19:47 Abaý altaýagy türkmen şygrynda | |
ABAÝ ALTAÝAGY TÜRKMEN ŞYGRYNDA
Edebiýaty öwreniş
Halk arasynda «Ýagşynyň ýoly uzak» diýen pähim bar. Gazak ýazuwly poeziýasynyň esasyny goýan, gazak-rus edebi hyzmatdaşlyklarynyň gözbaşyny açan Abaýyň çeperçilik gözlegleri, tapyndylary barada oýlansaň, şu pähim ýadyňa düşýär. Gepi uzaldyp oturmagyň hajaty ýok. Biziň söhbetimiz Abaý şygrynyň forma gözelligi hem şahyryň çeperçilik ýolukyň türkmen edebiýatyna gelip ýeten ýodalary hakynda. Şahyryň döredijiligini çigitlän alymlaryň güwä geçmegine görä, Abaý öz halkynyň poeziýasyna liriki žanrlaryň, şygyr formalarynyň, bentleriniň ondan gowragyny girizipdir. Şahyr şol formalaryň, bentleriň käbirini Gündogar hem rus poeziýasyndan nusga hökmünde kabul eden bolsa, olaryň käbiri şahyryň hut öz döredijilik ussahanasynyň önümi. Şol formalaryň arasyndan Abaýyň altaýak, sekizaýak bentleri özüniň gurluşyndaky özboluşlylygy, kämilligi, ritmiki sazlaşygynyň belentligi bilen haýranda goýýar. Şahyryň döredijilik gazanynda gaýnap-bişen bu bentler soň-soňlar gazak poeziýasynyň milli çeperçilik keşbine öwrülip gidipdir. Aýratyn hem şahyryň altaýak bendi soňky döwür gazak poeziýasynda ürç edinilip ulanylýan bentleriň biri. Ine, şahyryň şol diýilýän bendinden bir mysal. Baý seýildi, – a, Bir beýildi, – a, Elde jaksy kalmady. – b Eldegi ýerkek, – w Bosga seltek, – w Kakyp ýelin karmady. – b Ýeri gelende aýtsak, Abaýyň bu bendiniň nusgalygy rus poeziýasyndan gaýdýar. Ine, Abaýdan has öň ýaşap geçen dekabrist-şahyr K.F.Ryleýewiň döredijiliginde şeýle forma bar. Ty skaži, gowori, – a Kak w Rossii sari– a Prawýat – b Ty skaži poskoreý, – w Kak w Rossii sareý, – w Dawýat. – b Görnüşi ýaly, mysal alnan bu bentde Abaýyň bendine ýakynlyk bar. Olaryň setir sany, rifmalaşmak täri biri-birine bap gelýär. Edil şonuň ýaly-da, alty setirli, şeýle formada rifmalaşýan, deň ölçeg-de ýazylan şygyrlar A.S.Puşkiniň, M.Ýu.Lermontowyň döredijiliginde-de seýrek däl. Ýöne şol bentleriň Abaý bendine ýakyndygy bolsa-da, olaryň daşky formasy, ritmi-intonasion gurluşy bir-birindendüýpli parhlanýar. Abaý altaýagy barada söz açyp, uýgur edebiýatçysyM.Hamraýew şeýle pikirleri orta atýar: «Onuň (Abaýyň – A.B.) mundan ýüz ýyl çemesi ozal gazak poeziýasyna getiren täzeligi, ýagny, altaýak hem sekizaýaklary diňe gazak poeziýasynyň üstünligi bolman, eýsemolar köp derejede doganlyk halklaryň poeziýasyna-da öz täsirini ýetirdi». Biz alymyň bu pikirineikelläp goşulýarys. Hakykatdan hem şahyryň bu bentleri türki dilli halklaryň ençemesiniň poeziýasyndan özüne mynasyp orun alyp bildi. Muny M.Hamraýewiň özi-de uýgur şahyry Ilýa Bahtiýanyň, özbekşahyry Mirtemiriň Abaýyň bu bentleriniň esasyndaşygyr döredendiklerini dogry belleýär. Ýöne ol islese, Abaý bendine ýazylan şygyrlary türkmen sowetpoeziýasyndan hem näçe diýse tapyp bilerdi. Türkmen sowet poeziýasynda Abaý altaýagynyň formasynda ýazylan şygyrlaryň iň irki nusgasy bizebaryp ýigriminjiýyllaryň poeziýasynda gabat gelýär. Türkmen sowet edebiýatynyň klassygy Berdi Kerbabaýewiň 1928-nji ýylda ýazylan «Jöwher gylyç» atly şygryndan bir bendi synlap göreliň: Berk duraly, – a Döş gereli, – a Halk asuda ýaşasyn. – b Rahat ýörsün, – w Eksin, orsun, – w Çöplesin öz hoşasyn. – b Görnüşi ýaly, bu bentde Abaý altaýagynyň gurluşy rifmalaşmak täri doly saklanýar. Olaryň ölçegi hem, eger gysga setirleriň hem ikisini birleşdirseň, gazak poeziýasynda ýörgünli bolan sekiz hem ýedi bogunlaryň garyşmagyndan ybarat. Şu ýerde şeýle bir fakta hem ýüzlensek kem däl. Türkmen edebiýatynyň uly dosty, belli rus şahyry N.Tihonowda «Aýydere jülgesi» diýen bir şygyr bar. Ine, şol şygryň bir bendi: Trawy –braty rodneý, –a W temnožilýah kamneý – a Rodnikow otçekanena drož –b Luçşe roş, gibçe wod, – w Dragosenneý parod – w Ty w Turkmenii wer, ne naýdeş – b Tutuş şygyr Abaý bendine çalymdaş formada ýazylyňdyr. Şahyryň döredijiliginde şeýle formadaky şygyr ýeke-täk. Biziň pikirimizçe, şahyryň döredijiliginde şeýle bendiň peýda bolmagy edebi täsir bilen bagly. Muny şeýle delillendirmek bolar. Şahyr bu şygryny özüniň türkmen topragyna eden ikinji sapary döwründe ýazypdyr. Şol sapary hem ol türkmen poeziýasynda abaý bendini ilkinji ýola synag edip gören Berdi Kerbabaýew bilen geçirýär. N.Tihonowyň türkmen şahyrynyň döredijiliginde üýtgeşik formany görüp, şol formany hem gürrüňi edilýän şygry üçin saýlap almagy bolup biljek zat. Sebäbi şahyr türkmen ülkesinde döreden şygyrlarynyň käbirini ýerli poeziýanyň ruhuna ýakyn häsiýetde ýazmaga ýykgyn edipdir. Mysal üçin, onuň öňde mysal getirilen «Ýol ber, Gürgen» şygry türkmen poeziýasynyň goşuk formasynda ýazylypdyr. Kyrkynjy ýyllardan başlap, türkmen poeziýasynda özboluşly lirik şahyr Rehmet Seýidowyň döredijiliginde Abaý bendi köpçülikleýin häsiýetde işledilip başlandy. Şahyryň diňe bir 1956-njy ýylda neşir edilen «Saýlanan eserlerinde» Abaý altaýagynda ýa-da onuň täsirinde ýazylan şygyrlaryň otuzdan gowragy ýerleşdirilipdir. Biziň pikirimizçe, türkmen sowet poeziýasynda Rehmet Seýidow ýaly şygyr formalarynyň, bentleriniň dürli-dürli görnüşlerini peýdalanan, hemişe öz şygyrlarynyň mazmunyna, häsiýetine has bolan bentleri gözlän şahyr seýrek. Muny şahyryň döwürdeşi, respublikanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň aşakdaky sözleri-de gümürtiksiz tassyklaýar: «...türkmen sowet poeziýasyny siňe synlan adamlar Rehmediň şol wagtlar täze-täze goşgy formalaryny agtarýandygyny, bu agtaryşy erjellik bilen dowam etdirýändigini aňsatlyk bilen anyklardy. Çünki halklaryň gazanan we gazanýan ägirt uly ýeňişleriniň manysyny a-a-a-b we a-b-a-b formalaryna sygdyrmak mümkin däldi. Bu formalar şahyryň gerimini daraldýardy». Bu sözlerde galatlyk ýok. Eger bir mahal Lew Tolstoý Puşkiniň poeziýasy barada söz açyp: «Ölçegini hem rifmasyny hasaba almasaň, Puşkiniň poeziýasyna düşünip bilmersiň. Düşünip bilmeseň bolsa gürläp oturmagyň hajaty ýok» diýen jaýdar pikiri orta atan bolsa, biz hem: «Rehmet Seýidowyň strofikasyny nazara almasaň, onuň döredijiliginiň syrlaryňa, inçeliklerine, nepisliklerine doly göz ýetirmek mümkin däl» diýen pikiri çekinmän aýdyp bileris. Emma muňa garamazdan, kä halatlarda Rehmet Seýidowyň bu babatdaky hyzmatlaryna kembaha garalan pursatlary-da bolman durmandy. Mysal üçin, Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň 1946-njy ýylda bolup geçen plenumynda şahyr Durdy Haldurdy Rehmet Seýidowyň Abaý bendinde ýazan şygyrlarynyň üstünde durup, şeýle pikiri öňe sürüpdir. «Forma barada gürrüň edilse, Rehmet Seýidowyň adyny tutman geçmek bolmaz. Ol özüniň eserleriniň köpüsini belli bir formada ýazýar. Ol forma daşky görnüşine seredeniňde, täze ýaly bolup görünse-de, setirleriň çuňuna siňe seretseň, setir erişinin haýsy mäşirikden çözülýändigi belli bolýar». Soň ol Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessanyndan on bäş bogunda ýazylan muhammesi alyp, onuň içki rifmalaryna esaslanyp, ony şeýle tertipde döwüşdirip çykýar. Ýana-ýana, Her ýana Perwana Boldum bu gün. Telmirip, Husnuň görüp, Çoh sargaryp Soldum bu gün Dert bile, Hasrat bile, Pyrkat bile Öldüm bu gün. Ýar sen Dildar sen Gamhor sen Bildim bu gün. Sana ýar, Janym nysar, Çoh intizar Etdiň meni. Şonuň yz ýany bilen ol Rehmet Seýidowyň Abaýaltaýak bendinde ýazylan şygyrlarynyň türkmen poeziýasy üçin hiç bir weçden täzelik däldigini, onuň şygyrlarynyň Mollanepesiň ýokarda bölüşdirilen «ýasalan» bendiniň esasynda ýazylandygyny nygtap, şahyry setir sanyna kowalaşýan, şygry garyplaşdyrýan hökmünde ýazgarýar. Her niçik bolsa-da, türkmen edebiýatçylary Rehmet Seýidowyň edebi hyzmatlaryna bolan şu zeýilli nädogry garaýşa öz wagtynda jogap berdi. Şahyryň döredijiligi barada dissertasion iş ýazan M.Gurbansähedow onuň altaýak bendinde ýazylan şygyrlarynyň D.Haldurdynyň mysal alýan bendi bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny, onuň şahyryň döredijilikli gözlegleriniň netijesidigini, R.Seýidowyň şygyrlarynyň bendine ýakyn bolan bentleriň başga-da käbir şahyrlaryň döredijiliginde duşýandygyny belläpdi. Ýöne ol hem şahyryň döredijiliginde bu bendiň nähili häsiýetde ýüze çykandygyny, olary şahyryň näderejede ösdürendigini doly açyp görkezmändi. Has soňrak professor Öde Abdyllaýew şahyryň altaýak bendinde ýazan şygyrlaryna ýüzlenip, şeýle pikiri orta atypdy. «Biziň pikirimizçe, beýleki türki halklaryň şahyrlary ýaly, Rehmet Seýidow hem forma babatynda Abaý strofasyndan nusga alypdyr. Onuň ulanan formasy-da edil Abaýyň altaýak diýilýän formasy ýaly. Munuň tötänden beýle bolmagy mümkin däl. Ine, şu ýagdaý hem gürrüňi edilýän goşgy formasy türkmen poeziýasyna gazak poeziýasyndan geçipdir diýmäge esas berýär». Biz bu pikire goltgy bolýan şeýle ýagdaýy-da bellemekçi. Eger Abaý altaýagynyň her iki gysga setirini birleşdirseň, onda bendiň umumy ölçegi 8 hem 7 bogundan ybarat bolýar. Aslynda, şeýle ölçegleri garyşdyrmak gazak poeziýasyna, aýratyn hem onuň halk döredijiligine mahsus. Rehmet Seýidowyň Abaý bendinde ýazylan şygyrlarynyň hemmesiniň diýen ýaly şu ölçegde bolmagy, hatda onuň dörtlemede ýazylan käbir şygyrlarynda hem şu ölçegiň ulanylmagy onuň bu döredijilikaýratynlyklarynyň düýp çeşmesiniň gazak poeziýasyndan baş alyp gaýdýandygyny kepillendirýär. Gürrüňi edilýän bu bent türkmen poeziýasynda ozaldan ulanylyp gelinýän bentlerden diňe bir rifmalaşmak täri, daşky şekli boýunça tapawutly bolman,eýsem sintaktiki-intonasion gurluşy jähtinden hemtäzelik boldy. Sebäbi bendiň başky iki we dördünji, bäşinji setirleri dört bogundan ybarat bolup,üçünji we altynjy setirleri ýedi bogunly. Şoňa görä-de bendiň az bogunly her iki setiri goşulyp birneme çalt depginde, üçünji we altynjy setir bolsaiki gysga setiriň goşulmagyndan dörän setirlerdenbir bogun kemligi zerarly az-kem haýal depginde okalýar. Bu ýagdaý şeýle bent boýunça ýazylan tutuş şygyrda gaýtalanmak bilen, täze bir özboluşly intonasiýa, heň döredýär. Jemi alty setirden ybarat bolanbent okalanda aşakdaky ýaly dört setire öwrülýär. Seniň yzyň, ogul gyzyň – 8 bogun. Hiç bir zada zar bolmaz –7 bogun. Seniň ejeň, ejemdir meň – 8 bogun Watanymda hor bolmaz – 7 bogun Okalanda dört setir edilip okalýan bendiň birinji hem ikinji setirleriniň arasynda gelýän rifmanyň şol setirleriň soňunda gelýän söz bilen sazlaşyp gitmegi bilen owazlylyk has-da ýokarlandyrylýar. Şeýle-de, ýokarky mysallardan görnüşi ýaly, bu bendiň gysga setirleri mazmun hem logiki tarapdan biri-biriniň dowamy, ösdürilmesi bolup, olar uzyn setirlere baglanyşýar, olar üçin girişiň wezipesini ýerine ýetirýär. Diýmek, bentdäki az bogunly setirler forma kowalaşmak, setir sanyny artdyrmak maksadyna hyzmat etdirilmän, eýsem ol bendiň sintaktiki gurluşy bilen aýrylmaz baglanyşykly eken. Belli gazak şygyr öwrenijisi Z.A.Ahmetow Abaýyň şu bent boýunça ýazan şygyrlaryny synlap, olardaky az bogunly setirler özüniň gysgalygyna garamazdan, özbaşdak many aňladýan frazalardan, sözlemlerden ybarat bolup durýar diýen netijä gelýär. Biz Abaýyň ulanan bentlerindäki gysga setirlere has bolan şeýle aýratynlygy Rehmet Seýidowyň şol formadaky bentlerinde hem synlap bilýäris. Başgaça aýtsaň, şahyryň şeýle bentdäki şygyrlarynyň gysga setirleri ýasama manysyz, owazly sözler bolman, eýsem olaröz ýerinde jaýdar ulanylan söz düzümleri hem sözlemler. Rehmet Seýidowyň öz poeziýasynda Abaý altaýagynyuly ussatlyk bilen we köpçülikleýin häsiýetde işledip başlamagy, şahyryň döredijilik aýratynlygynyň, özboluşlylygynyň göze dolup duran bir tarapy bolup galdy. Sebäbi şahyr bu bendi diňe bir ezber işletmek bilen çäklenmedi. Özüniň tejribesine,zehin hem zähmetine daýanyp oňa täze-täze öwüşginlerberdi, ony dürli röwüşde işletmegi başardy. Sözümiziň gury bolmazlygy üçin, şahyryň Abaý bendiniň täsirinde döreden täze bendini gözden geçireliň. Bir gözel gyz, – a Gatnap ýalňyz – a Akar bulak boýuna, – b Suwa garap, –w Zulpün darap, – w Gamly läle aýdardy. – g Biş, alma, nar! – d Goý, gelsin ýar – d Diýip ýeňiş toýuna, – b Gizlin syryn, – e Birin-birin, – e Suwa sözläp gaýdardy. – g Şahyr bu ýerde iki sany Abaý bendiniň sepinibildirmän garyşdyryp, bendi düýpgöter üýtgedipdir, ösdüripdir. Onuň ussatlygy bilen lowurdap duran has kämil, has täze bent döräpdir. Biziň pikirimizçe, bendiň gurluşynda ýasamalyk ýokundysy ýok. Eger onuň her üç setirini birleşdirseň dörtlemäniň on bäş bogunly başaşa formasy emele gelýär. Diýmek, şahyr bu babatda hokga çykarmandyr. Ol özüniň intonasion gurluşynyň gözelligi, akgynlylygy bilen hem şahyryň ulanan beýleki bentlerinden bir gez ýokarda durýar. Biziň garaýşymyza görä, şahyryň bu bendiniň intonasion gurluşynda MAÝAKOWSKINIŇ AKSENTLI ŞYGRYNA ýakynlyk duýulýar. Muňa şahyryň ýokarda getirilen bendiniň mysalynda göz ýetirmäge çalyşalyň: Bir gözel gyz, gatnap ýalňyz, akar bulak boýuna Suwa garap, zülpün darap, gamly läle aýdardy. Biş, alma, nar, goý, gelsin ýar, diýip ýeňiş toýuna Gizlin syryn, birin-birin suwa sözläp gaýdardy. Biz okanymyzda bendi ine, şeýle görnüşde okamaly bolýarys. Şeýlelik bilen, bu ýerde hem edil Maýakowskiniňki ýaly basgançak emele gelýär. Emma ol Maýakowskiniň aksentli şygyrlaryna doly meňzänok. Okalşy boýunça olaryň arasynda parh bar. Sebäbi her niçik bolsa-da bu ýerde ritmlilik stopolaryň deň ölçegde gaýtalanmagy bilen döreýär. Bu ýerde okalanda dört setir edilip okalýan bendiň her setiriniň ortasynda iki ýerde rifmanyň kömegi arkaly metriki shema dahylly sezura däl-de, eýsem intonasion pauza döredilýär. Ine, şunuň özi hem şahyryň rifmanyň gudratyna niçiksi hormat goýandygyny, oňa niçiksi erk edip bilendigini-de bir kemsiz subut edýär. Şu ýere Rehmet Seýidow rifmanyň hem uly ussadydyr diýilse hata edildigi däl. Sebäbi altmyşynjy, ýetmişinji ýyllaryň köp sanly türkmen şahyrlary umumy ölçegi kyrk dört bogun bolan bentde (dörtlemäniň boşaşa formasynda – A.B.) bary-ýogy iki sany rifma getirýän bolsalar, Rehmet Seýidowyň umumy ölçegi altmyş bogun bolan ýokarky görnüşdäki bendinde on iki sany rifmanyň üstünden barýarys. Dogry bu bent şahyryň geçiren ýeke-täk synagy bolaýmasyndiýilmegi-de mümkin. Ýok, bu bent ýeke-täk synag däl. Rehmet Seýidowyň döredijiliginde hut şu bendi esasynda ýazylan şygyrlaryň birnäçesi bar. Hatda onuň programmalaýyn şygry bolan «Bagt içinde» diýen şygry hem şu bent boýunça ýazylypdy. Ertiru-şam, – a Sende her tam, – a Edýär mukam – a Sazlar bilen. – b Seň üçin ýat, – w Gaý, harasat – w Illeriň şat – w Ýazlar bilen – b Şahyryň bu setirleri daşyndan göräýmäge dörtlemäniň klassyky formasy goşuga-da meňzäp dur. Emma beýle däl. Şygry has içgin synlasaň, onuň Abaý altaýagyndan gaýdýandygyny seljermek bolýar. Şahyr bu ýerde-de täzelik tapypdyr. Özüniň rifma ussadydygyny ýene bir gezek subut edipdir. Ýagny, rifmanyň kömegi bilen Abaý bendiniň uzyn setirlerini hem bölüp, şygryň has-da owazly, akgynly bolmagyny gazanmaga çalşypdyr. Abaý bendiniň Rehmet Seýidowyň döredijiligine şeýle çuň ornaşmagy, onuň ýiti zehinine uýgunlaşmagy netijesinde, şahyryň her ädimde şol bentde täze-täze öwüşginler döretmäge ymtylýandygyny görýäris. Ine, şahyryň «Aýy dagyndan tutulan aýy» atly balladasyndan bir bent: Gijäň ýary çagynda, – a Aýylaryň dagynda – a Aý nur saçýardy. – b Ýadaw aýagyn süýräp, – w Elin dyzyna diräp – w Biri gaçýardy. – b Tutuş ballada şeýle formada ýazylypdyr Eýsem bentdäki täzelik näme? Şahyryň bu bendimi Abaý bendiniň esasynda gurandygyna ikirjiňlenmese bolar, Muny onuň rifmalaşmak täri aýdyp dur. Bentdäki täzelik bolsa, şeýledir: Eger hakyky Abaý altaýagynda pikir uzyn setirlerde jemlenýän bolsa, şahyr bu ýerde ony has az bogunly setirlerde jemlemegi başarypdyr. Bu-da hemmesi däl. Şahyr bendi şeýle guramak bilen şygryň ritmikasynyň häsiýetini hem düýpgöter üýtgedýär. Sebäbi bentdäki setirleriň ölçeginde barabarlyk ýok. Onuň üçünji hem altynjy setirleriniň hersinde öňdäki setirlere garanda, iki bogun az. Şoňa görä-de, bendi ýa-da tutuş şygry birsydyrgyn heňde okap bolanok. Sazlaşygy saklamak üçin, isleseň, islemeseň, gysga setirleriň soňky bogunlaryndaky çekimlini has uzyn aýtmaly bolýar. Hut şonuň esasynda hem jemleýji setirleriň soňunda owazly intonasiýa, özboluşly pauza emele gelýär. Bagt daşaýjy ýigrimi ýyl ülkäň üstünden geçdi. – a Dem salyp ýaz jan getirdi giň çöllere, baglara. – b Öýler üstünde serwiler şat gülüşip sözleşdi, – a Guwanýas biz söýgi bilen göz güldürýän çaglara. – b Duşman urduk, – w durmuş gurduk, – w Geçdik ýigrimi ýyly. – g Kowdy derdi. – d Ömür berdi – d Bagtly baharlar ýeli. – e Bu bendi şahyryň edişi ýaly ýazman, ähli setirleri deňeşdirseň onda ol a-b-a-b-w-w formada rifmalaşýan on bäş bogunly altylama öwrülýär. Ýöne şoňa garamazdan bendiň soňky bölüşdirilen setirleri mazmundyr bogun sanynyň deňligi bilen taýyndan başky dört setire sepleşýän bolsa-da, özüniň ritmiki-intonasion gurluşy jähtinden bütinleý başga häsiýetde. Sebäbi şahyr birsydyrgyn intonasiýaly dörtlemäniň yzyndan Abaý bendini getiripdir. Şunlukda hem bendiň soňky jemleýji setirleri sazlaşygy, akgynlylygy boýunça has ýokary derejä eýe bolýar. Ikinjiden bolsa, başky dört setirde dört sany rifma ulanylsa-da, şol setirleriň köp sanly bogunlardan ybarat bolmagy, olaryň ritmliligini belli bir derejede gowşadyp, akgynlylygyň, sazlaşygyň ýokary bolmagyna şol rifmalaryň täsiri birneme ejizlik edýär. Şoňa görä-de, şol setirleriň yzyndan Abaý bendiniň getirilmegi bilen bu ejizligiň öwezi doldurylýar. Rehmet Seýidow hiç ýerde-de formany birinji derejede goýan şahyr däl. Ol çeper mazmun bilen çeper formanyň edil bal bilen ýag ýaly gatyşmagyny, olaryň biri-birine bap gelmegini isleýär, ony başarýaram. Mälim bolşy ýaly, Abaý strofalary setirlerin gysgalygy bilen, tapawutlanýar. Rehmet Seýidow abaý strofasyny peýdalanan wagtynda şygyrdaky ideýanyň, mazmunyň hatyrasyna bu ölçegden çykýar. Şahyryň «Beýik ýeňiş gününe» diýlip atlandyrylan şygry şeýle ölçegde ýazylypdyr: Daňda guşlar saýranda, Şat habarlar ýaýranda, Şanly ýeňiş güneşinden altyn nurlar saçyldy. Çaý, bulak, çyrpynyp ak! Mert halkym, ertäňe bak, Bu gün ýeňen batyr ile bagt gapysy açyldy. Rehmet Seýidowyň döredijiliginde Abaý bendiniň işledilişi barada ýene-de aýdara zat köp. Şahyr bu bendiň ýat tutmak üçin amatlydygyna, onuň akgynlydygyna çuň düşünip, özüniň aýdym hökmünde ýazan «Moskwa» atly şygrynyň gaýtalamasyny Abaý bendinde ýazypdyr. Edil şanuň ýaly hem, şahyryň «Goç ýigit söweşde belli» diýen çaklaňja poemasynyň hem şol bentde ýazylandygyny ýeri gelende aýtmalydyrys. Hemişe gözlegde bolan Rehmet Seýidow özüniň özboluşly döredijilik poçerki, stili bilen türkmen poeziýasynyň taryhyna ymykly girdi. Ol şahyrana duýgularyny tebigat gözelligi, tebigat dünýäsi bilen baglanyşdyryp bilýän ussat şahyrdy. Onuň poeziýasy çuň lirizme ýugrulanlygy, ýokary watançylyk pafosy, öwüşginli formalara baýlygy bilen öz döwürdeş türkmen şahyrlarynyň köpüsine we häzirki döwür şahyrlara täsirli nusga bolup hyzmat etdi. Türkmen sowet şahyrlary forma erk etmek babatda ondan köp zat öwrendiler. Elbetde, onuň bu çeperçilik görüm-göreldesi, öňde belleýşimiz ýaly, Abaýyň uly döredijilik ýolundan ýoda alyp, şahyryň daş ýarar zehini bilen täze ýola öwrüldi. 1978 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |