00:33 Pyragynyñ düýşlerini ýorup bolmazmyka? | |
PYRAGYNYŇ DÜÝŞLERINI ÝORUP BOLMAZMYKA?
Magtymgulyny öwreniş
Görnükli gündogarşynas Ý.E.Bertels Magtymgulynyň «Turgul!» diýdiler» şygryny şahyryň diplom goşgusy atlandyrypdy. Munuň özi Pyragy hakyky döredijilige düýş hakyndaky şygyr bile başlapdyr diýmegi aňladýar. Şahyryň golýazmalaryny kileň şu şygyr bilen başlanýandygy hem muny belli bir derejede tassyk edýän ýaly bolup dur. Diňe şu şygyr däl. Eýsem Pyragynyň döredijiliginde düýş bilen bagly şygyrlaryň ýene sekizisi bar. Olar şahyryň «Ýar bizem sary», «Uçdum ýaranlar», «Sataşdym», «Boldum girýana», «Kulahly geldi», «Oýan!» diýdiler», «Diwana geldi», «Bir nan getirdi» şygyrlary. Eýsem şahyr näme üçin bir bada düýş bilen bagly şunça şygyr ýazdyka? Şol şygyrlaryň many merkezinde nähili matlaplar durýar? Bir söz bilen aýtsaň, bu düýş-şygyrlaryň ýorgudy näme? Biziň pikirimizçe, bu soraglara jogap bermek üçin ozaly bilen şol şygyrlaryň žanrlyk tebigatyny anyklamaly, olaryň kompozision özboluşlylygyny yzarlamaly. Magtymgulynyň bu eserleri sýužetli şygyrlar bolup, köp derejede ballada žanryna çalymdaş. Dogrusy, olary milli häsiýetli ballada atlandyrsaň hem bolman durjak däl. Professor T.Silman «Ballada köplenç tukat wakalar, häsiýetleriň heläkçilikli çaknyşygy, möhüm, dartgynly ahwallar barada gürrüň berýär» diýip ýazýar. Soňgaraşylmadyk öwrümleriň bolmagyny, hereketleriň at böküşi ýaly beýan edilmegini balladanyň esasy kompozision prinsipi hökmünde görkezýär. Bellemeli tarapy, şeýle alamatlar Pyragynyň düýş-şygyrlarynda hem bar. Eger olary kompozisiýasy boýunça yzarlasaň, şahyryň ideýa-çeperçilik matlabyny seljerse bolýar. Ozaly bilen Magtymgulynyň bu şygyrlarynyň sufistik mazmunlydygyny aýtmagymyz gerek. Belli gürji alymy Elizbar Jawelidze Jelaleddin Rumynyň (1207-1279) hem Kiçi Aziýada ýaşan türkmen şahyry Ýunus Emräniň (1250-1320) sufizmi dogrusynda iki sany tutumly iş ýazdy. Onuň bu barlaglary biziň ýükümizi has ýeňledýär. Geliň, indi şahyryň şygyrlarynyň manysyny tirjek bolalyň. Ilki şol şygyrlaryň hemmesinde hem sufistik dünýägaraýşa uýan şahyryň özüni ruhy taýdan kämilleşdirmek ugrundaky gözlegleriniň anyk bir pursatynyň beýan edilýändigini bellemegimiz gerek. Şonuň üçin hem bu şygyrlaryň wakalary dürli-dürli bolsa, olaryň beýan ediş prinsipleri, kompozisiýa gurluşy meňzeş gelýär. Şol şygyrlaryň şahyrana ekspozisiýasy şeýle: Liriki gahryman tünüňýarynda ýa-da säher çagy düýş görýär. Onuň düýşünde keramatly ärler, pirler peýda bolýar. Şolar hem şahyry «ruhy syýahata» alyp çykýar. Jawelidze bu ýagdaýy şeýle düşündirýär: «Bu ruhy syýahata ruhy halypa ýolbaşçylyk edýär. Ilki söz bilen tälim berýär. Soň ýakyn ruhy gatnaşyklaryň, iň soňunda hem telepatiki usulyň üsti bilen ony kämillik ýoluna salýar». Bu hakyky sufilere degişli ýagdaý. Magtymgulynyň şygyrlarynda hem şu ýagdaýyň täsirini açyk duýsa bolýar. Ýöne bu ýerde uly tapawut hem bar. Şeýle ýagdaý hakyky sufileriň gündelik durmuşy bilen bagly bolsa, Pyragy ony düýş hasap edýär. Ikinjiden bolsa, hakyky sufiler özüniň belli bir döwürdeş «ärine» gol berýär. Mysal üçin, Ýunus Emre Tapdyk Emräniň sufistik ugruna uýupdyr. Munuň tersine, Magtymguly belli bir «äre» baglanyp oturanok. Onuň düýşünde kä dört atly, kä bir kişi, käte bolsa üç kişi peýda bolýar. Onuň galan şygyrlarynda çiltenler, erenler, bir bölek başy külahly adam şahyryň düýşüne girýär. Şahyryň «Diwana geldi», «Bir nan getirdi» şygyrlarynda bolsa onuň ýanyna Bahaweddin Nagyşbendi gelýär. Görşümiz ýaly, Magtymgulynyň ruhy halypalary onuň döwürdeşleri däl. Olar şahyra hyýaly halypa. Ýöne onuň şol halypalaryna hormaty, söýgüsi uly. Sebäbi ol bu ýerde sufistik ýörelgeden ugur alýar. Jawelidzäniň aýdyşy ýaly, munda şägirt öz halypasyny bütin düýrmegi bilen söýmeli. Edil şonuň, ýaly, Magtymguly hatda öz ruhy halypasyny gözel, owadan gyzyň, periniň ornunda goýup, ony şolara meňzedip söýýär. Bir bölek erenler tekrimni eýläp, Al-u ýaşyl geýnip, esbabyn şaýlap, Tutdum birisini baryndan saýlap, Lebleri şekerden mazaly geldi. Bir peri saýlanyp seýle çykypdyr, Gamza birlegalam gaşyn kakypdyr, Meniň janym yşk oduna ýakypdyr. Başlary tylladan jygaly geldi. Şundan soň şol «ruhy syýahatyň» ikinji etapy başlanýar. Ruhy halypa ýa-da halypalar liriki gahrymany heniz görmedik, bilmedik ýerlerine alyp gidýär. Ol ýerler gahrymanyň akylyny haýran edýär. Şahyr oky «ajap jaý, ajap menzil» diýip atlandyrýar. Şonuň üçin hem ol ýerleri öwüp arşa çykarýar Ony okyjynyň göz öňünde janlandyrmaga çalyşýar. Munuň üçin hatda çeper peýzaža ýüz urýar. Ýöne onuňbu peýzažy aslynda şahyryň aňynda döredilen, gurnalan, romantik häsiýetli peýzaž. Sebäbi Ýe.E.Bertelsiň aýdyşy ýaly, sufiler köplenç şeýle ýerler has takygy, «bagy-bossanlar» diýip, hyýaly jenneti nazarda tutupdyr. Biziň pikirimizçe, Magtymguly hem sufistik poeziýanyň şu düşünjesine arka direýär. Kehkeşana çykyp dürli semerler, Müň dürli miweler, horram şejerler, Narynjy, turunjy, leýmun, injirler, Bir abadan baga duşdum, ýaranlar! Açylmyşdyr anda reňbe-reň güller, Şuryş-u efganda şeýda bilbiller, Mermerden hozuzly, köwser der suwlar, Tahaýýyr eýleýip, çaşdym, ýaranlar! Ol gara baglykda gördüm bir çemen, Ajaýyp meýlisin gördüm enjemen, Döwre girip, gördüm, oturmuş çilten, Salam berip, golun guçdum, ýaranlar! Üçünji bentden soň liriki gahrymanyň «ruhy başdan geçirmeleriniň» üçünji etapy başlanýar. Gahryman şol ajap ýerleri, bagy-bossanlary syýahat edip ýörşüne ärleriň, mahlasy, keramatlylaryň oturan eýwanynyň, saraýynyň ýa-da mejlis jaýynyň üstünden barýar. Gahrymany ýa ruhy halypasy şol ýere alyp barýar, ýa ony şol ýere gönükdirýär. Gahryman keramatlylary görüp, bir howa howpurgaýar, aljyraýar, özüni ýitirýär. Soň kem-kemden özüne gelip, garşysyndakylaryň kimdigini seljerýär. Ol «Turgul!» diýdilerde» oturanlaryň kimdigini Haýdardan –Alydan sorap bilýär. Şundan soň gahryman oturanlar bilen öwrenişip ugraýar. Dogrusy, olaryň özi gahrymany gadyrly garşy alýar. Ony öz hataryna goşýar. Gezek dördünji etaba gelýär. Keramatlylar oňa nähilidir gudratly meý içirýär. Soň gahryman özünden gidýär, akyl-huşuny ýitirýär, näme bolanyny bilmeýär. Keramatlylar munuň yzynda özüni bilmän ýatan, gahrymanyň daşyna geçýär. Öz işlerine başlaýar. Aýdaly, üstündei bir zat guýýarlar ýa göwresini altmyş para edip, täzeden gurnaýarlar. Başga bir şygyrda garnyny ýaryp, içini nurdan doldurýarlar. Beýleki bir şygyrda ärleriň biri onuň agzyna agzyny goýup, dem urýar. Beýle edilmegi gahrymanyň keramatylar tarapyndan ykrar edilendigini, oňa ýönekeý adamlardan üýtgeşik gudrat berlendigini aňladýar. Şundan soň gahryman ruhy kämilligiň ýokary basgançagyna gadam goýýar. Elbetde, liriki gahrymanyň bu basgançaga, sufistik termin bilen aýtsaň, «makama» ýetmek ugrunda çeken azaplary az bolmandyr. Mysal üçin, ol «Sataşdym» şygrynda keramatlylara duşup bilmeýär, kerwenden azaşýar, şeýdip olaryň elinden gudratly meýi içip bilmeýär. Şonuň üçin hem «Al şeraba el uzatdym, emendim, Durusyn içmişler, laýa sataşdym» diýip delminip galyberýär. Edil şeýle ýagdaý «Külahly geldi» şygryna-da häsiýetli. Emma galan şygyrlarda liriki gahrymana şol keramatly meýi içmek miýesser gelýär. Sufi-şahyryň meý içip, mest bolup özünden gitmegi, başgaça aýtsak, ekstaz hala düşmegi barada gürrüň edip, Jawelidze «Bu adamyň Meniň özüm – hudaý!» diýip biljek ýagdaýy» diýip ýazýar. Magtymguly öz şygyrlarynda açyk beýle diýenok. Dogrusy, şahyr beýle diýip hem biljek däldi. Eger açygyny aýtsa öz başyna Mansur Hallajyň, Nesiminiň gününiň düşjegini gowy bilýär. Şonuň üçin hem şygryň ahyrynda esasy matlabyň üstüni örtüp, liriki gahrymanyň özüne gelip, oýananyndan soňky ahwalatyny şahyr dürli hili syrly manylar bilen beýan edýär. Diýmek, indi bu ýerde gürrüň şahyryň şygyrlarynyň soňlamasy barada gidýär. Has takygy, Tamara Silmanyň sözleri bilen aýtsaň, «Bu ýerde şygryň nähili şahyrana «açyşyň» hatyrasyna döredilendiginiň jemi jemlenýär», şahyr bolup geçen ýagdaýlardan netije çykarýar. Magtymguly aýdar, Kurana uýdum, Gybaty taşladym, haramy goýdum. Sygryna bilmedim, syrymy diýdim, Saklana bilmedim, zybana geldi. Ozaly bilen sufistleriň ýokarky ýaly, mes bolup, özünden gidip, ýene özüne gelmegi «ikinji gezek dogulmak» diýip häsiýetlendirýändigini bellemegimiz gerek. Edil şonuň ýaly, bu ýerde hem Pyragy ikinji gezek dünýä ineninden soňky ahwalaty, onuň netijesini beýan edýär. Diýmek, şundan soň şahyr ahlak kämilligine ýetipdir. Özüniň ruhuny ähli erbet häsiýetlerden saplapdyr. Indi onuň liriki gahrymany özüniň gowy gylyklary bilen beýlekilere görüm-görelde bolup biljek. Şeýdip şahyr bu ýerde özüniň belent adamkärçiligi bilen öz diňleýjileriniň okyjylarynyň ynamyna girmek, olara özüni ykrar etdirmek isleýär. Ýel bolup ýügürdim Ýeriň damarna, Nazarym tokundy Arşyň kemerne, «Jebrut äleminde Jelil syryna – Gelip, özüň garap görgül!» diýdiler. Näçe hyýal etsem, ele getirdim Kaýga baksam, ana nazar ýetirdim, Buhal ile men parahat ýatyrdym, Ýüzüme tüýkürip: «Tur, gul!» diýdiler. Bu liriki gahrymanyň keramatlylaryň içiren şerabyndan soňky düşen ýagdaýy. Özi-de ol hakyky sufistik netije çykarma. Şahyr bu ýerde hemme zada akyl ýetirýär, «ýeriň damaryna ýügürýär», arşa çykýar pelegiň aýlanyşyny görýär. Jebrut (asman) äleminde jeliliň (hudaýyň) syrlaryna aralaşýar. Şeýdip, dünýä akyl ýetirýär. Jawelidze diýmişleýin «dünýä estetiki nazaryň aýtymyna düşýär, ol akyýetirişiň esasy obektine öwrülýär». Emma şahyr diňe şeýle gudrata eýe bolup galanok. Kem-kemden «hemme zady bilýäniň, hemme zady görýäniň», ýagny, hudaýyň özüne öwrülýär. Mertebäniň iň ýokary basgançagyna çykan şahyr indi özüni erkin guş saýýar. Ol indi hiç zada tabyn däl. Onuň üçin durmuşyň ýowuz, nädürs döredilen düzgünleri, kanunlary hem hiç zat. Sebäbi ol hakyň özi. Ine, Magtymguly syrly, gizlin häsiýetde bolsa-da adamyň mertebesini şeýle derejä göterýär. Şol bir wagtyň özünde munuň üsti bilen öz şahyrana şahsyýetini ykrar etdirýär. Diýrler: «Üç kişi bolduk ussadyň, Daýym destan bolsun älemde adyň, Magtymguly, wagtdyr, iste myradyň...» Bu syry akmak açar, ýa bir diwana. Biziň pikirimizçe, bu ýerde şahyr diýjegini diýip, soňundan oýunlyga salýar. Özüniň bu düýşüniň syryny bir akmak ýa-da diwana açyp biler diýýär. Eger ýalňyşmaýan bolsak, ol şeýle diýip, okyjysynyň öz syryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmak isleýär. Ýogsam liriki gahrymanyň bu ýagdaýynyň hem uly manysy bar. Sufileriň ynanjyna görä, adam «ikinji gezek doglansoň» indi oňa ruhy taýdan ölme ýok, ol bakylyga öwrülýär. Edil şonuň ýaly, bu ýerde hem şeýle pikir aýdylmak islenýär. Ikinji setirde «destan» diýen söz bar. Ol dilden-dile düşmek, meşhur bolmak manylaryny-da berýär. Diýmek, şahyryň ussatlary oňa adyň daýym, hemişe dilden-dile geçsin, meşhur bolsun diýýär. Başgaça aýtsak, bu ýerde sen ruhy taýdan ölmersiň, bakylyga öwrülersiň diýen many gelip çykýar. Magtymguly, bäş gün aşret sürmege, Jaý imesdir eglenmäge, durmaga, Kararym ýok oturmaga, turmaga, Agzyn açyp durmuş ýer bizim sary. Bu-da liriki gahrymanyň «ikinji gezek dünýä ineninden» soňky ýagdaýlarynyň biri. Şu ýerde uzynrak bolsa-da, Ýe.E.Berteleiň Magtymgulynyň şahyrana şahsyýetine beren bahasyny ýatlalyň: «Onuň hemme şygyrlary hereket etmäge çagyryş bolup durýar, dünýäniň bikämilligi hakynda aýdanda, ol şu dünýäni täzeden gurmak hakykda pikir edýär. Dünýäniň biwepalygy, ömrüň gysgalygy hakynda ol örän ýygy-ýygydan agzaýan bolsa, ol şunuň bilen diňleýjä elini gowşuryp oturmaga wagt ýokdugyny, biderek geçirilen her bir minutyň gaýdyp gelmeýändigini hem hakyky ýaşalan ýaş diýlip, peýdaly bir zadyň döredilen wagtyna aýdylýandygyny ýatlatmak isleýär». Biz bu aýdylanlary şahyryň ýokarky setirlerinde görýäris. Ýöne biziň aňlaýşymyzça, bu setirler şahyryň graždanlyk hem döredijilik şahsyýetiniň programmasy. Sebäbi bu ýerde şol programma anyk pursat bilen bagly orta goýulýar. Şahyr özüni ykrar etdirdi, döredijilik güýjüne eýe boldy. Ýöneol mundan soň beýleki sufiler ýaly pirlige-halypalyga hyýal edenok. Gol gowşuryp, hak diýip oturmak onuň asla hyýalynda ýok. Şahyr öz öňünde bu dünýäniň hözirini görmegi, hereket etmegi, göreşmegi, gözlemegi, tapmagy programma edip goýýar. Onuň öz programmasyny näderejede amala aşyrandygyna şahyryň soňky döredijilik hyzmatlary doly güwä geçýär. Magtymguly, hüşýar oldum, oýandym, Oýandym, örtendim, tutaşdym, ýandym, Magny bazarynda haýýata döndüm, Şirin gazal donun biçdim, ýaranlar! Şahyr bu ýerde öz gören düýşünden başga hili netije çykarýar. Has takygy, ol munda beýhuş bolup täzeden özüne gelensoň, döredijilik ylhamyna eýe bolandygyny aýdýar. Indi onuň öz şahyrana sözüniň güýjüne ynamy uly. Ol indi köňle gelenini taraşlap şagladyp bilýär. Şu ýerde şeýle birzady ýatlasymyz gelýär. Hut häzirki günlerde hem, halk arasynda uly söz ussatlary barada gürrüň edilse, «ol hakdan içen» diýilýär. Biziň pikirimizçe, bu halkyň gadymdan gelýän ynanjy. Sebäbi geçmişe halk köpçüligi hakyky şahyrlara döredijilik ylhamy hak-hudaý tarapyndan berilýär diýen düşünjä uýupdyr. Soň geçmiş şahyrlaryň özi bu düşünjäni çeper pikirlenmä ornaşdyrypdyr. Olar bu düşünjäni çeperçilik taýdan işläp heňe getiripdir. Hakyň keramatlylary, onuň nazary düşen şahslar tarapyndan berilýän gudratly şeraby hem şony içenden soň peýda bolýan döredijilik ylhamy dogrusyndaky çeper detal munuň üçin has amatly görlüpdir. Şeýdip bu detal Gündogar poeziýasynda ýörgünli däbe öwrülipdir. Däpleşen detal bolsa-da, Magtymguly bu detaly peýdalanyp, öz ideýa-çeperçilik poeziýasyny berkidýär, öz şahyrana şahsyýetini ykrar etdirýär, köpçüligi öz agzyna garar ýaly, öz sözüne ynanar ýaly edýär, şol bir wagtyň özünde dini dogmalaryň her hili garşylyklaryndan, myjabatlaryndan doly halas bolýar. Sebäbi indi olar «hakdan içen» şahyra dil ýetirip bilmeýär. Biziň pikirimizçe, Pyragynyň düýşleriniň ýorgudy, ine, şeýleräk bolmaly. Şahyr şol bir temadan dokuz sany şygyr ýazypdyr. Ýöne olaryň hersiniň öz ideýa-çeperçilik agramy, öz nyşana alýan nokady bar. Öňde görüp geçişimiz ýaly, şahyryň gelýän netijeleriniň köpüsi sufistik dünýägaraýyşda has ozalbeýan edilipdir. Emma Magtymguly şol hili netijeleri sosiallaşdyrypdyr, gumanizmleşdiripdir. Heniz bu-da hemmesi däl. Çeper döredijilikde diňe näme aýdanyň däl, eýsem nähili aýdanyň hem esasy rol oýnaýar. Edil şonuň ýaly, Magtymguly hem bu ýerde öz ideýalaryny beýan etmegiň amatly ýoluny tapypdyr. Munuň üçin «düýş sýužetini» saýlap alypdyr. Şeýdip özüne beýleki sufiler ýaly, diňe öz döwürdeş halypalary bilen däl, eýsem «Men iň uly ýagşyzadalar bilen oturyp-turdum» diýmäge mümkinçilik gazanypdyr. Bu şahyryň çeperçilik ugurtapyjylygynyň nyşany. Ol bu ugurtapyjylyk bilen özüni keramateýesi edip görkezmek isläpdir. Bu bolsa şahyra gerek bolupdyr. Sebäbi diňe şeýle eden wagty ol keramata ynanýan zamandaşlarynyň ruhy-ahlak derejesine täsir ýetirip biljekdi. Galyberse-de, ol şol bir sýužeti zol-zol gaýtalap, öz okyjysyny irizmändir. Şol bir sýužet esasynda döredilen her şygyrda şahyr okyjyny täze, garaşylmadyk netijeleriň üstünden eltýär. Ony täze pikir-duýgularyň ummanyna oklaýar. Magtymgulynyň döredijiliginde sýužetlişygyrlar onçakly köp däl. Olaryň esasy özenini şahyryň düýş-şygyrlary tutýar. Biziň aňlaýşymyza görä, Pyragynyň şu şygyrlary onuň ideýa-çeperçilik kämilliginiň özboluşly bir basgançagy. Şahyry ukrain dilinde «saýradan» Pawlo Mowçan onuň, döredijilik barada pikir öwrüp, şeýle ýazypdy: «Adamy taryp etmeli, oňa Allanyň döreden mahlugydygyny ýatladyp, ony hemme zatdan ýokarda goýmaly. Şundan ugur alsaň, şahyryň funksiýasy – terbiýeçilik, sözüň doly manysynda aýdanyňda, onuň beýik wesýetleri». Şahyryň beýik wesýetleri bolsa, onuň şu gürrüňi edilen şygyrlaryndan başlanýar. 1989 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||