19:19 Logika, rowaýat hem-de hakykat | |
LOGIKA, ROWAÝAT HEM-DE HAKYKAT
Edebiýaty öwreniş
Bu gürrüň öňräkden bäri bardy. Onuň başyny 1966-njy ýylda S.Ahally başlapdy. Ol şol ýyl «Mugallymlar gazetiniň» 4-nji aprelindäki sanynda çykan makalasynda Seýdiniň iki bolandygy baradaky pikiri orta atypdy. Emma dogrusyny dogry aýtsak, öz pikirini düýpli deliller bilen berkidip bilmändi. Biz bu makala barada gürrüň edip oturmakçy däl. Sebäbi oňa öz wagtynda K.Jumaýew, M.Garryýew hem Seýdiniň söwer dosty Zeliliniň ömür hem döredijilik ýoluny ýörite öwrenip, dissertasion iş ýazan S.Durdyýew dagy jogap beripdiler. Emma bu gürrüň soňam ýatyşmady. Iki Seýdili meseläni aýratyn hem Aşyrpur Meredow iş edindi. 1980-nji ýylda Kümmethowuzdaky «Kabus» neşirýatynda «Seýdi hoja» diýen kitabyny neşir etdirip, otuz töweregi şygry hem «Goşa pudagym» dessanyny Seýdi hoja diýilýäniň eserleri hasaplady. Seýdiniň eserlerinde ady agzalan Habyp hoja, Mäti, Göwherşat, Hatyja, Şemşat, olardan bolan çagalary – Begnazary, Sahypnazary, Mirhaýdary, Mirheseni, Patmany, Zöhräni, aýal doganlary Orazbagty, Garryny, Orazbibini şol Seýdi hoja bilen baglanyşdyrdy. Edebiýatçy kitaba ýazan sözbaşysynda şeýle ýazýar. «Artykmuhammet Seýdiniň ömri we döredijiligi barada senet ýüzünde galan maglumat ýok. Şoňa görä-de, onuň öz eserlerinde aýdylýan zatlar hem-de halk arasynda toplanan birnäçe gürrüňler biziň üçin ýeke-täk tutaryk bolup hyzmat edýär»(4 sah.). Ol «Halk arasyndan toplanan birnäçe gürrüňler» diýip diňe iki adama –Hojaly mollanyň 1915-nji ýylda «Ruznamaýy Maweraýy – bahry Hazar» gazetinde aýdan gürrüňine (bu hakda yzda durarys) hem Kümmethowuzyň Peşkemer obasynda ýaşaýan, 1980-nji ýylda 70 ýaşan Muhy mollanyň gürrüňine salgylanypdyr. Ol Muhy mollanyň dilinden şeýle bendi ýazyp alypdyr. Arzymanym, men myhmanyň şu gije, Adym Artykmuhammet, nazm etdim Seýdi hoja, Sonam aslyň çakyr, adyň Hatyja, Lebiň şeker, dodaklaryň bal, perim. Muhy molladan alnan maglumat esasan şu bent. Ýöne biziň pikirimizçe, bu ýerde nätakyklyk bar. Bendiň ikinji setirinde Artykmuhammet, Seýdi hoja atlary gelýär. Ol 15 bogunly galan setirler bolsa geçmiş türkmen edebiýatynyň ýörgünli ölçegi 11 bogunda ýazylypdyr. Görşümiz ýaly, atlar gelýän ikinji setir umumy ölçege gulak asanok. Diýmek, ikinji setir başdaky durkunda däl. Ol nähilidir bir maksat bilen üýtgedilipdir. Sebäbi geçmiş poeziýamyzda şygyr beýle häsiýetde ýazylmandyr. Edebiýatçynyň getirýän bu bendinde Hatyjanyň çakyr tiresindendigi aýdylýar. Eýsem bu tire nirede ýaşapdyr? Lebap türkmenleriniň etnografiýasyny öwrenen Ýa.R.Winnikowyň barlaglarynyň görkezişine görä, çakyr dört taýpa birleşiginden düzülen ärsarylaryň güneş taýpasynyň uly bir tiresi ekeni. Aslynda, bu tire geçen asyrlarda uly tireleriň biri bolupdyr. Kerki hem Halaç raýonlaryndaky Çakyr obalary şu tiräniň ady bilen bagly döräpdir. Golaýda bolsa A.Meredow şol kitabyna ýazansözbaşysyny kem-käs üýtgedip, «Edebiýat we sungat» (25-nji. noýabr) gazetinde «Iki Seýdi hakda» ady bilen çap etdirdi. Gazetiň şol sanynda garrygalaly mugallym A.Saparowyň «Şahyr Seýdiler barada söhbet» diýen makalasy hem berildi. Elbetde, hakykat öz ýerini tapsa ýagşy. Edebiýatçylar bu ýerde özleriniň hakykaty gözleýändiklerini-de janygyp-janygyp aýdýarlar ýöne olaryň öz meselelerini jikme-jik öwrenmändigini, öz pikirlerine garşy durjak faktlaryň gapdalyndan göz ýumup geçendigini öňünden aýtmakçy bolýarys. Ozaly bilen Seýdi hoja diýilýäniň ady hakynda. A.Meredow oňa Artykmuhammet diýýär. A.Saparow bolsa Seýitmuhammet. Eýsem bularyň haýsyna ynanmaly? A.Meredow makalasynda öz logikalaryna esaslanyp pikir ýöretse, A.Saparow esasan, rowaýatlara, halk arasyndaky gürrüňlere arka direýär. Iň esasysy-da, olaryň hiç birinde-de depseň deprenmez ylmy hem taryhy deliller ýok. Hut şonuň üçin hem biziň olar bilen jedele girip, özümiziň olara garşy pikirimizi aýdasymyz gelýär. Aşyrpur Meredowyň ynanjyna görä, Seýdi hoja Garrygalada ýaşapdyr. Özi-de hojalardan çykyp, Zeliliniň kyýamatlyk dosty bolupdyr. Seýitnazar Seýdi bolsa ärsarylardan bolup, Lebap hem Mary töwereklerinde ýaşapdyr. Ol Garrygala töwereklerine aýak hem sekmändir. Geliň, ozaly bilen şu meseläni düşünişjek bolalyň. Edebiýatçy Seýdiniň hojalardan bolandygyny «Habyp hoja, ner pälwanym gal indi» hem «Şahymerdan nesli, arslan beçesi» diýen setirlere esaslanyp, delillendirjek bolýar. Ol soňky setirde şahyr özüniň aslynyň hezret Alydan gaýdýandygyny nygtaýar diýýär. Eger «Şahymerdan nesli» diýen setire göni manyda düşünseň, onuň aýdýany dogry ýaly bolup hem görünýär. ÝöneSeýdi bu ýerde Alyny nesilbaşy däl-de, batyrlygyň, edermenligiň nusgasy hökmünde ýatlaýar. Muny onuň Lebap, Mary bilen bagly «Men hem bu gün Mürtezadan çaglaýyp», «Aly Mürtezany –Şahymerdany», «Destgirimiz Şahymerdan pir bolsa» diýen setirleri-de tassyk edýär. Dogrusy, mesele siňňin seretseň, türkmen şahyrlary Alynyň aslyny seljerjek bolup hem oturmandyr. Sebäbi Aly yslamyň şaýy mezhebine, Orta Aziýa türkmenleri bolsa onuň sünni mezhebine uýupdyr. Bu mezhepleriň arasynda bolsa hemişe diýen ýaly barlyşyksyz göreş gidipdir. Taryhçy S.Demidow «Türkmen öwlatlary» diýen işinde fransuz alymy A.Masse, sowet alymlary L.Klimowiç, S.Tokorýew dagynyň türkmen öwlatlarynyň dört çaryýar bilen, asla araplar bilen baglanyşygynyňýokdugy baradaky pikirini ýatlap, «Biziň toplan etnografiki materiallarymyz, şonuň bilen bir hatarda dil üsti rowaýatlarynyň, öwlatlaryň öz şejere ýazgylarynyň analizi olaryň araplardan gelip çykandygyny tassyk edenok» (15 sah.) diýip ýazýar. Alymyň toplan maglumatlaryna görä, garaçylaryň molla bolanlaryna-da, baýlyga, emele ýetenlerine-de «hoja» diýlipdir. Soň ol hut häzirki günlerde hem hojalaryň Garabekewül raýonynda ýaşaýandygy, olaryň sanynyň 179 adamdan ybaratdygy baradaky fakty getirýär. Mary, Pendi töwereklerinde heniz hem käbir hojalara «ärsary hojasy» diýilýändigini belleýär(Şol ýerde, 81-82 s.) Ýagdaý şeýle bolansoň Seýdi Garabekewülde ýaşan «ärsary hojalaryndan» bolup bilmezmi? Elbetde, biler. A.Saparow öz makalasynda «Seýitnazar Seýdi-de türkmenleriň hoja tiresinden eken. Inwentar №3 golýazmasyndaky «Ezizim» goşgusynda «Seýdi sen, hoja sen, hergiz magrufet olma» diýip, Seýitnazar Seýdi özüniň hoja tiresindendigini gaýtalap aýdýar» diýip ýazýar. Hakykatdan hem Seýitnazar Seýdiniň şygyrlarynyň 103-nji bukjadaky iň irki golýazmasynda şeýle setir bar. Eger şeýle bolsa, Etrek, Gürgen töweregine göçüp gelen Seýdiniň bu ýerde Seýdi hoja ady has ýörgünli bolup bilmezmi? Elbetde, biler. Galyberse-de türkmenlerde başga tireden ýa-da başga ýerden göçüp gelen adamlaryň adyny tiresiniň ýa-da ozalky ýaşan ýeriniň ady bilen bile tutmak däbi bar eken. Emma näme üçindir A.Meredowam, A.Saparowam bu ýagdaýlary hasaba almaýar. Aşyrpur Meredow «Goşa pudagym» dessanyny Seýdi hojanyňky hasap edýär. Eseriň Garrygalada ýazylandygyny aýdýar. Dessan hakykatdan hem şu ýerde döredilipdir. Emma munuň özi dessanyň Seýdi hoja diýilýäne degişlidigini aňladanok. Eger edebiýatçy öz isleginiň tersine gidip, eseri siňňin yzarlan bolsa, oňda dogduk depeden jyda düşen Seýdiniň bagyr awusyny syzyp bilerdi. Ynha, şahyr ölüm ýassygynda ýatan ogly Mirhaýdary özüne ýüzlendirip, şeýle diýdirýär. Kowum-hyşdan, gardaşyndan aýrylan, Köňli garyp düşen atam, hoş galyň. Diňe şujagaz setirde hem Seýdiniň döredijiliginiň leksiki aýratynlygy duýlup dur. Garrygala türkmenleri galapyn kaka «däde» Lebap türkmenleri hem «ata» diýýär. Şahyr dost-ýarlarynyň arasynda bolsa-da, özüni Garrygalada ýatsyradýar. Hut şonuň üçin hem jan beren perzentlerine ýüzlenip «Ýatdan bolan ýakyn halk sizi gardaş etdiler» diýýär. A.Meredow Seýdiniň Buhara emiri bilen gyr-ýagy bolandygyny göz öňüne tutup, «bu näletlenen ady lebaply Seýdi öz ogluna dakmasa gerek!» diýip ýazýar. Bu şeýle-de bolmaly. Ýöne Seýdiniň atasynyň (ýagny, babasynyň) adynyň hem Mirhaýdar bolandygyny ýatdançykarmaly däl. Muny A.Saparow hem belläpdir. Şahyryň atasy jaýlanan gonamçylyk Garabekewül raýonynyň «Leninizm» kolhozynda ýerleşýär. Oňa şu günler hem «Mirhaýdar gonamçylygy» diýilýär. Gep diňe munda-da däl. Türkmenlerde täze bolan çaga atasynyň adyny dakmak dessury bar. Seýdi öz ogluna Mirhaýdar adyny dakanda şu dessura eýeripdir. Muny şahyryň özi hem tassyk edýär. Dessanda Mirhesen öz doganyna ýüzlenip şeýle setirleri aýdýar. Öten babalaryň ady goýulan, Mirhaýdarym, ne iş geldi başyňa? Öz gepini gögertjek bolup, A.Meredow gowşajyk delilleri hem duşundan geçirmeýär. Mysal üçin, ol şeýle ýazýar. «Seýdi hoja Etrek-Gürgen sebitlerinde giňden tanalýar. Onuň liriki goşgulary bagşylaryň repertuarynda çuň orun alypdyr. Olar dürli beýazlarda, ylaýta-da şahyryň «Goşa pudagym» dessany Gürgende elden-ele geçip, öýden-öýe aýlanýar, göçürilýär, ol özbaşdak kitap şeklinde hem çap edildi». Munuň şeýledigine şek ýok. Ýöne edebiýatçy bu ýerde örän umumy gürleýär. Birinjiden-ä, ol häzirki zamanyň gürrüňini edýär. Ikinjiden, bolsa Seýdi hoja diýilýäniň eserleriniň özbaşdak kitaby diýip öz çykaran kitabyny göz öňünde tutýar. Golaýda türkmen kitabynyň taryhyny öwreniji A.Ýazberdiýew bize bir kitap görkezdi. Ol Magrupynyň 1807-nji ýylda Kazanda neşir edilen «Seýpelmelek-Methaljemal» dessany ekeni. Magrupy bolsa 1810-nji ýylda dünýäden ötüpdir. Görşümiz ýaly, şahyr dirikä Kazanda kitaby çykypdyr. Emma şuňa esaslanyp, Magrupy Kazanda ýaşapdyr diýib-ä bolmaz. Seýdiniň «Goşa pudagym» dessanynyň Gürgen, Etrek töwereklerinde has köp ýaýramagynyň ýönekeý sebäbi bar. Çünki dessan şu ýerde ýazylypdyr. Emma alym bu ýagdaýy gözden salýar. Galyberse-de, häzire çenli bu dessanyň bary-ýogy iki golýazmasy belli. Edebiýatçy bolsa onuň öý saýy bir golýazmasy bar ýaly gürrüň edýär. Indi A.Meredowa-da, Saparowa-da esasy tutaryk bolup hyzmatedýän ýagdaý hakynda. Ol hem Seýdi bilen Zelilinin arasyndaky ýaş tapawudy. Edebiýatçylaryň ikisi hemZelili 1798-nji ýylda, Seýitnazar Seýdi hem 1775-nji ýylda eneden doglupdyr diýen pikirde. A.Meredow hatda Seýdi 1768-nji ýylda dünýä inipdir diýen pikiri hem orta atýar. Emma öz pikirini düýpli deliller bilen berkidenok. A.Saparow bolsa «Zeliliniň özünden 23 ýaş uly, atasynyň deňi adama «Iki jahan byradarym, hemdemim, gel, Seýdim, ýara seýle gideli» diýip aýtmajagy hemmä mälimdir» diýip meseläni gutarnykly çözdüm edip goýýar. Şeýle ýaş tapawudy bolsa, Zeliliniň bu sözleri aýtmajagyna bizem ynanýarys. Emma meseläni bu edebiýatçylaryň peýdasyna çözmeýän ýagdaýlar bar. A.Meredow Hojaly mollanyň «Gökleň halkynda molla Zelili we Seýdi hoja diýen iki ýoldaş dogan ýaly bolup geçipdirler» diýen rowaýat şekilli sözlerini getirýär. Emma busözler Seýdi iki bolupdyr diýen garaýşa doly güwä geçip bilenok. Aýdaly, Seýdi Lebapdan gaýdyp, ömrüniň ahyrynda Zelili bilen dogan ýaly bolup gökleň halkynyň arasynda ýaşapdyr. Dogrusyny aýtsak, Hojaly mollanyň bu maglumaty hem, öňde belleýşimiz ýaly, rowaýat şekilli. Eger A.Meredow aljak bolsa, ony doly almaly ekeni. Aslynda, bu maglumat gazetde şeýle görnüşde gelýär. «Gadym zamanda, takmyn bilen, 125 ýyl mundan ozal gökleň halkynda molla Zelili we Seýdi Hoja diýen iki ýoldaş dogan ýaly bolup geçipdir». Edebiýatçy nämüçindir bu ýerdäki «125 ýyly» taşlaýar. Bu-da düşnükli zat. Sebäbi ol alymyň logiki ynanjyna ters gelýär. Eger Hojaly mollanyň makalasynyň ýazylan ýylyndan 125 aýyrsak, ol 1790-njy ýyla düşýär. Emma edebiýatçy bolsa Zelili 1795-1800-nji ýyllarda doglan diýen pikirde. Eger Hojaly molla ynansaň-a, ýagny, «ýaşap geçipdir» diýen sözlerinden ugur alsaň, onda şahyrlaryň ikisi hem baryp, XVIII asyryň ahyrlarynda dünýäden öten ýaly bolup hem görünýär. A.Saparow hiç hili delil getirmän, Seýdi bilen Zelili Garryhajy obasynda bir mekdepde okapdyr, olar bile önüp-ösüpdir diýip ýazýar. Bir söz bilen aýtsaň, onuň pikirine görä, Zelili bilen Seýdi hoja diýilýän hemişe diýen ýaly bile bolupdyr. Indi Zeliliniň özüne gulak asalyň: «Öten bahar Kesearkaçda sataşyp, hany etdigiň ähti-peýman, Seýdi?» Eger Zelili bilen Seýdi bir ýerde, bir obada ýaşan bolsa, onda olaryň gelip, gelip Kesearkaçda – Gyzylarbat bilen Kaka aralygynda bir ýerde sataşyp ähti-peýman etmegi gaty geň zat. Nähilidir rowaýatlara salgylanman, şu setirlere esaslanyp, lebaply Seýdi bilen garrygalaly Zelili birsöý bilen Kesearkaçda sataşyp, nähilidir bir ähti-peýman edişipdir diýsek, hakykatyň üstünden bararys. Gurbandurdy Zelili Magtymgulynyň ýegeni bolupdyr. Ol Azadynyň Hurma diýen gyzyndan bolan agtygy Muny G.Geldiýew «Zelili» (Aşgabat, 1982) diýen monografiýasynda kemsiz subut etdi. Hurmanyň Magtymguludan uly ýa-da kiçi bolandygy belli däl. Geliň, A.Meredow bilen A.Saparowyň peýdasyna çapyp, Hurmany Azadynyň iň kiçi gyzy hasaplalyň. Özi-de tegelekläp alyp, ol Azadynyň 40 ýa-da 50 ýaşlarynda eneden bolupdyr diýeliň. Eger. Hurma Azadynyň 40 ýaşynda eneden doglan bolsa, onda ol 1798-nji ýylda 49 ýaşynda, eger 50 ýaşynda doglan bolsa hem 59 ýaşynda bolýar. Elbetde, şeýle ýaşdaky aýallaryň çaga öndürmekden galýandygy hemmä belli bolsa gerek. Eger aýal maşgala şu ýaşlarda çaga dograýsa-da, bu seýrek hem geň ýagdaý hasaplanypdyr. Eger bu edebiýatçylara eýerseň, hamana Azadynyň nebereleriniň köplenç garransoň perzende ýüzi düşýän ýaly bolup dur. Diýeli, A.Saparow Zeliliniň 52 ýaşynda, özi-de dünýäden öten ýyly Mämmetdöwlet diýen oglunyň bolandygyny belleýär. Zeliliniň 1798-nji ýylda dünýä inmändigini başga faktlar hem tassyk edýär. Soňky ýyllarda M.Kösäýew, M.Annanepesow, S.Myradow, N.Gullaýew, G.Geldiýew ýaly edebiýatçylarymyz Magtymguly 1813-nji ýylda dünýäden ötüpdir diýen pikire arka durdular. Muňa ençeme degerli deliller getirdiler. Biziň özümizem şu pikiriň tarapynda. Magtymgulynyň nähak ýere Mollanepesiň adyna berlip ýören «Kaýda Pyragy» diýen bir şygry bar. Bu şygryň Magtymgulyňkydygy, özi-de şahyryň ony ölüm ýassygynda ýatan wagty ýazandygy dogrusynda H.Taňryberdiýew, D.Esenow, H.Görogly, M.Öwezgeldiýew, A.Meredow, G.Geldiýew dagy ýazma kemini goýmadylar. Şol şygyrda hem «Mämmetjuma dostum, molla Zelilim» diýen setir bar. Eger şu şygyr 1813-nji ýylda ýazylan bolsa, bu wagt Zelili 15 ýaşyndaky ýetginjek bolýar Şu ýaşdaky ýetginjege Magtymgulynyň «Molla Zelili» diýjegine ynam ýok. Beýle diýdirmek üçin oba mekdebinde alan başlangyç bilimiň ýeterlik däl. Munuň üçin iň bolmanda uly medresäni bitirip, ylym-bilimden ýüküňi kemsiz tutmaly. Oňa bolsa wagt gerek. Elbetde, Zeliliniň 15 ýaşyň içinde şeýle edip biljegine hiç kim güwä geçip bilmez. Bu bir. Ikinjiden, Zeliliniň aşakdaky setirleri ýaş meselesini çözmek üçin has ähmiýetli delil bolup bilýär. Dost ynjytmak ýaman işdir jahanda, Eger bilseň dügün goýduň bu janda, Magtymguly, Mämmetgurban baranda, Ol hem ýagşy wagtdy, çendi, byradar. Zeliliniň bu setirleriniň üstünde ilki bolup pikir ýöreden G.Geldiýew «Özem Zelili agy-garany saýgaryp, sowadyny çykan ýaşda (soňky iki setire pikir beriň!)diýmeli, şahyrçylyk ukybyny äşgär edip başlan döwründe-de Magtymguly bar ekeni» (Zelili, 39 sah.) diýip, dogry pikiri öňe sürýär. Zelili bu şygryny 1813-nji ýylda ýazypdyr diýip hiç kim çürt-kesik aýdyp bilmez. Sebäbi ol 15 ýaşynda wagty Magtymguly segseniň, eger biziň opponentimiz A.Saparowyň ozalky makalalarynda öňe süren pikirlerine esaslansaň, segsen bäşiň, togsanyň içindäki adam. Elbetde, bu ýaşda onuň haýsydyr bir möhüm meseläni çözmek üçin bir ýere barjagyna juda bir ynam ýok. Iň esasysy bolsa, bu ýerde Zelili Magtymguly bilen oturşyp, turşup ýören, möhüm meseleleriň çözülmeli ýagşy wagtyny, çenini bilýän akyly goýalyşan adam bolup gürleýär. Meger daýysy ýogalanda on bäş ýaşyň içindäki ýigdekçe beýle arkaýyn söz urup bilmese gerek. Şu hili faktlardan misil tutsaň, Zelili 1780-nji ýylda dünýä inipdir. Özi-de, Seýdiden bäş ýaş töweregi kiçi bolupdyr diýen pikir esasly görünýär. Edebiýatçylaryň ikisi-de her edip, hesip edip Seýitnazar Seýdini Garrygala töwereklerine getirmejek bolýar. Olaryň ynanjyna görä, Seýdi Maryda dünýäden ötüpdir. A.Meredow öz garaýşyny delillendirjekbolup, öňi bilen 1830-1831-nji ýyllarda Horasanyň häkimi Ahmedaly mürzäniň Pulhatyn diýen ýerde saryk türkmenleriniň üstüne çozandygy hem köp adamy ýesir alandygy, 1832-nji ýylda gajar şazadasy Apbas Mürzäniň Saragtyň üstüne çozup, ony ýer bilen ýegsan edişi hem 3 müň öýli salyry ýesir edip Maşada äkidişi baradaky taryhy maglumaty getirýär. Ol bu maglumatlary «Türkmenleriň hem Türkmenistanyň taryhy boýunça materiallar» diýen ýygyndynyň 2-nji tomundan alypdyr. Ýeri gelende aýtsak, bizem yzda şol kitaba salgylanmakçy. Kitapda hiç zat aýdylmasa-da, A.Meredow Apbas Mürzäniň bu çozuşyndan soň, şu sebitlerde ýaşaýan türkmenleriň ar almak üçin aýaga galandygyny ýazýar. Bu döwürde Seýdiniň olaryň ruhy ýolbaşçysy bolandygyny belleýär. Emma gynansak-da, Apbas Mürze Saragtyň üstüne çozanda beýleki türkmen taýpalary synlaýjy bolup oturypdyr. Salyrlara saryk türkmenlerinden müň ýarym atly kömek üçin ýola çykypdyr, ýöne olar hem gorkup, ýarpy ýoldan yzyna gaýdypdyr (Şol kitap, 230 s.). A.Meredow Apbas Mürzäniň 1833-nji ýylda ölendigini, şondan soň gajar feodallarynyň häkimliginiň gowşandygyny, şundan peýdalanyp ar almak pursatynyň dörändigini ýazýar. Seýdi «Baraly begler» diýen şygryny şu döwürde ýazypdyr diýen netije gelýär. Emma taryhy çeşmeler bu ýylda türkmenleriň Maşadyň üstüne çozandygy barada hiç zat syzdyranok. Seýdi «Baraly begler» şygrynda şeýle ýazypdyr. Seýdi diýer, indi syndyrman bady, Maşadyň galandyr bir gury ady. Mundan bir ýyla ýeter-ýetmez öň üç müň öýli türkmeni ýesir äkiden maşatlylaryň birden «bir gury adynyň galmagy» gaty geň. Gönimizden gelip aýtsak edebiýatçy şahyryň şygyrlary bilen bir perdeden gopýan taryhy faktlary görmedikden bolýar. Başgaça aýtsak, öz garaýyşlaryna garşy durýan faktlara göz ýumýar. Geliň, onuň 1831-1833-nji ýyllaryň wakalary bilen baglanyşdyrýan «Bedewsuwar indi», «Baraly begler» şygyrlaryny taryhy faktlar bilen deňeşdireliň. Seýdi dagy 1824-nji ýylda Mara gelýär 1825-nji ýylyň baharynda Hywa hany Muhammetrahym dünýäden ötüp, onuň tagtyna ogly Allaguly eýe bolýar. Ol bada-bat öz dogany Rahmanguly töräni özbek taýpalaryndan hem türkmenleriň salyr, saryk, teke, ýemreli taýpalaryndan düzülen goşuna baş edip, Maşadyň üstüne ýollaýar. Rahmanguly töre baryp, Maşat galasynyň düýbünde ýük ýazdyrýar. Emma birden erbet sowuk düşüp, ol yza çekilipdir. Soň ol öz goşunyny Hywadan gelen täze güýçler bilen berkidip, öz ýanyna Mary türkmenleriniň baştutany Myrat serdary-da alyp, şol ýylyň 4-nji martynda ýene Maşada ýöriş edýär. Şol döwrüň Eýran taryhçysy Mürze Muhammet Tagy han Rahmanguly töräniň goşuny barada gürrüň edip, şeýle ýazypdyr. Bu goşun ýyldyrym ýaly bolup ýa-da bürgüt deýin Maşat topragyna okdurylyp girdi» (Şol kitap, 222-223 sah.) Görşümiz ýaly, Rahmanguly bu ýörişini baharda geçiripdir. Seýdi hem «Bedewsuwar indi» şygrynda ýigitleri söweşe hyjuwlandyryp, «Sapar ýazda ýagşy işdir, Gyş gününde köp teşwişdir» diýip ýazýar. Şahyryň «Baraly beglerinde» bolsa şeýle setirlere gabat gelmek bolýar. Möwlam biziňişimizi oň salsa. Şu sapar Maşada baraly, begler. Teke, salyr, saryk, garabekewül, Bir oturyp, bile turaly, begler. Bu şygyrda «Maşadyň galandyr bir gury ady» diýen setir hem bar. Rahmanguly töräniň goşunyna goşulan teke, salyr, saryk taýpalaryny bu ýerde Seýdi hem ýatlaýar. Eger siňňin seretseň, şahyryň Maşat bilen bagly pikirleri Rahmanguly töräniň soňky ýörişine doly bap gelýär. Sebäbi A.Meredowyň ýatlaýan söweş wakalarynda eýranlylar, maşatlylar türkmenleriň üstüne hüjüm eden bolsa, 1825-nji ýylda türkmenler Maşada goşun çekipdir. Muny Seýdi hem öz şygyrlarynda beýan edýär. Galyberse-de, Seýdiniň «Baraly, begler» şygrynda «Öňe salyp serdar Mämmetmyrady» diýen setir bar. Indi deňeşdirip göreliň. Mary türkmenleriniň baştutany Myrat serdar hem şahyryň diýýän Mämmetmyrat serdary. Biziň aňlaýşymyza görä, Mämmetmyrat bilen Myrat bir adam bolmaly. Bu wakalary beýan edýän taryhy çeşmeler-ä onuň halk içindäki ýörgünli «Myrat serdar adyny, Seýdi hem doly adyny – Mämmetmyrat serdar adyny alýan bolsa gerek. Eý agalar, arman bilen Dürli döwrandan aýryldyk. Il bolup Rahym han bilen, Haýdar soltandan aýryldyk. Bedew münüp, begres geýen, Ne näzi-nygmatlar iýen, Köp eşretli Lebap diýen, Bir gadyrdandan aýryldyk. Ärsarynyň ady ýitdi. Her haýsy bir ýana gitdi, Han «hezretiň» göwni bitdi, Biz weli, sandan aýryldyk. Bular dogduk diýardan jyda düşen şahyryň bagyr awusy. Özi-de olaryň çuň taryhy esaslary bar. Şygyrdaky şahyr bilen il bolan Rahym han Hywa hany Muhammetrahym han. Muhammetrahymyň Seýdiniň ilki «Bize Soltannyýazyň begligi besdir» diýip umyt baglan adamy Soltannyýaz begi 1824-nji ýylda 800 ärsary bilen Mara göçürip ýer bölüp berendigiňi taryhy çeşmeler tassyk edýär. Emma Mara gelen bosgunlaryň ýüzi ýylgyrmandyr. Muny Seýdiniň şygyrlary. aýdyp dur. Şahyr Mara gelip, Soltannyýaza ýüzlenip «Eý, garawul begi, Lebapdan gaçyp, bu gelen ýurduňyz mübärek bolsun!» setirleri bilen başlanýan kinaýaly şygyr hem ýazypdyr. Seýdi dagy Mara gelip, mesgen tutup oturmakçy bolupdyr. Hatda öňde belleýşimiz ýaly, bu ýerdäki harby wakalara-da gatnaşypdyr. Emma täze ýurtdan göwni suw içmändir. Şonuň üçin hem hanyň-a, ýagny, Muhammetrahymyň, göwni bitdi, biz welin sandan aýryldyk diýýär. Edil şu şygyrda «Gaçdyk, tapmady hywaly» diýen setir bar. Eýsem şahyr dagy mundan soň nirä gaçyp biler? Buharanyň gapysy olara ýapyk. Olaryň Eýrana aşmajagy-da belli. Diýmek, real bir ýer – Etrek, Gürgen töwerekleri galýar. Şonuň üçin hem şahyr söwer dostunyň ýanyna, ata-babalaryň öňem ýaşan ýerlerine (bu hakda yzda aýdarys) – Etrek, Gürgen Kaspi deňziniň boýlaryna tarap ýola düşüpdir. Biziň pikirimizçe, Seýdi Garrygala ýeke özi gitmändir. Ol bu ýere ençeme edermen ärsary ýigitleri bilen barypdyr. Bize şeýle diýmäge onuň «Ärsarynyň ýigitleri» şygry mümkinçilik berýär. Ozaly bilen şol şygyrdan şeýle mysallar: Seýilhanda gereklidir, Ärsarynyň ýigitleri. Mugtaberdir seýilhanda, Ärsarynyň ýigitleri. Şahyr ärsary ýigitleriniň Seýilhan diýen ilatyň arasynda gereklidigini, mugtaber – ýagny, ynamlydygyny, ygtybarlydygyny aýdýar. Eýsem Seýil han ilaty nirede oturdyka? Seýilhan, käbir çeşmelerde Söýünhan türkmenleri Gürgen hem Etrek aralygynda ýaşapdyr. Olara käte ýaka türkmenleri-de diýlipdir. (Türkmenleriň hem Türkmenistanyň taryhy boýunça materiallar, II tom, 45 sah.). Görşümiz ýaly, hut şu faktyň özi hem Seýitnazar Seýdiniň ärsary ýigitleri bilen Seýilhana, ýagny, Gürgen, Etrek töwereklerine barandygyny tassyklaýar. Seýdi dagynyň hemaýat, ýurt isläp Garrygala töwereklerine barmagyny diňe onuň Zelili bilen dostlugyna syrykdyrmaly däl. Şahyryň «Ýüz elli ýyl Watan diýlip gezildi» diýilýän döwründen, 1574-nji ýyldan öň ärsarylar Balkan töwereginde oturypdyr. Olar hem ýaka türkmenleri hasap edilipdir. Hut şonuň üçin hem Seýdi «Seýilhan ulusy Ärsary baba». diýip, ýene şol Seýilhany ýatlaýar. Diýmek, bu ärsarylaryň ýurt tutunmak üçin köke mekanlarynyň golaýyna, öňden duz-saçakly gatnaşan gökleň, ýomut türkmenleriniň ýanyna barandygyny görkezýär. Aşyrpur Meredow uly bir maglumaty aýdýanşekilde şeýle ýazýar: «Seýdi hoja Mirhaýdar hoja atly oglunyň dilinden öz ülkelerindäki türkmen taýpa tireleriniň atlaryny sanap geçýär: Ýomut, gökleň, ýaňak, sernik-müridim, Gulluk eden ilim, obam hoş galyň. Bu sözleriň tersine, lebaply Seýitnazar Seýdi «Babamyz Ärsary» diýip nygtaýar. Göräýmäge delil kemi ýok ýaly. Ýöne, geliň edebiýatçynyň özüne garşylyklaýyn sorag berip göreliň. Eýsem Maryda teke, salyr, saryk ýaly türkmen taýpalaryny dile alýan Seýdi olary «öz ülkelerinde ýaşan taýpa-tireleri hökmünde sanapmy?» Bu ýerde mysaly has gabaralandyryp görkezmegiň hajaty ýok bolsa gerek. Munda ýönekeý logika bar. Seýdi Maryda ýaşanda tekeleri, salyrlary, saryklary ýatlaýar, Gürgende oturanda bolsa, ýokarky tireleri sanaýar. Sebäbi şahyr perzentlerinden jyda düşen wagty şol taýpalaryň arasynda ýaşapdyr. Jigerbentlerine bagyşlanan dessanyny hem şolaryň arasynda ýazypdyr. Şonuň üçin dessanda ýokarky taýpalaryň dile alynmagy tebigy zat. Soň adym dessanda gelýän Orus, Kirman ýaly adam atlarynyň Gürgen, Etrek türkmenlerine häsiýetlidigini jikme-jik delillendirýär. Bizem muny inkär edemzok. Ýöne diňe bir zady bellemekçi. Seýdi «Goşa pudagym» dessanyny Garrygalada ýazypdyr. Sebäbi ol hut şu ýerde goşa balasyndan jyda düşüpdir. Şahyryň başyna şeýle külpet düşende onuň daşyny Orus, Kirman ýaly Seýilhan ýigitleri gallap oturypdyr, oňa teselli beripdir. Görnüşi ýaly, bu fakt hem Seýdiniň iki bolandygy baradaky pikire beýle bir tekge bolup bilmeýär. Ylymda gören faktyňy öz peýdaňa ýorjak bolmak üstünlige eltenok. A.Meredow özüniň doly delillendirilmedik pikirini – Seýitnazar Seýdiniň 1768-nji ýylda doglandygy baradaky pikirini esaslandyrmak üçin şahyryň uzak ýaşandygyny tutaryk edinýär hem şeýle bir gyzykly pikiri orta atýar. «Ýöne ol, megerem, uzak ýaşan bolmaly. Onuň golýazma diwanynda «Gelinler» goşgusy saklanypdyr. Şol goşgynyň mazmunyndan şahyryň garrylyk ýaşyna çenli ýaşandygyny görmek bolýar». Bu gyzykly hem täze pikir. Biziň munuň üstüne «Ýigitlik çagy» şygryndaky «Galmady agyzda, gitdi tamam diş» diýen setiri hem goşasymyz gelýär. Emma taýagyň ikinji ujy bar. Eýsem 1775-nji ýylda doglan Seýdi şeýle uzak ýaşap bilmezmi? Elbetde, biler. Gynandyrýan ýeri edebiýatçy makalasynda meseläniň şu tarapyny ýatdan çykarýar. Aýdaly, A.Meredowyň şu pikirinden ugur alyp, Seýdi 1768-nji ýylda dünýä inipdir diýeliň. Soňam edebiýatçy ony 1833-nji ýylyň harby wakalaryna-da gatnaşdyrýar. Eýsem otuzda däl, kyrkda däl, bar diýeli, ellide däl, gelip-gelip ýetmişiň onundan giren adamyň ata çykyp, serkerdelik edip ýörjegine kim güwä geçip bilýär? Türkmen durmuşyny hem geçmişini juda gowy bilýän ýazyjymyz Ata Gowşudowyň «Perman» romanynda Öwezmyrat batyr diýen gahryman boýdan-başa diýen ýaly hereket edýär. Dogrusy, onuň obrazy öz häsiýeti, ykbaly boýunça Seýdä çalymdaş. Emma şolam-a elliden soň gylyjy duldan asýar. Sebäbi adamyň fiziki mümkinçilikleriniň-de belli bir çägi bolýar. Geçmişde ylym adamlarynyň arasynda «Platon meniň dostum, emma hakykat ondan hem gowy» diýen pähim bar ekeni. Bizem şu ýerde «Rowaýat gowy, emma hakykat ondan hem gowy» diýmekçi bolýarys. Gürrüňini edýän şahyryň terjimehaly dogrusynda ygtybarly maglumatlar bolmasa, onda ilki bilen rowaýatlara halk arasyndaky gürrüňlere däl-de, şol şahyryň öz eserlerine sygynmaly. Eger şeýle etmeseň hasabynyň dogry çykmazlygy gaty mümkin. Edil şonuň ýaly, A.Saparow hem Seýdi hoja diýilýäniň terjimehaly barada gürrüň edip, hasabyny bulaşdyrypdyr. Ozaly bilen onuň makalasynyň esasy ýerlerini sitirleýäris. «Şeýlelikde, Zelili şahyr bilen ýaşyt, deň-duş, hemdem bolup, bile önüp-ösen Seýitmuhammet Seýdiniň-de doglan ýyly 1798-nji ýyl diýen netije çykýar». «Seýitmuhammet Seýdi Hatyjanyň yzyna köp süýrenip, ahyr soňy oňa öýlenýär». «Seýitmuhammet Seýdi kürtlere ýesir düşüp, Şahrut diýen şäheriň golaýynda bir obada 3-4 ýyl zyndanda ýatan soň, 27 ýaşlarynda aradançykypdyr». Edebiýatçy bu pikirlerini aýdanda ýekeje-de ygtybarly çeşmä daýanmandyr. Diňe halk arasyndaky gürrüňlere salgylanýar. Onuň bu maglumatlaryny bolsa, «Goşa pudagym» dessany ýalana çykarýar. Şahyryň bu eseri dessan-elegiýa. Puşkiniň sözleri bilen aýtsaň, şahyr elegiýada anyk pursatdaky anyk duýgularyny ýüze çykarýar. Ýagdaý şeýle bolansoň, biziň dessandan alýan delillerimiz hem anyk häsiýetde bolýar. A.Saparowyň hasabyndan çen tutsaň, Seýdi hoja diýilýän 23-24 ýaşlarynda kürtlere ýesir düşüp, 3-4 ýyldan soňam şol ýerde aradan çykýar. Dessanda aýdylyşyna görä şahyryň göklügine orlan Mirhaýdar hem Mirhesen diýen ogullary Hatyjadan bolupdyr. Geliň, edebiýatynyň göwnüni görüp, şahyryň ogullary onuň ýesir düşen ýyly ýogalyp, Seýdi hem «Goşa pudagym» dessanyny 23-24 ýaşlarynda ýazypdyr diýeliň. Soňam dessandan aşakdaky setirleri alalyň: Dokuzynda Haýdarym, tutdy hakyň permanyn, Ýedisinde Mirhesen içdi ölümiň jamyn. Söhbetimizi ýokarky hasap boýunça dowam etdirsek, Mirhaýdar şahyryň 14-15 ýaşlarynda, Mirhesen hem 16-17 ýaşlarynda doglan bolup çykýar. Dessanda Seýdiniň Patma diýen gyzynyň hem bolandygy aýdylýar. Soň Patmanyň adyndan şeýle diýilýär: «Bibi Patmanyň bu gün halyn perişan etdiňiz». Hut häzirki günlerde hem Garabekewül raýonynyň köp obalarynda özünden uly aýal dogana «bibi» diýip ýüzlenilýändigini nazara alsaň, Patma şahyryň bu ogullaryndan uly bolupdyr. Aýdaly, Patma Mirhaýdardan iki ýaş uly bolupdyr diýsek, onda şahyryň 12-13 ýaşlarynda Patma gyzy eneden bolupdyr. Eger şeýle bolmadyk ýagdaýynda hem, A.Saparowyň hasabyna görä, Seýdiniň Mirhaýdar ogly onuň 14-15 ýaşlarynda dünýä inen bolýar. Bar, şahyr 13-14 ýaşynda Hatyjany alan bolsun. Onda nädip Seýdi A.Saparowyň aýdyşy ýaly, «Hatyjanyň yzynda köp süýrenişip» bilýär? Ýa ol Hatyjanyň daşyna bäş-alty ýaşlaryndan aýlanyşyp ugradymyka? Bu meseläniň bir tarapy. Ikinjiden bolsa, A.Saparowyň pikirinden ugur alyp, şahyr 12-13 ýaşlarynda Hatyjany alan hasaplasak, şu ýaşlardaky, has dogrusy ondan hem kiçi ýetginjegiň agzyndan «Gezek gelse Hatyjanyň üstünde, Bejit biliň, läş üstüne läş gider» diýen sözler çykarmyka? Bu iki. Dessanda ilki Şemşada söz berlip, oňa şeýle diýdirilýär: «Eneňiz ýok, bu gün ene bolaýyn, Size gelen derdi özüm alaýyn». Soň şahyr Mirhaýdaryň agzyna şeýle sözleri salyp berýär. «Arkasynda, gujagynda göteren, ygtykatly Şemşat enem, hoş galyň». Bu faktlar Hatyjanyň dessan ýazylmazyndan has öň dünýäden ötendigini görkezýär. Şemşat ondan bolan çagalary birnäçe ýyllap arkasynda, gujagynda göterip gezipdir. A.Saparow Seýdiniň meşhur «Gal imdi» şygrynyň gürrüňini edip, «Seýdi zyndanda 3-4 ýyl ýatansoň, «Gal imdi» diýen hoşlaşyk şygryky düzüpdir» diýip ýazýar. Bu sözlerden çen tutsaň, bu şygyr Seýdiniň soňky şygry bolmaly. Eger Seýdi zyndana düşmezinden öň «Goşa pudagym» dessanyny ýazan, bu döwürde Hatyja dünýäden ötüp, ondan galan çagalara Şemşat enelik edip ýören bolsa, onda nädip Seýdi «Gal imdi» şygrynda «Seçip, saýlan höwes bilen alanym, Göz guwanjym, Hatyja jaýa, gal imdi» diýip bilerkä? Bu setirler Seýdiniň heniz Hatyja dirikä, onuň Şemşada ýüzlenip, «Sen-de meni terk etme Hatyja hanym ýaly» diýmezinden, Şemşady almazyndan ozalam bir gezek «goly bagly» ýesir bolandygyny aňladýar. Onsoňam Seýdi kime ýesir düşüpdir? Eger Hojaly molla ynansaň-a, şahyr «Gal indi» şygryny ýazyp öz obasyna ibermegi haýyş edipdir. Soň Seýdiniň soňky şygryny obadaşlary Zelilä iberipdirler. Zelili hem Seýdiniň dünýädeň ötenini şundan bilipdir. Ýöne Hojaly molla-da şahyryň kime, näwagt ýesir düşüp öldürilendigini aýdanok. Belki, ol has ýaş wagty, heniz Hatyja dirikä Buhara emiriniň ýa onuň dikmeleriniň birine ýesir düşendir! Öňde belleýşimiz ýaly, «Gal indi» şahyryň soňky şygry-ha däl. Şu ýerde bir zady belläsimiz gelýär. Şygyrda «At çapdygym däli meýdan gal indi» diýen setir bar. Aslynda, bu ýerdäki «däli meýdan» ýer ady bolaýmasyn! Sebäbi hut häzirki günlerde hem şahyryň obasy Lammada ýerleşýän hem öň at çapyşygy geçirilýän giň meýdana Dälimeýdan diýilýär. Dogrusyny dogry aýdalyň, biz ylmy döredijilikde rowaýatlary düýpgöter ulanmaly däl diýjek bolamyzok. Ulanmaly, ýöne agramyny ölçäp görmeli, taryhy hakykata gatnaşygyny gowuja seljermeli! «Gurbandurdy Zelili şahyr Seýdi bileň ilki Hywa baranda tanşypdyr. Olar şol ýerde kyýamatlyk dogan okaşypdyrlar. Soň Kesearkaçda, Garrygalada, Gürgende, Etrekde bile gezipdirler». Bu-da rowaýat häsiýetli maglumat. Emma bolmadyk ýerinde oňa ynansa boljak. Sebäbi ony hut Zeliliniň gelni Hally eje aýdyp beripdir. A.Saparow bu ýerde öz rowaýatlaryny-ha aýagaldygyna suňşurýar. Emma hakykata has golaý barjak bu rowaýaty welin agzamaýar. Çünki bu onuň garaýyşlaryna ters gelýär. Galyberse-de, Seýdiniň hem, Zeliliniň hem Hywa medresesinde okanlygy çyn. Muny hiç kim inkär edenok. Olaryň Hywada duşmagy, Hally ejäniň aýdyşy ýaly, şol ýerde dogan okaşmagy bolup biljek zat. Eger rowaýatlara ynanmaly bolsa, onda Seýdiniň ömür hem döredijilik ýoluny öwrenip, ýörite iş ýazan M.Garryýew garrygalaly Zelili bilen lebaply Seýdiniň Hywada okap ýörkäler Gürgene, Etrege gaýdyşlary dogrusynda rowaýat şekilli maglumatlaryň giden bir toparyny mysal getirýär. Edebiýaty öwreniş ylmynda Zeliliniň «ak öýli» edilip, Hywa göçürilişi dogrusynda kän ýazyldy. Ony käbirleri 1816-njy, ýeke birleri 1819-njy ýyldan başlanýar hasap etdi. Her kimiň öz tutarygy bar. Biz olara jikme-jik häsýetlendirme berip oturmakçy däl. Ýöne şahsy ynanjymyza görä, şahyryň ykbalynyň bu ýyllary dogrusynda G.Geldiýewiň Zelili hakyndaky monografiýasyndaky barlaglar ylmy taýdan has ygtybarly görünýär. Biziň aňlaýşymyza görä, onuň Zelili hem şahyryň obadaşlary 1837-1845-nji ýyllarda Hywada «ak öýli» bolup oturypdyr diýen täze ylmy netijeleri hakykata bap gelýär. Bu ýerde giň gürrüň edip, onuň bu meseledäki barlagynyň hakdygyny delillendirmek biziň wezipämize. girmeýär. Okyjynyň şol kitaby okap görmegini haýyş edip, esasy meselämize geçeliň. Eger G.Geldiýewiň bu garaýşyna gol ýapsak, Zeliliniň hem Seýdiniň dostlugyny aýnada görkezen ýaly görkezip duran üç şygyr (Zeliliniň «Salam Seýdi», «Nyşan Seýdi» hem Seýdiniň «Zelili» şygyrlary) bar meseläni bulaşdyrýar oturyberýär. Bulaşyklyk şeýle. Eger Zelili 1837-nji ýylda Hywa sürlüp äkidilen hem bendilikdekä şu iki şygryny Seýdä ýollapdyr, Seýdi-de dostunyň şum ykbalyna gyýylyp ady tutulan şygryny ýazypdyr diýsek, okyjyny öz üstümizden güldüreris. Sebäbi biz şu wagta çenli Seýitnazar Seýdi 1836-njy ýylda dünýäden ötüpdir diýip ýazyp gelýäris. Muny mizemez kanuna öwürdik. A.Saparowyň ýazmagyna görä, Seýdi hoja diýilýän-hä 1826-njy ýylda dünýäden ötüpdir. Garaz, Zeliliniň ölen adama salam gönderip nama ýazmagy, onuň hem nama bilen, jogap bermegi akyla sygjak zat däl. Eger şeýle bolsa, onda G.Geldiýewiň soňky barlaglary-da heňe gelenok-da! Ýok, gelýär. Belanyň körügi başga ýerde. Biziň alymlarymyz köp sanly beýleki geçmiş şahyrlarymyz ýaly, Seýdiniň dünýä inen hem dünýäden, öten ýyly babatda-da heniz bir çukura tüýkürip bilenoklar. Häzirki saýlanyp alnan seneler babatynda hem jedelleşseň, jedelleşip oturmaly. Ynha, Seýdiniň aradan çykan ýylyny alyp göreliň. Mälim bolşy ýaly, Seýdiniň hem Zelliniň eserlerini ýygnamagyň hem neşir etmegiň başyny başlan A.Gulmuhammedow. Ol 1926-njy ýyla bu şahyrlaryň ilkinji ýygyndylaryny sözbaşy ýazyp, neşir etdirdi. Edebiýatçy Seýdiniň 1775-1826-njy ýyllarda ýaşandygyny ýazypdyr. Soň 1940-njy ýylda Seýdiniň şygyrlaryny neşir etdiren Ahmet Ahundow Gürgenli şahyryň ýaşan döwürleri diýip 1758-1830-njy ýyllary görkezipdir. Emma sözbaşylaryň awtorlarynyň hiç biri-de öz getirýän seneleri babatda ygtybarly çeşmelere salgylanmandyr. Aslynda, bu olaryň günesi hem däl. Birinjiden, sözbaşyda giň ýeriň gürrüňi edilenok. Ikinjiden, ol döwürlerde şahyryň köp eserleri ele-de salynmandy. Biziň pikirimizçe, soň Seýdiniň döredijiliginden dissertasiýa ýazan M.Garryýew şahyryň 1775-nji ýylda dünýä inendigini dogry delillendirip bildi. Eýsem Seýdi 1836-njy ýylda ýogalypdyr diýen pikir nädip peýda bolupdyr? 1931-nji ýylda A.Gulmuhammedow Seýdiniň eserleriniň täze bir golýazmasyny ele salypdyr. Golýazma barada şeýle maglumat beripdir. «Seýdiniň henize gadar görülmedik şygyrlaryňyň ýygyndysyny ele saldym, onuň ol şygyrlarynda türkmen taryhyna hem edebiýat taryhyna degişli maglumatlar kän, üstünde Seýdiniň öz möhri bar. Taryhy 1252». Eger bu taryhy häzirki ýyl hasabyna öwürseň, ol 1836-nji ýyla düşýär. Dogrusy, «Seýdi 1836-njy ýylda dünýäden ötüpdir» diýen sene şundan soň tapyldy. Seýdişynaslar bu senä delalaty degjek başga delilleri gözlemedilerem. Emma Seýdi kitabyna möhrini basan ýyly dünýäden ötüpdir diýen zat ýok ahyryn. Mundan soňam ol ýaşap biler. Emma bu ýagdaý hasaba alynmandyr. Ýokarky maglumata esaslanyp ur-tut netije çykarylypdyr. Emma biziň pikirimizçe, Seýdi mundan soňam ep-esli ýyl ýaşan bolmaly. Anyk ýylyny-ha aýdyp biljek däl welin, ol 1841-nji ýyla çenli ýaşapdyr diýip pikir edýäris. Muny biziň ýende sitirlän «Galmady agyzda, gitdi tamam diş» diýen setirleri-de tassyk edýär. Şuňa meňzeş ikinji ýagdaý. Şahyryň başda saýlap-seçip alany Hatyja. Hatyjadan soň Şemşada öýlenipdir. Muny şahyryň öz setirleri hem gümürtiksiz tassyklaýar. Şemşada şahyr Garrygala gelenden soň öýlenipdir. Emma Seýdi Şemşat bilen hem uzak ýaşaşyp bilmändir. Ol hem dünýäden öten bolara çemeli. Sebäbi Seýdiniň «Goşa pudagym» dessanynyň soň tapylan ikinji golýazmasynda «Seýdiniň dört aýaly bolup geçipdir» diýen maglumat bar. Eger şahyryň ilki Hatyja öýlenendigini, ondan soň hem Şemşady alandygyny hasaba alsaň, şahyr garraň çagy, ömrüniň soňky ýyllary ýene özüne höwürdeş edinipdir. Üçünjiden bolsa, türkmen klassyklarynyň arasynda halys garrap, ýigitlik çagyny arzuwlap ýörite şygyr ýazan bir şahyr bar. Ol hem Seýdi. Bu ýerde şahyryň «Ýigitlik çagy» şygry göz öňüne tutulýar. Türkmen halkynyň uzak taryhyna nazar aýlasaň, bir ýagdaýda gözüň eglenýär. Biziň halkymyzyň taryhyny, onuň öz taryhçylary ýazmandyr. Ýazan bolsalar-da, olar bize gelip ýetmändir. Türkmeniň taryhyny, onda-da orta asyrlardan soňky geçmiş taryhyny beýleki halklardan bolan köşk taryhçylary ýazypdyr. Bu taryhçylar bolsa hemişe diýen ýaly öz hökümdarlarynyň hereketlerini makullap, mazamlap, mahabatlandyryp görkezipdir. Türkmenleri bolsa galapyn kemsitmäge çalşyňdyr. Türkmenleriň, geçmişdäki taryhyna degişli çeşmeler öňde-de ýatlanan «Türkmenleriň hem Türkmenistanyň taryhy boýunça materiallar» atly iki tomluga, esasan, alnypdyr. Şu iki tomluk bilen içgin tanyşsaň, geçmişde ýaşan uly-uly şahyrlarymyzyň ady dile alynmaýar. Hatda olaryň Seýdi ýaly söweşlerde gaýnap-bişen gerçekleri-de ýatlananok. Dogrusy, bu öz-özünden düşnükli zat. Sebäbi köşk taryhçysy öz hökümdaryna ýagy bolan halkyň şahyryky – ruhy öňbaşçysyny hiç haçan hem ýagşylykda ýatlap bilmez. Ony ýatlamanyňdan gowusy ýok diýen pikire gulluk eder. Şeýle adamlary görmedikden bolar. Aslynda hantamaçylykly köşk taryh ylmy şeýle häsiýetde bolupdyr. Ýöne bir kadadan çykma bar. Eýran taryhçysy Muhammet Hasan 1841-nji ýylda Gürgen türkmenleriniň turuzan topalaňlarynyň wakalary bilen baglap, ýigrenç bilen bolsa-da, bir türkmen şahyry barada gürrüň beripdir. Biziň pikirimizçe, onuň bu maglumaty ozalky söhbetimizi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Eýran taryhçysynyň bu maglumaty öňde ýatlanan iki tomlugyň ikinji kitabynyň 238-nji sahypasynda şeýle beýan edilipdir. «Bu ýylda(1841-nji ýylda A.B. türkmen Mahmutguly han (başga bir çeşmede Magtymguly han) nagyşbendi ugrundan bolan bir derwüşe çyndan göwün baglady. Bu derwüş özüni saýlantgy sufist hem gudrat eýesi edip görkezip başlady. Türkmen dilinde şygyrlar, gimnler ýazypdyr. Şonuň üçin hem han ona bütin erkini berdi. Hatda hyjuwa ýugrulan joşgunly şygyrlary, öz sufistik mertebesi bilen halky agzyna garadyp bilen bu goja şahyr kimkä? Bu döwürde Magtymguly aýatda däl. G.Geldiýewiň barlaglarynyň görkezişi ýaly Zelili hem Hywada göz tussagy bolup gezip ýör. Edebiýat taryhymyz hem bu döwürde Gürgen türkmenleriniň arasynda ýaşan şeýle mertebedäki şahyry bilenok. Diýmek, müňde bir sergezdançylyk bilen ömrüniň soňky ýyllarynda özüni Gürgen, Etrek töweregine, özi ýaly beýik watan söýer şahyryň, söwer dostunyň ýanyna atan Seýdi galýar. Biziň pikirimizçe, bu şahyr Seýdi bolmaly. Geliň, muny başardygymyzdan delillendirjek bolalyň. Birinjiden, pars şahyry 1841-nji ýylda bu şahyryň «Gürgende peýda bolandygyny» öňde belleýär. Biziň bilşimiz ýaly, Seýdi bu töwerege şol döwürlerde barýar. Ikinjiden, onuň harby-gahrymançylykly şygyrlar döredendigi ýörite aýdylýar. Bu hem Seýdiniň döredijiliginiň baş aýratynlygy. Üçünjiden, bu şahyryň garrydygy bellenýär. Seýdiniň juda garrap dünýäden ýetendigi barada biz öňde gürrüň etdik. Dördünjiden, halk oňa hatyralap dini-sufistik «işan» derejesini berýär. Muňa Seýdiniň doly hukugy bar ekeni. Sebäbi ol «ärsary hojalaryndan» bolupdyr. Bäşinjiden, bu şahyryň sufistik ideýalary goldanandygy aýdylýar. Şu ýerde türkmen edebiýatynyň sufizmi bilen köpden bäri iş salşyp gelýän edebiýatçymyz M.Annamuhammedowyň şeýle sözlerini ýatlasymyz gelýär: «Sufistiktaglymatdan täsirlenmek, çeper döredijilikde asketik pikirlere uýmak döwür bilen göreşýän, onuň ýaraty taraplaryna jany gyýylýan söz ussadyna mahsus häsiýetdir». Seýdiniň hem şeýle häsiýetli ussatdygyny düşündirip oturmagyň geregi ýok. Galyberse-de, onuň hem sufizmiň täsirine düşendigi gizlin däl. Dogry, M.Annamuhammedowyň ýörite bir makalasy bolaýmasa, heniz Seýdiniň sufizmi doly öwrenilenok. Altynjydan bolsa, pars taryhçysy bu şahyryň nagyşbendi sufistik ugruň wekilidigini ýörite görkezipdir. Sufistik taglymatda «Nagyşbendiýa» ugruny esaslandyran Muhammet Bahaweddin Nagyşbendi (1318-1389) Buharada ýaşapdyr. Nagyşbendiçiligiň merkezi Buhara bolupdyr. Akademik A.N.Samoýlowiçiň barlaglarynyň görkezişine görä, bu sufistik ugur Lebap türkmenleriniň jemgyýetçilik aňyna uly täsir ýetiripdir. Eger şular ýaly delillere daýanyp, 1841-nji ýyldaky Gürgen gozgalaňyna Seýitnazar Seýdi ruhy ýolbaşçy. bolupdyr diýsek, munuň özi hakykata has golaý bolup görünýär. Sözümiziň soňunda bolsa, şeýle ýagdaýlary ýatlasymyz gelýär. Bizde geçmiş döwrüň görnükli söz senetkärlerini öwrenmekde berk prinsipler ýok. Ol ýa beýleki ussadymyz hakynda bir dissertasiýa ýazýarys-da, ol gutarnykly öwrenildi hasap edýäris. Şol şahyrlary täze materiallaryň esasynda täzeden hem täzeçe öwrenmegi hyýalymyza-da getirmeýäris. Ýa bolmasa haýsydyr bir şahyryň ýubileýine taýýarlyk görlüp başlanýar. Şol döwürde bu şahyryň ömür hem döredijiligini öwrenmek işi birneme janlanýar. Niçikmi ýubileý dabarasy sowulýaram welin, soň şol şahyry ýatdan çykarýarys. Bizde belli-belli şahyrlary kompleksleýin öwrenýänylmy toparlar barada-ha diňe arzuw edilýär. Iň esasysy bolsa, biz geçmiş şahyrlarymyzyň mirasyny tankydy tekstleriň esasynda özrenemzok. Şeýdip hata üstüne hata gidýär. Ynha, Seýdini alyp göreliň. Orta Aziýa hatdatlyk sungatynyň taryhyny öwrenip, tutumly iş ýazan özbek alymy A.Myradow XIX asyrda Seýitnazar Seýdi – Lebaby diýen juda ussat hatdadyň ýaşandygyny habar berýär. Diýmek, bu hatdat biziň Seýdimiz bolmaly. Eger Seýdişynaslarymyz ilki şahyryň hatdatlyk ussatlygyny ymykly öwrenen, şondan soň hem onuň poçerki boýunça golýazmalaryny ýygnap, eserleriniň tankydy tekstini düzen bolsadylar, onda ýokarky ýaly okyjynyň başyny, gözüni aýlaýan pikirler asla-da peýda bolmazdy. 1988 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |