem Kyýan Seljuk. Ol boýdan-başa diýen ýaly hereket edýär. Ýeri gelende aýtsak, onuň hakyky ady Kynyk Seljuk bolmaly. Sebäbi köp taryhy çeşmelerde Seljugyň kakasynyň adynyň Kynyk bolandygy bellenýär. Oguznamalarda aýdylyşyna görä, Seljugyň atasy çadyr tikmekde ökde bolupdyr. Biziň bu ýerde sanap geçen faktlarymyz Magrupynyň «Ýusup-Ahmedinde» ýygjamlanyp, bary-ýogy bir bentde şeýle beýan edilýär. Sapa beg, Wepa beg, hany-Garahan, Gabangüýji bilen Garaja pälwan, Käzim ogly Dawut bezirgen, soltan, Çadyrçy ogly beg-serdardan öwrendim. Magrupynyň dessanynda eposyň çeper beýan ediş prinsipleri hem dowam etdirilipdir. «Gorkut atanyň kitabynda» wakalaryň beýan edilişi edebiýatçylaryň «kapyýaly kyssa» diýýän formasyna köp babatda laýyk gelýär. Ine, şeýle mysaly alyp göreliň: «Dirse han dişi ähliniň sözi uly toý eýledi, hajat diledi, atdan aýgyr, düýeden bugra, goýundan goç gyrdyrdy. Içoguz, Daşoguz begleriň üstüne ýygnak etdi, aç görse, toýdurdy, ýalaň görse don etdi, borçly görse, borjundan gurtardy, depe kibi et ýygdyrdy, köl kibi kumuz sagdyrdy, el göterdiler, hajat dilediler». Indi Magrupa gulak asalyň: «Elgaraz, andan soň Ýusup beg enesige başlaryndan ötgenini, ýezitlerniň al birlen tutganyny, bende bolup kitgenini, ýedi ýyl zyndan- da ýatganyny, pirlerden medet ýetgenini bir-bir beýan edip, bir söz diýdi». Eposda oguz goşuny bir ýere toplanyp, jeňe girjek bolsa, öňi bilen her topuň haýsy kowuma degişlidigi, serkerdesiniň kimdigi ýörite sanalýar. Magrupynyň dessanynda-da şu däbe eýerilýär. Diňe «Ýusup-Ahmet» dessany däl. Magrupynyň «Tulum Hoja» dessanynda hem «Gorkut Atanyň kitabynyň» Dirse han ogly Bugajyň boýny beýan eder», «Besat depegözi öldürdigi boýy beýan eder» ýaly bölümleriniň däpleri açyk duýulýar. Bu dessanyň hem epos bilen baglanyşygy ýörite öwrenilmäge mynasyp. Indi ýene esasy temamyz hakynda şahyryň «Ýusup-Ahmet» dessanynda Ýusubyň öňde ýatlanan namasynda «Göroglyny görüp galan, // Sapa ogly Çakan gelsin!» diýlen setir bar. Başga bir ýerde bolsa, Sapa ogly Çakanyň özi «Göroglynyň» gahrymanlaryny şeýle ýatlaýar. Size ustadymy beýan edeýin, Söweşmäni Göroglydan öwrendim. Janymy janyna gurban edeýin, Soltan hoja Gämiçiden öwrendim. Gaýry dinni hana-weýran edeýdi, Küfürlerni ýerge ýegsan edeýdi, Atan oky dokuz pilden öteýdi, Häsiýetli Handan begden öwrendim. Bedew minip Ýyldyz dagda gezeýdi, Ganymlarnyň başyn tenden üzeýdi, Topa çykyp, agyr saplar bozaýdy, Hasan ogly Demirçiden öwrendim. Bir nowjuwan idi, özi hem päliwan, Husny ziba idi, katdy huraman, Bu janym kylardym boýuga gurban, Gassap ogly Öwez handan öwrendim! Dessanda Ýusup bilen Ahmet Yspyhan, Sebziwar, Müsür, Gürgen, Hasar, Balkan, Pereň, Ýyldyz dagy ýaly ýerlerde hereket edýär. Bu ýerler Göroglynyň hem esasy iş salyşýan ýerleri. Şu ýerde esasy bir ýagdaýy hem bellemegimiz gerek. Magrupynyň dessanynda getirilýän şygyrlaryň ençemesi kem-käs üýtgedilen görnüşde «Görogly» eposynda hem duş gelýär. Biziň pikirimizçe, Magrupynyň şygyrlary, ylaýta-da, onuň goşuk formasynda döreden şygyrlary «Görogly» eposynyň gutarnykly kemala gelmeginde uly rol oýnapdyr. Sebäbi diňe «Ýusup-Ahmet» dessany däl. Onuň «Alybeg-Balybag», «Döwletýar» dessanlaryndaky käbir şygyrlar, şygyr bentleri-de belli derejede özgerilen görnüşde «Görogly» eposymyzda gabat gelýär. Geldi Harazmin begleri, Ýel bergil, Gürgen, ýol bergil! Astynda dal bedewleri, Ýol bergil, Gürgen ýol bergil! Geler sen Esger dagyndan, Öter sen ýol ýyragyndan, Gelme atym toýnagyndan, Ýel bergil, Gürgen, ýol bergil! Bendi erdik, bolduk azat, Güzer bergil bize küşat, Baran ýeriň bolar abat, Ýel bergil, Gürgen, ýol bergil! Bu hatyrlar Ürgenç kiter, Bu güzerni kylma hatar, Ýusup, Ahmet oýnap öter, Ýol bergil, Gürgen, ýol bergil! Sadadan akgynly okalýan bu şygyr «Ýusup-Ahmet» dessanynyň halkmyzyň milli formasy bolan goşukda döredilen onlarça şygyrlarynyň biri. Biz ony Magrupynyň döredijilik ussatlygyndan bir nyşan hökmünde getirdik. Şu şygra arkalanyp hem başga bir ýagdaýa-da ünsi çekmekçi bolýarys. Biz türkmen edebiýatynyň beýleki halklaryň edebiýaty bilen hyzmatdaşlygy barada gürrüň etsek galapyn öz ýazyjy-şahyrlarymyza görüm-görelde bolan nusgalary gözleýäris. Emma hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn bolýar ahyryn. Ynha, Magrupynyň ýokarky şygryny alyp göreliň. Ol özüniň milli özboluşlylygy, ýokary çeperçiligi bilen meşhur rus sowet şahyry N.Tihonowy hem özüne bendi edipdir. Şol şygryň täsiri bilen özüniň, aşakdaky ýaly özboluşly goşgusyny dünýä inderipdir. Мы с гор пришли сегодня днем, Куда мы идем – не гадай. Усмирись, расступись пред конем, – Дорогу дай, Гюрген, дорогу дай! Пришли мы к воде, и она шумит, Прогони ее с глаз, измени ее вид, Уберн свою воду из-под копыт. Дорогу дай, Гюрген, дорогу дай! Не то мы истоки твои убьем, Мы высушим ложе твое огнем, Ты покажеш все камни на дне своем, – Дорогу дай, Гюрген, дорогу дай! Мы закроем ушеля, и ты умреш, И умрет с тобой воды твоей дрож, – Тогда для коней будет пут хорош, – Дорогу дай, Гюрген, дорогу дай! Пожалей своих птиц на своих отмелях, Людей, что питают тобой поля, Все равно мы пройдем тебя, сердца веселя, – Дорогу дай, Гюрген, дорогу дай! Magrupynyň «Alybeg-Balybeg» dessanynda bolsa Ýusup bilen Ahmediň ogullary Alybeg hem Balybeg dessan gahrymany edilip täzeden orta çykarylýar. Şahyr muny ýöne ýerden şeýle etmändir. Bu gadymy türki, şol sanda oguz-türkmen eposynyň özboluşly bir däbi bolupdyr. Profesoor S.S.Surazakow gadymy türki eposynda gahrymanyň asylly hereketlerini, onuň bitirip bilmän giden işlerini soň onuň ogullary, hatda agtyklary tarapyndan dowam etdirilmeginiň däp bolandygyny belleýär. Munuň özi türkmen gahrymançylykly eposynda-da şeýle. Biziň gadymy eposymyz «Oguznamada» Oguz han baş gahryman bolup hereket, etse, soň «Gorkut Atanyň kitabynda» onuň nebereleri epos gahrymanyna öwrülipdir. Magrupynyň dessançylyk mekdebi hem, ine, şu däbe esaslanypdyr. Halk arasynda «Eşiden deň bolmaz gören göz bile» diýen pähim bar. Şonuň üçin hem sözümiziň ahyrynda Magrupynyň bu özboluşly gahrymançylykly dessanlarynyň haýal edilmän, öz hak eýelerine – giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegini arzuw edesimiz gelýär. 1988 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |