23:11 Göroglynyñ döwri hakynda bellikler | |
GÖROGLYNYÑ DÖWRI HAKYNDA BELLIKLER
Edebi makalalar
Gündogar halklarynyň köpüsiniň asyrlar boýy ruhy daýanjy, buýsanjy hem guwanjy bolup gelen «Görogly» eposynyň baş gahrymany Görogly uzak wagtlap halklaryň umyt-arzuwlaryny özüne siňdiren ideal gahryman hasap edildi. Emma soňky döwürlerde edebi hem taryhy barlaglaryň geriminiň giňelmegi, täze-täze faktlaryň ele salynmagy netijesinde käbir alymlar Görogly haýsydyr bir döwürde ýaşap geçen taryhy şahs bolup, eposyň baş gahrymany döreýeşine çenli kämilleşen bolaýmasyn diýen pikiri orta atyp başladýlar. Muňa degişli käbir faktlar hem kem-kemden ylmy dolanşyga girizildi, her hili netijeler çykaryldy, çaklamalar aýdyldy. Hakykatdan hem, taryhy çeşmelerde Görogly atly şahsyň bolandygyny tassyklaýan maglumatlar gabat gelýär. Ýöne şol hili maglumatlaryň biri-birini tutmaýandygy, gaýtam olaryň biri-birine bütinleý çapraz gelýänligi sebäpli, henize çenli Göroglyny belli bir döwre dahylly edip bolanok. Sebäbi şol bar bolan maglumatlar Göroglyny dürli-dürli döwürlerden çykarýar. Emma bu meseläni anyklamagyň bolsa möhümdigine söz ýok. Eger Göroglynyň ýaşan döwrüni anyklap bolsa, onda onuň bilen bagly rowaýatlaryň maýasynyň haýsy döwrüň taryhy wakalary bilen badaşýandygyny, bu şahsyň haýsy töwereklerde ýaşandygyny, iň esasysy bolsa, eposyň kompozisiýa-sužet tarapdan kemala gelşini, ideýa-tematika taýdan ösüşini yzarlap, anyklap bileris. Ilkinji ýola Görogly eposynyň Günorta Äzerbaýjan wersiýasynyň polýak ofisseri, Eýranda harby missiýada bolan A. Hodzko tarapyndan ýazylyp alynmagy we onuň inglis diline neşir edilmegi bilen eposyň baş gahrymanynyň taryhy şahs bolandygy ýa-da bolmandygy baradaky meselä üns berlip başlandy. Has takygy, ilki bolup A. Hodzkonyň hut özi şol wersiýanyň öňüne ýazan sözbaşysynda «Bu hekaýanyň gahrymany Körogly türkmenleriň türk taýpasyndan bolup, ol gelip çykyşy boýunça demirgazyk Horasanly we XVII asyryň ikinji ýarymynda ýaşap ötüpdir» 8diýip ýazypdy. Has soňrak bolsa rus tankytçysy G. Çernyşevskiý hem şol ýazylyp alnan wersiýanyň rusça terjimesine ýazan synynda bu pikire arka durýar 9 . Göroglynyň taryhy şahs bolandygyny tassyklaýan taryhy faktleriň köpüsi XVI—XVII asyrlarda Günorta Äzerbaýjanda sefewilere garşy “jelalylar” ady bilen bolup geçen gozgalaňa badaşýar. Mysal üçin, ermeni taryhçysy Arakel Tövrizliniň (1670-njy ýylda ýogalan) galdyran ýazgylarynda jelalylara serkerdelik eden ýa eden adamlaryň arasynda Köse Saparyň ady tutulýar. Ol öz eserinde meşhur sazanda hem ozan-şahyr Köroglynyň adyny hem agzaýar. «Onuň (Köroglynyň — A. B.) döreden köp aýdymlaryny aşyklar (aýdyjy- bagşylar) häzir hem aýdýarlar» 10 diýip ýazýar. Göroglynyň, hakykatdan hem, ozan-şahyr bolandygyny, onuň jelalylar hereketiniň dowam edýän döwründe ýaşandygyny ermeni täjiri Ylýas Muşegýanyň 1721-nji ýylda ermeni elipbiýinde «Köroglynyň aýdymlary» ady bilen ýazyp alan goşgularyda tassyklaýar. On üç goşgudan ybarat bu golýazma Astrahanda ele salnyp, ol 1954-nji ýylda Ýerwopada neşir edilip çykaryldy 11. Moskwaly alym H. Görogly hem eposyň baş gahrymanynyň ýaşan döwrüni jelalylar hereketi bilen badaşdyryp, bu ugurdan ençeme täze faktlary ylmy dolanyşyga girizdi. Ol Şa Abbas Sefewi döwrüniň taryhçysy Isgenderbeg Türkmeniň hem XVIII asyr Türk syýahatçysy Öwlýa Çelebiniň işlerinden aşakdaky ýaly faktlary getirýär. Mysal, üçin, Çelebi bir ýerde aşyk Uşakynyň ussatlygyny Görogly bilen deňeşdirip, «Aýdym aýtmakda, saz çalmakda Körogludan kem däl» diýip ýazsa, başga bir ýerde 1665-nji ýylyň 5-nji april güni Çelebini hem onuň ýoldaşlaryny jelalylaryň atlylary saklaýar. Atlylaryň baştutany Çelebä pyçak alyp topulanda, ol özüniň «Siz näme etjek bolýaňyz, beýle eýmenç işi bu daglarda hatda Görogly hem etmez» diýip gygyrandygyny ýazýar. Şonuň ýaly hem ol öz eserinde Çanlybil diýen ýeriň adyny agzap, jelalylar hereketiniň esasy maýasyny türkmenleriň düzýändigini, olaryň serdarlarynyň biriniň Çygalybeg diýlip atlandyrylýandygyny habar berýär. Isgenderbeg Türkmende beýle maglumatlar ýok. Ýöne öz işiniň iki ýerinde türkmenleriň zulkadar taýpasynyň Körogly urugyny ýatlaýar. Şeýle-de ol jelalylaryň ilkinji serkerdeleriniň biri Hasan begiň hem onuň inisi şahyr Gara Ýazyjynyň atlaryny tutýar. H. Görogly ine şol Gara Ýazyjynyň soň-soňlar dil üýtgeşmesi arkaly Gara-ogly — Kör-ogly adyny alan bolmagy hem ähtimaldyr diýen netijä gelýär 12. Şondan soň edebiýatçy Türkiýäniň döwlet arhiwinden bu mesele bilen bagly ele salan faktlaryny, arhiw maglumatlaryny orta atýar. Şol arhiw dokumentlerinde aşakdaky ýaly faktlar bar: 1580-nji ýyla degişli bolan dokumentde «Boly» şäheriniň häkimine Geredäniň kazysyna kimdir Körogly diýen birini tutup, ony kanun boýunça jezalandyrmak buýrulypdyr. 1579 — 1581-nji ýyla degişli bolan ikinji bir dokumentde Boly şäheriniň häkiminiň ele düşmeýän Köroglyny tutan adama uly sylag berjekdigi barada aýdylýar. 1581-nji ýylda Gerede şäheriniň häkimine berlen buýrukda tutulmaly talaňçy toparyň adamlarynyň arasynda olaryň baştutany Körogly Röwşeniň ady hem görkezilýär. 1593— 1595-nji ýyllaryň dokumentlerinde “Içel” şäheriniň häkimine iberilen hatda jelalylar gozgalaňy hakynda gürrüň edilip, söz arasynda Köroglynyň hem ady tutulýar, bu dokumentlerde Köroglynyň ady bilen bir hatarda Hasan begiň, Kizirogly Mustapanyň, Demirçi oglynyň atlary agzalýar. 1588-nji ýyla degişli dokumentde Mahmut Bezirgeniň, Isanyň, Iwaziň, 1593—1595-nji ýyllaryň dokumentlerinde hem Köroglynyň ady bilen birlikde gassap Isanyň, Mahmudyň, Seferiň, Demirçi Hasanyň, Ýusubyň atlary agzalyp geçilýär 13. Ýokarda ýatlanan adam atlary eposyň aýry-aýry wersiýalarynda, olaryň käbiri bolsa ähli wersiýalarda gabat gelýän atlar. Eger şulardan çen tutsaň, Görogly jelalylar hereketine gatnaşan we XVI—XVII- asyrda ýaşan şahs bolup çykýar. Aslynda, köp sanly göroglyşynas alymlar hem şu pikiriň tarapynda. Emma faktlary içgin yzarlasaň, bir mesele böwrüňi diňledýär. Geň ýeri, Görogly jelalylar hereketinde esasy figura däl. Faktlaryň aglabasy ony söweş hereketlerine gatnaşýan, ýöne köplenç şol söweşlerde gozgalaňçylary öz sazy hem sözi bilen söweşe ruhlandyran şahyr-ozan hökmünde göz öňüne getirmäge mejbur edýär. Elbetde, beýle ýagdaý eposdaky Görogla hem häsiýetli alamatlaryň biri. Ýöne Gündogar halklary özleriniň Görogly bilen bagly halk döredijiligi eserlerinde ony hanlaryň, soltanlaryň, şalaryň garşysyna barlyşyksyz göreşiji, halkyň arkadagy, howandary, goragçysy hökmünde orta çykarýar. Hut şoňa görä-de eposyň ähli wersiýalary özüniň ideýasy hem temasy boýunça harby-gahrymançylykly folklor eseridigi bilen parhlanýar. Eposdaky çeper hakykatyň jelalylar hereketi bilen bagly taryhy faktlar bilen onçakly sepleşip gidibermeýändigini, ilki bilen, türk Göroglyşynasy Aga Jyrrah Levend aňşyrypdyr. Ol XVI asyrda, jelalylar hereketiniň dowam eden döwründe Körogly diýen şahyr-ozanyň ýaşandygyny belläp, ýöne ol irki döwürlerde ýaşan legendar Göroglynyň adyny dakynypdyr diýen netijä gelýär 14. Ýöne ol hem şol legendar Göroglynyň kim bolandygyny, haçan ýaşandygyny aýdyp bilmändir. Şondan birneme soňrak taryhçy I. P. Petruşevskiý jelalylar hereketine gatnaşan Görogly barada pikir öwrüp, şeýle netije çykarýar: «Taryhda duşýan bu Göroglynyň halk rowaýatlarynyň gahrymany bilen nähili ýakynlygynyň bardygy barada bir zat aýtmak kyn. jelalylar hereketiniň serkerdeleriniň biri, meger, irki döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän, legendalarda meşhur bolan Göroglynyň adyny dakynandyr» 15. Ýeri gelende aýtsak, biz hem ine şu pikire gol ýapmakçy. Yzda bu mesele bilen bagly käbir pikirleri aýtjakdygymyza görä, häzirlikçe Göroglynyň haçan ýaşap ötendigi bilen bagly bolan beýleki faktlara ýüzlenmekçi bolýarys. Eger edebiýat barlagçylarynyň köpüsi jelalylar gozgalaňyna gatnaşan Göroglynyň eposyň baş gahrymanynyň prototipi/ ilki görnüşi hasap etmäge meýil edýän bolsa, soňky döwrüň gözlegleri, käbir tapylan täze faktlar alymlary başga bir uwç gözlemäge mejbur etdi. XVIII asyr türkmen şahyry Şeýdaýynyň «Türkmeniň ahwaly» diýen şygrynda aşakdaky ýaly setirler bar: Körhan ogly Ugurjuk alp, Gezdi Türk ilin at salyp, Görogly aňa at galyp, Paç alyp geçdi sagy-soly Şahyryň ine şu setirleri hem filologiýa ylymlarynyň kandidaty Nazar Gullaýewe kelebiň täze bir ujuny çöşlemäge kömek edipdir. Ol Kör hanyň ogly Ugurjugyň, soň Görogly adyny alan şahsyň gözlegine çykýar. Ugurjuk baradaky deslapky maglumaty Abylgazynyň «Şejereýi terakime» diýen kitabyndan alýar 17. Hywa taryhçysy Abylgazy Ugurjuk barada şeýle maglumatlar galdyrypdyr: «Şamälik bozuklygynda Diňli beg başlyk Yrakga bargan Salur ili köp ýyllar anda olturgandan soň, olaryň içinde Ögürjik (alymlar ony Ogurjyk, Ügürjik görnuşde hem ýazýarlar— A. B.) atly bir tögüşli (batyr) ýigit peýda boldy. Türkmenleriň taryh bileturgan(bildiren) kişileri Ögürjik alpny on alty arkada Oguzhanga ýetgüzip, mundak sanap gururlar; Ögürjik alp, atasy Gara girazy... Ögürjik zamanyndan tä bu wagtgaça bäş ýüz ýyl, alty ýüz ýyl bolup turur» 18. Şondan soň ol Ögürjigiň hereketlerini beýan edýär: «Imdi Ögürjik hekaýatyny aýtalyň: Ol zamanda Yraknyň güýçli halky Baýyndyr ili erdi. Ögürjik alp Baýyndyr beginiň hökümini tutmady. Baýyndyr beg Ögürjik birlen ýaman boldy. Ögürjikniň Baýyndyr birlen uruşgydek kuwwaty ýok erdi. (Şonuň üçin ol) müň öýlik ili birlen Yrakdan gaçyp Şamahyga geldi. (Olaryň) tokuz ýüz öýlügi salur we ýüz öýlügi garkyn erdi. Anda olturgaly Baýyndyrdan gorkup, Krym geldi. Andan (hem) göçüp, Etil (Volga) suwuny geçip, Ýaýyk (Ural derýasy) suwuna geldi. Ol wagtda Alagiň (Kenek) we Garagaş diýgen ýerde Kaňly (Gaňňaly. AG) halky olturyp erdi, anlarnyň hanlarynyň aty (ady) Köktonly (Gök-donlyAG) tiýgen erdi. Anyň katyga (gaşyga) gelip, birnäçe ýyllar olturdy. Akybet (ahyrynda) onuň birlen hem ýaman bolup, göçüp gaçdy. Köktonly keýniden (ýzyndan. AG) ýetip, ýeti ýüz öýlügin alyp galdy. (Ögürjik) üç ýüz öýlük birlen gaçyp, Maňgyşlak baryp, Garahan diýgen ýerde üç ýyl olturdy. Köktonly Ögürjikniň kaýda gitgenini bilmeý turur erdi. Üç ýyldan soň eşidip atlandy. Anyň atlanganyň Ögürjik eşidip, ili birlen gaçyp gurtulyp, Abylhan (Balkan) tagyga bardy. Ol wagtda Ögürjikniň aýdgan tartymy bu turur: Döndüm gaçyn kaňly handan, kybla sürdüm, Garryldaşyp gelgen är öňünden döndüm, Gaýlygarly iki gola ýol ýumşatdym. Arkyt-arkyt gyrlarga torjum saldym, Art, öýümge bezge salyp, güýjüm tartdym. Gyr atymda tag ýolundan aşyp bardym. Gabaklydan Alanja ýurt ýurtlatdym. Gürrüldeşip artymdan ýagy ýetdi — Gaýky başly gaty ýaýga iş buýurdym. Çalsa keser gorç polatga tug baglatdym, Gyljym syryp, Başy ilimde guýy gazdym. Aza (awlagda) gyşlap, gyrda ýaýlap Balkan aşdym. Ýaýyn ýaşan gara tagga ugrap geldim. Kanly kowlum toý tutmady, onda boldum. Altyn gözli tawuşganny getirdi diýip, Gaz aýagy üç aýry tamga berdim 19. Göroglyşynaslar «Abylgazynyň «Ögürjik zamanýndan tä bu wagtgaça bäş ýüz ýyl, alty ýuz ýyl bolup turur» diýen sözlerine esaslanyp, taryhçynyň kitabyny ýazan ýylyndan— 1660-njy ýyldan ortaça bäş ýüz elli ýyly aýryp, onuň ýaşan döwrüni XII asyr bilen badaşdyrýarlar. Ögürjigiň başyndan geçiren wakalarynyň, ýaşan ýerleriniň epos bilen belli derejede gabat gelýändigine görä, onuň eposyň baş gahrymanynyň prototipi bolaýmagy ähtimal diýen çaklamany öňe sürýärler 20. Elbetde, bu çaklama belli babatda hakykata golaý gelýän hem bolsa, käbir ýagdaýlar seni oýlanmaga mejbur edýär. Eposda Göroglynyň söweş hereketleriniň halkyň araplara, türk soltanlaryna (Kiçi Aziýadaky), gyzylbaşlara 21 garşy göreşleri bilen baglanyşýandygy hemmelere belli. Emma onuň wersiýalarynyň hiç birinde hem gahryman kaňlylaryň garşysyna çýkarylmaýar. Bu bir. Ikinjiden bolsa, Abylgazynyň şeýle tutumly işi ýazmak üçin türkmenleriň diňe taryhyna däl, eýsem olaryň halk döredijiligine hem diýseň belet bolmalydygyna göz ýetirjegi şübhesiz. Ol öz işinde türkmenleriň halk döredijiligini, aýratyn hem rowaýatlary az ulanmandyr. Emma ol näme üçindir özüniň gürrüňini edýän Ögürjiginiň halk arasynda Görogly diýlip atlandyrylýandygy barada dil ýarmaýar. Onuň işinde Günbatar Türkmenistanda ýaşan türkmenler barada berilýän maglumatlar has agdyk. Aslynda bar bolan maglumatlaryň köpüsinde hem Göroglynyň ýaşap öten ýeri (biz yzda bu barada ýörite durjakdyrys) hem şu töwerekler. Şeýle bolansoň, Abylgazy ady halk arasynda ýörgünli bolan Görogly hakykatdan-da Ögürjik bolsa, onda ol bu barada aýdardy. Göroglynyň ady, ol baradaky rowaýatlar Abylgazynyň döwründe heniz ýörgünli bolmandyr diýmäge bolsa hiç hili esas ýok. Eger Abylgazynyň bu işi 1660-njy ýylda ýazylan bolsa, şondan bir asyra ýeter-ýetmez wagt soň ýaşan Magtymgulynyň berýän maglumatlary özüne üns berilmegini talap edýär. «Görogly Reýhana neneň ýalbardy, Amandyr diýene diýanat ýagşy.» 22 Diňe şu iki setiriň özünden hem eposyň «Arap Reýhan» şahasynyň hut Magtymgulynyň döwründe formirlenip gutarandygyny aňşyrmak bolar. Şahyryň döredijiliginde Göroglynyň eposdaky hereketlerini beýan edýän setirler başga-da bar. Ine şu zatlar hem Abylgazynyň gürrüňini berýän Ögürjigi eposyň baş gahrymanyna öwrülen Göroglynyň prototipi bolaýmasyn diýilýän pikire belli-külli bil baglamaga mümkinçilik berenok. Diňe gürrüňi edilen faktlar hem däl. Biziň elimizde Göroglynyň ýaşan döwri barada maglumat berýän başga-da käbir çeşmeler bar. Türk edebiýatçysy P. Boratav, jelalylar hereketine gatnaşan Görogly barada pikir ýöredip, «XVI asyrdaky jelalylaryň baştutany Göroglydan öňem, soňam bu at bilen ýaşan Türkmen serdarlary bolupdyr, olaryň dürli gahrymançylyklary Göroglynyň ar-namys ugrundaky gahrymançylygyny has-da şöhratlandyrypdyr» 23 diýip ýazyp, jelalylar gozgalaňyna gatnaşan Göroglynyň döwründe Kirman daglarynda ýaşan afşar türkmenleriniň kabylalarynyň biriniň baştutanynyň Hysrow Soltan Körogly bolandygyny , Abdylhamyt II-niň hökümdarlyk eden ýyllarynda Körogly atly biriniň Arzyrumda gala saldyrandygyny habar berýär 25. Türkmen sowet edebiýatynyň halypalarynyň biri Berdi Kerbabaýewiň ýazmagyna görä Jelaletdin Rumynyň eserleriniň iki ýerinde Göroglynyň ady tutulýar. 1776-njy ýylda Faýzabatda Gündogar Buharanyň töwereginde —A. B.) Görogly lakamly, Gulmuhammet 26 diýen biriniň gala saldyrandygy barada hem maglumat bar. Eposyň baş gahrymanynyň ýaşan döwri barada her hili çaklamalaryň hem orta atylýandygyny aýtmalydyrys. Folklorçy ýazyjymyz Ata Gowşudowyň pikirine görä, «Görogly Soltan Mahmyda (oguz-türkmenleriň kaýy taýpasyndan çykyp, IX asyrda hökümdarlyk eden Mahmyt Gaznawy — A. B.) garşy göreşen halkyň bir legendar gahrymany bolupdyr we halk onuň hakynda dessanyň esasy bölümini döredip, araplara garşy öňki döredilen rowaýatlary hem onuň adyna geçiripdir». Ziýa Gökalp hem eposyň gahrymanyny Mahmyt Gaznawy bilen badaşdyrýar. Ol Mahmyt Gaznawynyň ýanynda bolup, suhangöýlük, dilewarlyk eden Öwez diýen ýaş ýigide salgylanyp, Mahmydyň özüniň Görogly bolaýmagy mümkin diýen netijä gelýär 28. Zeki Velidi Togon bu seneleri has aňyrrak süýşürip, Göroglyny Horezm— Astrabat etraplarynda sasanidler (biziň eramyzyň III—VII asyrlary) dinastiýasy bilen söweş alyp baran oguztürkmenleriň arasyndan çykan şahs hasaplaýar 29. E. Arşakly bolsa ony 5-nji asyrda ýaşan hasaplap, «gadymy oguzlardan bolan taryhy bir şahs» 30 diýip ýazýar. Görnüşi ýaly, Göroglynyň ýaşan döwri baradaky mesele çylşyrymly. Faktlar az hem däl. Emma olar galapyn bir perdeden gopanok. Şol sebäpli-de, ine şu «Görogly» eposynyň baş gahrymanynyň prototipi diýip belli bir şahsyň ýakasyndan ýapyşyp bolanok. Dogry, Göroglynyň beýle känligini geňläp hem oturmaly däl. Munuň özi taryhda häli-şindi duşýan ýagdaý. Mysal üçin, taryhçylaryň hasaplamagyna görä, meşhur söweş serkerdesi Aleksandr Makedonskiden soň hem iki müňden gowrak adam onuň adyny hem lakamyny göteripdir. Ýa bolmasa hut häzirki döwürde diňe Moskva şäherinde Aleksandr Sergeýeviç Puşkinleriň on bäşe golaýy ýaşaýar. Bu elbetde, isleg-umyt bilen, kimdir birine meňzejek bolmak meýli bilen baglanyşykly zat. Şondan ötri Magtymguly şahyryň: Ançalar adyna Görogly dakdy, Namysly, edenli pälwan galmady 31 — diýşi ýaly, Görogly ýaly meşhur serkerde bolmagyny arzuw edip, ogluna Göroglynyň adyny dakan ata-eneler ýa-da onuň adyny özüne lakam edip alan söweş serkerdeleri az bolan däldir. Edil şonuň ýaly hem ýokarda ady tutulan Göroglylaryň köpüsiniň, bu ady götermegi-de ine şeýle ýagdaý bilen bagly bolsa gerek. Eger şeýle bolsa, biz taryhy çeşmelerde atlary tutulýan, ýa bolmasa belli-belli döwürler bilen badaşdyrylýan şol Göroglylaryň haýsy birini eposa dahylly edip bileris? Bu soraga jogap bermäge çalyşmazdan öňinçä şeýle bir ýagdaýy bellemek gerek. Göroglynyň eposda esasan edermen, batyr, parasatly gerçek ýigit hökmünde hereket edýändigi hemmelere mälim. Ol eposyň ähli wersiýalarynda ine şu häsiýetleri özünde jemleýän obraz hökmünde şöhlelendirilýär. Emma şeýle bir ýagdaýy hem ýatdan çykarmaly däl. Görogly bilen bagly rowaýatlaryň, gürrüňleriň, hekaýatlaryň ilki bilen ony dünýä inderen halkyň arasynda peýda bolup, şondan soň olaryň beýleki halklara aralaşandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Şoňa görä-de dürli halklara aralaşan şol rowaýatlaryň, gürrüňleriň, hekaýatlaryň şol halklaryň jemgyýetçilik durmuşyna, geografiki şertlerine, däp-dessurlaryna uýgunlaşdyrylýandygyna söz ýok. Munuň özi eposyň wersiýalaryndan görnüp dur. Her halk öz zehinine görä, ukybyna görä şol rowaýatlary işläpdir, ösdüripdir, Görogly hakyndaky öz halk döredijiligi eserine öwrüpdir. Göroglyny howandary hasap edip, ony özüniň kese ýerli duşmanlarynyň garşysyna çykarypdyr. Her halk hem onuň gahrymançylykly hereketlerini özüçe beýan edipdir. Mysal üçin, «Eposyň täjik wersiýasynda gahrymançylyk esasan Öweziň (Aýwazyň) obrazynda ýüze çýkarylýar. Ol özüniň gahrymançylykly hereketleri arkaly, Göroglynyň il-ýurdunyň öz-başdaklygyny gorap saklaýar» 32. Özbek «Göroglysynda» wakalaryň agramly bölegi Göroglynyň agtygy, Öweziň ogly Röwşen hanyň hereketleri bilen bagly berilýär. Şu hili aýratynlyklaryň esasynda hem Gündogaryň her halkynyň öz gahrymançylyk eposy, öz «Göroglysy» döräpdir. Gündogar halklarynyň arasynda «Görogly» eposynyň ýüze çykmagy umuman şeýle häsiýetde. Elbetde, eposyň şeýle derejede formirlenmegi üçin ilkinji maýanyň, ilkinji rowaýatlaryň zerurdygy belli zat. Şundan ugur alsak, biz Göroglynyň taryhy şahs bolandygyny ýa-da bolmandygyny, eger bolan bolsa onuň haçan, nirede ýaşandygyny şol ilkinji maýanyň, ilkinji rowaýatlaryň ýüze çykan ýerini anyklamak arkaly öňde goýlan wezipäni çözüp bileris. Eger şeýle bolsa, Görogly bilen bagly ilkinji rowaýatlar nirede döräpdir? Bu sowala görnükli gündogarşynas Ý. Bertels özüniň «Türkmen halkynyň edebi geçmişi» diýen saldamly işinde şeýle jogap berýär: «Rowaýatçylaryň köpüsi üçin Görogly elmydama türkmen halkynyň wekili hökmünde görnüpdir. Şu esasda hem rowaýatyň aslyýeti hut türkmen topragynda düzülendir diýip çak etmek bolar» Eposyň köp wersiýalaryny içgin yzarlasaň bu çaklama bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Türkmen «Göroglysynda» gahrymanyň dünýä inip, ýaşan ýeri Günbatar Türkmenistan töwerekleri, has anyk aýtsak häzirki Krasnawodek/Şagadam oblastynyň (welaýatynyň) çäkleri. Bu barada eposdan şeýle maglumatlary almak bolýar: Balkan degresi mekanym 34. Çandybilden, ne Balkandan gelen bar O Gökleňde, o Balkanda, Bir neper nägehan gelsin 36. 35. Eposda getirilýän ýer-ýurt atlarynyň köpüsi şu töwerekler bilen badaşýar. Mysal uçin, Ýyldyzdag Gazanjyk raýonynda, Küren dagyň bir bölegi 37, Akdag, Gyzylarbat raýonynda 38. Garadag hem şol ýerde 39. Şeýle ýagdaýy biz özbek «Göroglysynda» hem görüp bilýäris. Bu wersiýanyň «Çambil gabawy», «Çambiliň goralşy» şahalarynda wakalar, Göroglynyň araplara garşy söweşleri Ärsary dagynyň töwereklerinde bolup geçýär 40. Mälim bolşy ýaly Günbatar Türkmenistanda Ärsarybaba atly dag bar 41. Eposyň «Melike aýýar» şahasynda bolsa Göroglynyň Balkan dagynyň töwereginde ýaşandygy aýdylýar 42. Umuman, özbek Göroglysynda wakalaryň köpüsi Günbatar Türkmenistanda bolup geçýär. Eposyň Äzerbaýjan wersiýasynda wakalar galapyn Äzerbaýjanda, Kiçi Aziýada bolup geçýän bolsa-da, onda hem wakalaryň gelip Günbatar Türkmenistan töwereklerine direýäni bar. Bu wersiýanyň «Öweziň Çandybile getirilmesi» diýen şahasynda Görogly Öwezi teke-türkmen ilinden alyp gaýdýar. Bu şaha halk arasynda «Türkmen-Aly», «Göroglynyň Türkmen sapary 43» hem diýlip atlandyrylýar. Bu şahada Görogly Öwezi gözläp türkmenleriň arasyna gaýtmazdan öň, Öweziň türkmenlerdendigini Aşyk Çününden eşidýär. Aşyk Çününiň Öwezi tarýp edip aýdan aşakdaky sözlerine görä, Öwez Günbatar Türkmenistanda ýaşan bolup çykýar: Çanakgala, Sarygamyş, Igidlärin şahbaz gördüm... ...O Täkä-Türkmän elindä Gässaboglu Eýwez gördüm 44. Biziň pikirimizçe, ýokarky setirlerdäki Sarygamyş Demirgazyk Türkmenistandaky, birmahal Biruny tarapyndan Gyzdeňzi diýlip atlandyrylan köl bolmaly 45. A. Hodzkonyň ýazyp alan wersiýasynda hem Kaşan, Gaplaň-kuh, Garadag, Jerendüz ýaly ýer atlary gabat gelýär. Bu toponimleriň Kaşandan başgasynyň, Kaşan gadymy şäheriň ady bolmak bilen, häzir Murgabyň çep goly 46, Günbatar Türkmenistanda ýerleşýändigi gyzyklydyr. Hodzko Günorta Äzerbaýjan wersiýasyny 1834-nji ýylda Türkiýäniň Kars raýonynyň Igdirli obasyndan ýazyp alypdyr. Şundan çen tutsaň, türk «Göroglysynyň» şol wersiýanyň esasynda dörändigine şübhe galmaýar. Äzerbaýjan «Göroglysy» hem neşre taýýarlananda Hodzkonyň ýazgylary esas edilip alnypdyr. Umuman eposyň Kiçi Aziýa, Kawkaz wersiýalary Hodzkonyň ýazgylaryndan düýpli derejede parhly däl. Ýene bellemeli ýeri, Hodzkonyň ýazyp alan wersiýasynda Göroglynyň ilki dünýä inip, ýaşan ýeri Jeýhun (Oksus) derýasynyň boýlary 47. Bir görmäge bu fakt Göroglyny Günbatar Türkmenistandan daşlaşdyrýan ýaly. Emma beýle däl. Araplar tarapyndan Jeýhun, grekler (ýunan) tarapyndan Oksus diýlip atlandrylan Amyderýanyň irki döwürlerde häzirki Uzboý arkaly Hazar deňzine guýandygyny, elbetde, hemmeler bilýändir. Gündogary öwreniji “De Guýe” Amyderýanyň Arzas diýen goşandynyň bardygyny ýazypdyr. 1600-njy ýylda rus alymlary Aral deňziniň kartasyny çyzyp, bu deňizden Arzas diýen derýasynyň baş alyp, Hazar deňzine guýandygyny görkezipdirler 48. V. V. Bartoldyň ýazmagyna görä, şol Arzas çeşmelerde Argas, Azar, Arzan, Arzar görnüşinde hem gelýär. Diýmek, Gunorta Äzerbaýjan wersiýasynda Göroglynyň Amyderýa boýlarynda dünýä inipdir diýlip görkezilmegi, gahrymanyň hereketleriniň Balkan töwereklerinde bolup geçendigi baradaky pikir bilen sepleşýär. Galyberse-de, biziň pikir edişimize görä, Türkmen «Göroglysyndaky» Araz çaýy, edebiýatçylaryň ýazyşy ýaly, Äzerbaýjandaky Araks derýasy bolman, eýsem ýokarda gürrüňi edilen Arzas derýasynyň, ýa-da derýa goşandynyň üýtgedilip ulanylan görnüşi bolsa gerek. Eposyň ähli wersiýalarynda diýen ýaly Göroglynyň Watany Çar-dagly Çandybil. Dogry, dil aýratynlyklaryna görä, ol halklaryň arasynda Şamlybil, Çenlibil, Çambul, Çambyl, Jambylbil, Şamlywil ýaly görnüşlerde ulanylýar. Çandybiliň nirede ýerleşýändigini anyklamak henize çenli göroglyşynaslara başardanok. Türkiýede Siwas şäherinden Tokada gidýän ugurda Çamlybil diýen duralganyň bardygyny hasap etmeseň, geografiýa degişli çeşmelerde bu ýurduň ady gabat gelenok. Bu babatda biz şeýle bir çaklamany orta atmakçy. Türkmenleriň çandyr diýen tiresi bar. Darganata, Dänew, Farap, Ýylanly raýonlaryndaky Çandyr atly obalar ine şu tiräniň ady bilen bagly 49. Amyderýa boýlaryndaky çandyrlar özlerini gökleňler bilen garyndaş hasap edip, ata-babalarynyň Garrygala raýonyndaky Çendir jülgesinde ýaşandygyny, Nedir şanyň ýörişleriniň netijesinde bu tiräniň wekilleri beýleki tireler ýaly Hywa hanlygyna, Buhara emirligine göçüp gidendigini ýatlaýarlar 50. Biziň aňlaýşymyza görä, Garrygala raýonyndaky Çendir jülgesi ine şu tiräniň ady bilen bagly bolmaly. Dessanlarda aýdylşy ýaly, «Çandyr» sözi bu ýerde dursuň indi gadymy türki dilde ulanylan «il» sözüniň manysy hakynda. «Il» sözi arkaly gadymy türki taýpalaryň birleşigi, halk, döwlet, administrativ bütewülik 51 ýaly manylary aňladypdyr. Biziň çak edişimize görä, ine şu «Çandyr» hem «il» sözleriniň birleşmegi netijesinde «Çandyril — Çandy-bil» atly ýurt ady emele gelen bolsa gerek 52. Hakykatdan hem, çar tarapy daglar bilen gurşalyp duran häzirki Garrygala töwerekleriniň Çardagly Çandyril, soňabaka bolsa Çandybil ady bilen eposa giren bolmagy mümkin. Eger şunuň hem ýokarky ýaly faktlaryň üstüne Göroglyşynaslaryň «...Türkmenistanda, Balkan dagynyň sebitlerinde halkyň keramatly öwülýäsi hökmünde zyýarat edilip, düýnelip ýörlen ýeriň Göroglynyň legendar mazarynyň bardygyny bellemek gyzyklydyr» 53 diýen sözlerini hem goşsak, onda Günbatar Türkmenistan Görogly baradaky rowaýatlaryň ilki dörän ýeri bolandyr diýen netijäni çykaryp bileris. Emma şeýle bolsa-da hut Türkmen «Göroglysynda» hem wakalaryň Günorta Äzerbaýjanda, Kiçi Aziýada bolup geçýändigini, ondaky käbir adam atlarynyň hem XVI— XVIII asyrlarda ýaşan şahslar bilen gabat gelýändigini ýatdan çykarmaly däl. Munuň özi, biziň pikirimizçe, bolaýmaly zat. Sebäbi baryp irki döwürlerden bäri şol ýerlere oguztürkmenleriň kowçum-kowçum bolup göçüp gidendigi, olaryň şol etraplarda hökümdarlyk edendigi taryhdan mälim. Mysal üçin, «Türkiýe döwleti XI asyryň 70-nji ýyllarynda döredi. Ol döwlet oguzlardan (türkmenlerden) bolan türki çarwa taýpalar tarapyndan esaslandyrylypdy» 54. «Seljuk türkmenleri Äzerbaýjanda iňňän agdyk bolansoň olaryň dili ýerli dilleri gysyp başlapdyr. Türki dilli çarwalaryň XIII asyrdaky süýşmesiniň güýçli tolkuny äzeri, aran hem beýleki dilleriň gysylyp çykarylmagyny we türki diliň sistemasyna degişli azerbaýjan diliniň gutarnykly ýeňmegini tizleşdirdi» 55, XV—XVI asyrlar-da bolsa bu töwereklerde türkmenleriň Akgoýunly, Garagoýunly atly dinastiýalary höküm sürüpdir. Ýagdaý şeýle bolansoň, Orta Aziýada ýaşaýan türkmenleriň şol töwereklerde ýaşaýan kowumdaşlary bilen hertaraplaýyn gatnaşygynyň dowam etjekdigi öz-özünden düşnükli. Eger Wenger gündogarşynasy I. Kunoş uzak wagtly barlaglardan soň türkmen, äzerbaýjan, türk dessanlaryny deňeşdirip, «Bu halk eserleri aslynda türkmenleriň gahrymançylykly eposydyr. Eýrana ýa-da türki ilatly ýurtlara aralaşmak bilen, olar sünnüleriň, ýa-da şaýylaryň täsirine düşüpdir. Şeýlelik bilen hem türkmen halk romanlary äzerbaýjanlara hem anadoly türklerine düşüpdir» diýip ýazan bolsa, ýygy gatnaşyklaryň netijesinde ýokarky ýaly edebi alyş-çalyşyň tersine bolan halatlary-da bar. Mysal üçin, XVII asyrda Kiçi Aziýada ýaşan Garaja oglanyň goşgularynyň ençemesiniň Orta Aziýaly türkmenleriň bagşylarynyň repertuaryna ornaşmagy, ol hakda dessanyň 56 döredilmegi muňa şaýat. Biziň pikir edişimize görä, şu hili berk gatnaşyklaryň, netijesinde Göroglynyň Orta Aziýadaky hereketleri baradaky irden bäri aýdylyp gelinýän rowaýatlaryň üsti türkmenleriň Kiçi Aziýadaky, Äzerbaýjandaky hereketleri bilen doldurylyp, ilki şol töwereklerdäki we Orta Aziýadaky türkmenlere deň derejeli epos ýa-da berk bitewileşdirilen rowaýatlar sikli döredilen bolsa gerek. Wagtyň geçmegi bilen äzerbaýjan, Türk halklarynyň formirlenip kemala gelip başlamagy bilen eposyň her halkyň durmuş şertlerine, taryhy ýagdaýyna laýyklaşdyrylan wersiýalary döräp ugrandyr. Her halk hem şol eposyň ýa-da rowaýatlar sikliniň özüne gerek ýerlerini alyp, zerur bolsa üstüni täze zatlar bilen dolduryp öz milli wersiýasyny döredendir. Eposyň beýleki halklardaky wersiýalary hem şeýle ýol bilen ýüze çykan bolsa gerek. Meger şundandyr. H. Körogly, Türkmen «Göroglysynda» äzerbaýjan, türk we beýleki wersiýalara garaňda has irki arhaik/ köne elementleriň köpdigini duýupdyr we ony hertaraplaýyn subut etmegi başarypdyr 57. Munuň özi, Türkmen «Göroglysynda» gahryman baradaky ilkinji rowaýatlaryň elementleriniň, äheňleriniň saklanyp galanlygy üçin şeýledir. Şundan ugur alyp, Türkmen «Göroglysyndan» gahrymanyň söweş hereketlerini yzarlasaň, halkyň Göroglyny ilki arap feodallaryna, soň bolsa türk soltanlaryna we gyzylbaşlara garşy göreşe çykarýandygyny görmek bolýar. Eposda gahrymanyň araplara garşy hereketleri, biziň pikirimizçe, irki, ilkinji rowaýatlaryň yzy bolmaly. Sebäbi näçe içgin yzarlasaň hem ondan arap basybalyşlary ýyllaryndan öňki döwürlere dahylly söweş hereketlerini tapyp bolanok. Eposyň özbek wersiýasynda möçberi taýyndan onçakly uly bolmadyk iki sany şahanyň Göroglynyň araplara garşy söweşlerine bagyşlanandygyny hasap etmeseň, onuň beýleki wersiýalarynda gahrymanyň araplar bilen alyp baran göreşlerine ýer berilmändir. Türk göroglyşynasy P. Borataw hem eposa siňen rowaýatlary, hekaýatlary sikllere bölüp, Göroglynyň Reýhanarap (araplar bilen) söweşiniň diňe türkmen, özbek, Anadoly rowaýatlarynda bardygyny belläpdir 58. Türk wersiýasyndan hem gahrymanyň araplara garşy göreşleri uly orun alyp bilmändir. Äzerbaýjan wersiýasyna Arap Reýhanyň obrazy girizilipdir. Ýöne eposda ol «Äräb eposda Reýhan türkmen bäýlerindändi» 59 diýlip, Göroglynyň garşysyna diňe oňa Öwezi bermezlik üçin çykarylýar we ol eposda şondan soň hereket etmeýär. Munuň tersine türkmen «Göroglysynyň» köp ýerleri, hatda onuň aýry-aýry şahalary gahrymanyň hem onuň ýigitleriniň arap feodallaryna garşy alyp baran göreşlerine bagyşlanan hatda eposda gabat gelýän käbir detallar araplaryň häzirki Türkmenistanyň territoriýasyny, Orta Aziýany boýun egdirmek üçin ilkinji ýörişleriniň ysyny berýär. Şuňa bir mysal: «Öwez bilen Köse Göroglynyň ýan damaryny tutup, arkalaryny owkaladylar. Üç sagatdan soň Görogly özüne gelýp, gözüni açdy, onuň gözi Kösä düşdi: — Haý zaňňar Köse, Arap meniň DIN DUŞMANYM bolsa, sen meniň süňk duşmaýym ekeniň» 60. Görnüşi ýaly, Görogly bu ýerde arap serkerdesini özüniň din duşmany hasaplap otyr. Bu meger araplaryň Türkmen topragyna aralaşan ilkinji döwürlerinden galan elementlerdir. Ýalňyşmasak, Görogly baradaky ilkinji rowaýatlar araplaryň Orta Aziýany basyp almak üçin geçiren ýörişlerinden soň döräp ugran bolmaly. Eger biz Göroglyny taryhy şahs hökmünde agtarsak hem ine şu döwürleriň wakalarynyň içinden gözlemelidiris. Häzirlikçe bize iki sany mesele aýan, olaryň biri eposda hem onuň wersiýalarynda gahrymanyň beýleki ýerlere garaňda Günbatar Türkmenistanda has köp hereket edýänligi. Biz ýokarda gahryman baradaky ilkinji rowaýatlar hut şu ýerden döräp başlandyr diýen netijä gelipdik. Beýleki mesele bolsa Göroglynyň, esasan hem ol baradaky eposyň ilkinji ülňüsi diýdirýän Türkmen «Göroglysynda» Göroglynyň arap hökümdarlaryna garşy alyp baran göreşleriniň has agdyklygy. Eger şulardan ugur alsaň, Göroglyny araplaryň Günbatar Türkmenistanda ýerli halklary boýun egdirjek bolup eden köp sanly söweşleri döwründen tapyp bolaýjak ýaly. Çölhan Taryhçy «Täbariniň» habar bermegine görä, VII asyrda araplar Hazar deňziniň ýakasyndaky welaýatlary (Täberistany, Gürgeni, Dehistany) basyp aljak bolup köp gezek synanyşyk edipdir. Emma şol synanyşyklar başa barmandyr. Ýerli ilat olara berk garşylyk görkezipdir, arap goşunlary köpçülikleýin gyrlypdyr 61. Şeýle bolsa-da araplaryň hüjümi togtamandyr. Olar 716-njy ýylda uly güýç toplap Dehistanyň üstüne sürünip gelýär. Şol döwürde bu welaýatyň hökümdary, arap çeşmelerinde Türk «Sul» ady bilen meşhur bolar Sul eken 62. Ol öz goşunlary bilen araplaryň garşysyna göreşe galýar. Araplar şäheriň daşyny gabaýar. Gabawa düşen türkiler (Köp sanly çeşmelerde ýazylşyna görä, araplara garşylyk görkezen türkiler aslynda Türkmen taýpalary. Suluň nebereleri hem çeşmelerde Türkmen diýlip görkezilýär. Mysal üçin, IX asyrda ýaşan, belli Türkmen küştçisi, öz döwründe dünýäniň çempiony hasaplanan alym hem şahyr Abybekir as-Suly hem arap çeşmelerin-de «Türk Sul» diýlip görkezilýän batyr serkerdäniň nebereleriniň biridir—A.B.) olaryň garşysyna diş dyrnak bolup, gaýduwsyzlyk bilen göreşýär. Olar galadan çykyp araplaryň üstüne çozýan ekenler we söweşe girýän ekenler. Gala araplara tabyn bolmasa-da, bolmajak eken, emma içer ýaly süýji suw bolmany üçin gabawdakylar porsy suwlary içmäge mejbur bolupdyr. Olaryň arasynda her hili keseller döräp başlapdyr. Alty aýyň agyr göreşinden soň Sul ýaraşyk baglaşmagy soramaga mejbur bolupdyr. Araplar diňe Suluň özüne hem onuň üç ýüz sany kowum-garyndaşyna degmän, şäherden ýesir alnan 14 müň adamy uçdantutma gyrypdyr 63. Araplar şeýdip Dehistany öz tabynlygyna geçirýär. Emma Sul göreşmegini dowam etdirýär. Hazaryň kenaryndaky Al-Buheýre şäherinde daşyna berkitme gurup, birnäçe aýlap söweş alyp barypdyr. Süýji suw gutaransoň ol ýene-de ýaraşyk baglaşmagy haýyş etmeli bolupdyr 64. Diňe Suluň garşylyklary däl, eýsem araplara Orta Aziýa halklaryny boýun egdirmek ýeňil düşmändir. 720-nji ýylda sogdylar araplara garşy baş göterýär. Olara türki kowumlardan hem kömek gelýär. Amyderýanyň boýlarynda bolup geçen bu söweşde Sul ýene-de orta çykýar. Ol indi Körsul 65 ady bilen türkileriň baştutany bolup, araplara garşy söweş alyp barýar 66. Öz döwründe araplara ot ýakdyrmadyk Körsul garrap haldan düşensoň 739-njy ýylda Syr-derýanyň boýunda araplara ýesir düşýär. Ol öz huny üçin müň at, şonça düýe bermäge wada etse-de arap hökümdary Nasyr ony öldürýär. Arap taryhçylarynyň aýtmagyna görä, Körsulyň meýdi ýakylypdyr, onuň süňklerini Watanlaryna alyp gaýdyp bilmedik türkiler, muňa serkerdäniň ölüminden hem beter gynanypdyr 67. Biziň pikir edişimize görä, ine şu Körsul halk gahrymançylyk eposynyň baş gahrymany Göroglynyň obrazynyň prototipi bolmaly. Biz bu pikirimizi Suluň araplar bilen geçiren söweşleriniň hut Balkan dagynyň diýseň golaýynda ýerleşen Dehistanda bolanlygy bilen hem, Suluň, soňraky Körsuluň söweş hereketleriniň eposyň gahrymanynyň hereketleri bilen gabat gelýändigi bilen hem, iň bärkisi Körsuluň edil eposyň gahrymany ýaly uzak ýaşandygy bilen hem delillendirmäge çalyşman, güýjümiziň ýetdiginden lingivistik barlaga arka diremekçi. Bir gezek bize gürrüňçil gojalaryň söhbetine gatnaşmak miýesser etdi. Gepden çep çykyp gürrüň «Görogly» eposyna baryp ýetdi. Söz arasynda ýaşulylaryň biri: — Maňa bir zat düşnüksiz. Il arasynda oňa Göroglam, Köroglam, Keroglam diýlip ýör. Şolaryň haýsy biri dogryka? Bu barada alymlar näme diýýärler? — diýýp bize ýüzlendi. Dogrusyny aýtsak, beýle soraga garaşmanymyzsoň biz ýaşula belli bir jogap berip bilmedik. Ýaşuly welin mamlady. Şu günki güne çenli halk arasynda gahrymanyň ady üç dürli tutulýar. Käbir edebiýatçylar Göroglynyň dünýä inmegi gör, gabyr bilen bagly, şoňa görä-de ol Görogly diýlip atlandyrylypdyr diýen pikirde. Emma gahrymanyň dünýä inmegi bilen bagly epizodda fantastiki element agdyk. Şol sebäpli-de onuň şeýle atlandyrylmagyna onçakly ynanasyň gelenok. Galyberse-de Hüňkar şanyň Göroglynyň 64 Шол ерде, 111 сах. 65 Türkmensähranyň Hazar ýaka Kümüşdepe şäheriniň gündogaryndaky uly bir depe/gonoçylygyň ady “Köre suw” atasy Jygalybegiň gözüni oýduranlygy üçin ýa-da onuň gulagyna gurşun guýduranlygy üçin oňa Körogly ýa-da Kerogly diýlip at galandyr diýen pikirler hem bir taraplylykdan halas däl. Sebäbi Körogly ýa-da Kerogly diýer ýaly ol Jygalybegiň ogly däl-de, agtygy ahyryn. Eger şeýle bolsa, gahrymany görkezilen bu zatlaryň haýsy biri bilen atlandyrmak mümkin? Biziň pikirimizçe, gahrymanyň irki hem hakyky ady Körogly bolan bolsa gerek. Emma bu at körüň ogly manysynda däl-de, has başga manyda bolmaly. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde «kör» sözüniň batyr, edermen manysynyň bardygy ýazylýar 68. Bu bolsa eposyň gahrymanyň häsiýetine doly laýyk gelýän söz. Biziň pikirimizçe, epos geljekde neşir edilip çykarylsa, ol Körogly ady bilen berilse hakykata has golaý bolardy. Aýdaly, Körsul Göroglynyň — Köroglynyň prototipi bolsa, onda onuň adynyň häzirki görnüşi nähili ýol bilen emele gelipdir? Bize «kör» sözüniň irki manysy aýan, eýsem «sul» diýmek näme? Arap elipbiýiniň «sad ص» harpynyň köplenç «ç» sesini aňladandygyna görä Markvart ony türkileriň «çöl» sözüniň üýtgedip ýazylan görnüşi hasaplapdyr. Akademik V. V. Bartold ony gadymy türkileriň harby titulyny aňladan «çur» sözi hökmünde okasaň dogry boljakdygyny ýazýar 69. Nazar Gullaýew belli küştçi as-Suly barada gürrüň edip, onuň adyny çöl sözi bilen baglanyşdyryp, muňa sul-sel» sözlerini mysal hökmünde getirýär 70. Ýöne biziň pikirimizçe V. V. Bartoldyň çykarýan netijesi hakykata ýakyň. Sebäbi arap çeşmelerinde türkileriň «L» sesine derek «R» sesiniň ulanylýan ýerleri köp duşýar. Mysal üçin, meşhur Kültegin, arap çeşmelerinde Kürtegin diýlip atlandyrylýan eken 71. Şulara esaslansaň Dehistanyň hökümdarynyň ady araplara belli bolman, çeşmelerde diňe onuň tituly getirilipdir. Belki Suluň özi raýatlarynyň arasynda Körogly adynyň ýörgünli bolan bolmagyda ähtimal. Galyberse-de, eposyň özünde we onuň wersiýalarynda hem gahrymanyň hakyky ady Röwşen bolup, Görogly ady onuň söweşjeň hereketleriniň netijesinde döreýär. Belki Suluň ady Röwşen bolup, arap çeşmelerinde onuň Sul atly harby tituly görkezilen, halk arasynda bolsa batyrlygy, edermenligi üçin onuň Körsul — Körogly ady belli bolandyr. Gyzykly ýeri V. V. Bartold çeşmelerde Körsulyň adynyň Kuly çur diýlip getirilýändigini hem belläpdir 72. Şuňa esaslandan V. V. Bartoldyň «sul» sözi «çur» sözüniň üýtgedilen görnüşi bolup, ol at däl-de harby tituldyr diýen çaklamasy dogry bolup çykýar. «Kuly-kulug» sözi bolsa gadymy türkilerde meşhur, dabarasy dag aşan manylaryny berýän eken. Körogly sözüniň «kör» hem «kuly» sözleriniň birleşmegi netijesinde (Kör-kuly—Körogly - Görogly) dörän bolmagy-da mümkin. Sebäbi bu iki sözüň goşulmagy bilen meşhur batyr, dabarasy dag aşan är manyly sözler döreýär. Ýene bir çaklama. Gadymy türkilerde «ogul» sözi hem harby tituly aňladypdyr. «Kör», hem «ogul» sözleriniň birleşmegi bilen Körogul adynyň, soňabaka Körogly, Görogly ýaly görnüşlere geçip gidibermegi hem bolup biljek zat. Eger şu hili faktlara bil baglap bolsa, eposyň baş gahrymany baradaky ilkinji rowaýatlar Suluň — Körsuluň, belki-de — Körkulynyň — Köroglyň — Köroglynyň — Göroglynyň VIII asyrda arap basybalyjylaryna garşy alyp baran göreşleri bilen bagly ýüze çykandyr diýesiň gelip dur. ------------------------------- «Кёр-Оглу. Восточный поэт-наездник. Полное собрание его имперовизаций с присовокуплением его биографии», перевод с английского, С. С Пенн, Тифлис, 1856, стр. 1. 9Н. Г. Чернышевский, Полное собрание сочинений, в пятнадцати томах, т. XVI (дополнительный), М.—1939—1953, стр. 647. 10 Кёр-оглы. «Народный эпос», Ереван, 1941, стр. 29. 11 Брамян, Д. Габриелян, Неизданные песнй- Кёр-оглы,— «Известиди ССР, Общественные науки», Ереван, 1954, № 9, стр. 71—93 12 X. Кор-оглы. Туркменская литература, М. 1972, стр. 64 — 66. 13 Кор-оглы, Туркменская литература, стр. 66 — 67. 14 Ага Сыррых Левенд. Эдебият тарыхы дерслери, Истанбул, 1941, стр. 189. 15 И. П. Петрушевский. Очерки из истории феодальных отношений в Азербай» " жаяе и Армении в XVI — начале XIX века, Л., 1949, стр. 328. 16 А. Мередов. Шейдайы. (дерңевлер ве текстлер), Ашгабат, 1964, 181 сах 17 Б. Велиев, «Гөроглы» эпосының формирлениши барасындакы меселе догрусында, «Совет эдебияты», 1972, № 5, 113 сах 18 Кононов А. Н. Родословнэя туркмен. М.-Л. 1958, стр. 64—65. 19 Кононов А. Н. Родословнэя туркмен. М-Л., 1958, стр. 64—65. 3 Кононов А. Н. Ятланан иш, 67—68 сах. 20 Көсәев. Эдебият барада сөхбет, Ашгабкт — 1972, 12—14 сах., X. Кор-оглы, Туркмелская литература, стр. 67—68, Б. Велиев, Ятланан иш, 113—115 сах. 21 Gyzylbaşlar: Bu at Anadoly türkleri tarapyndan Kawkazda, Äzerbaýjanda hem Kiçi Aziýanyň Gündogar tarapynda ýaşap, sefewileriň töweregine üýşüp, olar bilen birleşen türki uruglaryna aýdylypdyr. Olar gyzyl börük geýip, onuň biline hem çalma, ýalyk orar ekenler. Gyzylbaş ady şondan galýär. Eýranda öz hökümetlerini guran sefewileri, Anadoly türklerine garşy göreşinde şol uruglar (ussajyly, rumly, tekeli, baharly, zulkadyr, afşar hem gajarlar) esasy güýç bolupdyrlar. Şeýlelikde şol lakam türkler tarapyndan ähli Eýranda ýaşaýjylara dakylyp ýöredilipdir. «Türkmen we Türkmenistanyň taryhy hakynda materiallar. II tom, 10 sahypa» --------------------------- Ahmet BEKMYRADOW #Sowet edebiýaty žurnaly. 11/1981.ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |