19:23 Hindistanyñ reñki gyzyl meşesi | |
HINDISTANYŇ REŇKI GYZYL MEŞESI
Edebiýaty öwreniş
Şygyr senediniň uly läheňleriniň, onda-da geçmiş döwürde ýaşan senetkärleriň döredijiligini jikme-jik, bütin aýdyňlygy bilen akyl eleginden geçirip bolanok. Nähilidir syrly setirler tapylýarlar-da, böwrüňe diň salmaga mejbur edýär. Olaryň käbiri-hä belli bir uç bermän enter-pelegiňi öwürýär. Aýdyşlaryna görä, Abywertde (Häzirki Kaka raýonynda – A.B.) doglup, öz eserlerini XII asyryň edebi dili hasaplanan pars dilinde ýazan, döwürdeşleri tarapyndan, «şahyrlaryň şasy» adyna mynasyp bolan Enweriniň bir setiriniň manysyny çözjek bolup zamanasynyň iki ýüzden gowrak alymy kelle döwüp, belli bir netijä gelip bilmändir. Meger altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarda uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetinde okanlar şeýleräk degişmeden habarlydyrlar. Bir gezek studentleriň biri sapak arasynda Magtymguly Pyragydan ders berýän professor Mäti Kösäýewe ýüzlenip: «Ýoldaş mugallym, men Magtymgulynyň bir setirine düşünemok» diýip, şol düşünmeýän setirini aýtjak bolup ýaňy agzyny raslan wagty mugallym çalaja ýylgyryp «Bir setire düşünmeýän bolsaňyz dagy siz örän bagtly ekeniňiz. Biz heniz Magtymgulynyň köp-köp setirine düşünip bilmän aýlanyp ýörüs» diýip jogap beripdir. Professoryň bu jogaby, elbetde, degişme. Ýöne onuň hakykatdan daşlygy ýok. Dogrudan hem, biz heniz-henizler şahyryň köp setirleriniň manysyny tirip bilemzok. Şahyryň makalamyza sözbaşy edip alnan setiri hem şol syrly setirleriňhilinden. Bu setirde şahyryň nämäni nyşana aljak bolýandygyna göz ýetirmek isläp, köp wagtlap kellä agram salyp gezdik. Magtymgulynyň döredijiligi bilen iş salyşýan adamlar bilen hem söhbetdeş bolduk. Belli bir uç tapdyrmady. Teý ahyr şahyryň şygyrlarynyň ylmy tekstologiýasy bilen gyzyklanýan alym TSSR YA-nyň habarçy-çleni Z.B.Muhammedowa ýüz tutduk. Onuň jogaby nagt boldy. «Gadymy sanskrit diline suwara bolup, gadymy hindi eposy «Mahabharatany» terjime eden W.Smirnowdan bu setiriň manysyny soranym ýadyma düşýär. Ol şonda Hindistanyň reňki gyzyl meşesiniň gymmat bahaly daşrubina bolýandygyny aýdypdy» diýip jogap berdi. Rubini türkmen diline geçirseň ol lagyl diýmegi aňladýar. Emma dogrusyny aýtsak, biz bu ýerde Magtymguly şahyryň şygyrlaryndaky syrly setirler barada pikir ýöretmekçi däl. Makalamyzyň ady hökmünde şahyryň syrly setirlerini saýlap almagymyzyň öz sebäbi bar. Şeýle etmek bilen biz, Hindistana hyýal edip gezen Magtymguly bilen hindi poeziýasynyň belent çynarlarynyň biri Mürze Galybyň ömür hem döredijilik ýollarynyň, ykballarynyň meňzeşdigini ýaňzytmak isledik. Bu iki şahyr bir döwürräkde ýaşapdy. Magtymguly türkmen şahyrlarynyň arasynda ilkinji bolup, halka onçakly düşnükli bolmadyk kitaby stilden, kakasy Döwletmämmediň döredijilik ýolundan daşlaşyp, öz eserlerini tüýs halky dilde döreden bolsa, Galyp hem özüniň ölmez-ýitmez eserleriniň köpüsini şol döwürde ýörgünli edebi dil bolan pars dilinde däl-de, öz halkynyň dilinde –urdu dilinde, ýönekeý halk gepleşiginde ýazypdy. Şahyrlaryň ikisi hem ýönekeý halkyň agysyna aglap, şatlygyna şärik bolup, milli özbaşdaklyk ugrundaky halk göreşiniň oduna ýanypdy. Olaryň ikisi hem çeperçilik täzeçilliginiň gözleginde bolupdy. Magtymguly kitaby stiliň çeper formalaryndan ýüz öwrüp, öz goşgularynyň köpüsini milli formada, goşukda döredip, täze bir çeperçilik ugruny emele getiren bolsa, Mürze Galyp gazalçylygyň köne – ýar jemalyny taryp etmek, gülüň, bilbiliň yşkyna gümra bolmak –däbinden gaça durup, sosial-jemgyýetçilik, filosofik äheňli gazallary miras galdyrdy. Eger Magtymgulynyň ähli şygyrlary halk tarapyndan ýat tutulyp dilden-dile geçip gelen, olaryň aglabasy halkyň saz sungatyna ornaşan bolsa, Galybyň eserleri soňky ýüz ýylyň dowamynda onuň ene dilinde ýüz gezekden gowrak kitap edilip çykaryldy. Şahyrlaryň çeper döredijiliginde hem umumylyklar az däl. Şondan ötri görnükli Gündogarşynas Ýe.E.Bertels Magtymgulynyň poeziýasyny göwher ýüzügiň gaşy bilen deňeşdiren bolsa, biz hem Mürze Galybyň poeziýasyny Magtymgulynyň sözleri bilen Hindistanyň reňki gyzyl meşesi-lagl bilen deňäp, ol hakdaky gysgajyk söhbetimize başlamakçy. Şeýle bir hakykat bar. Döredijilik dünýäsinde hem her kimiň bir hili ykbaly bolýar. Mürze Galybyňky welin üýtgeşik ykbal. Gadyr-gymmata gezek gelende ol bagty çüwen şahyr. Özboluşly döredijilik owazy turuwdan şygyr muşdaklaryny özüne bendi edenligi sebäpli, onuň döredijilik mirasy eşrepi ýaly eý görüldi. Şahyryň eserleri, ýaňky aýdyşymyz ýaly, şu döwre çenli ýüz gezekden gowrak neşir edilipdir. Onuň ömür ýoly hem çeper mirasy hakynda iňlis hem urdu dillerinde on dört tomluk makalalar ýygyndysy ýazylypdyr. Şahyr hakynda ençeme pesa, sazly taryhy kinofilm döredilipdir. Mahlasy, Mürze Galyp köp halklaryň edebiýatşynaslaryny gyzyklandyrýar. Biziň ýurdumyzda hem şahyr barada edilen işler az däl. Sowet okyjylary ol hakdaky deslapky maglumaty baryp ýigriminji ýyllarda alypdyr. 1924-nji ýylda ilkinji gezek şahyryň alty sany gazaly rus dilinde neşir edilipdi. Şondan soň ýurdumyzda dürli awtorlar tarapyndan ol hakda ownukly-irili makalalaryň ençemesi ýazyldy. N.Glebow bilen A.Suhaçýewiň «Urdu edebiýaty», G.Ýu.Alyýewiň «Hindistanda parsy dilli edebiýat» ýaly işleriniň ençeme sahypalary Mürze Galyba bagyşlandy. 1972-nji ýylda bolsa Moskwada «Mürze Galyp– Gündogaryň beýik şahyry» ady bilen makalalar ýygyndysy neşir edildi. Şahyryň lirikasynyň naýbaşy nusgalaryny öz içine alýan çaklaňja kitapça hem sowet okyjylaryna ýetirildi. Şahyryň durmuş ýoluny, edebi mirasyny öwrenmekde doganlgk täjik, özbek edebiýatçylarynyň bitiren işleri hem bellenmäge mynasyp. Olar Gündogaryň bu beýik şahyrynyň özboluşly ömür ýoluny hem döredijilik mirasyny öwrenmek, ony öz halklaryna ýakyndan tanyş etmek babatda ep-esli iş etdiler. Mysal üçin, täjik edebiýatçylary A.Gafarow, Ş.Pulatowa dagylar Mürze Galyp hakynda monografiýalarýazdylar. Täjik okyjylary şahyryň eserleriniň uly bölegi bilen öz ene dillerinde tanyş boldular. Edil şonuň ýaly, özbek edebiýatçylarynyň tagallasy bilen şahyryň gazallarynyň we beýleki eserleriniň esli bölegi Daşkentde iki gezek kitap edilip çykaryldy. Ýeri gelende aýtsak, biz bu ýazgymyzda şahyryň eserleri barada gürrüň etmän, hormatly okyjylara diňe onuň ömür ýoly hakynda käbir deslapky maglumatlary habar bermekçi bolýandygymyza görä, galyberse-de, häzirlikçe şahyryň eserleriniň asyl nusgasyny ele salyp bilmänligimiz sebäpli, bize gerek bolan faktlaryň aglabasynyň barlygy üçin şahyryň mysal hökmünde getirilýän setirlerini onuň Daşkentde çykan soňky ýygyndysyndan terjime edip almagy müwessa bildik. Elbetde, okyjylaryň bu ýerde näme üçin ala-böle Mürze Galyp hakynda gürrüň edilýär diýip geňirgenmekleri-de ähtimal. Dogrusyny aýtsak, biziň şu ýazgymyzyň döremegine belli hindi edebiýatçysy Mälik Ramyň Hindistanyň SSSR-däki ilçihanasy tarapyndan rus dilinde çykarylýan «Indiýa» žurnanyň 1969-njy ýyldaky 3-nji sanynda çap edilen «Galyp ynsan hem şahyr» diýen makalasy sebäp boldy. Şol makalada Esadulla Han Galyp 1797-nji ýylyň dekabr aýynda Agraşäherinde dünýä inýär. Onuň ata-babalary Orta Aziýaly türkmenlerden eken. Galybyň kowmundan bolan adamlaryň aglabasy harby adamlar bolupdyr. Onuň babasy gowy güzeran hem iş agtaryp Hindistana gelipdir» diýip ýazypdy. Mälik Ramyň bu sözlerini Deli dorilfununyň rideri (dosenti) Kamar Rams hem tassyklaýar. Ol şahyryň eserleriniň özbek dilinde çykan neşirine ýazan sözsoňusynda: «Taryhy tezkirelere görä şahyryň babasynyň kakasy seljuklar kowmundan bolan emir eken» diýip ýazýar. Aslynyň seljuk türkmenlerindendigini şahyryň özüniň hem ýaňzydýan ýerleri bar. Saky, meniň aslym Peşeň, Efresýap, Jamdandyr ger gitseň nesebe tarap, Jennete gitmegi hyýal edemok. Jemşitden miras bu, guý maňa şerap, Rubagynyň başky setirlerinde getirilýän Peşeň hem Efresýap biziň aňlaýşymyza görä, gadymy dünýäniň taryhy şahalary bolmaly. Biruny, Tabar ýaly Gündogar alymlarynyň habar bermegine görä, Peşeň bilen Efresýap ataly ogul. Efresýap barada Mahmyt Kaşgarly şeýle maglumat berýär. «Töňe (Asyl köki töňňe bolsa gerek – A. B.) alp er-Efresýapdyr. Ol Tähmirasdan üç ýüz ýyl soň Merwi (Maryny) bina edýär. Abylgazy bolsa «Türkmenleriň şejeresi» diýen işinde seljuklar barada pikir ýöredipi «Seljuklar... türkmeniň kynyk urugyndanmyz tiýdiler... otuz bäş arkadan ata-babalaryny sanap Efresýabga ýetgürdiler». Peşeň bilen Efresýabyň obrazy Ferdöwsiniň meşhur «Şanamasyna» hem giripdir. Poemanyň bir ýerinde biz şeýle setirleri okaýarys. Gojalan serdar Nastug çekýär olaryň başyn, Garadan gaýtmaz Peşeň goraýar goşunyň daşyn. Otuz müň türkmen ýigidi bermän aman-zamany, Girdiler agyr jeňe gezäp tiru-kemany. Görnüşi ýaly, çeşmelerde gadymy döwrüň taryhy şahslary Peşeňdir Efresýap türkmenler bilen baglanyşdyrylýar. Bu şahslaryň ady gündogaryň köp sanly irki döwür taryhy hem edebi çeşmelerinde ýygy-ýygydan ýatlanýar. Biziň pikirimizçe, Mürze Galyp hem ýokarda mysal getirilen rubagysyny gadymy «türkmenleriň uly hany» Efresýabyň hem onuň kakasy Peşeňiň gadymdan gelýän şöhratyna buýsanyp, öz aslynyň hem şolar bilen badaşýandygyna guwanyp döreden bolsa gerek. Galyby kim diýseňiz siz, Turandyr dogduk ýeri, Danalykda belent eken ata-babamyň seri. Türki kowum eždatlarymnamys-ara baş goýan, Türkülerden ýalňyz nyşan, meň deýin barmy beri? Babalarmyň kesbi-käri daýhançylyk ozaldan, Samarkant topragyna dökenler maňlaý deri. Bular şahyryň iştimagy gelip çykyşyny aňladýan setirler. Galybyň ata-babalary Orta Aziýada, Samarkant etraplarynda ýaşapdyr. Şu ýerde şeýle bir sowal ýüze çykýar. Eýsem türkmenler irki döwürlerde Samarkant sebitlerinde oturypmy? Hawa, biziň ata-babalarymyz irki döwürlerde bu töwereklerde köpçülikleýin ýaşan ekeni. Häzirki Hytaýyň çäginde Sýunhua diýen bir awtonom oblast bar. Onda esasan salyrlar ýaşaýar. SSSR YA-nyň habarçy-çleni E.R.Tenşiýew bu salyrlaryň dilinden doktorlyk dissertasiýasyny ýazdy. Görüp otursak, bu salyrlar 1370-nji ýylda häzirki ýerlerine Samarkant töwerekleriňden göçüp gelipdir. Bu salyrlar öz ata-babalaryny Akman hem Garaman türkmenleri hasap edýän ekeni. E.R.Tenşiýew olaryň toýlarynda dessura öwrülen bir teatrlaşdyrylan görnüşi, ýagny, halk oýnuny beýan edýär. Hamana Garaman hem Akman ak düýä münüp, öz halkyna ýurt, mesgen gözläp ýola çykýar. Köp kynçylyklardan soň hem şeýle mesgeni gözläp tapýar. Indi Dana Atanyň Akman hem Garaman türkmenleriniň Hoja Ahmediň gargyşyna duçar bolup, Türküstan, Syrderýa boýlaryndan göçüp, «sür-hä-sür» boluşlary baradaky setirlerini ýatlalyň. Görüň, Hytaýda ýaşan salyrlaryň bu dessury halk oýunlary nä zamanlardan habar berýär. Bu halk oýnunda halkyň gussaly taryhy geçmişi beýan edilipdir. Taryh ylmy Samarkant töweregindäki salyrlaryň näme sebäbe görä XIV asyrda köpçülikleýin göçmegini heniz doly anyklap bilenok. E.R.Tenşiýew muny Temurleňiň şol asyrdaky harby hereketleri, wagşyçylykly ezişleri bilen baglanyşdyrýar. Meger bu hakykata dogry bolsa gerek. Eger şundan ugur alsaň, Mürze Galybyň asly hem Samarkant töwereginde ýaşan salyrlardan bolmaly. Hindi alymlarynyň tassyklamagyna görä, onuň babasynyň kakasy Dursunbeg seljuk türkmenleriň görnükli harby serkerdeleriniň biri eken. Serkerde bilen onuň ogly Gökhanbeg han ikisiniň arasyna tow düşüp, ogly 1730-njy ýylda öýkeläp watanyny terk edýär. Hindistana gelen Gökhanbegi Deliniň patyşasy Şahjahan öz howandarlygyna alýar. Onuň harby hünärine ýokary baha berip, öz goşunlarynyň serkerdesi edip belleýär. Gökhanbegiň ogly, Mürze Galybyň kakasy Abdyllabeg han hem öz ata-babalarynyň hünärini dowam etdiripdir. Deli şasynyň goşunlarynyň serkerdeligine çenli wezipelerde işläpdir. Galyp bolsa başga ýol bilen gidýär. Ol ýaşlygyndan gylyç oýnatman, galam oýnadyp başlaýar. Şygyr senedine ýüz urýar. Ol öz şygyrlarynyň bir ýerinde «Meniň ata-babamyň ýüz puştdan bäri gelýän kesbi – käri esgerlik. Mertebämiň şeýle belentligi diňe şahyrlygymdan däl» diýip ýazsa-da, «Serdarlykdan geçip şygra çeň urýar». Ylym- -bilimden ýüküni kemsiz tutup, şahyr öz dogduk şäheri Agrany taşlap hindi topragynyň köp ýerlerini aýlanyp çykýar. Hindistanyň XIX asyrdaky ýaşaýyş durmuşynyň, hindi halklarynyň iňlis basybalyjylaryna garşy alyp barýan göreşleriniň içinde gaýnap-bişişýär. Ol 72 ýaşynda, 1869-njy ýylyň 15-nji fewralynda dünýäden ötýär. Şahyr Hindistanyň edebiýat muşdaklaryna üýtgeşik çeperçilikli, joşgunly gumanizme ýugrulan köp sanly gazallaryny, proza eserlerini, tezkirelerini miras galdyrdy. Häli-häzire çenli urdu dilinde owadan hat ýazmakda Galybyň deňine ýetip bilýän ýok. Ine, şeýle özboluşly şahyryň bir tarapynyň türkmen halky bilen hem badaşýandygyna bolan guwanç duýgusy biziň şu ýazgymyzyň dünýä inmegine sebäp boldy. Emma şeýle bolsa-da, şahyry hindi edebiýatyndan goparyp getirip türkmen edebiýatyna ýanaşdyrjak bolsak, ony gönüden-göni türkmen edebiýatynyň wekili hasaplajak bolsak, onda ol garaşylan netijäni bermez. Öňde aýdyşymyz ýaly, şahyry ýaşan ýeri, döwri, sredasy boýunça öwrenip, ony tanap we oňa düşünip bolar. Şondan ötri Mürze Galyp hem ilkinji nobatda hindi halkynyň beýik ogludyr, onuň ajaýyp şahyrydyr. Şol bir wagtyňözünde oňa türkmen halkynyň hem guwanmaga haky bar. Galyberse-de, köp asyrlyk türkmen edebiýatynyň ösüş ýoly diýseň çylşyrymly. Onuň gadymy kökleri hindi topragy bilen hem berk baglanyşýar. Hut şoňa göre-de «Türkmen edebiýatynyň taryhynda» (Aşgabat, 1975) «Türkmen edebiýaty Hindistanda» diýen bölüm bar. Orta asyrlarda Hindistanda ýaşan Baýram han, onuň ogly Rahymy, Enisi ýaly türkmen şahyrlaryna hindi halklary hem buýsanýar, olary öz şahyrlary hasap edýär. Edil şonuň ýaly-da, Mürze Galyp hem türkmen edebiýatynyň taryhyna girizilmäge, onuň ajaýyp eserleri türkmen okyjylarynyň gözellik çeşmesine öwrülmäge doly mynasyp. Ýeri gelende aýtsak, Mürze Galyp ýokarda atlary tutulan şahyrlaryň ýaşan döwrüniň – Mogollar dinastiýasynyň taryhyny jikme-jik öwrenip, ol hakda tutumly taryhnama döredipdir. Beýik serkerde Baýram han şol döwürlerde mogollaryň syýasy, taryhy edebi durmuşynda uly rol oýnapdyr. Onuň ogly Abdyrahym Rahymynyň döredijiligi gürrüňsiz Galyba hem täsir edendir. Geljekde edebiýatçy alymlarymyz bu meseleleri, şahyryň eserlerini öwrenmäge içgin ýapyşarlar, onuň eserleri türkmen okyjylaryna hem elýeterli ediler diýen umydymyz bar. Eger şeýle edilse, türkmeň hem hindi edebiýatlarynyň köp asyrlyk -özara gatnaşyklarynyň taryhynyň ýene-de bir sahypasy dörär. 1988 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |