13:45 Men kim?!. | |
SEN NIÇIK GUDRAT, ADAMZAT?!.
Psihologiýa
▶ MEN KIM?!. "Özgäniñ häsiýetine pikir bere-bere öz häsiýetiñi düzet" Köneler "Sypatyñ ak bolmagy ýedi aýby gizlär" diýipdir. Ýagşy adam. Ýaramaz adam. Bütin ömrümizi bir ýerde bolsak-da, adamlar bilen gürleşip ötürýäris. Kimdir biri bilen ylalaşýarys, başga birine garşy çykan bolýarys, birine guwanýarys, ýene-de birine gözümiz gidýär, şeýde-şeýde ömrümizi ötürýäris. Kimdir biri ýakymsyz täsir galdyrsa, ony ýaramaz adamlaryñ hataryna goşýarys. Köpler hakykatçyl, tutanýerli, göreniniñ gözüne seredip, oña kemini aýdyp bilýäni halaýarlar. Sypjyk, peýdasyz, köp zadyñ änigine-şänigine ýetip bilýänler hem köpüñ hatarynda "gowulara" geçip bilýär. Bal arysy 1 kg bal ýygnamak üçin 5 mln güle gonmaly bolýar, 430 müñ km ýol geçýär. Bu menzil Ýer bilen Aýyñ aralygyna barabardyr. Ynsanam özünde oñat adamkärçilik häsiýetlerini jemlemek üçin, gül gunçasyna çalymdaş, bal nygmatly myhmansöýer hojalyklara gonmaly bolýar. Adam dogulýar. Onuñ elinde aýnasy ýok. Ol öz artykmaçlygynam, kemçiliginem töweregindäkileriñ synlaýşyndan hem sylaýşyndan anyklaýar. Adam beýlekiler bilen özüni deñäp, diñe olary däl, özüni tanaýar. Bir adamdan beýleki bir adama paýhas, asyllylyk geçýär, birinden danalyk, ýene birinden hoşgylawlylyk, sadalyk, göwnaçyklyk, päklik geçýär. Adam adamdan öwrenibem bilýär, iribem. Kä halatda hemme zat "ýürege düşýär", adamlaryñ özüni alyp barşam, goh-galmagallaram, gürrüñlerem, reñklerem, ýagtylygam, garañkylygam göwnüñi çökerýär, kalbyña-da boşluk aralaşdyrýar. Bu wagtlaýynça, emeli "goranyş özboluşlylygy". Riçard Bard atly bir ýigit 1938-nji ýylda Antarktidada 6 aýlap buzluklaryñ arasynda adam-garasyz, dym-dyrslyk ýerde ýaşap görmek isläpdir. Goham-galmagalam, adamam, jandaram, reñkem ýok. Töwerek ak gar. Radio-telewizoram, gazet-žurnalam ýok, işe-de howluganok, hiç kim gyssanogam. Haçan ýatsa - ýatýar, tursa - turýar. Han özi, soltan özi. Wagt geçýär, basym bu zatlaryñ bary ony irizýär. Pikiri barha az söz talap edip ugraýar, uzak günem dymmaklyk bilen geçirýär. Bu bolsa göwün bozulmaklyga alyp barýar, häsiýeti üýgtäp ugraýar. Riçard ýekelige çydaman, yzyna gaýdyp gelmäge mejbur bolýar. Nemes filosofy Fridrih Nisse: "Hiç kim ýeke däldir, ol öz-özi bilen ikidir" diýýär. Dogrudan-da, başa iş düşende her kim pikir edip, ilkinji nobatda öz-özi bilen geñeşýär. Amerikan alymy Maýk Rozenberg bolsa adamda 6 sany "men, ýagny öz-özüñ" bolýandygyny ýañzydýar: 1). Hakyky men - öz bolşum; 2). Ösýän men - bolasym gelýän men. 3). Nusga men - käbir zatlarymy üýtgetsem; 4). Üýtgeýän men - dürli ýagdaýa görä öwsüp duran men; 5). Ýygyndy men - ilden alan häsiýetlerim; 6). Görkezme men - özümi başgaça görkezmäge çalyşýan (sypaýyçylykly men). Adam pahyr hemişe tarypa, öwgä, berekella, hoş söze, maslahata mätäç. Leongard atly lukman adam häsiýetini üýtgeýşine görä sypatlandyrýar. Adamynyñ häsiýetiniñ hem pagta ýada başga ösümlikler ýaly sorty-hili bolýar. Ol adam häsiýetiñi şeýle toparlara bölýär: ♣ Birinji sypat ~ "Tomaşabazlar". Bu häsiýetli adamlar özlerinde töweregindäkileriñ hemişe bir artykmaçlyk, üýtgeşiklik duýmaklaryny isleýärler. Öz bähbitleri üçin ýalan sözlemäni, utançsyzlygy hiç zatça-da görmeýärler. Olar daşyndan göräýmäge, gaty şadyýan, ýüzüni-gözüni güldürip, ellerini hereketlendirip gürleýärler, adamlaryñ içine-daşyna geçip barýarlar. ♣ Ikinji sypat ~ "Takykçyllar" Oñat tertip-düzgünli, takykçyl adamlar. Işini gaty takyk ýerine ýetirýärler. Öz diýenli, kişä gulak asmaýarlar. Akýürekli. Ýerine ýetirijilik, seresaplylyk olaryñ hemrasy. ♣ Üçünji sypat ~ "Doñaklar" Bu topardaky adamlar kine saklaýanlar, ar almak maksatlylar hem-de öýkelekler. Olar sähel zady göwne alyp, ýürekde kitüw saklap gezýärler. Öz-özlerine hormat goýýarlar. Welilik satýarlar. Töweregindäkilerden gaty talabediji, sähelçe üstünlik gazanaýsalar, ulumsylyk edýärler. "Seni ýokary göteren eller seni aşak hem düşürip biler" - diýen sözler olara erteki kysmy bir zat bolup eşidilýär. Köpçülikden gaça durmaga çalyşýarlar. Öwünjeñ, özlerine gaty ynamly. ♣ Dördünji sypat ~ "Dolup-daşýanar". Dolup-daşýanlar çakdanaşa gaharjañ bolýarlar, özlerine erk edip bilmeýänligi bilen tapawutlanýarlar. Gödek. Başa düşen iş barada oýlanyşmazdan hereket edýärler. Pýançylyk - serhoşlyk olaryñ hemişe ýarany. ♣ Bäşinji sypat ~ "Howlukmaçlar". Bu häsiýetdäkiler hiç haçan gaýgylanmaýarlar. Hemişe howlukmaç, ýetişip bilmän geçýärler. Kellelerinde gaty köp oý-pikir. Iş edende esasy ýerine ýetirmeli zadyna az üns berip, ünsüni başga zada sowýarlar, netijede, esasy iş sowuk-sala ýerine ýetirilip, işde üstünlik gazanyp bilmeýärler. Abraýam şoña göräräk bolýar. Ýogsam olaryñ döredijilik ukyby ýokary derejede ösýär. ♣ Altynjy sypat ~ "Göwni çökgünler" Asylly adamlar. Ýöne olaryñ hemişe ýüzleriniñ gamaşyp durandygyny ýatdan çykarmaly däl. Töweregindäkilerden hem, özlerinden hem närazy. Az gürleýärler. Gürleýänleri hem halap baranoklar. Gamgynlyk, göwniçökgünlik olary tapdan gaçyrýar. Durmuşyñ gamgyn ýatlamalarynda pikirleri jemlenen. ♣ Ýedinji sypat ~ "Dürli öwüsýänler" Dürli öwüsýänler - diýilýän häsiýetdäkileriñ özlerini alyp barşy bir kadada saklanmaýar. Ýygy-ýygydan üýtgeýär. Şadyýanlyk göwnüçökgünlik bilen gezekleşýär. Ýokarda agzalyp geçilen toparlardan başga adamlar pikir çeşmesi boýunça daşgynlar we içginler diýlen uly toparlara bölünýärler. ♣ "Daşgynlar": Hemişe gözlegdäki adamlar. Täzeligiñ tarapdarlary. Köpçülik bilen bolmany gowy görýärler. Kini, telewideniýe, radio olarda uly gyzyklanma döredýär. Başgalaryñ täsirine uýýarlar. ♣ "Içginler": Bu häsiýetli adamlary daşardaky wakalar gyzyklandyrmaýar. Öz pikirleriçe netije çykarýarlar. "Içki dünýäsi" bilen ýaşaýarlar. Teklip girizmäge, oýlap tapmaga ukyply. Matematika, küşt olarda uly höweslenme döredýär. ♣ Aslynda häsiýet näme? HÄSIÝET ~ adamyñ dogabitdi we adaty durmuş şertlerinden özünde jemlän erki we duýgusy. Özüni alyp barşy. Adam häsiýeti, adamyñ rehimliligi, adalatlylygy, nebsi, şöhratparazlygy, erk-duýgusynyñ çuñlugy, durnuklylygy, gowşaklygy; durmuşdan ugur alşy, bilimi-düşünjesi, maksada okgunlylygy we beýleki hereketleri bilen kesgitlenýär. Adam öz ykbalyny öz hereketi bilen kesgitleýär. Bu pikire köpleriñ "ykbal adamynyñ mañlaýyna ýazylandyr" ~ diýip, garşy çykmaklaram mümkin. Geliñ, mysala ýüzleneliñ. Mysal üçin, akyl-paýhasymyzda "mañlaýymyzda" dutar çalmaklyga pikirimiz bar, aýdalyñ şol mañlaýmyza ýazylanmyşyn. Eger-de ellerimiz herekete gelip, dutar çalyş tärlerini öwrenmesek, bizden sazanda çykmaz. Mañlaýmyza ýazylan bolsa, ýazylan ýerinde galar, ykbalymyz çüwmez. Şonuñ üçinem adam häsiýetini özünde dogabitdi bar zatlardan we soñundan öwrenen zatlaryndan özi döreýär. Amanmyrat ALLAKOW, psihiatr lukman. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||