22:15 Medeniýet we söweş | |
MEDENIÝET WE SÖWEŞ
Publisistika
Mesopotamiýa - grek dilinde "Iki derýanyñ aralygyndaky ýer" diýmekligi añladýar, bu ýerler Basradan günorta Toroslara, Eýrana çenli uzalyp gidýän, astyndanam, üstündenem dür önýän bereketli ýerlerdir. Adamzadyñ taryhy Mesopotamiýada başlaýar. Ilkinji medeniýet, ilkinji synpy jemgyýet, ilkinji synpy göreşler bu ýerlerde başlady. Bu medeniýetiñ başyny başlan şumerler ilkinji bolup ýeri işläp bejermegi, däneli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegi, eklenji medeniýete öwürmegi başaran adamlardyr. Basra bogazyndan günorta Toroslara we Ortaýer deñzine çenli aralykda, ýagny bütin Mesopotamiýada agalyk sürmek arzuwy we taryhyñ ilkinji harby diktatory Elamly Sargon Akkadskiniñ talañçylykly çozuşlary olaryñ guran negözel medeniýetlerini weýran etdi. Dört müñ ýedi ýüz ýyl öñ bolup geçen bu söweş taryhyñ ilkinji söweşi hasaplanýar. Ilkinji medeniýet we medeniýetiñ üstüne edilen hüjüm bu ýerlerde başlanýar. Özem entek nebit diýlen zadyñ ady-eseri ýokka. Bu söweş taryhda çeken zähmetiniñ miwesini görüp, bol-elin ýaşaýan jemgyýetiñ agzyndaky çöregini we elindäki baýlygyny kakyp almak maksady bilen edilen talañçylykly çozuşyñ ilkinji mysaly bolup durýar. Mesopotamiýa - ähli kitaply we kitapsyz pygamberleriñ, öwlüýädir-welileriñ ata watanyna goñşudyr. Din ugrunda gandöküşikli uruşlaryñ bolup geçen, yñdarmalygyñ şanyna ser berilen, bilmek bilen ynanmagyñ arasynda ynanmagy dogry hasaplan adamlaryñ ýaşan ýerleridir bu ýerler. Ýaşytdaşlary jahana we ýaşaýyşa şekil berip ýörkäler, olaryñ biri-birlerini "Allahu ekber" diýip damagyny çalýan, edýän günälerine Tañryny galkan edinýän ýa-da edýän etmişleriniñ näderejede gabahatdygyny bilýändikleri üçin Allany ýada salmazlyga çalyşýan, ýaşlygyny we çagalygyny ýitiren adamlaryñ watanydyr bu ýerler. Mesopotamiýa - doglup, ýöne arkaýyn ölüp bolmaýan ýerlerdir. Mesopotamiýa - gözüñi gamaşdyrýan şäherleriñ gözüñi gamaşdyrýan salonlarynda içilen bir owurt gyrmyzy şerapdaky gandyr, bir çemçe ikradyr. Mesopotamiýa - dört müñ ýedi ýüz ýyl owal başlan urşuñ häzirem dowam edýän we bilmekdir ynanmagyñ arasyndaky ornuny seljerip bilýänçä, agramyna gelişýän şekilde adam sypatly adam bolup ýaşaýança, adalatly durmuşy berkarar edýänçä entek-entekler birgiden uruşlaryñ dowam etjek ýerleridir bu ýerler. Mesopotamiýa - adamzat taryhynyñ özeni, siwilizasiýalar bilen, uruşlar bilen, gan bilen, şatlyk bilen, baýlyk we garyplyk bilen geçmişini we imperializmiñ paty-putusyny arkasyna alyp gaçmaga mejbur boljak azat gelejegidir bu ýerler. Arif NAJAROGLY. anacaroglu@evrensel.net | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |