22:58 Meniñ hem bir zatjagaş ýazasym geldi :) | |
"Adamlar bilen gowy zatlaryñyzy paylaşyñ, dogry, bu hiç haçan yeterlik derejede bolmaz. Barybir gowy zatlaryñyzy paylaşyñ!"
Bu sözleri niriden okanym, kimiñ ýazany ýadymda galmadyk bolsada, gunt ýaly ýüregiñe jaý jümle añymda galypdyr. Onsoñ menem pikirimi adamlar bilen paylaşmagy müwessa bildim. Hany onda başlaýyn:) Ilki bilen saýtyñ admini @Haweran_ Has senden başlaýyn. @Has kitapcy sayty ü.n saña minnetdarlyk bildirmek okyjylar üçin parz diysemem ýalana duş bolmaz. Bu sayt señ zähmetiñ, azabyñ galybersede garagöz çagajyklañdan artdyryp çykaran cykdajyñ, hasabyñ öwezi. Bu giden ensklopediýa, gymmatly ýazgylar, taryhy faktlar, yşky jümleler, filasofiki pikirleri bir ýere jemläp halk köpçüligine ýetirmek üçin edilen alada, maddy çykdajy az bolmadyklygy köre-de bellidir. Munça aladany il bähbitli peýdaly, zähmet talaply saýty ýöretmek añsat däldir. Şu nukdaýnazardan seniñ birnäce ýyllap ýöredip, şu güne çenli uly üstünlige ýeten hazynaña dowamat bolsun, gadymy hem müdimi türkmen halkymyzyñ bay, taryhy, edebiýaty ýyllara ýañ salsyn. Ýaşlara, türkmen halkyna dünýa derejesinde öwrenmäge, döretmäge, ylymly bilimli bolmaga ak ýol açan Arkadagymyzyñ hem jany sag, başy dik ýurdy aman bolsun. Meniñ paýlaşan pikirim-ä häzirlikçe şeýleräk. Ýeneki gezeklerde ýüregimden joşup cykan pikirleri paýlaşaryn diýip okyyjylar bilen az wagtlyk hoşlaşýaryn! @Selbii agza. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |