20:18 "Mehmetjik. Şanly ýeñiş" şan getirmäge dowam edýär | |
TARYHYÑ ÖZENI - TÜRKMENIÑ RUHY
Teatr we kino sungaty
Dünýä taryhyny taryhyñ dürli döwürlerinde Göktürkler, Garahanlylar, Gaznawylar, Seljuklylar, Eýýubylar, Horemzşalar, Sefewiler, Osmanlylar... ýaly ägirt imperiýalary gurup, dünýäniñ depesinde tug diken merdana türkmeniñ şan-şöhratly geçmişinden aýry göz öñüne getirmek mümkin däl. Elbetde, olaryñ içinde Hazar kaganlygy, Eýýubylar, Garagoýunlylar, Akgoýunlylar, Sefewiler, Gürkanylar... ýaly milli çarçuwadan çykyp, kem-kemden aýry-aýry halkyýetleri emele getirenleri-de boldy. Ýöne, hernäme-de bolsa, olaryñ düýp köküniñ türkmenligi inkär edip bolmajak buýsandyryjy hakykatdyr. Eger biz türkmen taryhyny doly we dogry öwrenmek we nesillerimize mynasyp görnüşde öwretmek, ýaşlarymyzy ata-babalarymyzyñ ruhunda terbiýelemek islesek, onda türkmen taryhynyñ aýry-aýry şahamçalaryna uzan türk taryhyny (başy Anadoly Seljuklylaryndan we Osmanlylardan başlanan), arap halklarynyñ Orta Gündogar taryhyny (aýratynam Abbasy halyfllaryñ gullugyna duran türkmenleriñ döwründen başlanan we Mosul Atabeglerinden, Eýýubylardan, Tulunylardan, Mamlýuklardan bäri), azerbaýjan taryhyny (Hazar kaganatyndan, Garagoýunlylardan, Akgoýunlylardan başlanan), Eýran halklarynyñ taryhyny (Sefewilerden, Owşarlardan we Gajarlardan başlanan), hindi-musulman taryhyny (Deli soltanlygyndan, Halajylardan, Kutubşalardan, Gürkanylardan başlanan), gypjak, tatar-musulman taryhyny (Altyn Orda, Astrahan, Kazan, Krym hanlyklaryndan başlanan) ähli jikme-jikliklerine aralaşmak gerek. Diñe şeýdilende, bitewi türkmen taryhynyñ ýazyljakdygyna şek-şübhe bolup bilmez. Diñe şeýdilende Beýik Ýüpek ýolunyñ ýüregi bolan Türkmenistanyñ we şanly türkmenleriñ dünýä taryhynyñam ýüregidigine aýdyñ göz ýetireris. Soñky döwürde ýaşlaryñ türkmen halkynyñ şanly geçmişine gyzyklanmasynyñ artýandygyny görmek bolýar. Munuñ barha artjakdygyny ynamly aýtsa bolar. Bu babatda taryhy temaly teleseriallaryñ hem hyzmatynyñ uludygyny bellemän geçmek bolmaz. Muña türkmen taryhynyñ aýry bir şahamçasyny we aýry bir halkyýeti döreden Osmanly taryhynyñ soñky mirasdüşeri bolan türk medeniýet işgärleri-de gowy düşündiler. Önler ýaşlaryñ añyna bulaşyklykdan başga zat bermeýän söýgi intrigaly teleseriallar öñ planda duran bolsa, indi taryhy temaly teleseriallary öndürmek ýoñ boldy. Bu teletomaşaçylardan ötri, aktýorlaryñ özi üçinem bähbitli boldy. Mysal üçin "Direliş. Ärtogrul" teleserialy ekranlaşdyrylyp başlananda, türk aktýory Engin Altan Düzýatan öz janlandyrýan roly bolan Ärtogrul Gazy Türkmeniñ öz häsiýetine öwüşgin berendigini, gahrymançylyk, edermenlik ruhuny goşandygyny buýsanç bilen žurnalistlere gürrüñ beripdi. "Paýtagt. Abdylhamyt" teleserialynda Soltan Abdylhamyt II-niñ roluny oýnaýan Bülent Inal hem öz boýnuna düşen jogapkärli wezipeden ilkibaşda üýşenendigini, taryhda ýaşap geçen şeýle beýik şahsyýetiñ ady bilen bile ýatlanjagyna bolsa diýseñ buýsanýandygyny aýtdy. Edebiýaty we sungaty taryhdan aýry göz öñüne getirmek mümkin däl. Taryhy we medeniýeti wagyz etmekde kinomatografiýa pudagynyñ ähmiýetiniñ uludygyny ýatdan çykaryp bolmaz. Şonuñ üçin bu teleseriallary ýeterlik hasaplap bolmaz. Bu babatda Ýewropa we amerikan kinomatografiýasynyñ bir ädim öñdedigini boýun almak kiçilik däl bolsa gerek. Mysal üçin Angliýada taryhy temaly bir teleserial köpçülige hödürlenende, şol serial bilen baglanyşykly her dürli çaga oýunjaklary, heýkeller, suratlar, nyşanlar, geýim-gejimler... hem öndürilip satlyga çykarylýar. Kitap biznesi hem mundan çetde galmaýar: gürrüñi edilýän döwre degişli taryhy kitaplar, çeper eserler neşir edilýär. Netijede taryhy teleserial özbaşyna bir kino industriýasyna öwrülýär. Gelejekde ýokarda agzan ähli aýratynlyklara türkmen kinomatografiýaçylarynyñ hem üns berjekdigine tüýs ýüregimizden ynanýarys. Çünki, taryh kitaplaryny ýazmagyñ ussady bolan Hormatly Prezidentimiz medeniýetimizi we taryhymyzy wagyz etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Türkmen taryhy bilen gönüden-göni baglanyşykly "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ ýurdumyzda hem uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýändigini bellemän geçmek bolmaz. Dogry, serialyñ birinji sezonyndaky "türkmen" sözi", soñky ikinji, üçünji sezonlarynda "türk" sözi bilen çalşyryldy. Bu kiçijik bellige üns bermesegem bolardy. Ärtogrul Gazynyñ türkmendigini we Osmanly döwletini türkmenleriñ gurandygyny türkleriñ özlerem gowy bilýär. Ýöne türk kinomatografiýaçylary serialyñ tematikasyny belli bir derejede öz ýurtlarynyñ häzirki syýasy durmuşy bilenem belli bir derejede baglanyşdyryp berýärler. Şol nukdaýnazardan seredilende, näme üçin serialyñ birinji ýylyndaky "türkmen" sözüniñ soñky ýyllardaky bölümlerinde "türke" öwrülendigine dogry düşünse bolar. Italýan syýahatçysy Marko Polo Anadolyny kesip geçende, häzirki Türkiýäni Türkmenistan diýip atlandyrypdy. Munuñ özi Anadoly türkmenleriniñ belli bir böleginiñ (esasanam Stambulda we onuñ töwereginde döwlet gullugynda bolan gatlaklaryñ hem-de köşk aristokratiýasynyñ) has soñky asyrlarda ýerli halk (rum, ermeni, grek we ş.m) bilen garylyp-gatylyp "türkleşendigini" ýatdan çykarmazlyk gerek. Meselem, biziñ halamazlyk bilen ýatlaýan "gyzylbaşlarymyz" hem Şa Ysmaýyl Hataýynyñ döwründen öñ rumly, tekeli, ustaçly, dulkadyrly, owşar ýaly arassa türkmen taýpalaryndandy. Olar Eýranda oturumlaşandan soñ, parslar, kürtler bilen belli bir derejede garylyp-gatylyp "gyzylbaşa" öwrüldiler. Şular ýaly inçe aýratynlyklara üns berenimizde ähli musulman halklaryñ taryhynyñ gözbaşynda şanly türkmeniñ durandygyny görmek bolýar. Belkäm, şonuñ üçindir "Direliş. Ärtogrul", "Paýtagt. Abdylhamyt" ýaly teleseriallar tomaşa edilşi boýunça iñ öñdäki orunlary eýeleýändir. Şol iki serial bilen deñ hatarda söýlüp tomaşa edilýän teleseriallaryñ ýene biri hem "Mehmetjik. Şanly ýeñişdir". • "Mehmetjik. Şanly ýeñiş" Birinji sezonynda "Mehmetjik. Kutulamare" ady bilen köpçülige hödürlenen serial Birinji Jahan urşuna giren Osmanly döwletinde ýeke-täk maksady döwletiñ täzeden galkynmagy we halas edilmegi bolan, gursagynda watana bolan söýgüden başga zat bolmadyk Mehmediñ we onuñ ýoldaşlarynyñ gahrymançylykly kyssasyny gürrüñ berýär. Darulfünunda (häzirki Stambul uniwersiteti) okaýan Mehmet watany üçin her dürli pidakärlikden gaýtmaýan gaýduwsyz ýaş ýigit. Ol bu asylly maksat bilen Süleýman Askeriniñ ýolbaşçylygyndaky iñ batyr esgerlerden saýlanyp alynýan "Osmanjyk" polkuna goşulyp, söweş meýdanyna çykýar we görlüp-eşdilmedik gahrymançylyk görkezýär. Şan-şöhratly Osmanly döwletiniñ iñ soñky günlerinde bolup geçen Kutulamare ýeñşinden söz açýan serial Mehmet obrazynyñ üsti bilen heýjanly, dartgynly epizodlary tomaşaçylaryna hödürleýär. Şol bir wagtyñ özünde Mehmet watan üçin janyny orta goýanda Zeýnep diýen bilen gyz bilen sataşýar. Onuñ özara söýgüsi, çölde ýazylan söýgi dessany hem serialyñ aýry bir temasy. Mehmet Süleýman Askeri begiñ "Osmanjyk" polky bilen birlikde arap geografiýasynda aýgytly göreşe girýär. Mehmediñ gahrymançykly işleri iñlis basybalyjylarynyñ planlaryny bozýar we ol Kutulamare ýeñşiniñ esasy sebäpkerleriniñ biri bolýar. Osmanly döwletiniñ Kutulamarede iñlis basybalyjylarynyñ tutuş bir diwiziýasyny gabawa düşürip ýesir almagynda janyny orta goýan Mehmet bilen birlikde Üsküpli Mehmet we beýleki gahryman osmanlylary hem ýakyndan tanadýan bu teleserialyñ tomaşaçylary gün-günden artýar. Milli ruhuñy oýarýan şeýle taryhy serialda Üsküpli Mehmet roluny oýnaýan türk aktýory Ysmaýyl Hajyaga, dogrusy Kutulamare ýeñşi hakynda ozal hiç zat bilmeýändigini, bu serialda oýnamak arkaly köp zat öwrenendigini, şeýle-de bu serialyñ geçmişde ata-babalarymyzyñ neneñsi kynçylyklara döş gerip, watan gorandyklaryna düşünmäge kömek edendigini we munuñ özüne-de ýiti täsir edendigini "TRT-1" teleýaýlymynyñ žurnalistlerine buýsanç bilen gürrüñ berdi. "Mehmetjik. Şanly ýeñiş" ("Mehmetçik. Kutlu zafer") geçen agşam Türkiýäniñ "TRT-1" döwlet teleýaýlymynda ikinji sezonyñ birinji bölümi (20-nji bölüm) bilen tomaşaçylaryna gowuşdy. Serial garaşylşy we hemişeki bölümleri ýaly tomaşa edilşi boýunça reýtinglerde öñdäki orunlary eýeledi. Synçylar serial çykarylyp başlanany bäri "Kutulamare", "Kut" sözleriniñ internetde iñ köp gözlenen sözlerdigini aýdýarlar. "Mehmetjik. Şanly ýeñiş" her şişenbe Aşgabat wagty bilen 22:00-da "TRT-1" teleýaýlymynda. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||